Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:27
Meniñ ýaman gowy ýalñyşlarym bar
MENIŇ ÝAMAN GOWY ÝALŇYŞLARYM BAR

Asmanda Aý köz dek körän mahaly,
Duýgularym bilen galamda ýeke.
Ýyldyz maňa, men ýyldyza göz gyrpyp,
Öz ynsabym bilen gyzamda gepe
Ýylgyrýaryn sypap gara kellämi:
"Meniň ýaman gowy ýalňyşlarym bar".

Uçmany guşlardan öwrenmedim men,
Batbörekden ylham aldy ýaşlygym
Pursatlaň içinde tarhan ýaşadym,
Mümkin şondan hälem kakabaşlygym.
Ýatlaýan biperwaý uçan pillämi:
"Meniň ýaman gowy ýalňyşlarym bar".

Köp köwüş tozdurdym gyýçakly ýolda,
Aýak ýeter ýere pyýada gitdim.
Diwanalar bilen, däliler bilen
Kän kafe-restoran zyýarat etdim.
Synlap zyýaratda geýen hüllämi:
"Meniň ýaman gowy ýalňyşlarym bar".

Obaň ýagyrnysyn ýumşadan jala
Düme duýgulara jan beren wagty.
Ätiýaçly pikirlere ot berip,
Töwekgellik bilen tapamda bagty
"Sen ýalňyşýaň oglum!" diýlen men dälmi?!
"Meniň ýaman gowy ýalňyşlarym bar".

Ýylgyrýaryn sypap gara kellämi,
Ýatlaýan biperwaý uçan pillämi,
Synlap zyýaratda geýen hüllämi,
"Sen ýalňyşýaň oglum!" diýlen men dälmi?!
"Meniň ýaman gowy ýalňyşlarym bar".

Aşyr AŞYROW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 119 | Mowzugy paýlaşan: Belki | Teg: Aşyr Aşyrow | Рейтинг: 4.2/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
1
1 Aýgül_Baýadowa • 16:44, 06.03.2024
Aşyryň sesi gelip gitdi gulagyma. Sag boluň, goýanyňyz üçin.
avatar
0
2 Küle • 16:49, 06.03.2024
Şu goşgyny özi ýaman gowy okaýa.
avatar
0
3 Medicall • 16:51, 06.03.2024
gowy gördümaý goşgyny, (Mangostilçeläýin) ýyllyz bassym

hülleli ýeri iki gaýtalanan ýaly ýöne
avatar
0
4 Aýgül_Baýadowa • 16:55, 06.03.2024
@Nurdan, ol goşgudaky priýomyň haatyrasyna. her bendiň bir setiri gaýtalanyp durandyr görseň.
Bir hokga etmese, Aşyr bolakmy?! Üstesine, birgiden ýalňyşlaram bar.
avatar
0
5 sussupessimist • 17:13, 06.03.2024
Soňky bendi - ondan öňki dört bendiň sbornigi.
Merdan Baýat aýtmyşlaýyn: Gowy gowy
avatar
0
6 Gülkamat • 17:22, 06.03.2024
Aşyryñ goşgularyny özünden diñleseñ has başgaça bolýar...
avatar
0
7 Mekan2 • 17:55, 06.03.2024
Ýyldyz maňa...

hawa, ýyldyz saňa, Aşyr, özem bäş sany.
avatar
0
8 Seýrаn • 19:14, 06.03.2024
Ýyldyz sanaşmalyň. Gaty gowy goşgy eken. Aşyryň başga-da goşgulary barmyka?
avatar
0
9 Ak-sary • 20:28, 06.03.2024
Ýaman gowy eken
avatar
0
10 garagar • 20:43, 06.03.2024
Başda "örän gowy ýalňyşlarym bar" diýildimikä? Kellede "örän" diýip galan eken. Titanikden uly gämi ýasajagam – diýýärdi, Aşyr.
avatar
0
11 Mekan • 22:06, 06.03.2024
Başga şu formada düzülen goşgy ýok bolsa, Aşyr bu formañ patentini almaly.

Ýene bir bent goşan bolsa ha hasam şyk boljakken.
avatar
0
12 sussupessimist • 23:45, 06.03.2024
Myhman aga, edil edilmedik zad-a daldir. Giyom Apollinerden soň-a asla-da poeziýada ulanylmadyk forma galmadyk bolaýmasa. Ýöne patent bolmaýanda-da, gözlegler gowy zat.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202