21:02 Köprüler | |
KÖPRÜLER hekaýa Dirilik instinktine tabyn bolup, ynsanyň dikelden we bina kylan zatlaryndan, meniň pikirimçe, köprülerden gowy hem gymmatly zat ýok bolsa gerek. Olar öýlerden wajyp, ybadathanalardan mukaddes – sebäbi olar umumy. Olar hemmelere we her kime degişli, hemme kişä birmeňzeş garaýarlar, hemişe iň zerur ýerlerinde manyly-mazmunly gurlan, peýdaly hem-de beýleki desgalara garanyňda has uzak abat durýarlar, hiç haçanam hiç bir ýaşyrynlyk ýa-da zulum üçin ulanylmaýarlar. Uly daş köprüler – başgaça ýaşalan, gurlan, indem ýitip giden eýýamlaryň şaýatlary, olar çal ýa-da ýagyşdyr ýele goňralan, köplenç çürt-kesik çykarylan burçlarynda inçelen sypatda bolup, olaryň seplerinde ýa-da bildirer-bildirmez jaýryklarynda egbar ot gögerýär ýa-da guşlar höwürtge edinýärler. Bezegli polat köprüler, edil sim deýin bir kenardan beýlekisine uzalyp gidýär, olardan otly zymdyrylyp geçende endireýärler, zarňyldaýarlar; olar edil öz mukamynyň soňky owazynadyr özleriň tamamlanmagyna garaşýan ýaly, olaň gönüliginiň sazlaşygam, biziň agtyklarymyzyň nazarynyň öňünde doly açylar. Bosniýa mekanjyklaryna girelgelerdäki agaç köprüler, oba alaşalarynyň toýnagynyň astynda güpürdeýän, raks oýnaýan gemrik agaçlar bolsa, edil ksilofonyň düwmeleri ýaly. Iň soňunda-da dagdaky kindiwanja köprüjikler – has dogrusy, olarsyz geçer ýaly däl çeşmejik üste atylan, ýykylan agaç ýa-da bir-birine çatylan goşa pürs. Ýylda iki gezek dolup-daşan dag bulagy ol pürsleri sogrup äkidýär, daýhanlar bolsa garynjalaň kör kesirligi bilen ýene täzelerini çapyp, ýonup, ýerinde goýýarlar. Bu jeýhun bulaklaň gyrasynda, daşlaň arasyndaky kölçelerde, şo öňki köprüleň galyndylary görünýär, olaram edil bärik tötänden getirilen beýleki agaçlar ýaly çüýräp ýatyrlar, ýöne ataşdyr, çüýremeklige höküm edilen, hyrdalan pürsler, galan agaç-ugaç üýşmeginden mese-mälim saýlanyp, henizem özleriniň hyzmat eden maksatlaryny ýatladýarlar. Bu ähli köprüler öz zanny boýunça birmeňzeş, şo bir derejede-de biziň üns berenimize mynasyp, çünki olar, ynsanyň bökdençlige gabat gelip, onuň öňünde togtaman, ondan geçip, öz garaýşyna, islegine hem ýagdaýyna, başaryşyna görä şol gorpy köprüländigini aňladýar. Haçan-da men köprüler hakda pikir edenimde, meniň hakydamda özümiň has köp gatnan köprülerim däl-de, öz wagtynda meni has güýçli haýrana goýan, buýsandyran köprüler peýda bolýar. Ilki bilenem bu saraý köprüleri. Akabasy Saraýewaň sütün oňurgasy bolan Milýaskadakylary, olaryň her biri daş gapyrgalar mysaly. Men olary äşgär görýän, ýeke-ýekedenem sanaýan. Men olaryň egremçelerini bilýän, olaryň germewlerem ýadymda. Olaryň arasynda juwanyň bedibagt adyny göterýäni bar, çaklaňja, ýöne mäkäm, edil boýun egmegiňem, dönükligiňem nämedigini bilmeýän sedasyz gala deý öz-özüne boýyn çümen. Soň gelýär, meniň geçip barýarkam, gije, otlynyň penjiresinden gören köprülerim, inçejik, salgym deý ap-ak. Ispaniýanyň daş köprüleri, çyrmaşyga beslenen, gara suwda öz şekiline maýyl bolup, pikire batan. Şwesýariýaň agaçdan, bolelin gar basan, uzyn ammarlara çalymdaş köprüleri, içi ýagşyzadalaryňdyr gudratly wakalaryň şekilleri bilen bezelen kiliselere meňzeýär. Türkiýäň hyýaly köprüleri, çalamydar dikilenem bolsa, olar göýä takdyryň hut özi tarapyn goralýan mysaly. Günorta Italiýanyň akdaş rim köprülerinde wagt goparar ýaly zady goparypdyr, olaryň ýanynda bolsa eýýäm ýüzlerçe ýyllar bäri haýsam bolsa bir täze köpri bolsa-da, köneleri edil öňküsi ýaly, bakylygyň sakçysylygyndaky skeletler deý dur. Hemme ýerde-de şeýle, meniň pikirim nirä ýönelse-de, ol nämede säginse-de, men wepadar, dymma köprüleri, edil adamlaň, agzalylykdan, gapma-garşylykdan, aýraçylykdan sypmak üçin, biziň nazarymyza, paýhasymyza, aýagymyza açylýan her bir zady birleşdirmäge, ylalaşdyrmaga, seplemäge gönükdirilen ganmajak, tükenmejek ymtylyşy hökmünde görýärin. Şo ahwal arzuwlarda-da, hyýalyň täsin oýunlarynda-da bolup geçýär. Bir gezek özüme heran-haçanam bolsa eşitmek miýesser eden iň gussaly, iň ajaýyp sazy diňleýärkäm-de, men birdenkä daş köprüni gördüm, ortarasy çöken, gyraky egremçeleri hassa hyjuw bilen biri-birine sepleşmek üçin dyzaýan, iň ahyrky dyrjaşmasynda-da şol wagt ýok egremçäniň ýeke-täk mümkin bolaan gönüligini görkezip duran köpri. Gözelligiň wepadarlygydyr belent ýanbermezligi ine şeýle, ol özüne diňe ýekeje mükinçiligi goýýar – ýitip ýok bolmak. Ahyrsoňy biziň diriligimiziň ýüze çykmasy bolan ähli zat – yhlasymyz, pikirlerimiz, nazarlarymyzy, ýylgyryşlarymyz, demimiz, - hemmesi ýeke-täk pellehana hökmünde beýleki kenara ymtylýar ahyry, hut şol ýerde-de olar özüniň çyn manysyna eýe bolýar. Bu zatlaryň ählisi haýsydyr bir zady ýeňip geçmeli, köpri çekmeli: bulam-bujarlygy, ajaly hem bimanylygy. Çünki biziň bütin ömrümiz – ötelge, köpri, onuň aňry çetem tükeniksizlige tarap uzaýar, munuň bilen deňäniňde-de hemme zemini köprüler – diňe çaga oýnawaçlary, solgun nyşanlar. Biziň ähli umydymyz bolsa o tarapda. © Iwo ANDRIÇ Terjime: © Serdar ATAÝEW *** Iwo ANDRIÇ Iwo Andriç, 1892-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Bosniýanyň häzirki Trawnik şäheriniň etegindäki Dolas diýen obajykda dünýä inip, 1975-nji ýylyň 13-nji martynda Ýugoslawiýanyň Belgrad şäherinde aradan çykan, ýugoslaw ýazyjysydyr. Ol 1961-nji ýylda, “Öz ýurdunyň taryhy bilen bagly ynsan ykballaryny we meseleleri ähli dolulygynda açyp görkezmäge mümkinçilik beren epiki ukybynyň güýji üçin” edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi bolýar. Iwo Andriç ömrüniň birinji ýarymynda diplomatlyk işi bilen meşgullanýar. Ol dürli ýyllarda dünýäniň köp ýurtlarynda öz döwletiniň ilçihanalarynda dürli wezipelerde işleýär. Ikinji Jahan Urşy başlanandan soň ol işini terk edip, başbitin ýazyjylyk bilen meşgullanmaga başlaýar. Iwo Andriçiň has adybelli eserleri “Drinadaky köpri” hem-de “Trawnikiň seneýazgylary”. Iwo Andriçiň käbir aforizmleri: - Rowaýatlary – köpçülikleýin asyrlyk yhlasynyň yzlaryny – diňlemek, olaryň kömegi bilenem mümkin boldugyndan biziň ykbalymyzyň manysyny ýormak gerek. - Biziň hemmämiz merhum, diňe özümiziň jaýlanmagymyza nobata durus. | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |