Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:11
Näme üçin ýazmaly?


Näme üçin ýazmaly?

"Näme üçin ýazmaly?"diýlen soraga birnäçe jogaplar berip bolar,ýöne men iň esasy aşakdakylar ýaly jogap beresim gelýär.

1. Sogap gazanmak üçin .
2. Ile kömek etmek üçin .
3. Emri magruf,nehi münker.

Indi ýokardaky jogaplaryň üstünde has giňişleýin durup geçeýin.

1. Sogap gazanmak üçin ýazmak.

Bu jogaba eýýäm köpler doly düşünen bolsa gerek. Ýagny diňe baýlyk gazanmak üçin ýazman arasynda sogap gazanmak üçinem ýazmaly. Meselem Allatagala barada ylahy goşgylar döretmek,yslam dinine , dogry ýola çagyrýan manyly eserler ýazmak diňe biziň diri wagtymyz däl hatda bu dünýeden gidenimizden soň hem bize sogap gazandyryp biler. Meselem henizem Magtymguly işanyň ýazan goşgylaryny okap ,dogry ýola gelip, Magtymgula alkyş aýdýanlar az däl. Şu wagt men "Sen nä Magtymgulymy?"diýen soragy eşden ýaly boldum.Soraga jogabym"Hökman Magtymguly bolmalymy?" Şu wagt tehnologiýanyň ösen döwri , sähelçe zähmet bilen azajyk wagtyň içinde ýazanlaryňy millionlarça,milliardlarça ... adamlar bilen paýlaşyp bolýar. Biziň Türkmenistan döwletimizde hem şular ýaly sogaply işleri etmäne päsgelçilik göremok.

2. Ile kömek etmek üçin ýazmak.

Kähalat internetde "Maňa plan temadan,plan hili goşgy ýazyp beräýiň" ýaly haýyşlar köpümiz gabat gelensiňiz. Şol haýyşlar boýunça eser ýazyp adamlaryň alkyşyny almak biziň üçin uly bagt dälmi eýsem? "Altyn alma,alkyş al" diýen nakyla uýup illere gerekli eserler döretmek üçin ýazmaly.

3. Emri magruf we nehi munker sözüniň türkmençe terjimesi ,

1.Adamlary dogry ýola çagyrmak.
2. Adamlary erbet ýoldan gaýtarmak.

Hatda bu ikisi her bir adamyň boýnunda bäş wagt namaz okamak ýaly parz bolup durýar. Şol sanda edebiýat edep sözünden gelip çykyp ,onuň wezipesi adamlara ahlak terbiýe, edep bermekden ybarat. Çeper edebiýat adamyň aňyna ,duýgylaryna has ýiti täsir edýär.Sözi näçe uzaltsaň uzaldybermeli, ýöne uzaldyp oturjak däl. Ine "Näme üçin ýazmaly?" diýen soraga iň gowy jogaplar.

Gerçeknazar Amannazarow.
Bölümler: Söhbetdeşlik | Görülen: 102 | Mowzugy paýlaşan: Gerceknazar | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Мango • 23:20, 14.04.2023
umuman, ýazýanlar, çekýänler (surat çekýänler), düzýänler, goşýanlar, aýdýanlar, diýýänler, oýnaýanlar... sungata ýakynlaşanlar, adaty adamlardan biraz saýlanýanlar bolýar. olar (eger hakykysyndan bolsa) jemgyýeti terbiýeleýänler, jemgyýeti ugrukdyrýanlar, kämilleşdirýänler bolmaly.
olaryň gazanjy barada... bilmedim, ýöne "biziň obamyzda" ýazyp-pozup gazanç etmek kyn zatmyka diýýän. ýewropada auditoriýa kän, kitap okaýan kän, neşirýätlar sen mynasyp bolsaň kitabyňy çykaryp hem saňa hem özlerine gazanç edip bilýäler... çeken suratlaryňy şahsy kolleksionerler alýalar...
sogap... sogap... sogap bolsa her kese gerek zat, ýazýana-da okaýana-da...

ýeri bolýa, ýöne " Ile kömek etmek üçin ýazmak. "Maňa plan temadan, plan hili goşgy ýazyp beräýiň" ýaly haýyşlar ...boýunça eser ýazyp adamlaryň alkyşyny almak biziň üçin uly bagt dälmi eýsem?" diýen pikiriňe... ýok diýýän. bu bagt däl diýýän.
men-ä zakaza işleýän sungat adamlaryna hormat goýasym gelenok. olara sungat adamsam diýesim gelenok. olara orsça aýtmaly bolsa ремесленник diýäýmesem. zakaza ýazylan goşgulary okamagam özüňi äsgermezlik bolýa. meniň pikirim. ylalaşman bilersiňiz.

«emr-i bi’l-maruf we nehý-i ani’l- münker» barada.
bu emir, ýagny «ýagşylygy ýaýyp (maslahat berip), erbetlikden saklamak (päsgel bolmak)» musulmanlara berilen emir we ony elbet-de her kes, adam bolan her kes ýerine ýetirip bilse ýagşy. şeýle hem ýazýanlaram.

sozuň soňunda Gerçeknazar seniň sözsoňyňa deginesim geldi. näme diýýäň:
"Sözi näçe uzaltsaň uzaldybermeli, ýöne uzaldyp oturjak däl. Ine "Näme üçin ýazmaly?" diýen soraga iň gowy jogaplar".
jan jigim jan! beren jogabyň iň gowy jogapdygyny nireden bilýäň. näme sebäpden özüňe özüň uly baha kesýäň. gowy jogapmy, gowurak jogapmy - ony biz aýtmaly ahyryn.
ýene-de, minnetdar.
janyň sag bolsun, döredijilikde üstünlikler.
avatar
0
2 ibrahimbadakhshan • 03:27, 15.04.2023
Gerçeznazar, Siz ýazyjy-şahyr bilen ahun-mollalaryň ýerini çalyşypsyňyz, özüňem ýazyjy boljak bolup ýörmegiň deregine, baryp mollaçylyk okasaň, sizden bir gowy ahun çykmagy mümkin, ýöne şahyr-ýazyjy hiç haçan çykmaz. Biz dini adamlaryň işine burnumyzy sokmaýas-a, sizem biziň soraglarymyza iň dogry jogap gaýtarjak bolup azara galmaň! Özümiz jogap agtararys
avatar
3
3 Medicall • 04:44, 15.04.2023
Ywraýym daýy, mynyñyza siziñ "ýazyjylygñyza-da" , ýaşyñyza-da gelişmedik ýaly. Siziñ bu teswiriñiz ýaly aýtmagy her kim oñaraýjak ýaly, hakyky ýazyjylar welin oñarmajak ýaly. Başgaçarak aýdaýmaly ýaly.
Menem gödegräk ýazdym. Jogap gerek däl ýaly.. Sagboluñ.
avatar
1
4 Kyyas • 13:25, 15.04.2023
Men näme üçin ýazýanyma anyk jogap berip bilemok, Ilkinji nobatda duýgulandyrsa, kimdir biriniñ pikiri bolsun, özümde döresin esasy duýgy oýarsa, içimden çykan setirleri bezäp bilsem. Zakaza ýazylan goşgy (kähalat ýüzden geçip bilmeýänlerim bolaýmasa) Mango daýy bilen pikirdeş. Bu sözleriñ bilen biraz Ibrahim kakanyñ gaharyny getiren bolsa, diýmek birazajygam bolsa, jogaby ýerlikli(gödegräk diýmeseñ). Ýazmagyñam dürliçe düşündirip bolar. Ýöne hakyky ýazyjy şahyrlaryñam bir gapdalynda gazanç bardygyny aýtsam ýalñyşmasam gerek. Emma ýörüte reklama edip zakaz alýan bolsalar. Onda olara şahyr, ýazyjy diýmek gelşiksiz, biznesmen diýesim gelýär.
avatar
0
5 Gerceknazar • 00:23, 16.04.2023
Mollaçylygy okadym ýöne ahuna çykmadym. Ahun bolmak dilde aňsat ,durmuşda juda kyn mesele.Görerisdä Alla nähili ykbal nesip etse ýaşaberýäs. Ýöne ýazyjylykda höwesim bolan soň ýüregimdäkileri ýazyberýändä.

Dogrysy özümem käbir "mollalary "halamok
avatar

Старая форма входа
Total users: 202