14:46 Limbo/triller | |
LIMBO Şäheriñ çyralary tüm-garañkynyñ içinde asuda deñziñ üstünde tans edýän ýaly görünýärdi. Ol näletsiñen gijede Aý hem õz dolgun keşbini ýarylayjak bolup duran çal reñkli ýagyş perdeleriniñ añyrsynda gizläpdi. Balykçynyñ gämisi şemalsyz hem dymyk deñziñ üstünde Çironyñ gämisi ýaly asuda yranýardy.Erise gämide õñki ýaranlarynyñ hereketsiz hem durnukly nazarlarynda asmany synlap ýalñyz galmak ýakymlydy... Hyýallar duralgasyna ýetmäge azajyk ýol galypdy. Eris ellerini gäminiñ õñ tarapyna diräp barha golaýlaşýan yodajygy esewan edip durşuna arka tarapyndan gelen tykyrda yzyna õwrüldi. Kemerinde asylgy duran sapançasyny çekmek üçin oña sähelçe hereket ýeterlikdi.Emma ol beýle etmedi-de õñünde gana bulaşyp ýatan ýerinden başyny çala galdyryp zordan dem alýan ýaş içalyny ôñ ýanynda süsüp ýatyrypdy. Onuñ uzyn saçlary bolsa gõýä garganyñ guýrugy ýaly birden birden ykjap şemal bilen sõweşýän ýalydy. Ol soñra ellerini kynlyk bilen kümüş gaply sapançasyna ýetirdi. Gana bulaşyp palubada Erisden uzaklaşmaga çalyşýan gämi içalysyna çenäp: -Bolup bilse on sekiz ýaşynda bolmaly-diýdi-de ýuwaşlyk bilen sapançasynyñ çakmagyna basyp gõýberdi. Çykan güñleç ses gäminiñ sõýelerinde gonup, meýmiräp oturan gargalaryñ tisginip gagyldaşyp uçmaklaryna sebäp boldy. Hut ýañy-da õz arka tarapyndan gelen içalynyñ indi agajyñ üstünde jansyz, bõlek-bõlek bolup çaşyp ýatan beýnisini rehimsizlik bilen bir gümpüldide bõleklän zenan gaýtadan ellerini õñündäki agaç sekä diräp suwda düýpsiz tümlükden yza tesdirilişi synlady. Onuñ bedeniniñ gara sudury suwuñ ýüzünde mejalsyz hallan atyp durdy.Uzyn saçlary bolsa kõlegesiniñ iki tarapynda galgap Meduzanyñ keşbini emele getirýärdi. Aslynda-ha Eris hiç mahalam õzüni toslap tapylan Meduza deñemändi. Ol edil Eris ýalydy. Ýagny, şepagatsyz, õlüm howply,sowuk nazary ar we namys üçin kasam eden zenan Hudaýy ýalydy. Gämi duralgasyna barmaga az salym galypdy. Erisiñ ýüzünde geñ ýylgyryş peyda boldy. Yzyna deñze seredip jesetleriñ arasyndan rahatlyk bilen geçip kapitan kayutasyna tarap ýõräp ugrady. Kaýutanyñ içi garañkydy hem ganyñ ysy gelýärdi.Bir burçda ýanyp duran kiçijik gaz çyrasy bolsa otagy arwahlaryñ tans edyan zaly ýaly gõrkezýärdi. Eris üçin ýõnekeýje otagda gõzlän zadyny tapmak kyn bolmady. Gaz ýagynyñ ýiti ysy nirede duranlygyny añsat tapmaga kõmek edýärdi. Zenan golçany süýräp paluba çykaran mahaly niredendir kenar geçelgesinden howlukmaç hem gorkuşyp ýõren ynsanlary gõrüp ýetişdi, oñ indi wagty ýokdy. Çaltlyk bilen porta ýanaşmak mõhümdi. Golçany jesetleriñ ýanynda goýdy, gapagyny açdy-da yza çekildi. Güýçli depgä düñderilen golçadan wyzlap çykan gaz ýagy jesetleri hem palubany ýuwdy. Eris beýiklige çykyp duran ýerinden yagyñ deñze akmagyna garaşdy, soñra-da õkdelik bilen õkjesine galyp õl ýerde ýõräp gäminiñ arka tarapyna baryp häliden gelip garaşyp duran hünärmen bilen bile ýelkenleri düşürdi, motory õçürdi. Porta direlip goýlan gämiden gelen ses ýagyrnysyna palçyldap uran deñiz tolkunlarynyñ şabyrdysydy. Eris ýylgyrmak bilen gäminiñ burnundaky zynjyrlary portdaky gazyklaryñ birine baglady. Soñra bolsa assyrynlyk bilen başyny galdyryp õzüni synlaýan barmy ýokmy gõzden geçirdi. Bolsa-da bu şäherçede munuñ ýaly gijelerde hiç kim kõçä çykmaýardy. Çykaýanlarynda-da zenan maşgala seretseler boljaklary bellidi. Bu-da bu ýerlileriñ hiç hili eýeçilik edesi geljek zady däldi. Eris gaýykdan düşmezden õñürti derrew jübüsinden kümüş çilim tabagyny çykardy-da, ýokardan yalkym salýan aý ýagtysyna seretdi. Soñra-da endik eden çalasyn hereketleri bilen gutudan bir çõp çekip aldy-da, ujuny gutynyñ gyrasyndaky digirli meydana sürtdi. Birden parlap ýanan ot zenanyñ garañkylyk içindäki ýüzüni ýagtylandyrdy. Eris agzyna salan çilmini otlamazdan, yzynda gijäniñ içinde ot mõjeginiñ sesi ýaly şytyrdap sesli ýanyp başlan gämini taşlap ses sedasyz kõçäni ädimläp ugrady. Kayip Rihtim şäherçesi ýürekgysgynç bir ýerdi. Bu şäherçe Ir dõwürlerde Kaýip Ewräniñ iñ uly şalyklarynyñ biriniñ paytagty hem gurply şäherleriniñ biridi. Soñra "O" gelip imperator Magikalisi agdaryp, güýji eline alandan soñ ýagdaýlar üýtgäp, işler ýolundan çykyp başlady. Bu wakadan soñ ezýet çekip halys garyplaşan halk,aýdyp diýýänlere gulak asmazdan gozgalañ turuzmaga başladylar.Halk beýle hereket etmek bilen nähili gynandyryjy bolsa-da, gan dõküşikli geçmişden başga hiç bir netije gazanyp bilmedi. Wagtyñ geçmegi bilen şäher ogry-jümrüleriñ, kellekeserleriñ, kezzaplaryñ we garakçylaryñ öýjügine öwrüldi. Öñem ýetde-hütde günde zordan ýaşap ýören halk köçä çykmaz ýaly boldy. Garyp güni bolsa-da, iýjegini tapsa ertesini gaýgy etmeýän deñizýaka şäher wagtyñ çañlaryna bulaşyp galdy. Häzir bolsa Eris aýyñ ýagtysynda kõçelerde rahat adamlaryñ arasy bilen barşyna şäheriñ binýadyna siñip galan weýrançylygyñ hem çañyñ ysyny diýseñ oñat duýýardy. Zenan bu mahal her pursatda agdarylaýjak ýaly gõrünýän, emma diýseñ ussat ussalaryñ eserleri bolan abanyp duran binalaryñ kõlegelerinde kim bilýã, näçe õli gõzi bolup oña seredýändiklerini syzsa-da, yzarlaýandyrlar diyip hiç hili heder etmezden, hiç hili gorky duýgysy täsir etmezden gidip barýardy.Ýogsa oña õñ ýanynda arkasyndan içgili ýaly hüññürdiler yzarlanýanlygyny duýdyrypdy hem. Eris ganymat ýol geçenden soñ gõzleýän ýerine golaýlaşan wagty õzüni yzarlaýanlara çynlakaý ünsi gõnükdirdi. Yzyndan gelýän ykmandalar hem ädimlerini çaltlandyryp başladylar. Õzlerine zor salyp aralygy gõz gõrtele ýakynlaşdyrdylar. Ykmandanyñ biriniñ gelip zenanyñ syrtyna elini degirmegi bolsa onuñ sabyr käsesini dolup daşdyrdy. Eris yzyna bakagadan ýigrenji gülkileriniñ arasynda "wagtyñ barmy, Gõzelim" diýip pyşyrdan adamyñ goluny batly tutup, çalasyn hereket bilen tersine õwren wagty gañran golundan gelen şatyrdynyñ bõleklenen süñkleriñ sesidigi şübhesizdi. Ykmanda arakhor elhenç hykgyldanda nämeler bolup geçenini añşyryp ýetişmedik ülpetleri gorkularyndan yza tarap õkjäni gõterdiler. Zenan ykmandanyñ indi hiç zada ýaramaýan golundan tutup durşuna onuñ dyzlarynyñ arkasyndan debisgiläp çaltlyk bilen ony dyza çõkmäge mejbur etdi.Az wagtdan ol adamyñ gygyrmasy hem çydamsyz yñramasy galdy. Õzüni boşatmagy üçin Erise ýalbaryp başlady.Eris egilip ýuwaşlyk bilen ykmandanyñ gulagyna: “Meniñ edähedime görä eliñi kesmeli welin, ýöne häzir munuñ... geregi ýok... Ynha, şunuñ üçin..." diýäge-de, elindäki pyjagy gõçgün halda ykmandanyñ bogazyndan geçirdi. Adam õlüp barýanlygyny añyp ýetişmezden gõzleri açyklygyna ýere ýazyldy. Damarlaryndan çüwdürilen gan bolsa pagşyldap ýere ýazylýardy. Eris pyçagy kemerinden asdy. Üstüne ganyñ bir damjasy-da syçramandy. Yzyna õwrülip ol ýerden daşlaşyp barşyna pikirinde ýeke bir alamat bardy: Ýolgeçen myhmanhanasy. Myhmanhana bu howply şäherçä gõrä goragly hem kõpçülik bir ýerdi. Gõýä damarlaryñ merkezi dolandyryjysy ýürek ýaly şäher merkezine hõkmûrowanlyk hem günä akdyrýardy. Ynandyryjy hem ýalkymly gõrnüśine garamazdan misli bir batgalykdy, işiginden ätlänleri günäler dünýäsiniñ iñ täsirli ýüzi bilen garşylaýardy. Eris myhmanhana girende ôzüne gõnügen açgõz nazarlardan howatyrlanmady. Sypaty syçany ýatladyp duran bigõrk bir adam pianino meñzeş enjamyñ başyna geçip aldygyna tans sazlaryndan birini çalýardy.Bu adam ynsan hiline düýpden tersleýin ýaradylan ýalydy, bir garawula prinsessanyñ eşigini geýdirseñem ondan gõrnükli boljagy gõrünip duran ýagdaýdy. Zenan assyrynlyk bilen stollara gõz gezdirdi. Stollaryñ başynda donly adamlar, mekir hilegärler, sypatsyz adamlar hem bir ýaşy ulalşan bir adam gõründi. Eris batly gadamlar bilen ýaşuly adamyñ oturan stoluna tarap ugrady. Stoluñ başyna gelende Erise seretmän õñündäki piwosyny owurtlap bir bõlek kagyzy okap oturan adama nazar saldy. Adam okap oturan zadyndan başyny galdyrmazdan rahat gürledi: --Saña ir gelersiñ diýip garaşypdym, beyle gijä galmagyñ meni geñirgendirdi. Zenan kemerinden çykaran ganly pyçagyny stoluñ üstünde goýdy we aýakgabyny düzedişdirip oturşyna gõzlerini agdaryp: ---Ykmandalar. diýdi. Ýaşuly okap oturan zadyndan gabagyny galdyryp zenanyñ gõzlerine seretdi. --Õlendiklerini õzlerem bilmän galandyklaryna ynanýan.. Eris sowuk ýylgyrdy. Hyýrsyz ýüzünde dõrän keşp ony hasam mekir gõrkezdi. ---Õlendiklerini õzlerniñem duýmadyklaryndan şübhäm ýok. Ýašuly sessiz ýylgyryşyndan soñra sõzüni dowam etdi: --Bu ýere gelmegiñ sebäbini yzarlap oturmazlyk üçin meniñem bir akyl eýesi bolmagym gerek. Ar almak üçin gelendigiñe ynanýarmyñ...? Soñra biraz biynjalyk şekilde: ---...Hanymym.- diydi. Zenan rahatsyz terzde gozgandy: --Biriniñ maña beýle ýüzlenmedigine kõp wagt geçdi...-diýeninde gõzlerinde çuññur gussa alamatlary gõründi. Bu sõze ýaşuly başyny aşak sallady-da: --Belki şeýledir, senem hut şonuñ üçin şu mahal şu ýerde dälmi eýsem? Õz ruhuñ ýarysyny halas etmäge hem gyz uýalaryñ ruhlaryny azat etmäge gelmediñmi eýsem? Eris başyny aşak saldy: --Ýok, munuñ ûçin-ä gelmedim. Eger gyz uýalarym güýçli bolan bolsadylar, õz ruhlaryny õzleri halas edip bilerdiler..Olaryñ aryny almakda borçly däl men. Õz ruhumyñ galany bilen meşgullanaryn...Jadygõý. Ýaşuly ýylgyrdy. Zenan bir pursat dymyp oturmak bilen yz ýanyndan ýene gürrüñi dowam etdirdi: ---Ony nireden tapyp bilerin. Bu işi soñlamak isleýärin. Jadygõý ellerini iki ýana bulap: --Bu barada belli bir bilýän zadym ýok.-diýdi-de golaýyndan geçen ofisantka õz bardygyny duýdurmak üçin yşarat edenden soñ sõzüni dowam etdi-- ol tapylanyñ ýeke täk biri däldigini sen bilmelisiñ, ol hokman seni tapar. Emma şu aralyklarda ýerasty baglanyşyklaryñ bardygyny duýdum. Belki-de kône dostlarmyza zyýarat etmelisiñ. Nähili bolanda-da daşlaryñ ýerini diñe olar bilýärdiler saña aýdyp biljek ýeke hakykatym, her zadyñ gõrnüşi ýaly bolmadygydyr.. -Eger bilýän zadyñ bar bolsa şu mahal aýt, jadygõý. Bu gezek garry başyny iki gez aşak egeninden soñ bir agyz sõz aýtmady, õñündäki kagyza gõz gezdirmek bilen güýmendi.Eris başyny ýaýkap stoluñ başyndan turdy,Geleninde jadygõýüñ õñünde goýan, ýüzünde gan gatap goýy reñke õwrülen kümüş pyçagyny eline aldy.Kümüş pyçagyñ sapynda gezdiren barmaklary gatañsady.Biraz soñra ýüreginiñ üstünde titreýän pyçaga sereden jadygõý gülki uçguny bilen ýalpyldaýan nazaryny zenana gõnükdirdi. Eris yzyna õwrüldi-de haýal ädimläp myhmanhanadan çykdy. Bu ýeriñ müşderileriniñ hiç biri bolup geçen sahna bilen gyzyklanmadylar.Bir pursatlyk boş bakyşlarydan soñ her kim õz işlerine gümra boldular. Narkotik serişdelerinin sõwdasy gaýtadan başlandy, ayal sõwdagãrleri õz sõwdalaryna girişdiler, dolandyryjylar başga planlar oylap tapmaga gõnükdiler. Jeset bolsa asla ol ýerde hiç bir zat bolmadyk ýaly ýok edildi. Eris asuda gijäniñ içinde şäherçäniñ yz tarapyndaky õñki şahta tarap sessiz ýõräp ugrady. Õñki şahta hem daş-tõweregi bilen näletlenen bir ýerdi.Akyly ýerinde bolan hiç bir adam bu ýere golaýlaşmazdy.çünki bu ýurt baky ýaşaýanlaryñ gargyş siñen mekanydy. Hut -"O" gelenden soñ äşgär bolan dünýäniñ, has dogrusy Gaýyp dûnýäniñ kõzüni ele alyp zemini zäherlemezden we erbetligiñ kõlegesini ynsanlaryñ üstüne düşürmezinden õñ Kaýip Rihtim şäherçesinde tapylan bu şahtalardan bahasyna ýetip bolmajak dõrt daş çykarylypdy.Has gowusyny tapmak üçin ýyllaryn dowamynda geçirilen gõzleglerden, urunmalardan onlarça gõzlegçi boş çykypdylar.Bu dõrt daş taýsyz, tapylgysyzdy. Demirgazyk Deñiziniñ añyrsyndan gelen jadygõýler, bu gõwher daşynyñ gõzleginiñ netijeli bolmagy üçin akla sygmajak nyrhlarda üć burç dogalary, her dürli jadylary teklip edýärdiler.Bu daşlary nähili ullanylmalydygynyñ syry bolsa diñe dõrt elementiñ hanymlary hasaplanýan esasy güýçli jadygõýleriñ topary bolan Şinedleriñ elindedi. Şol sebäplem daşlar uzak wagtlap olaryñ elinde boldy. Halkyñ goldawy beýik hõkûmdar Magikalisiñ arzuwlary hem õsüşi tarapynda boldy. Asyl aralarynda dõnükleriñ dõrejegini Şinedler hem añmandylar.Gõwherleriñ ogurlanan gijesi Beýik Rihtim imperatorlygy üçin iñ näletli gije bolupdy. Ine Eris soñky hem ýarym Şined bolmak bilen õñden gõrnükli hem doga daşynyñ çykarylan, indi bolsa ýumrulmakdan harabaçylyga õwrülen, diñe gargyşlananlaryñ ýaşap başarjagy şahtalaryna giren wagty asman güwwüldäp, suw bilen çaýkalan ganyny zemine akytmaga taýynlanýardy. Erisiñ kalbynda tükeniksiz ýigrenç bilen ol gijäni ýatladyp-Ruhunyñ ýarysyny ogurlap ony garañkylyga taşlan adamy, Ýagyş damjalarynyñ ýüzüne degip tans edişlerini,gyz uýalarynyñ mermer zeminde typyşlaryny, ak kõýneginiñ gyzyl reñke õwrülşini hem ol gorkunç daşlary, hassa ruhy, ar almaga kasam eden şool ýagyşly gijäni ýatladyp Erisi geçmişiñ hasraty bilen ikiçãk galdyryp ähli başagaýlyk gelşi ýaly ýok bolup gitdiler.Gara geýnen zenanyñ bir pursat hereketi togtady,asuda gijäniñ petiş howasyny içine çekdi. Soñra haýallyk bilen elini bilindäki kemerinde asylgy haltanyñ birine ýetirdi. Kümüş zynjyrlaryñ ruhsuz ýalpyldysy aýdyñlaşanda olary çaltlyk bilen boýnuna, bileklerine orady. Ýene-de elni kemerine ýetirip agajyñ rahatlandyryjy tekizligini duýdy.Ondan soñ aýgytly ädimler bilen şahta tarap ýõräp ugrady. Dowamy bar © Beýza TAŞDELEN. Terjime eden: © Kalba Nur. . | |
|
Ähli teswirler: 9 | |
| |