Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:33
Maşgala bagtynyň syry

MAŞGALA BAGTYNYŇ SYRY

Bülent özüne tarap el seren adamyň ýüzüne çiňerilip seretdi. Elli ýaş töweregindäki bu adam onuň hemişeki görýän eleşan dilegçilerine meňzänokdy. Egin-başy köne, ýöne abat we tämizdi. Ýüzi-gözi arassa, el-aýagy abat — sagdyn birine meňzeýärdi. Bülent öz ýanyndan «Jany sag halyna işlemäge derek, utanman, dilegçilik edýär» diýip pikir etdi. Öňem keýpsizdi, ind-ä hasam gahary gelen Bülent ýaňsa salyp şeýle diýdi:
- Çörek puly dileýäňmi?
- Ýok, süýjülik pul gerek, şokolad aljak.
Bülentiň gahary haýranlyga ýazdy. Ol öz ýanyndan «Degişmäni bilýän dilegçiniň gepi-sözi hem başga bolaýýar» diýdi-de, ýylgyrdy:
- O näme üçin? Çörek tapmasaň, şokolad iýýäňmi?
- Ýok. Çörek tapmadyk günümiz, adatça, bulgur palawyny iýýäs, onam tapmasak, aç ýatýas.
Bülent bu adamyň oýnumy-çynymy düşünebilmedi:
- Hä, bu gün garnyňyz doýdy, indi işdäňiz süýjüligem isleýärmi?
- Garybyňam bir işdäsi bormy, begim, süýjülik islär ýaly...
Bülent birneme gyzyberdi:
- Bu bir kamera oýnumy? Näme oýun edýäňmi meň bilen?
- Ýok, begim, oýun edemok. Men ýöne bir garyp. Bu gün maşgalamyň doglan güni. Oňa bir şokolad sowgat etmek isledim.
- Biz-ä doglan günlerde tort alynýar diýip bilýäs.
- Ol bize degişli däl, barjamlylara degişli. Toý edenimize otuz ýyldyr bir gezegem doglan gününde tort alyp bilmedim. Ýöne her gezeginde bir şokolad eltýärin. Şokolady gowy görýär.
Garybyň sözleri Bülenti özüne çekdi. Bülent o gije gelni bilen tersleşip, gapyny batly ýapaga-da, ulagyna-da münmän, assa ýöräp deňiz kenaryna gelipdi. Deňzi synlamagam ony köşeşdirip bilmedi. Öňler deňiz oňa rahatlyk bererdi. Tolkunlar ähli derdini egserdi. Megerem, gelniniň öýde aglap oturanyny bilýändigi üçin bolsa gerek, hiç zat ony köşeşdirip bilmedi.
Bu adam bilen gürleşip oturmak onuň birneme ünsüni sowdy. «Aýdýanlary dogrumyka, ýa ýalan sözleýärmi?» diýip içini gepleden Bülent:
- Jübiňde bir şokolad alara-da pul ýokmy häzir – diýip sorady.
Onuň bu soragyna garyp jogap bermedi-de, jübülerini çöwürdi. Hiç zat çykmady:
- Men dilegçi däl. Işim ýok. Günlük işleýän, näme iş tapsam ediberýän. Şu günem uzak gün iş gözledim, ýöne, hazan urmuş, hiç tapyp bilmedim.
Bülent öz ýanyndan ýer görkezdi-de:
- Oturyň, birneme dertleşeli – diýdi.
Garyp ýaýdana-ýaýdana oturdy.
- Karz alara dost-ýar, dogan-garyndaş ýokmudy?
- Garybyň dost-ýaram, dogan-garyndaşam garyp bolar, begim. Tapsa, öz garnyny doýrar.
- Dilegçilik eder derejede şeýle güýçli söýýäňmi maşgalaňy?
- Hawa, şeýle güýçli söýýän. Ol meniň ömrümiň otuz ýylyna nur saçdy.
- Hmmm. Söýgi, onda-da otuz ýyllyk söýgi... Men-ä haýran, dogrusy. Söýgi, aňry gitse, üç ýyl dowam eder diýýärler. A sen otuz ýylyň gürrüňini edýäň.
- Hawa, bu ýyllarda söýgimiz hiç egsilmedi, gaýta barha güýjedi.
- Aýt onda, bagtly maşgalanyň syry näme? Sözüňe seretseň, sen bagtyň formulasyny tapana meňzeýäň.
- Men ýoksullykdan ýaňa orta mekdebem tamamlap bilmedim, begim. Formula näme, onam bilemok.
- Formula diýsem, himiýany göz öňüne tutamok-la. Biziňem toý edenimize alty ýyl boldy. Söýen gyzymy aldym, ýöne häzir bagtly däl. Hemişe dawa-jenjel. Ýaňy iki sagat boldy gapyny depip gaýdanyma. Öý, ulag, pul, iş-güýç... hemme zadymyz bar, ýöne bagtly däl. A sende hiç zat ýok, ýöne bagtly. Ýa pulmuka bagtymyza böwet bolýan zat?!
- O nähili mende hiç zat ýok? Meniň hemme zadym bar. Maşgalam – meniň barym. Söýgülim, gelnim, dostum, ömür ýoldaşym. Ömrümi paýlaşan ýoldaşymdan zerur, gymmatly başga näme bolup biler?! Aslynda siziň ol öý, ulag, iş diýip «hemme zat» diýýänleriňiz hiç zat.
- Beý diýme, şunça barlygyň içinde-de gelnim menden nägile, ýoksul dagy bolaýsam, gör, nähili bolar?!
- Altyn tasyň gan gusana haýry ýokdur, begim. Sen zenan ruhuna düşünmänsiň hiç. Hiç bir zenan kaşaň öýde ýaşaýany, dürli-dümen zatlar iýýäni, geýýäni üçin bagtly bolmaz. Zenan haçanda ýoldaşynyň ähli zadydygyny, barydygyny, baýlygydygyny duýan halatynda bagtly bolar.
- Siziň bagtyňyzyň syry şondamy?
- Bolup biler. Men maşgalama gymmat zatlary alyp berip bilemok, ýöne onuň meniň üçin nähili gymmatlydygyny duýdurýan. Olam bu zatlardan hoşal.
- Zenana onuň özüň üçin näderejede gymmatlydygyny nädip duýduryp bolar?
- Çagajygy söýüp.
- Çagajygy? O nähili çagajygy?
- Zenan çaga ýaly diýilýändir. Her zenanyň dünýäsinde hiç wagt ulalmaýan bir çagajyk bar. Ony nädereje söýseň, nähili bagtly etseň, şol zenany hem şeýle bagtly edersiň.
- O nähili?
- Gyz çaga nämäni gowy görýär, ony nämeler bagtly eder, pikirlen. Gyz çaga hemişe üns çekmegi, her kimiň özüne deger bermegini, gowy görmegini isleýär. Özüniň näderejede owadandygyny, gözeldigini eşitmek isleýär. Özüne şa gyzy ýaly garalmagyny isleýär. Gyz çagalar özüni hemişe şa gyzy görýär. Söýülmek, söýülýändigini eşitmek isleýär. Hiç wagt öwgä doýmaz. Şeýle dämi?
- Dogry. Dört ýaşly bir gyzym bar. Ady Aýlin. Her gün agşam boýnumdan gujaklap, «Kaka, meni nädereje söýýäň?» diýip soraýar. Her gezek täze eşik geýeninde, «Kaka, gelşipdirmi, men owadanmy?» diýip, töweregimde pyrlanar ýörer. «Owadan» diýmegim ýeterlik däl. Her gezek «Tüweleme, gaty gowy, şa gyzy bolupsyň» diýmeli. «Dünýäniň iň owadan, iň gözel gyzy sen» diýmeli.
- Ine, zenanlar bir ömür şu sözleri eşitmek isleýär. Men öz elli ýaşly maşgalama şeýle garaýan. Segsen, togsan ýaş nesip etse, ýene şeýle dowam ederin. Oňa «janym», «mähribanym» diýip ýüzlenýän. «Janym, maňa bir çänýek çaý demläp beräý» diýenimde, nähili mähir bilen garaýanyny, işini nähili söýgi bilen edýänini bir görseň.
- Araňyzda hiç mesele, düşünişmezlik bolmadymy?
- Ownuk dawalar maşgalanyň duzy ahyry. Arada bir tersleşýäs. Tersleşip, ýaraşmagyň lezzeti hasam başgaça. Maşgalam şeýle bir keçjal. Onuň bilen ýaraşmak üçin näzini çekmek lezzetli maňa.
- A meniň gelnim şeýlebir agras. Hiç gyz çaga bara meňzeş däl içinde.
- Gyz çagalar ulalansoň, üns çekmäge, söýgi talap etmäge çekinýär. Iň bir agras, garry zenanyň hem içki dünýäsinde hökman bir çagajyk bardyr. Esasy zat – şony bagtly etmegi bilmeli. Birem hiç wagt oňa ýalan sözleme, dönüklik etme. Ýogsa ömürboýy saňa ynanyp bilmez, gümanda gezer. Çagalar ýönekeý zatdan hoşal bolar, sähel zada hem öýkelär. Diýseň näzikdir. Gödek daraýşa bolmaz, mähir bilen garamak gerek.
- Aýdanlaryňy etmäge synanyşaryn. Ýöne hemişe şeýle bolup bilerinmi, bilemok. Köplenç, işler şeýlebir agyr geçýär, öýe ýadaw gelýän.
- Bu bir bahana. Çagajygy bagtly etmek iň aňsat iş. Hatda birnäçe süýji sözem ýeterlik. Sen şol çagajygy bagtly edeniňde gaýtargysyny essesi bilen alarsyň. Soň ol seni bagtly etmek üçin elinden gelenini eder. Unutma, maşgalasy bagtly bolmadyk adam hiç wagt bagtly bolup bilmez! Bagtly bolmak isleýän adam ilki öz ömür ýoldaşyny bagtly etmelidir! Pikir edip gör, bagtsyz, hemme zatdan zeýrenip ýören, nägile biri bilen durmuş ýoluna çykyp, nähili bagtly bolup bilersiň?!
- Dogry aýdýaň, ýöne menem uzak gün maşgalam üçin işläp ýadaýan-a.
- Ýene pul, ýene daşky meseleler. Dogry, pul gerek, ýöne zenanlar erkekleri pul üçin söýmezler. Pul wagtlaýyn buýsanç berýär. Zenanlar sowgat almagy halaýar. Puluň bolsa, elbetde, sowgat al. Ýöne sowgadyň bilen bagtly bolaryna garaşma. Söýgi bolmasa, sowgadyň hiç hili degeri ýokdur. Meniň hiç wagt pulum köp bolmady. Günlük gazananymy günlük iýdik. Hatda aç ýatan günlerimizem boldy. Hiç wagt maşgalamyň gulagyna altyn gulakhalka dakmadym, emma her gün süýji sözleri pyşyrdadym. Hiç wagt boýnuna altyn zynjyr, egnine ýüpek geýim alyp bilmedim, emma hemişe mährim bilen gurşap aldym. Şonuň bilen bagtly etdim ony.
Ol adam ýerinden turdy:
- Maňa rugsat ber, gideýin. Maşgalamyň gözleri ýoldadyr. Senem beýdip oturma-da, bar, çagajygyň göwnüni awla. Belki ol henizem aglap oturandyr.
Bülent hem ýerinden turdy. Soňra garybyň elini gysyp:
- Tanşanyma şat – diýdi-de, elini goýberip, goltugyna girdi:
- Ýoluň o ýüzündäki süýjülik dükanyny görýäňmi, ýör, maşgalaň doglan gününe tort alaly.
Otuz ýylyň içinde birinji gezek maşgalasynyň doglan gününe tort alan garyp sagbolsun aýtdy-da, şatlygyndan uçaýjak bolup öýüne ugrady.
Bülent hem gapdal dükandan gelniniň gowy görýän miwelerini alyp, öýüne geldi. Görse, aglamakdan gözleri gyzaran gelni aşhanada suw içip oturan eken. Bülent hiç zat gürlemän miweleri tabaga salyp, ýuwdy-da, gelniniň öňünde goýdy:
- Bular dünýäniň iň bagtly miweleri.
Inji sesini çykarmady.
- «Näme üçin?» diýsene.
Inji gaharly halyna:
- Näme üçinmiş? – diýdi.
Bülent mähir bilen:
- Çünki bulary dünýäniň iň owadan, iň gözel we eýjejik zenanyna getirdim – diýip ýylgyrdy — Bular seniň gowy görýän miweleriň, seniň üçin aldym.
Inji geň galdy. Bu sözlere çytylan gaşlary birneme ýazyldy:
- Geň galaýmaly, hemişe öz halaýan zatlaryňy alýadyň-la? Hernä meňem gowy görýän zatlam ýadyňa düşäýipdir. Aslynda bu meniň haçandan bäri senden garaşýan zadymdy. «Seniň halaýan zatlaryňy aldym» – bu sözleri eşitmegi kän isledim. Ýöne indi geregi ýok. Indi miwe bilen göwnümi alaryn öýtme.
- Göwnüňe degenim üçin, ähli goýberen ýalňyşym üçin bagyşla! – diýip, dyzyna çöken Bülent gelnine mähir bilen garady:
- Näme jeza berseňem razy, ýöne ýekeje haýyşym, seni çyn ýürekden söýen bu ýigidi gül ýüzüňden mahrum etme!
Bülentiň dyza çöküp, boýnuburuk halda beýle naýynjar seretmesi birneme gülkünç göründi. Bu görnüşe çydap bilmedik Inji birden kikir-kikir gülmäge başlady:
- Beýle aňsat bagyşlaýman. Göreli bakaly, nähili jezalara hötde gelerkäň.
Bülent şo wagt gelniniň içindäki naşyja çagajygy görüp galdy. Indi ähli zat başgaça bolar.

Türk hekaýasy

Terjime: © Süleýman HOJANEPESOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 87 | Mowzugy paýlaşan: LegLek | Рейтинг: 4.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203