Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:31
"Näler görünere" ser salsañ

“NÄLER GÖRÜNERE” SER SALSAŇ

Halk arasynda şygryýet äleminiň täji, edebiýat meýdanynyň zümerret daşy, söz mülküniň oragyny oran, Gündogaryň akuldary, özüni diňe özüne deňäp bolýan Magtymguly Pyragy barada birnäçe rowaýatlar we legendalar saklanyp galypdyr. Şeýle kitaplaryň biri-de şahyryň 250 ýyllygynyň hormatyna “Ylym” neşirýaty tarapyndan 1983-nji ýylda “Magtymguly hakynda rowýatlar we legendalar” ady bilen çykaryldy. Şol kitapçanyň 158-nji sahypasynda berlen rowaýaty tutuşlygna bermegi makul bildik. Şahyr ölmezinden öň ýanynda “Näler görüner” atly şygryny ýazýar. Onda şahyryň optimizmi, durmuşa ýaşaýşa teşneligi beýan edilýär:
“Magtymguly hassalap ölüm ýassygynda ýatyrka, töwereginde üýşüp oturan adamlara garap:
-Meni bir usul bilen daşaryk çykaryň diýýär.
Şahyryň dostlary, hossarlary onuň goltugyna girip emaý bilen daşaryk çykarýarlar. Şonda Magtymguly daş işikde öýe arkasyny berip oturýar. Onuň oturan ýerinden seri dumanlap duran gojaman daglar, ulgam-ulgam jülgeler, beýikli pesli baýyrlar, geçitler we ummasyz tekizlikler görünýär.

Şahyr bir meýdan garap durandan soň:
Seýl edeliň bu jahana,
Jahanda näler görüner,
Isgender Jemşit saldyran ,
Beýik binalar görüner.
Diýip başlaýan “näler görüner goşgusyny aýdanmyş. Soňra Magtymguly:
- Meni indi öýe salyň – diýipdir.
Magtymgulyny öýe salyp ony deň duşlary ýerinde rahat ýatyranmyşlar. Şondan soň şahyr tiz jan berenmiş”

Biz şahyryň bu şygryny köp ýyllardan bäri öwran-öwran okap gelýäris. Şu şygryň üsti bilen şahyr bize nämäni ýaňzytjak bolduka. ?
Birinji bendiň üçünji setirindäki Isgender jemşit sözi biziň ünsümizi özüne çekdi. Binalar öňem soňam saldyrylypdyr. Belki bu sözleriň ebjet hasabyny çykarmak gerekdir. Şu jähtden sözleriň ebjest hasabyndaky san belgilerini goýduk we jemledik:
I(10)+s(500)+g(100)+e(1)+n(50)+d(4)+e(1)+r(200)=866
Jemşit sözi arap grafikasynda Jemşid görnüşinde berilýär. Şonuň üçin Jemşid görnüşini aldyk:
J(2)+e(1)+m(40)+ş(300)+i(10)+d(4)=357 866+357=1223
Bu san belgisini A.Meredow we S.Ahallynyň “Türkmen edebiýatynyň sözlügi” kitabyndaky jedwel arkaly milady hasabyna öwürdik.
1223-1223/33+621.54=1223-37.06+621.54=11.8594+621.54=1807.48
Şeýlelikde "Näler görünere" ser salsañ, hezreti Magtymguly atamyz 1807-nji ýylda 1 aradan çykan bolýar.

Onda Magtymguly atamyzyñ doglan ýyly barada näme aýdyp bolarka?!
Kakam baba Nejebaly çalasowat bolsa-da, Magtymgulynyñ 1926-njy ýylda çap edilen diwanyndaky goşgularynyñ hemmesini ýatdan bilýärdi. Şahyra, onuñ öwrenen döwrüne, döredijiligine degişli birnäçe rowaýaty aýdyp bererdi. Sebäbi Magtymgulhnyñ dogany Ýarydan gaýdan neberesi Musaahun - ol 1929-njy ýylda Çendirde aradan çykan Ýartygala obasynda gonambaşy) bilen köp söhbetdeś bolan Musaahunyñ at dakylany Ata işanlar bilen obadaş.

Kakamyñ aýdan, ýadymyzda galan gürrúñleize esaslanmak bilen okyjylaryñ ünsüni şu gośgy setirlerine çekýäris.

Magtymguly üç müñ üç ýüzi dursun,
Dört müñ dört ýüz kyrk dört sapasyn sürsün,
Her kim ussat bolsa jogabyn bersin,
Dört dalyñ bir züdedigi bilinmez.

Bu goşgy setirlerindäki 4444-den 3300-i aýyrsak 1144 emele gelýär. Bu sany hem ýokary jedwel hasabyna salýarys.
1144-1144/33+621.54=1144-34.66+621.54=1109.39+621.54=1730.88
Ýokarky setirlerden çen tutsañ hezreti Magtymguly atamyz 1730-njy ýylda doglan bolýar. Özi hem şu şygry 23 ýaşynda (4 dal+4+4+4+4+z+7=23) ýaşapdyr diýmek bolýar.

2018 ý.
"Ylahydan paý, Pyragy,
Ýokdur saña taý, Pyagy"
kitabyndan

© Seýdaly BABAÝEW,
şahyr, "Magtymguly Pyragy" medalynyñ eýesi
Bölümler: Magtymgulyny öwreniş | Görülen: 89 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Seýdaly Babaýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Kyyas • 16:57, 18.02.2023
1730-1807 ýyl bolýarda. Mümkin ýöne Magtymguly pyragynyñ ýylyny üýtgedenlerinde Beýleki klassiki şahyrlarymyzy hem unutmasalar gowy ýagny Zelili 1790-1844ý. Seýdi 1768-1836ý, Kemine 1770-1840ý. Magrupy 1734-1810ý. We Andalyp Mahmyt Gaýyby bilen döwürdeş bolýar ýöne Näme üçindir bir birlerine gabatlaşmaýar. Seýdi bn Zelili gabatlaşypdyr. Dostlaşypdyr. Ýogsam öz döwürdeşi Zynhary hem bar ekeni. Keminede bar. Hatda Seýdi Balkana Zeliliniñ ýanyna göçüp barýar. Belki Magtymguly Pyragyny görendir. Ýada Zeliliniñ bir kiçiräk rowaýatyna görä ýañy oýnap ýören oglanjyk wagty Daýysy Magtymguly pyragyny gören diýip okapdym. Umuman diýjek bolanym Pyragynyñ dogluş we aradan çykyş senesinde açyş etjek bolup beýleki klassiki şahyrlaryñ ýyllaryny ünsden düşürmeseler gowy.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203