Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:54
Köpi gözläp azdan galmak barada

Bir wagt ýaşapdyr, ulama alym,
Kerem kerematyn edeýin mälim.
Sopularam uçýarmyşyn, asmanda,
Gaty kyn zat däl ol, Taňrym islände.

Hak tagalaň, her bir sözlerin uýup,
Ýaşapdyr dünýede din iman diýip.
Perişdeler haýran galýarmyş oňa,
Şu bendäň, yhlasy gaty kän saňa.

Seni çenden söýýär, eý Perwerdigär!
Dillerinden, saňa öwgüler ýagar.
Taňry jogap berdi, hiç höwes etmäň,
Artygyny gözläp hiç hata gitmäň.

Onuň, bu ýagdaýy sürmez hiç uzak,
Iblis, oň ýoluna gurjakdyr duzak.
Beýle gullaň ýeri, dowzahdyr otdur,
Soňra etjegide perýatdyr datdyr.

Iblis bu sözleri, duýan badyna,
Düşýär ony azdyrmagyň oduna.
Bir garry gojanyň, keşbine geçip,
Beýik ulamanyň gapysyn açyp.

Meni Hak ýoluna, eýlegil taýýar!
Saňa sopulyga geldim men diýýär!
Sopulyga alyp Iblis gojany,
Ýanynda geçirýär gündiz gijäni.

Göze görnüp durmaz elmydam galp,
Iblisem, pirinden sapaklar alyp.
Gije-gündiz başyn sejdeden goýman,
Görkezipdir özün Taňryny söýýän.

Ulamada, haýran galyp bu hala,
Soragym bar diýýär saňa bir ýola.
Iýmäni-içmäni, gijeler ýatman,
Bolmanda käteler hajata gitmän.

Ybadat etmegi söýýärsiň çenden,
Öwrenmeli zadym gaty kän senden.
Nädip başarýarsyň barysyn birden!
Bu başyň, sejdeden galanok ýerden.

Diýende sopy hem aýdaýyn syrym,
Alladan, şeýlebir gorkýaryn pirim.
Uly günä etdim, şol düşüp ýada,
Üns bermeýän men asla hiç zada.

Senem bir günä et, soň toba dile!
Soňra ybadatyň edäý meň bile.
Näme günä etsem, maslahatyň ber!
Pirim sen bolmasa zyna edip gör.

Ýok ony başarman günäsi uly!
Adam öldür gana bulaýgyn eli.
Ýok onam başarman edip biljek däl,
Onda şerap içäýmeseň boljak däl.

Ulama, oýlanyp soň sopa garap,
Bolýa diýýär, onda içeýin şerap.
Bir oba barypdyr uzak ýol söküp,
Öňünden şerapçy, bir zenan çykyp.

Alym biraz salym batypdyr oýa,
Myhmany, saldylar tördäki jaýa.
Şerap içen bada göterlip keýpi,
Ýaňky zenanada gelmänidir haýpy.

Basgylajak bolanda ol, zenany,
Jaýa ogly girip, göräýýä ony.
Näm ederin bilmän ulama Alym,
Bir çäre görmesem muň soňy mälim!

Diýip çagajygy öldürýä şol bat,
Iblisem, bulara bolupdur şaýat.
Soňra, bir ýigidiň keşbine girip,
Bolanlary aýtýar Patyşa baryp.

Beýle haramhorlaň, bererin merkin,
Dardan asyň diýip, belleýär höküm.
Zenanyň, ogluny öldüren Alym,
Indi gaçmajagy mälimdi-mälim.

Bokurdagynda ýüp, sallanyp durdy,
Birdenem gözleri Iblisi gördi.
Az salymdan soňra gitjekdi ölüp,
Iblis, halyn sorap gepledi gülüp.

Halas ederin men diňleseň sözüm!
Eden hatalarňa jogapkär özüň.
Maňa sejde eýle eýläýin azat,
Çekmersiň öňkideý hiç ahy perýat.

Bokurdagymda ýüp bilemok gepläp!
Üm bilen sejd eýle hemaýat diläp!
Başyny ýaýkady sejd etdi oňa,
Indi kömek etmez hiç bir zat saňa.

Şol bada Ezraýyl, janyny aldy,
Şeýdip Alym adam dowzahy boldy.
Günäsi az diýdi ol arak içdi,
Soňra agyr ölüm başyna düşdi.

Zyna etdi hem-de, adam öldürdi,
Şeýdip ol şeýtanyň gözün güldürdi.
Köp sogaba ýüwrüp ýalňyşdy çensiz,
Garaz adam ogly, bolmaýar kemsiz.

Günäniň ulusy kiçisi bolmaz,
Hiç kim jepasyndan gaçybam bilmez.
Ulusyny gözläp galmaň kiçiden,
Bu size mysaldyr Alym kişiden.

Asla bilip durup günä etmäliň,
Özgeleriň, geplerine gitmäliň.
Ýüregiňi diňle kyn güne düşseň,
Bagt, süýji bolar oňa garaşsaň.

© Süleýman TEKAÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 77 | Mowzugy paýlaşan: Hyýalbent | Рейтинг: 2.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Mekan2 • 10:44, 21.12.2023
Bu döwürde goşgyň okalmagyny isleseň, gysgarak ýazmalymyka diýýän.
avatar
0
2 Seýrаn • 20:07, 21.12.2023
Ustesine hemma malim rowayaty tazeden yazmagyn asylha geregi yok.
avatar
0
3 Seýrаn • 20:09, 21.12.2023
Awtor, gerekmidi shu kyssany shygra salmak? Tehni nadursliklerem az dal. Bu dowur nesihaty gizlap bermeli.
avatar
0
4 Kyyas • 20:51, 21.12.2023
Gowy bellik beripsiñ! Ýöne başlangyç ýagdada biraz ugrukdyrmagada ýardam berseñ gowy.
Öziniñ bu wagt kapiýa we bogun tehnikasyna seretseñ,rowaýaty goşga geçirmegem biraz gowy türgenleşik.
Men bolsa berekella diýjek.
Goşgusyny ahyr ýepbekläp düzedip biler belki ýok emma şunuñ ýaly rowaýat, hekaýa we garaz edebiýata degişli zat bolsa okap öwrener. Hiç bolman-da edebýaty okar!

Awtora üstünlik! Dowam ediber, belliklerede dogry düşün!
Gowy maslahat berýärler.
avatar
0
5 Hyýalbent • 22:27, 21.12.2023
beren pikirleriňiz eden bellikleriňiz üçin köp köp sag boluň geljekde hökman göz öňünde tutaryn.ýenede bellikleriňize we maslahatlaryňyza garaşýan.
avatar
0
6 Seýrаn • 09:58, 22.12.2023
Suleyman yazyp bilyan oglan-a. Turgenlesik gerekmi name ona? Gerekdir-de. Yone tamada meselesinden kosenyar oydyan.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202