Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:40
Lukmançylyk okuw jaýlaryna okuw synagynyñ biologiýa boýunça sowalnamalary

1-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Deňagramlylyk, myşsa duýujylygy, syzyjylyk, ys alyş we tagam biliş synalary.
2. Öýjükleriň bölünişi: mitoz, meýoz. Jyns öýjükleriniň gelşi we tohumlanyşy.
3. Mesele: goýy gyzyl gülli ösümlik(CcPp) öz-özünden tozanlanmak arkaly köpelende
nähili nesle garaşyp bolar.

2-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Adamyň siýdik bölüp çykaryş ulgamynyň gurluşy, onuň synalarynyň ýetirýän işleri.
Siýdigiň emele gelşi. Bedenden madda çalşygynyň önümlerine bölüp çykarmagyň
ähmiýeti. Siýdik bölüp çykaryş synalarynyň keselleriniň öňüni almak.
2. Analizleýji çaknyşdyrma.
3. Mesele: digeterezigot bedeni çal, ganaty kadaly bolan drozofila siňejiginiň
urkaçysyny, gara bedenli we gysga ganatly erkek siňejigi bilen analizleýji
çaknyşdyrmany geçiriň. Nesliň genotipini we fenotipini aýdyň.

3-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Sitoplazmatik nesle geçijilik. Gen alamat gatnaşyklary.
2. Guşlar klasy: tokaý guşlary. Ýyrtyjy guşlar otrýady. Suwda ýaşaýan guşlar.
3. Mesele: ysly dälijemäş atly ösümligiň iki dürli ak gülli sortlaryň (CCpp we ccPP)
özara çaknyşdyrylmagy netijesinde F-1 emele gelýän gülüň genotipini we fenotipini
aýdyň.

4-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Biosferanyň düzümi we ýerine ýetirýän funksiýalary. Himiki elementleriň
aýlanyşygy. Biosferadaky biogeohimiki hadysalar. Adamyň hojalyk işjeňligi biosferada
täze täsir (faktor) hökmünde.
2. Paporotnikler, olaryň gurluşy we ýaşaýyş aýlawy. Gadymy paporotnik şekilliler.
3. Mesele: 3soragnama gaýtalanýar.

5-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Witaminler. Witaminleriň açylyşynyň taryhy. Witaminleriň ähmiýeti. Awitaminoz.
Iýmitdäki witaminleri saklamagyň düzgünleri.
2. Çylşyrymly güllüler maşgalasynyň häsiýetnamasy we onuň wekilleri.
3. Meseleň: iki alamaty boýunça geterozigot bolan ýylmanak tohumly nohutlar özara
çaknyşdyrylýar. Emele gelen nesilde çykýan ähli genotipleri ýazyp beriň.

6-NJY SYNAG SOWALNAMASY

1. Ýapyk tohumly ösümlikler, olaryň häsiýetnamasy we klaslara bölünişi.
2. Guşlar klasy: açyk gury ýer giňişlikleriniň guşlary. Medeni landşaflaryň guşlary.
3. Mesele: ejesi sagdyn, ýöne genotipinde gemofiliýa keseliniň genini saklaýar. Kakasy
keselli. Şu ýagdaýda gemofiliýa kakasyndan ogluna nesil boýunça geçipdir diýip
bolarmy?

7-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Süýdemdirijiler klasy. Öý itiniň mysalynda süýdemdirijileriň daşky gurluşy (skeleti,
muskulaturasy, nerw, duýuş, iýmit siňdiriş, bölüp çykaryş, gan aýlanyş, dem alyş
synalary). Süýdemdirijileriň köpelişi we gelip çykyşy.
2. Gül, onuň gurluşy we ähmiýeti. Gül topbaklary we olaryň ähmiýeti tohum we onuň
görnüşleri. Gülli ösümlikleriň tohumlanyşy.
3. Mesele:2soragnama gaýtalanýar.

8-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Ýaşaýşyň döreýşi baradaky garaýyşlaryň ösüşi: biogenez we abiogenez.
2. Bir ülüşliler klasynyň häsiýetnamasy, oňa degişli maşgalalar we wekiller.
3. Mesele: 2soragnama gaýtalanýar.

9-NJY SYNAG SOWALNAMASY

1. Kislorodyň gatnaşmagyndaky biologik okislenme. Aerob glikoliz. Öýjügiň dem
alyşynyň aerob fazasy. Aerob we anaerob glikolizleriň energetiki çykymy.
2. Kösükliler maşgalasynyň umumy häsiýetnamasy we onuň wekilleri.
3. Mesele: reňki boýunça geterozigot we formasy boýunça gomozigot bolan sary
ýygyrtly tohumly nohut, ýaşyl ýygyrtly tohumly nohut bilen çaknyşdyrylmagy
netijesinde emele gelýän nesliň fenotipini we genotipini kesgitläň?

10-NJY SYNAG SOWALNAMASY

1. Kömelekler. Telpekli kömelekler. Heň kömelekler. Mugthor kömelekler.
Kömelekleriň ähmiýeti.
2. Okislenmegiň üçünji tapgyry. Ajama hadysalary.
3. Mesele: 2soragnama gaýtalanýar.

11-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Tebigy toparlanmalar. Ekologik ulgamlar. Energiýa akymy hem-de iýmit zynjyrlary.
Biosenozyň ähmiýeti.
2. Itüzümliler maşgalasynyň häsiýetnamasy we onuň wekilleri.
3. Mesele: 3soragnama gaýtalanýar.

12-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Adamyň aýratyn şertlerdäki işjeňligi.
2. Öýjük taglymaty. Öýjükleriň şekilleri we gurluşlary. Öýjükleri öwrenmegiň usullary.
Prokariod öýjükler. Yaşaýşyň öýjük däl görnüşleri-wiruslar.
3. Mesele: 9soragnama gaýtalanýar.
13-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Ýer ýüzünde ýaşaýşyň ösüşi: eralar we döwürler boýunça ýeriň geohronologiki
häsiýetnamasy.
2. Hordalylar tipi. Lansetnik- pes derejeli hordaly haýwandyr, onuň ýaşaýyş gurşawy
we gurluşy.
3. Mesele: ejesi we kakasy sagdyn bolan ene-atalardan gemofiliýaly çaga
dogularmy?

14-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Genetika ylmy, onuň wezipeleri. Genetikanyň esasy düşünjeleri (nesle geçijilik,
üýtgeýjilik, genotip, fenotip, allel genler, gomozigota we geterozigota bedenler). Nesle
geçijiligi öwrenmegiň gibridologik usuly. Monogibrid çaknyşdyrma. Gibridleriň birinji
neslindäki birmeňzeşligi. Ikinji nesliň gibridleriniň alamatlarynyň dargamagy. Nesle
geçijiligiň aralyk häsiýeti.
2. Süýdemdirijiler klasy: ýyrtyjylar otrýady. Deňiz süýdemdirijileri. Primatlar otrýady.
3. Mesele: 3 soragnama gaýtalanýar.

15-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Süýdemdirijiler klasy: mör-möjek iýijiler otrýady. Ýarganatlar otrýady. Gemrijiler
otrýady. Towşan görnüşliler otrýady.
2. Duýuş synalary. Görüş synanyň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri. Görüş synanyň
gigiýenasy.
3. Mesele: 6 gaýtalanýar. Kakasy sagdyn.

16-NJY SYNAG SOWALNAMASY

1. Ç. Darwiniň ewolýusion taglymatynyň ýüze çykmagynyň ylmy we jemgyýetçilik
ykdysady sebäpleri. Ewolýusion taglymatyň aýratynlyklary. Ç. Darwiniň taglymatynyň
esasy düzgünleri we tebigaty öwrenişi ösdürmekdäki ähmiýeti.
2. Baldak, onuň daşky we içki gurluşy. Ýapragyň ýogynlygyna we uzynlygyna ösmegi.
Baldak boýunça mineral we organiki maddalaryň hereketlenişi. Özgeren baldaklar.
3. Mesele: 2soragnama gaýtalanýar.

17-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Adamyň gan aýlanyş synalarynyň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri. Ýüregiň işleýşi:
ýürek muskulynyň işleýşi, ýürek sikli, ýüregiň işleýşiniň nerw we gumoral sazlaşygy.
Ganyň damarlar boýunça hereketi we ganyň akyş tizligi.
Gan basyşy. Puls. Limfa aýlanyşygy. Gan akmasynyň görnüşleri we ilkinji kömek.
Ýürek damar ulgamynyň gigiýenasy we onuň keselleriniň öňüni almak.
2. Bir öýjükli we köp öýjükli suwotular. Suwotularyň ähmiýeti. Türkmenistanda duş
gelýän suwotular.
3. Mesele: 2 soraganama gaýtalanýar.

18-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Görnüş we onuň alamatlary(kriteriýalary). Populýasiýa- görnüşiň düzüm we
ewolýusiýanyň elementar birligidir. Görnüşleriň ýerlikli peýdalanyşy, meseleleri we
olaryň köpdürlüliginiň saklanyşy. Emeli seçgi. Tohumlaryň, sortlaryň ewolýusiýasynyň
sebäpleri.
2. Tegelek gurçuklar tipi. Adam askaridasy, onuň ýaşaýyş gurşawy, gurluş
aýratynlyklary, ýaşaýyş işjeňligi we ýetirýän zyýany. Mugthor gurçuklar, köpdürlüligi
we olara garşy göreş.
3. Mesele: 2soragnama gaýtalanýar.

19-NJY SYNAG SOWALNAMASY

1. Mäzler. Bedeniň fiziologik işiniň sazlanyşygy. Aşgazanasty we böwreküsti mäzler.
Galkan görnüşli mäz we mäzleriň soltany (gipofiz).
2. Molýuskalar tipi. Adaty howdançy we dişsizje, olaryň ýaşaýyş gurşawy, gurluşy,
iýmitlenişi, dem alşy, gan aýlanyşy, bölüp çykaryşy, nerw sistemasy we köpelişi.
Molýuskalaryň görnüşleri we ähmiýeti.
3. Mesele: 1 soragnama gaýtalanýar.

20-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Tohum onuň gurluşy. Tohumyň düzümi. Tohumyň gögermeginiň şertleri. Tohumlary
ekilişiň düzgünleri. Miweler, olaryň görnüşleri we gurluşlary.
Miweleriň we tohumlaryň ýaýraýşy.
2. Genetika we ewolýusion taglymat. Genetika populýasiýalary. Genofond. Tebigy
seçginiň görnüşleri.
3. Mesele: 15 soragnama gaýtalanýar.

21-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Adamyň köpeliş synalary. Jyns taýdan ösüp ýetişmeklik we onuň saglygy saklamak
düzgünleri. Tohumlanma we düwünçegiň ösüşi. Çaganyň ösüşi we kemala gelşi.
2. Nesle geçijiligiň goşulyşmak hadysasy (tirkelen genleriň nesle geçijiligi).
3. Mesele: iki alamaty boýunça gomozigot bolan ýaşyl ýylmanak tohumly nohut, iki
alamaty boýunça gomozigot sary ýylmanak tohumly nohut bilen çaknyşdyrylanda,
emele gelýän nesliň fenotipi we genotipi nähili bolar?

22-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Eşidiş synasy, onuň ýerine ýetirýän işi we gigiýenasy.
2. Guşlar klasy. Gögerçiniň daşky we içki gurluşy, onuň köpelişi we ösüşi. Guşlaryň
tebigat pasyllarynyň hadysalaryna uýgunlaşmalary. Guşlaryň gelip çykyşy.
3. Mesele: iki alamaty boýunça geterezigot bolan sary ýylmanak tohumly nohut, ýaşyl
ýygyrtly tohumly nohut bilen çaknyşdyrylma netijesinde emele gelýän nesliň fenotipini
we genotipini ýazyp beriň.

23-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Adamyň saglygy we ony gorap saklamagyň usullary: bedeniň goranyş- üpjünçilik
reaksiýalary, saglygy saklaýan şertler.
2. Genleriň özara täsiri. Genleriň köptaraplaýyn täsiri. Adam genetikasynyň
neslegeçijiligini öwrenýän usullar. Nesle geçýän keseller we onuň öňüni almak.
Medisina-genetiki maslahatlary bermek. Golaý garyndaşlaryň nikalaryň zyýanlydygyny
nazarda tutmak. Bedeniň madda çalşygynda geçýän bozulmalarynyň bejerilişi. Gen
inženerçilik we adamyň saglygy.
3. Mesele: Reňki boýunça geterezigota we formasy boýunça gomozigota bolan sary
ýylmanak tohumly nohut, reňki we formasy boýunça sary ýygyrtly tohumly nohut
çaknyşdyrlanda nesliň fenotipi we genotipi nähili bolar?

24-NJl SYNAG SOWALNAMASY

1. Balyklar klasy. Derýa okuny, ýaşaýyş gurşawy, onuň daşky we içki gurluş
aýratynlyklary, köpelişi, ösüşi, nesil barada alada. Balyklaryň köpdürliligi.
2. Adam bedenindäki madda çalşygy. Organiki maddalaryň çalşygy: belok, uglewod,
ýag çalşygy. Organiki däl maddalaryň çalşygy: suw we mineral duzlaryň çalşygy.
3. Mesele: 2 soragnama gaýtalanýar.

25-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Adamyň kelle beýnisi, onuň gurluşy. Kelle beýnisiniň ýerine ýetirýän işleri. Kelle
beýnisiniň uly ýarym şarlary.
2. Halkaly gurçuklar tipi. Ýagyş gurçugy, onuň ýaşaýyş gurşawy, daşky gurluşy, beden
ulgamlary. Sülükler, ýaşaýyş gurşawy, beden ulgamlary.
3. Mesele: 1 soragnama gaýtalanýar.

26-NJY SYNAG SOWALNAMASY

1. Ýasy gurçuklar tipi. Ak planariýa, onuň gurluşy we ýaşaýyş işjeňligi. Bagyr sorujysy.
Öküz soguljany. Ýasy gurçuklaryň umumy alamatlary.
2. Adamyň wegetatiw nerw ulgamy, onuň gurluş aýratynlyklary. Wegetatiw nerw
ulgamyň ýerine ýetirýän işleri.
3. Mesele: 2 soragnama gaýtalanýar.

27-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Dem alyş synalary. Öýkenlerde we dokumalarda gaz çalşygy. Dem alşyň hereketleri.
Dem alşyň nerw we gumoral sazlanyşygy. Howa arkaly ýokuşýan keseller. Dem alyş
synalarynyň gigienasy.
2. Nesle geçýän üýtgeýjilik we onuň görnüşleri .
3. Mesele: 1 soragnama gaýtalanýar.

28-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Boşiçegeýalylar tipi. Polip gidra, onuň ýaşaýyş gurşawy, gurluş aýratynlyklary,
köpelişi. Boşiçegeýalylaryň köpdürlüligi, ähmiýeti.
2. Bedenleriň hususy(indiwidual) ösüşi- ontogenez. Partanogenez.
3. Mesele: ejesi gemofiliýa keselinden ejir çekýär. Kakasy sagdyn. Ogly gemofilik,
onuň genotipini we fenotipini kesgitläň.

29-NJY SYNAG SOWALNAMASY

1. Genotip we gurşaw, olaryň alamata täsir edişi.
2. Bognaýaklylar tipi, klaslara bölünişi. Bognaýaklylaryň peýdaly, mugthor we zyýan
beriji wekilleri.
3. Mesele: 1 soragnama gaýtalanýar.

30-NJY SYNAG SOWALNAMASY

1. Fotosintez. Fotosinteziň kosmiki ähmiýeti. Hemosintez. Awtotrof we hemotrof
öýjükler.
2. Deriniň gurluşy, ýerine ýetirýän işi we ýylylyk sazlaşygyndaky orny. Deriniň
arassaçylyk düzgünleri, saça, dyrnaga, egin- eşiklere, aýakgaba seretmegiň gigiýenasy.
3. Mesele: 2 soragnama gaýtalanýar.

31-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Adamyň ýokary nerw işjeňligi baradaky taglymaty döretmekde I.M.Seçenowyň we
I.P.Pawlowyň işleri. Şertsiz refleksler we olaryň ähmiýeti. Şertli refleks, olary emele
getirmegiň usullary we şertleri. Şertli refleksleriň päsgelçilikleri. Şertli refleksleriň
biologik ähmiýeti.
2. Ewolýusiýa hadysasynyň esasy ugurlary: makroewolýusiýa, adoptasiýa,
idioadoptasiýa, umumy degenerasiýa. Biologiki ösüş (progres), biologiki gaýtma
(regres).
3. Mesele: 1 soragnama gaýtalanýar.

32-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Ýerde-suwda ýaşaýanlar klasy. Gurbagalaryň ýaşaýyş gurşawy, daşky gurluş
aýratynlyklary. Ýerde-suwda ýaşaýanlaryň köpelişi, ösüşi we gurluşy, olaryň
köpdürliligi, ähmiýeti.
2. Kök, onuň daşky we içki gurluşy. Köküň ýerine ýetirýän işleri. Köküň suwy we
mineral maddalary sorup almagy. Kökleriň dem alşy. Özgeren kökler.
3. Mesele:2 soragnama gaýtalanýar.

33-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Adam ewolýusiýasynyň ugurlary. Iň gadymy adamlar, ilkinji häzirki zaman
adamlary. Adam jynslary. Jynsparazlygyň we sosial darwinizmiň tankytlanmagy.
2. Süýrenjiler klasy. Çalasyn suwulgan. Teňňeliler otrýady. Pyşdyllar we krokodiller
otrýady. Süýrenjileriň gelip çykyşy.
3. Mesele: 2 soragnama gaýtalanýar.

34-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Öýjügiň himiki düzümi: organiki däl birleşmeler, biopolimerler beloklar, uglewodlar,
lipidler, nuklein kislotalary, ATF, olaryň gurluşlary we ýerine ýetirýän işleri.
2 . Adamyň iýmit siňdiriş synalarnyň gurluşy. Agyz boşlugynda iýmit siňdiriş.
Aşgazanda iýmit siňdiriş. Içegede ýokumly maddalaryň üýtgeýşi. Bagryň, aşgazan asty
mäziň ýerine ýetirýän işi. Azyk önümleri we ýokumly maddalar. Iýmitlenmegiň
gigiýenasy we aşgazan-içege keselleriniň öňüni almak.
3. Mesele: 2 soragnama gaýtalanýar.

35-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Daýanç-hereket ediş ulgamy we onuň ähmiýeti. Süňk birleşmeleri. Adam skeleti.
Süňkleriň gurluşy. Süňk dokumasy, süňküň düzümi, süňkleriň ýogynlygyna we
uzynlygyna ösüşi. Siňir süýnende, bogun çykanda, süňk döwülende ilkinji kömekler.
2. Poliploidiýa we daşlaşdyrlan gibridleşdirme.
3. Mesele: 1 soragnama gaýtalanýar.

36-NJY SYNAG SOWALNAMASY

1. G. Mendeliň kanunlarynyň statistiki häsiýeti.
2. Triponosoma, tropik leýşmaniýasy: gurluşy, köpelişi, ýaşaýşy, zyýany.
3. 6 soragnama gaýtalanýar, ýöne kakasy sagdyn.

37-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Boýag berýän ösümlikler.
2. Pennetiň gözenegi.
3. Mesele: 3 soragnama gaýtalanýar.

38-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Mutasion üýtgeýjilik: genom, hromosom we gen mutasiýalary. Nesle geçýän
üýtgeýjiligiň gomologik hatarlarynyň kanuny.
2. Ösümlik agzalarynyň özara baglanyşygy.
3. Mesele: ejesi we kakasy sagdyn bolan ene- atalardan gemofiliýaly çaga dogularmy?
Meseläni düşündiriň.

39-NJY SYNAG SOWALNAMASY

1. Myşsa duýujylygy, syzyjylyk, ys alyş, tagam biliş we deňagramlylyk synalary.
2. Nesle geçýän keseller we olaryň öňüni almak.
3. Mesele: 3 soragnama gaýtalanýar.

40-NJY SYNAG SOWALNAMASY

1. Emeli mutagenez we onuň seleksiýa üçin ähmiýeti.
2. Süňk birleşmeleri. Süňkleriň formasy boýunça görnüşleri we gurluşy. Süňk
dokumasy. Süňkleriň ýogynlygyna we uzynlygyna ösüşi.
3. Mesele: ejesi sagdyn, kakasy gemofiliýa bilen keselli. Çaganyň genotipini we
fenotipini kesgitläň?

41-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Türkmenistanda öý haýwanlarynyň we ösümlikleriň seleksiýasy.
2. Adamda ganyň wena boýunça hereketiniň aýratynlyklary. Ganyň akyş tizligi. Ýürek
sikli. Gan damarlaryna nerw we gumoral täsirleri.
3. Mesele: 3 soragnama gaýtalanýar.

42-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Jyns bilen goşulyşan (bagly) nesle geçijilik.
2. Öküz soguljany: ýaşaýşy, daşky we içki gurluşy, köpelişi, öşüşi, zyýany, göreş
çäreler.
3. Mesele: 38 gaýtalanýar, yöne ejesi we kakasy kesel.

43-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Refleks we refleks dugasy. Bedeniň refleks täsirleşmesi üçin oýlanyşyň we
päsgellenmäniň ähmiýeti.
2. Jyns genetikasy.
3. Mesele: 22 soragnama gaýtalanýar.

44-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Dürli görnüşleriň populýasiýalarynyň özara gatnaşyklary.
2. Medisina sülügi: ýaşaýyş gurşawy, daşky gurluşy, iýmitlenişi, nerwisi, dem alşy, gan
aýlanyşy, bölüp çykaryşy, köpelişi, medisinada ähmiýeti.
3. Mesele: 28 soragnama gaýtalanýar.

45-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Dişsizje: ýaşaýyş gurşawy, daşky gurluşy, iýmitlenişi, nerwisi, gan aýlanyşy, dem
alyşy, köpelişi.
2. Organiki maddalaryň kislorodsyz okislenmegi. Anaerob glikoliz. Öýjügiň dem
alşynyň anaerob fazasy.
3. Mesele: 3 soragnama gaýtalanýar.

46-NJY SYNAG SOWALNAMASY

1. Ewolýusiýanyň sintetiki teoriýasynyň kemala gelmegi.
2. Lişaýnikler: olaryň gurluşy, duş gelýän ýerleri we köpdürliligi, ýaşaýşy, köpelişi.
3. Mesele: 28 soragnama gaýtalanýar.

47-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Ösümlik bitewi, janly bedendir.
2. Genleriň dreýfi, ewolýusiýanyň faktory hökmünde.
3. Mesele: 22gaýtalanýar.

48-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Izolýasiýa ( üzňelilik)- ewolýusion faktor hökmünde.
2. Bakteriýalar, olaryň gurluşy we tebigatda ýaýraýşy. Peýdaly we zyýanly bakteriýalar.
Kesel döredýän bakteriýalar we olaryň döredýän kesellerine garşy göreş çäreleri.
3. Mesele: 28 soragnama gaýtalanýar.

49-NJY SYNAG SOWALNAMASY

1. Gametalaryň arassalygynyň düzgzni.
2. Haýwanat dünýäsiniň ewolýusiýasy.
3. Mesele: 3 soragnama gaýtalanýar.

50-NJI SYNAG SOWALNAMASY

1. Organiki maddalaryň abiogen sintezi. A.I.Oppariniň gipotizasy.
2. Mamaçörekler maşgalasynyň häsiýetnamasy we onuň wekilleri.
3. Mesele: 6 soragnama gaýtalanýar.
Bölümler: Medisina | Görülen: 247 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
0
1 Medicall • 10:53, 06.05.2023
Geçen ýyllarda peýdalanylan
avatar
0
2 Parahat6499 • 10:55, 06.05.2023
Hemme himikleriň adyndan sag boluň, Taňryýalkasyn! :)
avatar
0
3 Medicall • 11:03, 06.05.2023
Amin, sagboluň! Sizem himikmi?!
avatar
0
4 Parahat6499 • 18:49, 06.05.2023
Ýok. Men-ä himik däl. Ýöne jiglemmiň, dostlammyň käbiri himiýa okaýar. Nesip bolsa şu materiallary paýlaşjak. Bir adama kömek edip bilsem bir peýda...
avatar
0
5 Parahat6499 • 19:02, 06.05.2023
Nurdan gelneje siziň "kitapçy" saýtyndaky profiliňizde lukmanyň suraty bar eken. Siz lukmanmy?
avatar
0
6 Medicall • 21:03, 06.05.2023
Dietitian)) paýlaşyber jigim, birine kömek bolsun diýip eden işiň özüňe iki esse gowulyk bolup gelýär, ynanaý.
avatar
0
7 Parahat6499 • 22:19, 06.05.2023
:)şeýle bolsun-da Allam!
avatar
0
8 Shanel54146 • 01:07, 07.05.2023
Dietitian? Näme bolýa?
avatar
1
9 Parahat6499 • 01:45, 07.05.2023
Ýalňyşmasam, dietolog bolýar
avatar

Старая форма входа
Total users: 202