13:10 Men seni bir eýýäm unutdym dünýäm... | |
Men seni bir eýýäm unutdym dünýäm, Gül keşbiňi küýsänok bu didelem. Hem, öňki bolşumdan biraz üýtgedim, Hasrat bilen geçiremok gijelem. Ýüregimem aglamasyn bes etdi, Kalbymy gynanok gaýgydyr gussa. Durmuş şeýle ýaşamagy öwretdi, Şat aýdym diňleýän ýüregim gyssa... Gör nähili düşnüksizlik ömrümde, Ýalňyz wagtyň ýalňyzlygyň duýmasaň. Men seni bir eýýäm unutdym dünýäm, Her demimde ýada düşýäň diýmeseň Kalbymda ýaňlanýar bir zaryn mukam, ...Men seni çyndanam unutdymmykam??? Söhbet Orazmuhammedow | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |