10:35 Medreseler - kämil bilim ojaklary | |
MEDRESELER - KÄMIL BILIM OJAKLARY Gahryman Arkadagymyzyň 15-nji ýanwarda Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça degişli ýolbaşçylar bilen geçiren maslahatynda, Arkadag şäherinde bina ediljek metjidiň gurluşygyna dahylly taslamalardyr çyzgylary synlap, metjidiň ýanynda okuw medresesiniň hem gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtmagy bagtyýar watandaşlarymyzyň köňül guşuny ganatlandyrdy. Nygtalyşy ýaly, medreseler türkmen halkynyň öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny asyrlarboýy saklap we gorap gelmeginde, halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan yslam dinini hem-de dünýewi bilimleri öwrenmekde aýratyn orun eýeläpdir. Geçmişde Watanymyzda ýiti zehinli, meşhur şahsyýetleriň döremegine we kemala gelmegine oba-şäherlerdäki köp sanly ylym, medeni aň-bilim edaralarynyň — medreseleriň, hanakalaryň, kitaphanalaryň we obserwatoriýanyň oňaýly täsir edendigini taryh sahypalary subut edýär. Ýokary bilim berýän okuw mekdebi bolan medreseler türkmen topragynda irki döwürlerden bäri meşhurdyr. Taryhy jähetden, medreseler ykdysady, medeni taýdan ösen, syýasy taýdan durnukly Watanymyzyň binagärlik sungatynyň hem aýrylmaz bölegidir. IX-X asyrlarda Türkmenistanda yslam dininiň mäkäm ornaşmagy bilen baglylykda, ykdysady taýdan gurply oba-kentlerdir şäherlerde metjitler bilen bir hatarda iňňän seýrek duş gelýän eserleri özünde jemleýän kitaphanalaryň, medreseleriň gurulmagyna-da aýratyn ähmiýet berlip başlanýar. Munuň özi ykdysady jähetden medeniýetiň umumy ýokary göterilişini şertlendirýär. X asyryň başlarynda şahsy serişdeleriň hasabyna gurlan ilkinji «ylym öýleri» — medreseler peýda bolýar. Olary, esasan, belli alymlar, ulama-danyşmentler gurdurypdyr. Eýranyň Hemedan şäheriniň eteginde ýerleşen Buzanjerd obasynda önüp-ösüp, soňra bütin musulman dünýäsiniň ylym we medeniýet merkezi bolan Bagdat şäheriniň meşhur «Nyzamiýe» medresesini tamamlan Hoja Ýusup Hemedanynyň Merwde «Horasanyň Käbesi» diýen hormatly ada mynasyp bolan medresäni gurdurandygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ol öz medresesinde köp sanly şägirtleri ýetişdiripdir. Olaryň arasynda sopuçylygyň «ýasawiýe» akymyny esaslandyran Hoja Ahmet Ýasawyny we Hoja Abdylhalyk Gijduwanyny görkezmek bolar. XI asyrda Horasanda şeýle ady belli medreseleriň birini Abu Seýit Mäne baba gurdurýar. Akademik N.Pugaçenkowa Mäne babanyň medresesiniň Mäne şäheriniň gündogar çetindäki Zakal diýen köne kerwensaraýyň ýerinde bina edilip, daşyny talyplar üçin giň otagly jaýlaryň — hanakalaryň gurşap alandygyny subut etdi. Soňra bu medresäniň daşynda giden bir şäherçe emele gelipdir. Mäne babanyň gurduran ylym ojagy «Mukaddes öý» diýlip atlandyrylypdyr. Ylmy maglumatlara görä, Abu Seýit Mäne baba öz serişdeleriniň hasabyna Nişapur şäherinde hem medrese gurdurypdyr. Tutuş yslam dünýäsinde döwlet serişdeleriniň hasabyna ilkinji medresäni türkmen soltany, Gaznaly döwletiniň hökümdary Mahmyt Gaznalynyň gurdurandygy bellidir. Ylmy maglumatlarda soltanyň tabşyrygy bilen medresäniň kitaphanasynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan getirilen örän gymmatly kitaplaryň golýazmalarynyň bolandygy aýdylýar. Bu medresäniň mugallymlaryna ýokary zähmet haky tölenipdir. Başga ýurtlardan hem belli alym-ulamalar gelip, bu medresede ylym-bilim öwredipdirler. Alymlaryň ýazmagyna görä, Mahmyt Gaznaly diňe paýtagt şäher Gaznada däl, eýsem, tutuş soltanlykda ýüzlerçe medrese gurdurýar. Mysal üçin, Gaznaly taryhçysy Utbiniň bellemegine görä, soltan Mahmydyň dogany, Horasanyň häkimi Nasyr döwletiň serişdelerine Merwde we Nişapurda «Hanapyýa» atly medreseleri bina etdiripdir. Taryhçy Beýhakynyň ýazmagyna görä, döwletiň diňe bir welaýatynda 20-den gowrak medrese bolupdyr. Akademik W.Bartoldyň «Türküstanyň medeni durmuşynyň taryhy» atly eserinde ýazyşy ýaly, VII asyryň ortalarynda Merw arap halyflygynyň düzümine girenden soňra, onuň Gündogardaky paýtagtyna öwrülýär. IХ asyryň başlarynda Mamun ibn Harun ar-Reşidiň hökümdarlyk eden döwründe Merwiň yslam dünýäsinde syýasy ähmiýeti has-da artýar. 813-nji ýyldan başlap, ýedi ýylyň dowamynda Mamun Merwi bütin halyflygyň resmi merkezine öwürýär. Munuň özi bu ýerde ylym-bilimiň ösmegine hem itergi beripdir. Merwde ýaşan hökümdarlar diňe bir alymlara serişde goýbermek bilen çäklenmän, eýsem, medreselere-de maliýe we mady-üpjünçilik ýardamyny beripdirler. Halyf Mamun Merwiň hökümdary bolan döwründe ylmyň howandary hökmünde uly abraý gazanypdyr. Ol Bagdatdaky «Akyl öýi» ady bilen şöhratlanan akademiýanyň belli alymlaryny hem Merwe çagyrýar. Olaryň arasynda dünýä ylmynyň taryhyna giren alymlardan «Aljebriň atasy» lakamy bilen meşhur bolan Muhammet Horezmi, görnükli astronom we geograf al-Fergany, Ýeriň meridianyny ölçän astronom alym Abdylmälik al-Merwerudy we belli astronom, matematik Habaş al-Hasif al-Merwezi bar. Orta asyrlaryň bu beýik alymlary öz ylmy işlerini Merwde başlap, soňra Bagdatda dowam edipdirler. Beýik Seljuk Türkmen döwletinde hem medreseleri gurup, ýaş nesli kämil ýokary okuw bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolupdyr. Mysal üçin, Sedreddin Aly Al Huseýniň «Seljuk döwletiniň taryhy» atly kitabynda soltan Togrulyň, Alp Arslanyň, Mälikşanyň tabşyrygy boýunça döwletiň baş weziri Nyzam al-Mülküň Nusaýda, Merwde, Amulda, Köneürgençde, Dehistanda, Balhda, Hyratda, Nişapurda, Bagdatda, Basrada, Damaskda we başga-da köp şäherlerde döwlet serişdeleriniň hasabyna «Nyzamiýe» medreselerini gurdurandygyny ýazypdyr. Merw özüniň baý we köp sanly kitaphanaly medreseleri bilen bütin Gündogarda meşhur bolupdyr. Merw şäherinde 10-dan gowrak baý kitaphanalary bolan medreseler barada iň doly maglumaty 1217 — 1219-njy ýyllarda bu ýerde ýaşap, onuň kitaphanalarynda işlän meşhur geografiýaçy alym Ýakut al-Hamawy getirýär. Ol: «1219-njy ýylda Merwden giden wagtym şeýle baý kitaphanalary men bütin dünýäde görmedim. Men ol kitaplardan gymmatly maglumatlary alýardym. Kitaba bolan söýgi meni ähli şäherleri unutmaga mejbur etdi. «Ýurtlaryň sözlügi» («Mugjam al-buldan») atly kitabyma gymmatly maglumatlaryň köp bölegini şu kitaphanalardan topladym. Eger-de mongollaryň çozuşlary bolmadyk bolsa, ilatynyň ýumşak, hoşgylykly häsiýeti we esasy ylymlar boýunça kitaplaryň köplügi üçin soňky demime çenli Merwden gaýtmazdym» diýip ýazýar. Merwiň kitaphanalary aýratyn jaýlarda däl-de, medreselerdir metjitlerde ýerleşipdir. Ýakut Hamawynyň kitabynda Merwiň dört sany medresesine aýratyn ähmiýet berlip, olar barada giňişleýin maglumatlar getirilýär. Olar Soltan Mälikşanyň diwanynyň maliýe ulgamyna ýolbaşçylyk eden Şerif al-Mülküň «Hanafiýe» üçin gurduran, Seljuk soltanlarynyň weziri bolan Nyzam al-Mülküň gurduran hem-de «Amidiýe» we «Hatynyýe» şeýle-de Horezmşa Tekeşiň weziriniň medreseleridir. Meşhur «Ahmediýe» medresesinde belli türkmen alymy as-Samany sapak beripdir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çägindäki orta asyr medreseleriniň iň ajaýyp nusgalarynyň biri bolan Dehistan medresesi arheologiýa taýdan öwrenildi. Medresäniň binasynyň merkezinde 7х22 m bolan gönüburçly açyk howly bar. Onuň daşyny bişen kerpiçden örülen sütünli eýwan bezeýär. Howlynyň arça agajynyň şahalary ýaly ýaýrap gidýän düşegi bar. Ol ýerde on alty sany hüjre, ýagny talyplaryň ýaşan hanakasy ýerleşipdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda gadymy Köneürgençde ýüzlerçe medresäniň bolandygy ýazylýar. Gadymy Köneürgenjiň köne gala diwarlarynyň çäginden daşarda ýerleşýän Ibn Hajybyň medrese toplumy hem baý taryhy özünde jemleýär. Görnüşi ýaly, mukaddes Watanymyz taryhyň ähli döwürlerinde ylym-bilimiň ösen ojagy bolupdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gatnan kerwenler bilen dünýäniň çar künjünden zehinli alymlar türkmen topragyna gelipdirler. Nusaýda, Mänede, Sarahsda, Merwde, Amulda, Zemmde, Köneürgençde, Dehistanda ýerleşen baý kitaphanaly medreselerde okap, türkmen alymlaryna şägirt duran dünýä belli alymlaryň sany-sajagynyň ýokdugyna taryh şaýat. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Amul, Farap, Merwez, Sarahs, Nesewi, Gürgen, Dehistan, Horezm ýa-da beýleki ýer-ýurt atlaryny özüne tahallus edinen alymlaryň dünýä ylmynyň öňünde bitiren hyzmatlary bu günki gün tutuş Zemine äşgär». Gadymyýetiň baý ylym-bilim tejribelerini galkyndyryp, häzirki döwrüň talaplary bilen utgaşdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Ahal welaýatynyň merkezinde guruljak welaýatyň baş metjidiniň ýanyndaky okuw medresesine ornaşdyryljak iň kämil tehnologiýalar, binanyň dürli görnüşli içki bezegleri, ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyryljakdygy onuň döwrümiziň nusgalyk okuw mekdebine öwrüljekdigine güwä geçýär. Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri, etnograf. Çeşmesi: https://metbugat.gov.tm/blog?id=3860. 19.01.2023ý. | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |