Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:02
Mihail Naimi

MIHAIL NAIMI

Arap ýazyjysy we tankytçysy Mihail Naimi 1889-njy ýylda Liwanyň Bişkinta (Baskinta) obajygynda dünýä inipdir. Bişkinta obajygy Gündogar Ortaýer deňziniň kenarýakalary görünýän Sannin dagynyň belentliklerinde ýerleşýärdi. Dogduk obasynyň daşyny gurşaýan dag tebigaty hem M.Naiminiň döredijiligine düýpli täsir edipdir. Esasan hem M.Naiminiň iň meşhur eseri “Mirdadyň kitaby” atly eserinde onuň dogduk obasynyň töweregindäki daglyk tebigatyň täsiri juda ýiti duýulýar. M.Naimi bilim almak üçin özüniň dogduk obasynda ilki grek prawoslaw ybadathanasynyň ýanyndaky mekdepde okaýar. Soň Palestinanyň Nazaret şäherindäki Mugallymçylyk institutyna okuwa girýär. Ondan soňra 1906-1911-nji ýyllar aralygynda Russiýa patyşalygynyň Poltawa şäherindäki Dini seminariýada okaýar. Soňra ABŞ-nyň Waşington şäheriniň uniwersitetinde 1916-njy ýyla çenli okaýar. Şol uniwersitetde-de filosofiýanyň we erkin sungatlaryň doktory diýen derejäni alýar. 1917-1918-nji ýyllarda ol Fransiýada amerikan goşunlarynda gulluk edýär.

Ol ýerden meşhur arap ýazyjysy Jebran Halyl Jebran we ýene-de sekiz sany ýaş edebiýatçylar bilen Nýu-Ýork şäherine göçenden soň M.Naimi dagy täze edebi akymy döretmäge işjeň girişýärler. Olaryň döreden edebi akymy arap edebiýatynda düýpli öwrülişigi – galkynyşy emele getirýär. 1932-nji ýylda, Jebran Halyl Jebran aradan çykandan soň, M.Naimi öz dogduk obasy Bişkinta dolanyp gelýär we şol ýerde tä özi aradan çykýança, ýagny 1988-nji ýyla çenli ýaşap, ömrüni ýazmak bilen meşgul bolup geçýär. M.Naimi tarapyndan ömrüne 31 sany kitap ýazylýar. Ol kitaplaryň her biri-de arap dilli ýurtlarda nusgawy diýlip hasaplanýar. M.Naiminiň döredijiligine drama, şygryýet eserleri, tankydy makalalar, gysgajyk kyssalar, terjimehallar we ynsan durmuşynyň çuňňur sowallaryna degişli esseler girýär.

M.Naiminiň meşhur eseri “Mirdadyň kitaby” onlarça dillere terjime edilýär. Ondan başga-da M.Naiminiň “Sergezdan Ruhuň Ýadygärligine”, “Biz Duşuşýançak” atly eserleri we Jebran Halil Jebranyň terjimehaly dünýäde has belli eserleridir.

M.Naiminiň eserlerinden şu aşakdaky jümleler bolsa, onuň döredijiligine gysgajyk ser salmaga mümkinçilik berer:

1. Siz öz söýýän zadyňyza eýelik edýärsiňiz. Ýigrenýän zadyňyz bolsa size eýelik edýär. Özüňize eýelik etdirmekden gaça duruň.

2. Siz hiç haçan öz nyşanaňyzy ýitirmersiňiz, eger-de siziň maýajyňyza alan zadyňyzam sizi nyşana alan bolsa...

3. Siz näçe köp zada eýe bolsaňyz, size-de eýelik edýänler şonça-da köpdür. Siz näçe az zada eýelik edýän bolsaňyz, size-de eýelik edýän şonça azdyr.

4. Kim özünde bar zady nädürs ulanýan bolsa, şol hakyky garypdyr. Kim şol zadyny dürs ulanýan bolsa, ol hakykatdanam baýdyr.

5. Size gelip gowuşýan zat siziňkidir. Eger-de nämedir bir zat size gelip gowuşmakda haýal-ýagal bolsa, onda oňa garaşmaly däldir. Goý, ol garaşsyn.

6. Bir zady söýüň we oňa bar bolmaga mümkinçilik beriň, şonuň bilenem öz ýoluňyzdan päsgelçiligi aýryň.

7. Şowsuzlygy, ol edil şowlulyk ýaly edip kabul ediň.

8. Eger-de siz hemme zady söýýän bolsaňyz, onda siz hiç zada bagly dälsiňiz.

9. Myhda hemme zat – dünýä. Bujakda hemme zat – pany.

10. Adamlaryň aglaba köpüsi ölmek üçin ýaşaýar. Ýaşamak üçin ölenler bagtlydyr.

11. Diňe batyl hem gazaply nadanlykdan emele gelen, dardüşünjeli we akmak Men kemsidip ýa-da kemsidilip biler.

12. Olara öz bilimleri nähili giň bolup görünýän bolsa, hakykat ýüzünde olar şonça-da az bilýändirler.

13. Kim öz ýüreginde ybadathana tapmadyk bolsa, ol hiç bir ybadathanada öz ýüregini tapmaz.

14. Seret, hiç wagt algydar bolujy bolma. Sebäbi karz berýäniň borjy, karz alýanyň borjundan has köp hem agyrdyr.

15. Pul näme? Adamlaryň gany we deri dälmi? Hilegär tarapyndan adamlara gandal urmak aňsat bolar ýaly guýlan teňňeler dälmi?.

16. Baýlyk näme? Özlerine köp gany bilen derini bagyş eden adamlaryň gerşine has agdygrak ýük urmak üçin özleri beýlebir köp gan bilen der saçmadyklar tarapyndan toplanan, adamlaryň gany bilen deri dälmi?

17. Baýlygyň üstünde saňňyldaşyp, gijelerini hem gündizlerini öldürýän, özlerini paýhasdan hem ýürekden jyda düşürenleriň başyna musallat! Çünki olar özleriniň näme toplandyklaryna aň ýetirmeýärler...

18. Howa deýin erkin hem akgynly boluň. Çünki sizi ýaralamak isleýän gylyç ahyry bir gün saralyp-solar we poslar. Sizi ýok etmek islän el, ahyry bir ýadar we saklanar.

19. Goý siziň ýürekleriňiz sersmesin. Edil asuda hem çuň deňiz kimin boluň-da, özüňize gargyşdan özge hiç zady bermeýänleri alkyşlaň.

20. Zemine mahsuslykda ümsüm we hasylly boluň. Ynsan ýürekleriniň jerhedini saglyga we gözellige öwrüň.

21. Dünýä sizi tanaman sizi kabul edip bilmez. Şonuň üçinem ol sizi arlap garşylaýar. Ýöne siz dünýäni tanap ony kabul edip bilersiňiz. Şonuň üçinem siz onuň duşmançylygyny rehimdarlyk bilen rahatlandyryp, töhmetini mähriban Düşünmeklige gark etmelisiňiz.

22. Düşünmeklik bilen Gün geler.

23. Ýagşylygy özüňe dartmak şeýle aňsat, edil şonuň ýaly ýamanlygam özüňe dartmak aňsat. Yşka ýüzüňi öwürmegiň ýeňil bolşy ýaly, Ýigrenje-de ýüzüňi öwürmek müşgil däl.

24. Hemme jandarlara ýagşylyk barada mynajat ediň. Çünki ähli jandarlara ýagşylyk boljak zat, siziň üçinem ýagşylyk bolar. Islendik jandaryň keseli hem siziň üçinem keseldir.

25. Mynajat etmek üçin size dodaklaram, dilem gerek däldir. Size munuň üçin sedasyz, çirimsiz ýürek, Baş Isleg, Baş Pikir, hemmesinden beterem müňkürliklerdir-şübhelere keseki Baş Erk-ygtyýar zerurdyr. Haçan-da ýürek uklaman, bar bolsa, onda diliňi uklamaga ugradanyň ýa-da ony möhürlenen dodaklaryň bilen saklanyň ýagşydyr.

Taýýarlan we terjime: © Serdar ATAÝEW
Bölümler: Ýazyjy-şahyrlaryñ, alymlaryñ terjimehaly | Görülen: 56 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Mihail Naimi | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 janjennet • 01:10, 24.01.2024
5 ýyllyz
avatar

Старая форма входа
Total users: 202