14:32 Lukmançylyk okuw jaýlaryna okuw synagynyň himiýa boýunça sowalnamalary | |
1-NJI SYNAG SOWALNAMASY. 1. Himiýada atom molekulýar taglymaty. Atomyň we atom ýadrosynyň düzümi. Atomyň we elektronyň ölçegi, massasy. Atomyň gurluşynyň planetar modeli. Radioaktiwlik hadysasy we radioaktiw elementler. Ýadro täsirleşmeleri barada düşünje. izotoplar. Atomda elektronlaryň hereketleri. Elektron bulutlary barada düşünje. s, p, d we f elektronlary. Kwant sanlary. Elektronlaryň öýjagazlarda ýerleşdirilişi. 2. Kompleks birleşmeler barada düşünje. Kristallik gözenekler we olaryň görnüşleri. Nahar duzunyň, almazyň we grafitiň kristallik gözenekieriniň şekilleri. 3. Mesele: 303,9 kPa basyşda we 24°C temperaturada metan gazynyň 2 göwrumi näçe göwrüm tutýar? 2-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Arassa maddalar we garyndylar. Bir we köp düzüm bölekli maddalar. Köp düzüm bölekli maddalary bölmekligiň usullary. Suwda ereýän we eremeýän maddalar. Maddalary arassalamagyň usullary. Suw arassalaýjy desgalar. Içilýän suwa bildirilýän arassaçylyk talaplary, Eremeklikde bolup geçýän fiziki we himiki hadysalar. Himiki täsirleşmeleriň gömüşleri we olar boýunça geçirilýän hasaplamalar. 2. Himiki analiziň başlangyçlary. Analiz we sintez. Hil we mukdar analizi. Himiki analiziň usullary. Indikatorlar. 3. Mesele: basyş üýtgedilmän saklansa, 27°C-de,150 ml gaz, 47°C-de näçe göwrüm tutýar? 3-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Suwuň elektrolitik disossiýasiýasy. Dissosiasiýa derejesi we konstanty. Wodorod görkezijisi. Indikatorlar barada düşünje. Suwuň ionlara köpeltmek hasyly. Suwda ereýän we eremeýän maddalar. Içilýän suwa edilýän arassaçylyk talaplary. Suw arassalaýjy desgalar. Ion çalyşma täsirleşmeler, olaryň görnüşleri. Gidroliz hadysasy. 2. Organiki birleşmeleriň aýratynlyklary we toparlara bölünişi. Birmeňzeş yzygiderlilik hatary. Atlandyrylyşy. Olaryň molekulalaryndaky atomlaryň özara täsirleri (induktiw we mezomer). Izomerler, görnüşleri. Izomerleşme hadysalary. Gibridleşme näme? 3. Mesele: 25°C-de 1 litr suwda 3,4 *1028 kümüş iodidi ereýär. Şol erginiň 1 mol/l näçe kümüş atomy bar? 4-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Himiki analiziň başlangyçlary. Analiz we sintez. Hil we mukdar analizi. Himiki analiziň usullary. Indikatorlar. Himiki analizde käbir kationlaryň we anionlaryň bölünişi. 2. Organiki maddalaryň himiki gurluş nazaryýeti. Molekulalaryndaky atomlaryň biri- birlerine täsirleri (induktiw we mezomer). Maddalaryň düzüminiň we häsiýetiniň, olaryň molekulalarynyň himiki gurluşlaryna baglylygy. Izomerler, görnüşleri. Izomerleşme hadysasy. Gibridleşme näme? Organiki birleşmeleriniň görnüşleri we olaryň atlandyrylyşy. 3. Mesele: 10°-da natriý nitratynyň ereýjiligi 805 g/l, 10°-da 250 g suwda şol duzuň näçe massasyny eretmek bolar? 5-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Kolloid erginleri. Kolloid bölejikleriniň gurluşy we häsiýetleri. Olaryň hakyky erginlerden we iri (gödek) dispers sistemalaryndan aýratynlyklary. Koagulýasiýa, adsorbsiýa, desorbsiýa hadysalary. Geller, olaryň emele gelşi. Kolloid erginleri we gelleriň ähmiýeti. 2. Bufer erginleri barada düşünje, olaryň görnüşleri, häsiýetleri we ähmiýeti. 3. Mesele: ammiagyň 25%-li ergininden, onuň 15%-li 1 kg erginini taýýarlamak talap edilýär. Şonuň üçin ammiagyň 25%-li ergininiň we suwuň näçe gramynyň gerekdigini hasaplamaly? 6-NJY SYNAG SOWALNAMASY 1. Kristallogidratlar. Erginler we olaryň toparlara bölünişi. Erginleriň goýulygy we onuň görnüşleri. Eremeklikde bolup geçýän fiziki we himiki hadysalar. Bufer we kolloid erginleri barada düşünje. Olaryň alnyşy, düzümi, häsiýetleri we ulanylyşy. 2. Metallaryň periodik sistemada ýerleşiş ýagdaýy. Metallary we splawlary almagyň usullary. Magdanlar we olaryň baýlaşdyrylyşy. Metallurgiýa, pirometallurgiýa we gidrometallurgiýa. 3. Mesele: senagatda hromy, hromly demirden almaklygyň esasynda bolup geçýän täsirleşmeleriň deňlemelerini ýazyň. 7-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Maddalaryň suwda ereýjiligi we olaryň dürli şertlere baglylygy. Suwda ereýän we eremeýän maddalar. Eremeklikde bolup geçýän fiziki we himiki hadysalar. Dispers sistemalary barada düşünje. Suspenziýalar, emulsiýalar we geller. Himiki erginler we kolloid erginler. Dispers sistemalarynyň aýratynlyklary we olaryň ulanylyşy 2. Himiki analiziň başlangyçlary. Analiz we sintez. Hil we mukdar analizi. Himiki analiziň usullary. Indikatorlar. Himiki analizinde käbir kationlaryň we anionlaryň bölünişi. 3. Mesele: 500 ml 0,5n H2SO4 erginini taýýarlamak üçin 2n H2S04 ergininiň näçe millilitri gerek? 8-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Kompleks birleşmeleri barada düşünje. Kristalliki gözenekler we olaryň görnüşleri. Nahar duzunyň, almazyň we grafidiň kristalliki gözenekleriniň şekilleri. 2. Hrom. Atomynyň gurluşy. Tebigatda tapylyşy. Alnyşy. Sada we çylşyrymly maddalar bilen özara täsiri. Ulanylyşy. 3. Mesele: 30 ml 0,1 M kislota erginine 80 ml çenli suw guýuldy. Täze alnan maddanyň goýulygy nähili? 9-NJY SYNAG SOWALNAMASY 1. Demir. Atomynyň gurluşy. Tebigatda tapylyşy. Alnyşy. Sada we çylşyrymly maddalar bilen özara täsiri. Ulanylyşy. 2. Karbomidi, kagyzy we şekeri öndürmegiň tehnologiýalary. 3. Mesele: amaly çykymy 90% diýip hasaplap, özünde 60g NaI saklaýan ýeterlik mukdarda hlor gazy goýberilse, näçe gram ýod almak bolar? 5-NJI SYNAG SOWALNAMASY. 1. Kolloid erginleri. Kolloid bölejikleriniň gurluşy we häsiýetleri. Olaryň hakyky erginlerden we iri (gödek) dispers sistemalaryndan aýratynlyklary. Koagulýasiýa, adsorbsiýa, desorbsiýa hadysalary. Geller, olaryň emele gelşi. Kolloid erginleri we gelleriň ähmiýeti. 2. Bufer erginleri barada düşünje, olaryň görnüşleri, häsiýetleri we ähmiýeti. 3. Mesele: ammiagyň 25%-li ergininden, onuň 15%-li 1 kg erginini taýýarlamak talap edilýär. Şonuň üçin ammiagyň 25%-li ergininiň we suwuň näçe gramynyň gerekdigini hasaplamaly? 10-NJY SYNAG SOWALNAMASY. 1. Bufer erginleri barada düşünje. Olaryň görnüşleri, häsiýetleri we ähmiýeti. 2. Ýokary molekulýar birleşmeleriň himiýasy. Olaryň alnyş usullary. Poliwin, polistirol we fenolformaldegit şepbigi. Olaryň alnyşy, häsiýetleri we ulanylyşy. 3. Mesele: kümüş hloridiniň bölejikleriniň zarýady bir ýagdaýda polozitel, ikinji bir ýagdaýda bolsa otrisatel bolan kolloid erginini alyň hem-de bölejikleriň gurluşyny ýazyň. 11-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Metallaryň periodik sistemada ýerleşiş ýagdaýy. Metallary we splawlary almagyň usullary. Magdanlar we olaryň baýlaşdyrylyşy. Metallurgiýa, pirometallurgiýa we gidrometallurgiýa. 2. Himiki analiziň başlangyçlary. Analiz we sintez. Hil we mukdar analizi. Himiki analiziň usullary. Indikatorlar. Himiki analizde käbir kationlaryň we anionlaryň bölünişi. 3. Mesele: senagatda titany ilmenitden almaklygyň esasynda bolup geçýän täsirleşmeleyiň deňlemelerini ýazyň. 12-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Demir. Atomynyň gurluşy. Tebigatda tapylyşy. Alnyşy. Sada we çylşyrymly maddalar bilen özara täsiri. Ulanylyşy. Çoýnuň we poladyň öndürlişi. Metallaryň elektrohimiki güýjenme hatary. Metallaryň zaýalanmagy we oňa garşy göreşmek. 2. Kompleks birleşmeleri barada düşünje. Kristalliki gözenekler we olaryň gömüşleri. Nahar duzunyň, almazyň we grafidiň kristalliki gözenekleeriniň şekilleri. 3. Mesele: 200 g 13,5%-li CuCl2 erginini doly elektrolizlenende haýsy maddalar näçe gram emele geler? 13-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Himiki baglanyşyklaryň görnüşleri ( ion, kowalent, wodorod, metallik). Elektron bulutlaryň örtülmegi bilen “sigma” we “pi” baglanyşyklarynyň hem-de beriliý hloridiniň, bor ftoridiniň molekulalarynyň emele gelşini şekillendiriň. Kowalent baglanyşygynyň häsiýetleri we onuň görnüşleri. Kristalliki gözenekler. Elementleriň atomlarynyň elektroatrisatellikleri. 2. Himiki analizde käbir kationlaryň we anionlaryň kesgitlenişi. 3. Mesele: K2SO3 KOH, H2SO4, NaNO3 erginleri elektrolizlenende elektrodda nähili hadysa bolar? 14-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Öwrülişikli we öwrülişikli däl himiki täsirleşmeler. Himiki deňagramlylyk. Deňagramlylyk konstanty. Le- Şatelýeniň düzgüni. 2. Karbomidi, kagyzy we şekeri öndürmegiň tehnologiýalary. 3. Mesele: 1,2 A tok güýji bolan 40 minutlap CuSO4 ergini elektrolizlense, näçe mis bölünip çykar? 15-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Himiýada atom- molekulýar taglymaty. Atom we atom ýadrosynyň düzümi. Atom we elektronlaryň ölçegi, massasy. Atomyň gurluşynyň planetar modeli. Radioaktiw hadysasy we radioaktiw elementler. Ýadro täsirleşmeleri barada düşünje. Izotop. Atomda elektronlaryň hereketleri. Elektron bulutlary barada düşünje. S, p, d we f elektronlary. Kwant sanlary. Elektronlaryň öýjagazlarda ýerleşdirilişi. 2. Daş kömri kokslamak we onuň önümleri. Kömürden suwuk ýangyç almak meselesi. 3. Mesele: 5 A tok güýji bilen 1 sagatlap H2SO4 ergini elektolizlense, näçe litr wodorod we näçe litr kislorod çykar (k.ş.)? 16-NJY SYNAG SOWALNAMASY 1. Himiki täsirleşmeleriniň esasy kanunalaýyklyklary- ýylylyk netijesi( effekti), tizlik. Ekzotermiki we endotermiki täsirleşmeler. Termohimiki täsirleşmeler. Gomogen we geterogen täsirleşmeleriň tizliginiň dürli şertlere baglylygy. Organiki we organiki däl kataliz. Himiki deňagramlylyk. 2. Tebigy we sintetiki kauçuklar. Gurluşlary, alnyşy, ulanylyşy we häsiýetleri. 3. Mesele: 0,2 g kümüşi almak üçin 0,5A tok güýji bolan AgNO3 ergini näçe wagtlap goýbermeli? 17-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Wodorodyň, lantanoidleriň, aktinoidleriň we emeli usul bilen alynýan elementleriň periodik sistemada ýerleşişi. Radioaktiwlik hadysasy we radioaktiw elementler. Ýadro täsirleşmeleri barada düşünje. Izotoplar. 2. Karbomidi, kagyzy we şekeri öndürmegiň tehnologiýalary. 3. Mesele: CuSO4 ergini elektrolizlenende, anodda 2,8 l kislorod bölünip çykdy. a) näçe gram mis bölünip çykdy? b) näçe gram mis sulfaty elektrolize sezewar boldy? 18-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Goşmaça podgrupbalaryň metallary. Atomlarynyň gurluşy. Atom radiusynyň elektrootrisatelligi we oksidlenme- gaýtarylma häsiýetleri. Fiziki häsiýetleri, tebigatda tapylyşy. Alnyş usullary. Birleşmeleriniň esas we kislota häsiýetleri. Metallaryň splawlary. 2. Halkaly alkanlar, toparlara bölünişi we atlandyrylyşy, gurluşy. Alnyşy, fiziki we himki häsiýetleri, ulanylyşy. 3. Mesele: 120 ml 0,2n Cu(NO3)2 erginini 15 minutda elektrolizläp gutarmak üçin näçe A tok güýji gerek? 19-NJY SYNAG SOWALNAMASY 1. Kompleks birleşmeleri barada düşünje. Kristalliki gözenekler we olaryň görnüşleri. Nahar duzunyň, almazyň we grafidiň kristalliki gözenekleriniň şekilleri. 2. Arenler, gurluşy, aromatlylyk nazaryýeti, izomerleri we birmeňzeş yzygider hatary. Arenlerde ugrukdyryjylyk düzgüni. Benzolyň molekulasynyň gurluşy. Alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri. 3. Mesele: 3 walentli metalyň duzunyň ergininden 30 min 1,5 A tok güýji goýberlende 1,071 g metal bölünip çykdy, ol metalyň atomyny hasaplamaly. 20-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Bufer erginleri barada düşünje. Olaryň görnüşleri, häsiýetleri we ähmiýeti. 2. Doýan, doýmadyk we aromatiki uglewodorodlarynyň hem-de olaryň (galogen uglewodorodlar, spirtler, aldegitler we karbon kislotalary) arabaglanyşygy. Daş kömri kokslamak we onuň önümleri. Kömürden suwuk ýangyç almak meselesi. 3. Mesele: 5,32 g aşgar metaly hlorda ýakyldy. Emele gelen hloridi spirdiň üstüne kümüş nitratynyň ýeterlik mukdary goşulanda 5,74 g çökündi emele geldi. Ol haýsy metal? 21-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Ýokary molekulýar birleşmeleriň himiýasy. Olaryň alnyş usullary.Poliwinilhlorid polistirol we fenolformaldegit şepbigi. Olaryň alnyşy, häsiýetleri we ulanylyşy. 2. Hil we mukdar analiz arkaly käbir kationlaryň, anionlaryň kesgitlenişi. 3. Mesele: 5 A tok güýji bilen 1 sagatlap H2SO4 ergini elektrolizlense, näçe litr wodorod we näçe litr kislorod çykar (k.ş.). 22-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Amfoter elementleriň periodiki sistemada ýerleşişi. Amfoter oksidler, gidroksidler. Olaryň alnyşy we häsiýetleri. 2. Organiki birleşmeleriň aýratynlyklary we toparlara bölünişi. Birmeňzeş yzygiderlilik hatary. Atlandyrylyşy. Olaryň molekulalaryndaky atomlaryň özara täsirleri (induktiw we mezomer). Izomerler, görnüşleri. Izomerleşme hadysasy. 3. Mesele: talhlygy 4 mg-ekw bolan 400 l suwdaky talhlygy aýyrmak üçin näçe gram soda (NaCO3) gerek? 23-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Elektroliz, umumy häsiýetnama. Anod we katod hadysalary. Elektroliziň usullary. Metallaryň elektrohimiki dartgynlyk hatary. Elektrik hereketlendiriji güýji. Galwaniki elementler barada düşünje. 2. Uglewodorodlaryň galogen önümleri, fiziki we himiki häsiýetleri. Gurluş usullary. Ulanylyşy. 3. Mesele: sikloparafiniň bugunyň kisloroda görä dykyzlygy 2.19. onuň formulasyny tapmaly we izomerlerini ýazmaly. 24-NJI SYNAG SOWLNAMASY 1. Kalsiý we magniý elementleri, atomlarynyň gurluşy, alnyşy. Fiziki we himiki häsiýetleri. Suwuň talhlygy we ony aýyrmagyň usullary. Içilýän suwa bildirilýän arassaçylyk talaplar. Suw arassalaýjy desgalar. 2. Bir we köp atomly doýan spirtler, izomerleşmesi. Atlandyrylyşy, gurluşy. Fiziki we himiki häsiýetleri. Alnyş usullary, ulanylyşy. 3. Mesele: 43.2 l butadiýen-1,3 almak üçin dykyzlygy 0.8 g/ml bolan etil spirtden näçe ml gerek? 25-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Elektroliz, umumy häsiýetnama. Anod we katod hadysalary. Elektroliziň ulanylyşy. Metallaryň elektrohimiki dartgynlyk hatary. Elektrik hereketlendiriji güýji. Galwaniki elementler barada düşünje. 2. Doýan, doýmadyk we aromatiki uglewodorodlarynyň hem-de olaryň önümleriniň( galogen uglewodorodlar, spirtler, aldegidler we karbon kislotalary) arabaglanyşygy. Daş kömri kokslamak we onuň önümleri. Kömürden suwuk ýangyç almak meselesi. 3. Mesele: düzümi C7H7Cl bolan aromatik uglewodorodyň izomerlerini ýazmaly we olary atlandyrmaly. 26-NJY SYNAG SOWALNAMASY 1. Dispers sistemalar barada düşünje. Olaryň aratapawudy. Kolloid bölejik, onuň gurluşy. Suspenziýalaryň, emulsiýalaryň, aerozollaryň we gelleriň umumy häsiýetleri. Adsorbsiýa hadysasy. Koagulýasiýa. 2. Fenollar, gurluşy, izomerleşmesi we atlandyrylyşy. Alnyş usullary. Fiziki we himiki häsiýetleri, ulanylyşy. Fenollaryň hatarynda ugrukdyryjylyk düzgüni. 3. Mesele: 40%-li 20ml (p=1.049g/ml) NaOH erginini bitaraplaşdyrmaga näçe fenol gerek? 27-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Metallaryň periodik sistemada ýerleşiş ýagdaýy. Metallary we splawlary almaklygyň usullary. Magdanlar we olaryň baýlaşdyrylyşy. Metallurgiýa, pirometallurgiýa, gidrometallurgiýa. Metallaryň zaýalanmagy we oňa garşy göreş usullary. 2. Aldegidler, we ketonlar. Birmeňzeş yzygiderlilik hatary we atlandyrylyşy. Karboksil toparyň gurluşy. Fiziki we himiki häsiýetleri. Alnyş usllary, ulanylyşy, Forbaldegit şepbiginiň alnyşy, häsiýetleri we ulanylyşy. 3. Mesele: 4 mol metanoly okislendirmek bilen alnan metanal 280 ml suwda eredildi. Ol erginiň goýulygyny hasaplamaly. 28-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Kristalogidratlar, erginler we olaryň toparlara bölünişi. Erginleriň goýulygy, onuň görnüşleri. Eremeklikde bolup geçýän fiziki we himiki hadysalar. Bufer kolloid erginleri barada düşünje. Olaryň alnyşy, düzümi, häsiýetleri we ulanylyşy. 2. Pes we ýokary molekulýar doýgun däl karbon kislotalary. Olaryň birmeňzeş yzygiderlik hatary we atlandyrylyşy. Karboksil toparyň elektron gurluşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Alnyşy, ulanylyşy. Garynja kislotasynyň aýratynlyklary. 3. Mesele: 80gr 10%-li NaOH ergini bitaraplaşdyrmak üçin 60%-li garynja kislotasynyň ergininiň näçe gramy gerek? 29-NJY SYNAG SOWALNAMASY 1. Kompleks birleşmeleri barada düşünje. Kristallik gözenekler we olaryň görnüşleri. Nahar duzunyň, almazyň we grafidiň kristalliki gözenekleriniň şekilleri. 2. Doýmadyk we ýokary molekulýar karbon kislotalary. Alnyşy, häsiýetleri we ulanylyşy. Sabynlar we emeli usul bilen alynýan ýuwujy serişdeler. 3. Mesele: 2,9 g näbelli predel bir esasly karbon kislotasynyň etil efiriniň gidrotasiýasy üçin 1 g NaOH harç boldy. Ol efiriň formulasyny tapmaly. 30-NJY SYNAG SOWALNAMASY 1. Elektroliz, umumy häsiýetnama. Anod we katod hadysalary. Elektroliziň ulanylyşy. Metallaryň elektrohimiki dartgynlyk hatary. Elektrik hereketlendiriji güýji. Galwaniki elementler barada düşünje. 2. Çylşyrymly efirler we ýaglar. Atlandyrylyşy, gurluşlary, fiziki we himiki häsiýetleri. Alnyş usullary, ulanylyşy. Türkmenistanda pagta ýagyny, karbomidi, kagyzy we şekeri öndürmegiň tehnologiýalary. 3. Mesele: düzüminde C-61%, H-15.3%, N-23.4% bolan maddadan formulasyny tapmaly we izomerlerini ýazmaly. 31-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Himiki analiziň başlangyçlary. Analiz we sintez. Hil we mukdar analizi. Himiki analiziň usullary. Indikatorlar. Himiki analizde käbir kationlaryň we anionlaryň bölünişi. 2. Doýmadyk we ýokary molekulýar karbon kislotalary. Alnyşy, häsiýetleri we ulanylyşy. 3. Mesele: predel uglewodorodyň mononamininde azot 31.1% saklanýar. Onuň formulasyny tapmaly. 32-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Bufer erginleri barada düşünje. Olaryň görnüşleri, häsiýetleri we ähmiýeti. 2. Türkmenistanda pagta ýagyny, karbomidi, kagyzy, şekeri öndürmegiň tehnologiýalary. 3. Mesele: kompleks duzlaryň atlaryny ýazmaly: a) [CU(H2O)4](NO3)2 b) [Pt(NH3)3Cl]SO4 c) [Ni(H2O)2(NH3)4]Br2 33-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Demir. Atomynyň gurluşy. Tebigatda tapylyşy. Alnyşy. Sada we çylşyrymly maddalar bilen özara täsiri. Ulanylyşy. Metallaryň zaýalanmagy we oňa garşy göreşmek. Splawlar we magdanlar. Magdanlaryň baýlaşdyrylyşy. 2. Monosaharidler. Riboza, dezoksoriboza, glýukoza we fruktoza. Gurluşlary we himiki häsiýetleri. Alnyşy, ulanylyşy. Disaharidler. 3. Mesele: kompeks duzlaryň atlaryny ýazmaly. a) K[Ag(CN)2], b) Na3[CO(NO2)6], ç) Mg[Be F3OH], d) Ba [Cr( CNS)4] 34-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Metallaryň periodik sistemada ýerleşiş ýagdaýy. Metallary we splawlary almagyň usullary. Magdanlar we olaryň baýlaşdyrylyşy. Metallurgiýa, pirometallurgiýa, gidrometallurgiýa. 2. Disaharidler. Saharoza, gurluşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Türkmenistanda şugundurdan gandyň alnyşynyň we karbomidi hem-de kagyzy öndürmegiň tehnologiýalary 3. Mesele: eger 500 l suwda 202,5 g Ca( HCO3)2 bar bolsa, ol suwuň talhlygyny hasaplamaly? 35-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Hakyky we kalloid erginleri. Olaryň aratapawudy. Alnyşy, häsiýetleri we ulanylyşy. Kalloid bölejikleriniň gurluşy. Koagulýasiýa hadysasy. 2. Polisaharidler. Krahmal we selluloza. Molekulalarynyň gurluş aýartynlyklary. Fiziki we himiki häsiýetleri. Alnyşy, ulanylyşy. Sellulozanyň efirleriniň emele gelşi. 3. Mesele: suwuň talhlygy 4 mg/ekw bolsa, onda 1m3 suwda näçe gram CaSO4 bar? 36-NJY SYNAG SOWALNAMASY 1. Himiki baglanyşyklaryň görnüşleri (ion, kowalent, wodorod, metallik). Elektron bulutlarynyň örtülmegi bilen „sigma” we „pi” baglanyşyklarynyň hem-de beriliý hloridiniň, bor ftoridiniň molekulalarynyň emele gelşini şekillendiriň. Kowalent baglanyşygynyň häsiýetleri we onuň görnüşleri. Kristalliki gözenekler. Elementleriň atomlarynyň elektroatrisatellikleri. 2. Uglewodorodlaryň galogen önümleri, fiziki we himiki häsiýetleri. Gurluşlary, alnyşy, usullary. Ulanylyşy. 3. Mesele: karbonat talhlygy Ca(HCO3)2 5 mg/ekw bolan suwuň 500 l-däki talhlygy aýyrmak üçin Na3PO4-iň näçe gramynyň gramyny hasaplamaly. 37-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Himiki täsirleşmeleriniň esasy kanunalaýyklyklary-ýyllyk netijeligi (effekt tizlik). Egzotermiki we endotermiki täsirleşmeler termohimiki täsirleşmeler . Gomogen we geterogen täsirleşmeleriň tizliginiň dürli şertleri baglylygy . Organiki we organiki dal kataliz. Himiki deň agramlylyk . 2. Tebigy we sintetiki süýümler. Toparlara bölünişi. Häsiýetleri, alynyşy we ulanylyşy. Türkmenistanda süýümleriň işlenişi we korbamidi, kagyzy öndürmegiň tehnologiýalary. 3. Mesele: talhlygy 4 mg/ekw bolan 400 l suwdaky talhlygy aýyrmak üçin naçe gram( NaCO3) gerek? 38-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Metallaryň periodik sistemada ýerleşiş ýagdaýy. Metallary we splawlary almagyň usullary. Magdanlar we olaryň baýlaşdyrylyşy. Metallurgiýa, pirometallurgiýa we gidrometallurgiýa. Metallaryň zaýalanmagy we oňa garşy göreş usullary. 2. Aminler. Görnüşleri. Gurluşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Alnyşy we ulanylyşy. Aromatiki aminlerde ugrukdyrylylyş düzgüni. 3. Mesele: 5,32 gr aşgar metaly hlorda ýakyldy. Emele gelen hloridi suwuň üstüne kümüş nitratynyň ýeterlik mukdary goýulanda 5,74 g çökündi emele geldi. Ol haýsy metal? 39-NJY SYNAG SOWALNAMASY 1. Himiki analiziň başlangyçlary. Analiz we sintez. Hil we mukdar analizi. Himiki analiziň usullary. Indikatorlar. Himiki analizde käbir kationlaryň we anionlaryň bölünişi. 2. Aminokislotalar we beloklar. Gurluşlary, fiziki we himiki häsiýetleri. Alnyşy, ulanylyşy. Beloklaryň hil täsirleşmeleri. 3. Mesele: talhlygy 4mg/ekw bolan 400 l suwdaky talhlygy aýyrmak üçin näçe gram soda gerek? 40-NJY SYNAG SOWALNAMASY 1. Daş kömri kokslamak we onuň önümleri. Kömürden suwuk ýangyç almak meselesi. 2. Doýmadyk we ýokary molekulýar karbon kislotalary. Olaryň wekilleri. Gurluşlary, alnyşy we himiki häsiýetleri. Garynla kislotasynyň aýratynlyklary. 3. Mesele: 200g 13,5%-li CuC2 erginini doly elektrolizlenende haýsy maddalar we näçe gram emele geler? 41-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Kompleks birleşmeleri barada düşünje. Kristalliki gözenekler we olaryň görnüşleri. Nahar duzunyň, almazyň we grafidiň kristalliki gözenekleriniň şekilleri. 2. Bäş ülüşbir geteroatomly geterohalkaly birleşmeler. Gurluşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Alnyş usullary. 3. Mesele: K2SO3, KOH, H2SO4, NaNO3 erginleri elektroiizlenende nähili hadysa bolar? 42-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Himiki analizde käbir kationlaryň we anionlaryň kesgitlenişi. 2. Alty ülüşli bir geteroatomly geterohalkaly birleşmeler. Gurluşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Alnyşy, ulanylyşy. 3. Mesele: 1,2 A tok güýji bilen 40 minutlap CuSO4 ergini elektrolizlense, näçe gram mis bölünip çykar? 43-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Wodorodyň, lantanoidleriň, aktinoidleriň we emeli usul bilen alynýan elementleriň periodik sistemada ýerleşişi. Radioaktiwlik hadysasy we radioaktiw elementler. Ýadro täsirleşmeleri barada düşünje. Izotoplar. 2. Birnäçe geteroatomly geterohalkaly birleşmeler. Imidazol, pirimidin, purin we olaryň önümleri. 3. Mesele: 5 A tok güýji bilen 1 sagatlap H2SO4 ergini elektrolizlense, näçe wodorod we näçe litr kislorod çykar? 44-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Goşmaça pod gupbalaryň metallary. Atomlarynyň gurluşy. Atom radiusy, elektroatresatelligi we oksidlenme, gaýtarylma häsiýetleri. Fiziki häsiýetleri, tebigatda tapylyşy. Alnyş usullary. Birleşmeleriniň esas we kislota häsiýetleri. Metallaryň splawlary. 2. Nuklein kislotalary. Görnüşleri, himiki düzümi, biologik ähmiýeti. 3. Mesele: 0,27 g kümüş almak üçin 0,5 A güýji bolan togy AgNO3 ergininden näçe sagatlap goýbermeli? 45-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Elektroliz. Umumy häsiýetnama. Anod we katod hadysalary. Elektroliziň ulanylyşy. Metallaryň elektrohimiki dartgynlyk hatary. Elektrik hereketlendiriji güýji. Galwaniki elementler barada düşünje. 2. Ýokary molekulýar birleşmeleri barada düşünje. Polimerleşme we polikondensasiýa täsirleşmesi. Polimerleşme derejesi. Polimerleriň görnüşleri, alnyşy we ulanylyşy. 3. Mesele: CuSO4 ergini elektrolizlenende , anodda 2,8 l kislorod bölünip çykdy. a) näçe gram mis bölünip çykdy? b) näçe gram CuSO4 elektrolize sezewar boldy? 46-NJY SYNAG SOWALNAMASY 1. Bufer erginleri barada düşünje. Olaryň görnüşleri, häsiýetleri we ähmiýeti. 2. Uglewodorodlaryň galogenli önümleri, fiziki we himiki häsiýetleri. Gurluşy, alnyş usullary. Ulanylyşy. 3. Mesele: 120 ml 0,2 n Cu(NO3)2 erginini elektrolizläp gutarmak üçin näçe A tok güýji gerek? 47-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Himiýada atom- molekulýar taglymaty. Atom we atom ýadrosynyň düzümi. Atomyň we elektronlaryň ölçegi, massasy. Atomyň gurluşynyň planetar nazaryýeti. Radioaktiwlik hadysasy we radioaktiw elementler. Ýadro täsirleşmeleri barada düşünje. izotoplar. Atomda elektronlaryň hereketi. Elektron bulutlary barada düşünje. s, p, d we f elektronlary. Kwant sanlary. Elektronlaryň öýjagazlarda ýerleşdirilişi. 2. Kompleks birleşmeleri barada düşünje. Kristalliki gözenekler we olaryň görnüşleri. Nahar duzunyň, almazyň we grafidiň kristalliki gözenekleriniň şekilleri. 3. Mesele: 3 walentli metalyň duzunyň ergininden 30 min 1,5 A güýji bolan tok berilende 1,071 gram metal bölünip çykdy. Ol metalyň atom massasyny hasaplamaly? 48-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Kristallogidratlar. Erginler we olaryň toparlara bölünişi. Eremeklikde bolyp geçýän fiziki we himiki hadysalar. Erginleriň goýulygy we onuň görnüşleri. Bufer we kolloid erginleri barada düşünje, olaryň alnyşy, düzümi, häsiýetleri we ulanylyşy. 2. Bäş ülüşli bir geteroatomly geterohalkaly birleşmeler. Gurluşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Alnyş usullary. 3. Mesele: karbonat talhlygy 5 mg/ekw bolan suwuň 500 l-den talhlygy aýyrmak üçin sodanyň näçe gramynyň gerekdigini hasaplamaly. 49-NJY SYNAG SOWALNAMASY 1. Metallaryň periodik sistemada ýerleşiş ýagdaýy. Metallary we splawlary almagyň usullary. Magdanlar we olaryň baýlaşdyrylyşy Metallurgiýa, pirometallurgiýa we gidrometallurgiýa. Türkmenistanda magdanlary gaýtadan işlemegiň gelejegi we karbomidi hem-de kagyzy öndürmegiň tehnologiýalary. 2. Bäş, alty ülüşli birnäçe geteroatomly geterohalkaly birleşmeler. Imidozol, pirimidin, purin we olaryň önümleri. 3. Mesele: senagatda hromy, hromly demirden almaklygyň esasynda bolup geçýän täsirleşmeleriň deňlemelerini ýazyň? 50-NJI SYNAG SOWALNAMASY 1. Hrom. Atomynyň gurluşy. Tebigatda tapylyşy. Alnyşy. Sada we çylşyrymly maddalar bilen özara täsiri. Ulanylyşy. 2. Doýmadyk we ýokary karbon kislotalary. Olaryň wekilleri. Gurluşlary, alnyşy we himiki häsiýetleri. 3. Mesele: amaly çykymy 90% diýip hasaplap, özünde 60 g Nal saklaýan ergine ýeterlik mukdarda hlor gazy goýberilse, näçe gram ýod almak bolar? | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |