Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:03
"...Men ýöne - G.Eziz"

"MEN ÝÖNE G.EZIZ"

Hormatly okyjy, ýadyňda bolsa, 1996-njy ýylda «Bereket-Bina» neşirýaty tarapyndan adyny bakyýete ýazyp giden şahyr Gurbannazar Ezizowyň «Çykmadyk kitabym» atly täze ýygyndysy çapdan çykypdy. Alty ýyllyk irmän-arman geçilen, ünjüsi lezzetli menziliň dowamynda şahyryň 16 ýaşyndan çap edilip ugran goşgularyndan başlap, poeziýa barada metbugatda çykan hem çykmadyk makalalary-da, gündelik ýazgylary-da, hekaýasy-da, başga-da dürli žanrda ýazylan eserleri bir ýere jemlendi welin, bir ýygyndylyk gymmatly ýazgylar üýşdi. Okyjy bu ýygyndyny ele alanda, bir zada — Gurbannazar Ezizowyň diňe şygryýet äleminde göwher gaşly ýüzük mysaly lowurdap durman, eýsem, edebiýatyň beýleki žanrlaryndanam ussatlarça baş çykarandygyna göz ýetirer.

Goşgy, poema, hekaýa, powest, pýesa, libretto, rowaýat, erteki, oýlanma, makala... Şahyr şu žanrlaryň islendigine çemeleşende-de, galamdaşlaryndan öňe geçmese, kem oturmandyr. Pikir baýlygy, pikir täzeligi, pikir agramy onuň her bir eserini beýleki döredijilik adamlarynyňkydan düýpgöter tapawutlandyrýan aýratynlyk bolup durýar.
Gurbannazar — meşhur şahyr. Onuň bu derejä ýetmegine, elbetde, ilkinji nobatda, belent adamkärçilik sypatlarynyň özünde jemlenenligi sebäp bolandyr. Ýaramaz niýet, gara ýürek, dar dünýägaraýyş bilen ömrylla gowy eser döredip bolmaz. Gowy ýazmak üçin ilki özüň gowy bolmaly. Diňe päkize ýürek päkize eser döretmäge ukyplydyr. Gurbannazar hakda kimi gepletsegem, «şol erbet adamdy» diýene gabat gelmedik. Onuň adamkärçiligi, hüý-häsiýeti ýöne gowy däl-de, üýtgeşik gowy bolupdyr. Şol sebäpli goşgulary-da ýöne bir gowy däl-de, üýtgeşik gowy. Emma hakyky poeziýa üçin diňe päkize kalp ýeterlikmikä? Ýok, Gurbannazar poeziýany «duýgynyň hemem aňyň mukaddes nikasyndan dogulýan sagdyn perzent» hasaplaýar.
Mukaddes nika! Neneň inçe hem näzik pikir. Beýle pikir diňe poeziýanyň hak perzendiniň kellesine gelse gerek. Men şahyr däl. Belki, poeziýa hakdaky gürrüňlere goşulmaga hakymam ýokdur. Belki, poeziýa şahyrlardan has bärde düşünýändirin. Ýöne bir zada welin anyk göz ýetirýärin: şahyryň belleýşi deýin, şol beýik nikanyň ýok ýerinde poeziýanyň hem ömrüniň dowamlylygy jyzlanyňkydan geçmez. Gurbannazar näçe goşgy, näçe eser döreden bolsa, hemmesinde-de oň ýüreginiň hem aňynyň bir ülşi göze görnüp dur. Şahyryň poeziýasynyň syrlylygy-da şu «mukaddes nikanyň» ömürlik, ölmez-ýitmez baglanyşanlygyndandyr.
Hawa, hut şu nikanyň Gurbannazaryň poeziýasynyň hamyrmaýasy bolanlygy üçin häli-şindi onuň goşgularyny küýseýärsiň. Il derdini gerdeninde göterip ýaşan şahyryň kitabyny eliňe alsaň, derdiň ýeňläne dönýär.
Adyny asyrlara miras goýmuş Hakdan içen şahyrlar päkize pederleriň dokmaňyz miwesidir. O miwäniň zehin şahalarynyň çar tarapa gol ýazyp, her goluňam bolluk bilen eçilýän datly tagamyndan doýma ýokdur. Özem o miwä könelme-de ýok, çüýreme-de, pyssarma-da. Özüniň baky terligi bilen ençeme nesle ruhy iýmit, ruhy lezzet paýlaýandyr. Mertebesi belent, başy aşak beýle daragt köküni neberelerinden alyp gaýdýandyr.
Mundan telim ýyl ozal birinji martyň öňüsyrasy meni özüne ysnyşdyran 69-njy jaýyň mydam kildi ýazdyrylgy göwnaçyk gapysyndan (indi, gör, näçinji sapar) ätläp, uzak ýyllardan bäri gözýaşy kepemedik, ýöne ony başardygyndan ile aýan etmezlige çalşyp, özüni ykbalyň hasrat girdabyna düşürmän, başyny buýsançly tutan ene bilen söhbet gurapdym. Söhbetdeşligiň baş temasy — millionlap ýürekleri elendirip giden şahyryň çagalyk we kämillik döwrüniň käbir sahypalary barada mesawy gürrüňdi.
— Gülnabat daýza, Siz 1-nji martda nähili duýgulary başdan geçirýärsiňiz?
— Ýeke dikrardy. 35-inem doldurman giden bala-da! Muňa neneň ýürek çydasyn?! Doglan gününde gyzlary, deň-duşlary üýşýärler. 29-njy mekdebiň okuwçylary topar tutuşyp gelýärler. Howly adamdan dolýar. Ýöne özi ýok-da! Ýerini hiç zat, hiç kim tutup bilenok.
— Dünýä inen pursady ýadyňyzdadyr, elbetde?
— Hawa-la. Şol gün gar ýagýardy. Kakasy işdeş ýoldaşy, Bagyryň mekdep direktory Akyýew bilen bile oturyp belläpdiler.
— Gurbannazar adyny kim dakypdy?!
— Ene-atasy dakypdy.
— Çagalyk ýyllaryndan, çaga hereketlerinden haýsy wakalar hakydaňyzda saklanypdyr?
— Şeýle owadandy. Gören kişi elden goýasy gelenokdy. Büzmeýindekäk kolhozlaryň dükanlaryna zat daşaýan arabakeş bardy. Ürküli aga diýerdiler. Şol niräk gitse, Gurbannazaram ýanyndan aýranokdy.
Üç ýaşyndaka, garahassalyk keseli oň deňindenem sowlup geçmedi. Keselhanada bir özüni ýatyrdylar. Öýümiz keselhana golaý ýerleşensoň, häli-şindi baryp, habar tutup durýardym. Äpişgeden garamy gördügi, «eje» diýip bökübererdi. Naýynjar bakyp durşy henizem göz öňümden gidenok.
Gaty akyllyjady. Azary-bizary ýokdy. Baran ýerinde saçaga topulyp, «ony äber, muny äber» diýip, açgözlügem etmezdi. Eginjigini gysyp oturyşyna, baryny-ýoguny bildirmezdi. Ýeke bolsa-da (6 ýyldan soň gyz jigisi doguldy. Öwlüýälere ýykylyp, Hudaýdan diläp alanjamdy. Gyzamyk aldy-da! Gurbannazarym oňa bagyşlap, depderine goşgy-da düzen eken), läliksiretmek ýadymyza düşmedi. Gytçylykdanmy, nämemi, şo döwür doglan gün diýlen zadam bilemzokdyk.
— Ýaşlygyndan kim bolmak isleýärdi?
— «Samolýot sürjek» diýerdi. Agzyndan iň köp eşiden zadym şody. Soňam näme, Hudaý berendir-dä, ýazmak bilen boluberdi. Goşgularyny okap bermegi halaýardy. Ýöne neresse gün görmedi-dä! Bu diýdigim, tankytdan gözüni açmadylar diýdigim-dä. Bu tankytlara neneň çydaýaň diýseler, gülüp oňaýardy. Nätsin eýsem, ýüregi näler ýaralanandyr, elbetde. Daşyna çykaranokdy bala. Mämmet Seýidiň: «Miwesiz agaja daş zyňylmaýar» diýen bir sözi entegem göwnüne teselli berip, birneme galkyndyran eken. Şeýdip galkyndyranam bolsun-da!
— Haýsy goşgusy Size has ýaraýar?
— Onuň goşgularynyň erbedi ýokdur. Biri-birinden gowudyr. Ýöne şü «Serdarym» goşgusy has ýaraýar. Ene hakda aýdýan zatlaryny gör-ä:

Daş oba düşse ýoluň,
Gyş bolsa sagy-soluň,
Ilki eneň ýat eder.
Soňra ýatlar aýalyň.


«Gyzlaryma» goşgusynam mähir eçilip goşupdyr:

Dört ogul deý, dört iner deý,
Kuwwat beriň dyzlaryma.

Içerini dolduryp oturan 5 agtyk, 8 çowlugym — şular meni bu dünýede diri gezdirip ýören. Biri gitse, biri gelýär. Içiňi gysdyranoklar. Ýogsam, ajy aýralygyň hesreti hiç wagt köşeşerli däl. Balamyň at-abraýynyň biçak belent tutulýanlygam birneme derdimi ýeňledýär. Telewizory açsaňam, radiony diňleseňem, gazet-žurnallara äňetseňem, Gurbannazarymyň setirleri häli-şindi ulanylyp, mysal getirilip dur. Oglumy sylap-söýýän ilimden müňde bir razy...

Parahat ÇERKEZOWA

"Türkmenistan" 01.03.2023 ý
Bölümler: Ýatlamalar | Görülen: 83 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Parahat Çerkezowa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
1
1 Мango • 23:04, 01.03.2023
bu ýazgy köneräk öýdýän.
Gülnabat daýza ýogalan bolmaly (Ruhy şat bolsun).
---
Gurbannazar kän tankytlandy diýýär ejesi.
şo döwürde edilen tankytlaram okap bolaýsa.
näme diýip tankytladylar-ka?
Derýa Baýramgulyýewiň ýatlamalarynda şeýle setirler bar: "Gurbannazaryň goşgularynda sowet şahyrlaryna mahsus däl zatlar bar diýip Balyş Öwezowyň bir dokladynda aýdylypdy.

...Men nirä barýanymy bilip bilemok,
Siz açyň gapyňyz, men size barýan...

Gurbannazar muňa känbir ünsem berip durmazdy. Dogram etdi".

"Men nirä barýanymy bilip bilemok" diýýär. Sowet şahyry nirä barýanyny bilmezmi? - diýen ýalyrak tankyt edilipdir öýdýän. Onuň sözlerini kesä çeken bolandyrlar-da.
avatar
0
2 Medicall • 01:46, 02.03.2023
Ýazgy Türkmenistan gazetiniñ dűýni sanyndan alnan, emma başynda ýazypdyrlaryna görã öñki ýazgylardan bolmaly
avatar
0
3 Medicall • 01:53, 02.03.2023
Ene üçin perzendiniñ, olam ýalñyz perzendiniñ beýle ýaşgitmegi, Ene bolup oñ hasratyny çekmek.. Alla hiç bir Enäni beýle synag bilen synamasyn.
Okap otyrkañ ýüregiñ gyýylýar.
Ýene bolsa giñlik berendir-da Gülnabat Ejã Biribar, hem agtyjaklaryna güýmenendir..

Ýatan ýerleri ýagty bolsun!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203