Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:41
Matematik şahyryň goşgusy
MATEMATIK ŞAHYRYŇ GOŞGUSY
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň äheňinde

Häzir aýtjak zadym – täze açyşym,
Düşünýän, dilçileň baryna geňdir.
Ýöne her bir goşgyň udel agramam,
Onuň öz göterýän ýüküne deňdir.

Sanly tehnologiýaň ösen mahaly,
Döwrüň pulsun durkuň bilen duýmakdyr.
San bilen zehiniň goşulyşmagy,
Üstünligiň kwadraty diýmekdir.

Şygrym okan köpmi, ýa halan köpmi,
Diýsem soraýarsyň:”Tapawudy nä?”
Şahyryň soňraky üstünlikleri,
Deň şu gatnaşyklaň tapawudyna.

Meger açylandyr ylhamym ýa-da,
Kämilligiň nobatdaky gatydyr.
Hasap-hesip bilen ýazmaklyk, belki,
Eýnşteýn ataňam nesihatydyr.

Agramly bir goşgy ýazdym arada,
“Sözler ýerbe-ýer däl…” Şu barja kemi.
Sözleriň ornuny çalşanyň bilen,
Üýtgänok ahyry pikirleň jemi.

Hemme ýazanlammy üýşürip orta,
“Birin saýlap alaý” diýseler eger.
Ähli şygyrlammyň ýüzüne gelip,
Bölmekden şu paýy alardym meger.

Meniň täze goşgym – täze açyşym,
Çykandyr hasaplaň kökünden syzlyp.
Hasaplaň dostlugy hemişelikdir,
Hasaplaň söýgüsi – tükeniksizlik.

Saparmuhammet YLÝASOW,
Türkmengala etrabynyň ýaşaýjysy.

Çeşmesi: https://turkmengazet.com/matematik-sahyryn-gosgusy/. 23.03.2023ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 55 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Saparmuhammet Ylýasow | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Pero • 10:35, 24.03.2023
Ay berekella!
avatar
0
2 Kyyas • 18:40, 24.03.2023
Tüweleme
avatar

Старая форма входа
Total users: 203