Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:32
Köýen köňülleriň muzeýi — durmuşy söýgi hekaýatlary
KÖÝEN KÖŇÜLLERIŇ MUZEÝI - DURMUŞY SÖÝGI HEKAÝATLARY

Milli çeperçilik hem-de taryhy muzeýlerden başga-da, Ýer ýüzünde örän täsinligi bilen tapawutlanýan muzeýler bar. Meselem, Horwatiýanyň paýtagty Zagrebde ýerleşýän Köýen köňülleriň muzeýini aýtmak bolar.
Ýakyn ynsan gatnaşyklary baradaky ýatlamalary özünde jemleýän bu ýadygärlikleri döretmek dört ýyllyk söýgi gatnaşyklaryndan soň aýra düşen horwatiýaly iki juwanyň pikirinden hasyl bolupdyr. Döredijilik hünärlerinde işleýän iki çatynja — prodýuser Olinka Wiştisa we heýkeltaraş Dražen Grubişiç zyňmaga dözülmedik bu predmetlerden ajaýyp ýadygär ýatlamany döretmek kararyna gelipdir.
«Bu özboluşly fiziki hem-de wirtual giňişlik bolup, hasratly söýgi hekaýatlaryny we ýatlamalary özünde jemleýän ýerdir. Bu muzeý biz baradaky, siz baradaky, şeýle-de söýginiň we aýralygyň näderejede bolup biljekdigini görkezýän wakalar baradaky ýatlamalary gujagynda saklaýar» – diýip, muzeýi döredijiler belleýärler.
Muzeýiň eserleriniň hatarynda öňki söýgüli adamlarynyň beren sowgatlary, hatlary we kimdir biriniň durmuşynda has uly orna eýe bolan beýleki zatlar bar. Köýen köňülleriň muzeýinde toý lybasyny, gyz gözýaşlaryny özünde saklaýan çüýşäni, palta we beýleki täsin zatlary görmek bolýar. Muzeýdäki her ekspozisiýada söýginiň dowam eden döwrüni we juwanlaryň gysga möhletlik gatnaşyklarynyň taryhyny beýan edýän tabliçkalar, bu söýgi gatnaşyklarynyň baş «gahrymanlarynyň» atlaryny görkezýän ekran hem bar.

Ýerewandan gelen söýgi haty

Söýgüli juwanlaryň suraty bilen bezelen söýgi hatyny muzeýe Ýerewanyň 70 ýaşly ýaşaýjysy iberipdir.
Bu hatda şeýle ýazgy bar: «Bu söýgi hatyny birmahal gapymyň gyrasyna goňşymyň ogly gysdyrypdyr. Ol heniz 3 ýaşyndaka maňa aşyk bolupdyr».
Gyzyň ene-atasy oglany gyzlaryna mynasyp görmän, gudaçylyga gelenleri yzyna ugradypdyr. Oglan bolsa şol gün awtoulagy bilen gaýadan aşak inip heläk bolupdyr.

Oýunjak itjagaz

Bu söýgi hekaýatyny niderlandly zenan paýlaşypdyr. Gürrüňi edilýän oýunjak itjagazy oňa 17 ýaşynda mahaly ozalky ýan-ýoldaşy sowgat edipdir. 30 ýyllap bile ýaşaşyp, üç ogullary bolandan soň, ol durmuşyny başga zenana baglapdyr.
«Ol meni terk edip başga bir zenany halady... Köňlümde dag goýdy. Geçen 30 ýylda hem meni söýmändigini aýtdy. Oňa asla düşünip bilmedim».

Italiýanyň kartasy we söýgi haty

Bu hekaýat horwatiýaly gyz bilen italýan oglan barada. Kitabyň adaty bir sahypasynda Italiýanyň kartasyny çekdi-de: «Ajaýyp günleriň birinde men seni «Vespa» motorollerimde ýurduň ähli ýerlerine aýlaryn» diýdi. Şondan soň hem ol beren sözünde tapylman, gözden gaýyp boldy. Karta çekilen kagyz bolsa Köýen köňülleriň muzeýine bagyş edildi.

100 şwed krony

Şwed zenany bilen italýan ýigidiň söýgi taryhy oglanyň Watanyna dolanmagy bilen tamamlandy. Gyz oňa «Sen gelen mahalyň, bu pullary bile sowarys» diýen ýazgy ýazylan 100 şwed kronyny peşgeş beripdir. Oglan bolsa gaýdyp dolanmandyr.

«Biz Skype arkaly aýra düşdük» diýen sagat

Uzak aralykdan gurlan söýgi. Bu juwanlar «Skype» arkaly tanyşlyk açdylar, şonuň üsti bilen hem aýra düşdüler. Gyz oglan bilen jaňlaşjak wagtyny hut şu sagat bilen kesgitlärdi, oglana «Hoş gal» diýip soňky sözlerini ýazan mahaly hem onuň öňünde şu sagat asylgy durdy.

Döwlen söýgi haty

Onuň bilen elektron poçtada arasyny üzeninden soň, gyz duýgularyna bäs gelip bilmän ähli ýazyşan hatlaryny bozdy. Soň bolsa onuň bilen soňky gezek hoşlaşmak isläp, elde hoşlaşyk hatyny ýazyp aýna ýelimläp goýdy. Soň bolsa ony döwüp, aýna gyýçaklaryna öwürdi. Bu hatyň eýesi şeýle diýýär: «Bu maňa durmuşymy täzeçe başlamaga ýardam eden simwoliki alamat, özboluşly ritual bolup hyzmat etdi».

Frisbi diski

Ýigit oňa gatnaşyklaryň iki ýyllygynyň şanyna frisbi oýnunyň diskini berip, uly ýalňyşlygyny goýberdi. Plastmass diski sowgat hökmünde kabul edip, gyz onuň bilen gatnaşygyny kesdi. Erkekleriň ählisine «duýduryş» hökmünde bu disk Köýen köňüller muzeýinde saklanýar.

2011-nji ýylda Köýen köňülleriň muzeýi Horwatiýanyň iň gowy muzeýi diýlip yglan edildi. Öz söýgi hekaýatyny paýlaşmak isleýänleriň ählisi ony alamatlandyrýan zatlary muzeýiň goruna iberip bilerler.

Çeşmeler: trip-point.ru; krasotabalkan.ru; atorus.ru; zefirka.net. https://turkmenportal.com/tm/compositions/1363. 18.02.2023ý.
Bölümler: Psihologiýa | Görülen: 74 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Bagabat • 10:33, 18.02.2023
Benksi, "Döwlen ýürek".
avatar

Старая форма входа
Total users: 203