Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:04
Magtymguly Pyraga

Ajap waspnamasy gadym taryhyň,
Beýik, Magtymgulyň şygyr diwany.
Ýürekde barymdan etjek tarypyň,
Ussadym Pyragy şygyr diwanyň.

Hakykaty diňleýän köp söýende,
Ýoluňy ýöräber ýagşa söýende ,
Hazyna sen, türkmen agaň öýünde,
Beýik, Magtymgulyň şygyr diwany.

Geçmişden, geljekden bize söz açyp,
Gelipdir dillerden, dillere geçip,
Hak söz, hakydadan gitmez ol öçüp,
Beýik, Magtymgulyň şygyr diwany.

Aglap geldik, aglap gidýäs pelekden,
Akly zyýat güýçli müň bir bilekden,
Wyjdanyňy, geçiripdur elekden,
Beýik, Magtymgulyň şygyr diwany.

Ata-babalaryň namysy ary,
Pyragy, diýdimi gutardy bary,
Milli mirasymyz asyrlar sary,
Beýik, Magtymgulyň şygyr diwany.

Şer işlere garşy, haýryň ýoldaşy,
Aýdym edip dilden düşürmez bagşy,
Çekipdir kalplara öçmejek nagşy,
Beýik, Magtymgulyň şygyr diwany.

Bu gün, şatlygyndan ýaşarýa gözler,
Jennet mekan boldy bu dagy düzler,
Ussadym, taryplap gutarmaz sözler,
Bize miras goýan şygyr diwanyň.

Şahyr sen
Akyl ummanynda paýhas gämisi,
Şygyr setirleriň dürler dänesi,
Poeziýa älemniň beýik danasy,
Pir, erenler gujak geren Şahyr sen.

Akyldar şahyrym sözüň ussady,
Dünýäň çar künjine meşhurdyr ady,
Döwletmämmet Azadynyň öwlady,
Kalby joşup telwas uran Şahyr sen.

Dillermizde hiç gutarmaz aýdym sen,
Ölmez-ýitmez eser miras goýduň sen,
Ajap günler geljegini duýduň sen,
Bagtyýar geljegi gören Şahyr sen.

Zalym pelek elden alypdy ýaryň,
Ýürekde göterip Meňliniň zaryn,
Eden arzuwlaryň galypdy ýarym,
Ata ýurda arka duran şahyr sen.

Hakdan içen şahyr dogulýar ýeke,
Hak ýoldan dänmediň zoruklar çeke,
Pata sorap geldim dyzyma çöke,
Päkligiňde döwran süren şahyr sen.

Süleýman TEKÄÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 95 | Mowzugy paýlaşan: Hyýalbent | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
0
1 Мango • 10:34, 22.12.2023
Ajap waspnamasy gadym taryhyň,
Beýik, Magtymgulyň şygyr diwany.

Magtymguly (öz şygyrlary bilen) gadym taryhy wasp edýär diýip düşünmelimi? Magtymguly waspçymy?
avatar
1
2 Hyýalbent • 14:07, 22.12.2023
Ajap waspnamasy gadym taryhyň
muny ýazmak bilen men Pyragynyň setirlerinde dogry ýakyn taryhlar beýan edilmesede Pygamberleriň, Muhammet sallallahu aleýhi wesellemiň özi sahabalary we ýene başga Kurany Kerimde beýan edilýän rowaýatlar we şuňa meňzeş wakalar giňden beýan edilýär şony gööz öňüne alyp gadym taryhyň diýip aldym. Waspnama gelsek meniň pikirimçe bir zady taryplap eser döretmek diýip düşünýän. men şol gadym taryhyň ajap waspnamasy Beýik Magtymgulyň şygyr diwanyndaa jemlenen diýen manyda ýazdym.
avatar
0
3 Hyýalbent • 14:09, 22.12.2023
geljekde ýene teswirlerňize garaşýan sagboluň saglygyňyz
avatar
0
4 Seýrаn • 14:29, 22.12.2023
Süleýman sen, mura bir gulak goýgul!
avatar
0
5 Hyýalbent • 14:51, 22.12.2023
düşünmedim
avatar
0
6 garagar • 15:35, 22.12.2023
mur– garynja

Süleýman hem bolsaň, mura gulak sal. (nakyl)
avatar
0
7 Мango • 15:47, 22.12.2023
temany üýtgedelimi?
suratdaky ýaly reňklenen heýkellere nähili garaýaňyz?
(donunyň reňklenen jähegi, ýelegi, kitaby, stoly).
avatar
0
8 Kyyas • 17:09, 22.12.2023
Wasp birzady wasp etmek, taryplamak, öwmek...

Öwmeli Magtymguly Pyragy öwýär! Kimi, nämäni, niräni? Taryhy öwýär.
Mmm...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202