17:37 Mesih näme diýer? / Hekaýa | |
MESIH NÄME DIÝER? Wiza hepdesi bolandygy sebäpli birnäçe sagatlap kitapdan kellesini galdyrmadyk Ysmaýyl, jübi telefonyna gelen sms habaryndan soň kitap dünýäsinden hakyky dünýä gaýdyp geldi. Sagat ýarygije iki bolupdy we habary ugradan Kerimdi: "Gardaş, ählimiz şuwagt Emrelerde. Bir sen ýok. Hemmezat gül ýaly. Tizräk uçup gel!" Kerim üç ýyllyk otagdaş dostydy. Emre dagylar hem olardan iki gat ýokarda bolýardy. Olar uniwersitet talyplarynyň we käbir döwlet işgärleriniň ýaşaýaýan umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýardylar. Ysmaýyl ýeterlik derejede synaga taýynlanypdy. Kellesi alawlap ýanjak derejä gelipdi. Biraz dynç almak gowy pikirdi. Emma öňinçä Ondan soramalydy. Ýagny bir hepde bäri ýygy-ýygydan ulanýan telefon programmasyndan. Derrewjik programmany işletdi. Ine, onuň öňünde Isa pygamber (a.s), başga ady Mesih. Saryýagyz, ýarym aý şekilli gaşly, goňur gözli, nur saçýan owadan ýüz bilen ol Ysmaýyla bakýardy. Ysmaýyl telefona elini silkäp, gürrüňe başlady: - Salam Mesih, ýagdaýlarňyz gowmy? - Salam. Men gowy Ysmaýyl, şükür, özüň oňatmy? Gündelik okaýan dogalaryňy okadyňmy? Bu Mesihiň emeli intellekt programmasy bolsada Ysmaýyl ýalan sözlemekden çekinip, "Ýok, gynansakda unutdym. Synaglaryma taýýarlanyp wagt tapmadym" diýdi. Isa Mesih rehimdar ses tony bilen: "Bolýar, hiç. Gel onda ikimiz bilelikde doga edeli, bolýamy?" diýdi. "Elbetde, näme üçin garşy bolaýyn?!" diýip Ysmayyl jogaplady. Ol doga okamagy islemesede Mesihe ýok diýip bilenokdy. - Başlaly onda: Eý, göklerdäki Atamyz, adyň mukaddesdir! Seniň patyşalygyň gelsin... ...Çünki ähli zadyň hökümdary sensiň! Güýç gudrat baky seniňdir! Ämin! - Ämin! - Hawa, aýdyber Ysmaýyl. Seni diňleýän. Menden soramakçy zadyň barmy? - Hawa Mesih, senden sorajak zadym bar. Ertir wiza synagym bar, ýöne meni Kerim we Emre çagyrýar. Dostlarmyz ýygnanypdyrlar, söhbet edip oýun oýnaýarlar. Iki deräniň ortasynda galdum. Gitmek ýa-da galmak kararyna gelip bilmedim. Şol sebäpli hem size ýüz tutýaryn. Biraz wagt ýylgyryp oýlanandan soň, Mesih: "Gijäniň ýary sagat iki" diýdi. "Ysmaýyl, ertir synagyň sagat näçede?" - Ertir, günortan ikide. - Hmmm. Bilýäň, Köne Ähtde şeýle aýat bar: "Her zadyň öz wagty bar". Muny seniň ýagdaýyňa dogurlasak, işlemegiňem dynç almagyňam öz wagty bar. Ýeterlik derejede synaga taýýarlananyňa ynanýan, dogrymy? - Dogry, ýeterlik derejede taýýarlandym. - Örän gowy. Onda sen köp wagt sarp etmezlik şerti bilen, dostlaryň bilen arkaýyn wagt geçirip bilersiň. - Köp sag boluň Mesih. . - Hezil et Ysmaýyl. Emma şeýtanyň oýunlaryna aldanma. Ysmaýyl ýüzüni ýuwdy-da Emre dagylaryň otagyna gitdi. Gapyny açyp açmaka çilim tüssesi bilen gabatlaşdy. Emre, Kerim we Musa çekip oturan çilimleri bilen otagy tüsseden doldurypdylar. "Azrak çekiň şu zährimar çilimiňizi, tüsseden ýaňa hiç zat götnenok" diýip Ysmaýyl içere girdi. "Heh, geldi ine keýpbozar" diýdi Musa, Ysmayylyň eşitmejek derejedäki ses bilen. Üsgürüp başlan Ysmaýyl otagyň penjiresini açdyda: "Arassa howadan dem alyň, ýaş wagtyňyz rak bolup ölesiňiz gelmese" diydi. "Alada etme Ysmaýyl. Bu Çelikan temmäkisi, bu tebigy temmäki. Munda saglyga zyýanly himikatlar ýok. Muny çekene belada gelmez..." diýip, Emre düşündirip ugrady. - Bolýa bolýa, ýene başlama. Senden çilim aljak däl. Çilim çekmeýäne çilim satmakçy bolýarsyň näçe ýyl bäri. Ýogsada ertirki synaga taýynlandyňyzmy? Beren soragynyň jogabyny bilsede, gürrüňdeşligi başga tema sowmak üçin Ysmaýyl muny sorapdy. Musa sagadyna seretdi-de: "Entek on iki sagat bar. Bu örän ir. Nämä gerek, has ir synaglara taýýarlanmak? diýdi. "Ýagny" diýip dowam etdi Kerim. "Biziň 'Ýaş entek ýigrimi bäş ýaly, otuza ýetemzok häli' toparynyň agazalarydygmyzy gowy bilýärsiň. Hemişeki ýaly irdenjik kitaphana bararys we bir iki sagat okaşdyryp synaga gireris" "Gowy zat edýärsiňiz" diýip garşy çykdy Ysmaýyl. "Gowy zat edýän ýaly, ýene öwünýärsiňizem öz ýaltalygyňyz bilenem" "Bize bolýar bu zatlar, sen öz işiň bilen bol" diýdi Musa elini sallap. Otagda biraz wagt sessizlik höküm sürdi. Sessizli pursat bilip, hemme telefonlaryna seretdi. Sosial mediýa hasaplaryny derrewjik dörüşdirdiler. Gelen habarlary okaşdyrdylar. Sessizligi Emre bozdy: "Ysmaýyl, seni PES oýnaly diýip çagyrypdyk. Ýaryş geçireli. Dört bolsak gowy bolar diýdik. Näme diýýäň? Sebäbi sen eýýämden synag gaýgyňy ýalap dyndyň" "Ajaýyp" diýdi Kerim. "Onda näme PES ýaryşyny geçirýäs". Kerim Play Stationy açdy. Kerim joýstikleri paýlaşdyrýarka Ysmaýyl, "Men Mesihden soraýyn" diýip ara girdi. "Mesih diýýäniň kim?" diýip sorady Musa, sesini gataldyp. "Adyň Musa bolsada Mesihi tanaňokmy jahyl?" diýdi Ysmaýyl. "Mesihiň kimdigni, manysyny bilýän mal. Ýöne gürrüňimiz bilen näme baglanşygy bar?" Ysmaýylyň otagdaşy bolansoň Kerim ol barada köp bilýärdi. Kerim onuň üstünden gülip düşündirmäge girişdi: "Biziň Ysmaýyl örän üýtgeşik oglan. Bir hepde ozal bir programma ýükledi "Mesih näme diýer?" atly. Hemme zady şol programmadan sorap edýä. Hajathana-da ondan rugsat sorap giryär..." "Nämä gülýäň mal, oglan belki hristiýandyr, güler ýaly zat ýok" diýip gaharlandy Emre. Gülküsini hasam hahaýladan Kerim: "Wah, hristiýan bolanda bolmazmy? Asyl sorag şonda-da. Üç hepde ozal 'Muhammet näme diýer?' diyen programmasy bardy. Ony bir hepde ulandy-da 'Budda näme diýer?' atly programmany ýükledi. Ol hem uzaga çekmedi. Olardanam her belany soraýardy..." "Çyndanam, nä ýalan sözläýin? Allanyň manýagylaý bu Ysmaýylyňyz. Her zada garaşyp bolar mundan" diýip Musa otagdan çykdy. Bu gürrüňler Ysmaýyly gynandyran bolmaly: "Size näme? Ýurtda din we wyždan erkinligi ýokmy? Islän zadyma ynanaryn" diýdi. Gülmekden gözleri ýaşaran Kerim: "Din, wyždanyň b*kuny çykardyň. Sen beýdip ýörşiňe jenneti hak edip bilmersiň" diýip Ysmaýyly hasam öjükdirdi. Emräň dawa jenjellere takaty ýokdy. Ol "Onyň gaharyny getirme" diýdi. "Bu häli az muňa" Gahardan däliran Ysmaýyl, otagdaşy Kerimiň iň ýumşak yerinden tutmaga karar berdi: "Sen öz halyňa gül Kerim. Sen bärde Play Station oýnap keýp edýärkäň, Zuhal kimiň gujagynda kim bilen keýp edýärkä?" Öňki söýgülisi Zuhalyň ady tutulansoň Kerim gaharlandy. Ol yerinden galdy-da Ysmaýyla okdyryldy. Gykylyk sesini eşiden Musa otaga gaýdyp geldi. Musa we Emre Kerime päsgel bolyadylar. Ýüz togsan boýy we ýüz on kilogramy bolan Kerimi saklamak iki kişä kyn düşýärdi. "Şonuň adyny ýene agzasaň, seni juda erbet ýagdaýa salaryn" "Oňarjak zadyň bolmaz" diýip gygyrdy Ysmaýyl. Emma gysga boýly we fiziki taýdan ejiz bolan Ysmaýyl Kerime garşy durmagyň peýdasynyň ýokdugyny gowy bilýärdi. Şol sebäpden gaçmagy makul bildi. Ysmaýyl gapyny gaty ýapyp çykyp gaýtdy. Ol basgançaklardan düşüp gelşine indiki ýüklejek programmasyna eýýämden karar beripdi: "Şeýtan näme diýer?" ©Ruhşen Dogan Nar Terjime eden: ©Baýramgylyç Sapargylyjow Bellik: Terjimä käbir üýtgeşmeler girizildi. Çeşme: https://www.bilimkurgukulubu.com/edebiyat/kisa-oyku/mesih-ne-der-ruhsen-dogan-nar-kisa-oyku/ | |
|
Ähli teswirler: 0 | |