22:24 Mährem ejemiz | |
MÄHREM EJEMIZ Gijelerne özi yatman ýatyran, Bilýäňizmi ol kim? Mährem ejemiz. Oýa halda dañlaryny atyran, Bilýänizmi ol kim? Mährem ejemiz. Dişiň çyksa hemmeden öň begenen, Bökjekläp oýnamda şeýle guwanan, "Oguljygym" diyip, bize daýanan Bilýänizmi ol kim? Mährem ejemiz. Ýaňyja dil bitip ýöräp ugramda, "Ejje" diýip oň yüzüne garamda, Ýañagymdan öpen ýanyna baramda, Bilýäňizmi ol kim? Mährem ejemiz. Ulaldyp ösdürip bilimler beren, Hiç haçan gygyrman gujagyn geren, Geljek nogsanlyklan öňünde duran, Bilýäňizmi ol kim? Mährem ejemiz. Mekan ÝAGMYROW | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |