22:27 "Ynan, ol ýerde-de oňşup bilmeris" | |
YNAN, OL ÝERDE-DE.. Boldy,besdir,mundan artyk söz berme, Barybir olara ynanmaryn men. Ant içip, ynsaby azara goýma, Ýalan wadalara daýanmaryn men. Ula goýberlende durmuşyň aty, Ýetmesem-de heniz pellehana men, Akmy ýa garamy, süýjümi, ajy, Saýgarýan, tejribäm — gurrahanam meň. Sen-ä Mejnunym däl, men bolsa Leýli, Yzymda «hüw» diýip çöle çykmarsyň. Ýokdur zyýat ýeriň aşyk Tahyrdan, «Zöhre» diýip Mahym göwnün ýykmarsyň. Dag gazmarsyň Perhat bolup Şirine, Züleýhaň ody deý gamçy ýakmarsyň. «Senem» diýip ençe gyzdan ýüz öwren Garybyň wepasyn döşe dakmarsyň. Menem saňa Selbinyýaz bolmaryn, Saýat hanyňky deý namysym bardyr. Yşk ýolunda Hemra ejizlese-de, Oňa han Saýady wepaly ýardyr. «Sensiz bolmaz, ölüp-öçerin» diýme, Wagtyna barmasa, sönmez yşygyň. Bulaň bary geçer, «Geçmezem» diýme, Oňarmasaň, alçy gopmaz aşygyň. Mundan artyk göwne degişmäli biz, Ömür gysga, razylaşyp bilmesek, Ýok, ýok, hasap günem gelme gaşyma, Ynan, ol ýerde-de oňşup bilmeris. © Bägül BERDIÝEWA. Akbugdaý etrabynyñ 28-nji orta mekdebiniñ mugallymy. "Nesil" gazeti, 24.12.2022 ý. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |