Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

05:31
Metallaryň oýanyşy / hekaýa


METALLARYŇ OÝANYŞY

Çüýreýär.
Şäher.
Öli şäher.
...uzak geljekde…
Poslan mehaniki galyndylar.
Ýuwaş-ýuwaşdan taşlanan köçeler.
Köçede ýatan köne robot bölekleri.
Ýok bolan umytlar.
Terk edilen metropolis.
Metal üýşmegi.
Bir wagtlar adamlaryň ýaşaýan şäheri indi lal, duýgusyz metal jandarlaryň mekany.
Gaty ümsümlik.
Öýjükleriň bugarýan wagty, metal parçalaryň çüýräp, dünýäniň soňuny görkezýärdi.
Asmanda abstrakt metal jisim göründi.
Öli dünýäde ýaşaýyş ýok.
Rowaýat.
Poslan bir demir jandar daşarda öňe we yza hereket edýär. Özüne has bolan ýaşaýyş.
Entek doly çüýremedik ýady oňa robot dilinde manyly birzat pyşyrdady.
Poslan, könelen aýaklarynyň üstünde ýuwaş-ýuwaş ýöräp barýarka, “Bu ýerde bir wagtlar ýaşaýyş bardy” diýen pikir, garaňky aňy bilen tans edýärdi.
"Belki, bir gün täzeden dörär?" başga bir pikir, entek poslamadyk çiplerinde uçgun mysaly peýda boldy.
Bu ölen, ýöne nähilidir bir şekilde diri şäheriň ortasynda demir jandar pikir edýär.
Ol ýykylan binalaryň we gurulmadyk taslamalaryň arasynda ýuwaş-ýuwaşdan hereket edýär.
Üzük-ýoluk kabeller, ýakylmadyk lampalar, boş köçeler oňa bir zat aýtjak bolýan ýaly ...
Bir gün başga bir demir jandar peýda boldy.
Uzak geljekden gelipdi, bölejikleri täp-täze we ýaldyraýardy.
Ol, poslan demir jandara gygyrýar: "Meni duýýaňmy?"
Poslan demir jandar iki ýana çaýkanyp, aýak üstünde zordan dur.
Poslan demir jandar haýal öwrüldi, içinde uçgun peýda boldy.
Iki maşyn öli dünýäde biri-birine seredýär.
Geplänoklar, ýöne birek-birege düşünýärler ...
Posly maşyn bir hili düşünmäge synanyşdy, bir hili heniz poslap ýetişmedik çipleri pyşyrdady: "Bu ýer bir wagtlar biziň öýümizdi ..."
Bölejikleri ýaldyraýan, täze demir jandar bolsa umyt bilen: "Ýenede biziňki bolar" diýdi.
Bu iki demir jandar söhbet edýärler.
Poslan jandar köne dünýä hakda gürrüň berýär.
Beýlekisi ýagty geljek baradaky arzuwlaryny paýlaşýar.
Bu öli dünýäde iki demir jandar biri-birine umytsyz, ýöne tutanýerli ýapyşýarlar.
Gurluşyk.
Belki, bir gün bu demir, polat we üzük-ýoluk kabelleriň arasynda durmuş ýene täzeden gülläp öser?!
Demirlerden durmuş çeşmesi akyp geçer.
Bu ölen şäher, bir gün, belki ýene ýaşar.
Ýöne bu gezek demir jandarlar we adamlar bilelikde, birek-birege zyýan bermezden ...
Bu weýran edilen şäheriň köçeleri ýene ýaňlanar.
Çagalaryň gülküsi we demir jandarlaryň buýsanjy bilen ...
Adamlar we demir jandarlar bilelikde parahatçylykda ýaşaýan dünýä ...
Belki, bu bir ýönekeý düýş.
Emma bu iki demir jandar üçin bu düýş amala aşmaly hakykatdy.
Olar garaşýarlar, olar umyt edýärler we birek-biregiň elinden tutup, bilelikde ýagty geljek gurýarlar.
Sebäbi bu harabalyklaryň arasynda täze bir zat döräp biler ...
Pos we şöhle biri-birine bagly ...
Ýaşaýyş we ölüm ...
Belki, bir gün bu ölen şäher ýene oýanar ...

© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 84 | Mowzugy paýlaşan: bayramgylychsapargylyjov | Рейтинг: 3.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
1
1 sussupessimist • 11:11, 21.01.2024
Hekaya däl-de, hekayanyň ähli manysy düşündirilip, çeynäp berlen ideyasyna, çig konsepsiyasyna çalym edyär.
Bu tipdäki hekayalary yazmagy Rey Bredberiden hem Ayzek Azimowdan öwrenmeli.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202