Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:54
Odunçy artist / hekaýa

ODUNÇY ARTIST

Seniň çaşyryp giden beýniňi ýene özüm ýygnadym, eý, meniň hem maddy, hem ruhy taýdan ideal edip döreden aşyk gyzym. Şu nukdaýnazardan seretmändirin, bir gün gidip biljegiňi, üstesine, söýgiň owuntyklaryny syryp-süpürip howlymyň öňünde üýşürip gitjegiňi oýlamandyryn. Başga bir ideal näzenini ýene-de döretmek üçin düşmerin basga. Galyberse-de, sensizlige halys öwrenişipdirin welin, özüm ideallaşyp barýan indi.
Ýekeje zat ýetenokdy saňa ýa artykdy juda. Olam men, ýa ýetmedim, ýa artykdym. Indiki ýatlajak bolýan wakamda seniň saçlaryň ýok, ýöreýşiňdäki agyrdan alýan ädimleriň aşagynda ezilmeýänem. Bu waka iki köçe aňyrdan akýan salmaň ýokarsynda ýaşaýan goňşularmyz barada. Ozal mikraýonymyz birdi, soň bölündi. Ol uzak goňşularymyzyň biri agasydy, biri inisi. Inisi köne öýünde galypdy, birnäçe ýyl ozal. Agasynyň jaýy gojaman we aňarsy-bärsine diwar ýetmeýän atyzlydy. Ulagly barmalydy. Nämedir ýa haýsydyr bir sebäp bilen agasy kiçisiniň öýüni ýykyp-ýumurmak üçin ogullaryna buýruk berdi. Inisi bolsa öz ogullaryna käýäp, abanyp gelýän güýji sowurmagy buýurdy. Elbetde, ikinjiň ýaşlaram kiçidi.
Ýönekeýje wakajyk, men bulary saňa aýtmanam bilerdim, asyl hiç kime-de dil ýarman oňýardym. Ýöne dynç alyş güni tutulan balyk mysaly dilem towlana-towlana suwa gaçýar. Sözler bolsa hälki salmany doldurman akýan suw ýaly gidip otyr. Maşgalaň gohy ile nämä gerek boldy bilmändim şonda, bu wakany biri gowja ýazypdyr-da, teatra beripdir. Olaram halap, anşlag edip oýny goýarman boldular. Şol oýna tomaşa etmäge gidipdim, senem bardyň. Doly ýadymda däl, barmydyň şonda ýanymda.
Artistler elinde baryny edýärler welin, pýesa şowly çykmasa maýmyn bolaňda näme?! Tomaşaçylar näme gorüp, näme eşidenlerinem aňşyrmadylar. Biri agaň, biri iniň tarapdary. Bizem köne mikraýondaş bolup, güýjümiz ýetmese-de uşajyk sözlerimizi gaýgyrmandyk.
Teatryň çyrasy öçende diňe her kim ullakan wakanyň sahnalaşmagyna garaşdy. Ol ondanam uly çykdy, ýagny ses. Tark, soň ýene batly tark, ýene-de tark. Artist gara beräýenok. Asyl şol oýna alynmadyk güýçli artisleriň biri sahnaň arkasynda, aýnasy çala açyk howluda odun çapýan eken. Ol tarkyldy şondanmyş, ýüreklere suw sepildi.
Seňem gulagyň deşilere gelipdi, ana, ýadyma düşdi, bileje gidipdiris. Ol odunlary çapyp näme etjekkä diýipdik, tutuş sahna niýetlenen ekeni barysy. Her burçunda oklanyp, tutaşmagyna garaşdylar. Teý bir kükürt tapylman geçdi. Ahyrsoňy masgaraçylyga çydamynyň çägi dolan ýaňky artistiň özi saý-sebäp bilen sahna çykyp, odunlardan birkisini ýygnan boldy. Asyl görsek ýaňky baş gahryman aga-ini şol odunlar bilen uruşmaly ekenler. Goňşy golamlaram olara odun daşap bermeli.
Seniň näzikligiň ýüpekden örülensoň uruş, goh, bular sahnada hem oýnalsa ýüregiň gyýylýan eken. 'Hih' diýip içiňi çekeniň henizem kölümi aýyrdýar. Seni döredemde ähli erbetlikden we gödeklikden halas edipdim. Bulam şonuň doly bişişen miwesidi. Ýere düşseň toprak buýsanç bilen götererdi seni. Uzaga çeken oýunda artyk lezzet alyp bilmän çykyp gezim edeli diýdik. Şeýdibem birtopar tomaşaçylaryň içinden syrygyp geçdik-de, teatr binasynyň arkasyndaky baga tarap ýöneldik. Tark, tark... ýene şol ýaňky daýy, wiý, güýçli artist. Ýanyna bardyk. Kömekleşeli diýdik, bärde munuň näme geregi bardy, azaltmaly diýdi töwerekdäkileri. Çöpleşeli diýdim, beýle zerurlygam ýok eken, dumly-duş doly eken odundan. Bize nämüçin çalt gaýtdyňyz diýdi, içimiz gysdy diýdik. Soňy gowy gutarýa, çalt giriň, puşman etmersiňiz diýdi. Halys bolmasa gaýdaýarsyňyz...
Yzymyza ýumlukdyk, tomaşaçy toplumynyň arasyndan boş ýer tapyp çökdük. "Sen ilki başladyň, eger atamyzyň öýüne biziň islemeýän myhmanlarymyzy getirmedik bolsaň basmazdyk", "Seň öz öýüň bar, giň hem kaşaň, sana näme mundan" diýende, inisi çekinibräk jogap gaýtardy. Bar goňşulary kiçiniň ýanyndady, hakyky durmuşda-da. Arakesmedäki aýdymy gowy görýärdiň, eý, meniň juwan gaharymyň goja duýgusy. "Odun oduna bakar / Arada salma akar / Odunça muň parhy köp / Baryny özi ýakar"... Tomaşaçylar alyp göterdiler yzyny...
Barybir ýene uzaga çekdi. Seniň ýalbarýan gözleriň ýalnyna galkan tutmak çetindi. Aýaga galdyk, birden batly düňküldi ýaňlandy zalda. Indi gutarar öýtdük, bu gezek palta sygryň guýrugyna degäýendir öýtsegem, başdan-aýak guryp galan agajyň köküne degipdir. Şonuň agdarylyşynyň sesi eken. Tisginip gidişiň ýaňy bir höwürtge deý ýygnalan dagynyk saçlaryňda mesgen tutan ürkek guşlary uçuryp goýberdi. Olaryň ganat urşunda bize-de ýol göründi.
Ýene teatryň arkasyna geçdik. Sen gazap bilen odunçyň elindäki paltany garbap aldyň-da çapmaga başladyň. "Me saňa, al, ýene gerekmi"... Gadymy döwrüň merdana zenanlary janlandy gözümiň öňünde. Seniň kämilligiňe beýle aýratynlyklaram goşanyma özümden hoşal boldum.
Ýuwaş-ýuwaş daşlaşyp barýardyk tarkyldydan, gaharly odunçydan. Çyndanam, şeýdip çapmak nämä derkar bolduka? Byçgylasa-ha sesem çykmazdy, dogrusy, onda gaharam çykmaýar. Içiňi sowatjak bolsaň – odun çapmaly. Yza çalaja gaňrylyp seretsem, maňlaý derini süpürip, biziň goşa bilbil bolup barşymyza syn edip durandygy göze ildi. Berekella, arasynda kütelýän paltany ýiteldýänem eken ol goja.
Seniň dymyşlygyň oýnuň täsirinden däldigine gözüm ýetensoň, ýoly başga ýana çekdim, biziň mikraýona tarap. Saga sowuldyk-da sägindik. "Ana seret, şol diýýän goňşularymyň öýleri. Hol ulusy agasy, kiçisi inisiniňki. Ýaňky oýny biziň ýanymyzdaky goňşy ýazypdy. Ýöne edil odun bilen biri-birlerine haýbat atarlar öýdemokdym".
"Iň bolmanda söz bilen düşündiräýmeli ekenler, söz odundan gaty güýçli ahyry"... Muňa-da jogabym bardy, hem şu wagt gelen sms-e, hem seniň diýýänleriňe. Gepi süýndüresim gelmedi. Sebäbi seniň çaşyryp giden pikirleriňi barybir özüm ýygnamaly, ýygnadymam. Anha-da biziň howlymyz, näçe owuntyk üýşürseňem, ýel gelip baryny dagydar ýaly bir etmäweri. Şol günki oýun gutarmady, saňa bolan duýgularymam. Senden soň birki ideala duşdumam, aslynda sen barkaň, ýöne olar meniň käbir eserim üçin zerurdy.
Salmadan böküp geçip atyza girdim. Ullakan köneden galan töňňe bardy, sen görüp ýetişmediň, giren dessime palta ýapyşdym. Sensizligi dyzym bilen döwdüm, güýjümiň ýetmedigini töňňä goýup, paltaň ýeňsesi bilen ýençmäge başladym. Gurap ýetişmedik şahalaryny topraga dürtdüm, gözüm bilen suwardym...

© Seýran OTUZOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 141 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
0
1 Мango • 23:13, 29.11.2023
sürrealistik hekaýamy?
düşünmedim.
"düşünen bolsam gawun bolaýyn" diýilýädimi?
onda-da 5 ýyzzyl.
avatar
0
2 sussupessimist • 00:06, 30.11.2023
.
avatar
0
3 Mekan2 • 09:36, 30.11.2023
gram düşünmedim.

sözlem düzüşine söz ýok. kä ýerinde goşgy okap oturan ýaly bolýaň.

okap bolaňsoňam içiňden "@#$%№&*()t hiç zada düşünmedimäý" diýeniňi duýman galýaň.
avatar
0
4 Medicall • 10:31, 30.11.2023
Akyllysiraýinne şulara)))))))

Düşünmezýalynämmaotayda
O duran-a mikrorayon.
Hoo uly howlam uly agasynyñ howlysy, gapdalyndaky kiçem kiçi inisiniñ howlusy. Öñ bary üýşip yaşayankenle, onnoñ salmany paylaşyp bilmannirler, sögüşip, wurşup hersi bir tarapa çekip salmany bõlüpdirle, goñşularyñam bary kiçiñ tarapynnakenler))) artistem näme özüne rol oynadylmansañ odun çapypdyr, çapyberipdir, çapyberipdir, onnonam ýazyjymyzyñ hut õz döreden ideal hyyaly gahrymany gorkup olam söygisini howlularyna üyşirip, ýazyjymyzyñ pikirini bilgeşleýin çaşyryp gidipdir. Gidip oñorypdyram:)))
O ýazyjymyzam öñ o ideal barkada oñ gapdalyndanam ylham almak üçin iki ideal döreden eken, gowy edipdirda gidip şoñçürip... Özem baryp gaharyna artistiñ paltasynada ýapyşypdyr. Artistem name, artistda, tark tarkyny goyaymandyr wagtynda)))
Size düşündirjek bolup meñem pikirlrem pytrady, inni olary özüm ýeke ýeke çõplaýin))
Düşnüklimi inni?? Düşündiripbillimmi? Düşünen bolsañyz mañada düşündiraýiñda gaýrat edip:)

Gowy! Haladym (@Mangoñ aýdyşy ýaly menem aydyp galayyn: mennenem 5 yllyz basylandyr agşam okamda)))

Sagboluñ!
avatar
0
5 Mekan2 • 11:19, 30.11.2023
biz (we biz ýaly "pany"lar) eserdäki odunlar bolmagymyzam ahmaldyr.

hojalyga görä has masştablyrak pikir etmekli 30-a ýetmek üçin. siziň diýýäniňiz 15-e-de ýetenok bolaýmasa :-)
avatar
0
6 Medicall • 11:30, 30.11.2023
Düşünnirda onno))

Düşündiremdede düşünmansiñiz-da, menem hojalygyñ gürrüñini düşündirmedim, bizden daş owodaky aga iniñ - eserdãki gahrymanlañ keşbini düşündirdim:))

Şutayjygynyda ýazaýşyna sereday-da:

"Çyndanam, şeýdip çapmak nämä derkar bolduka? Byçgylasa-ha sesem çykmazdy, dogrusy, onda gaharam çykmaýar. Içiňi sowatjak bolsaň – odun çapmaly.")))
avatar
1
7 Mekan2 • 11:36, 30.11.2023
düşündirip bolanokda onda* men häli onda

düşündirmek üçin otuz gerek, şeýle gerek?**

*10
**şeýle bir gerek
avatar
1
8 Medicall • 11:37, 30.11.2023
onnoha bolýorom ol:))))
avatar
0
9 Atsyzatly • 11:39, 30.11.2023
Ýazylyş dili süýji welin, beýle gizlilik, beýle göçme manylyk zerurmyka bir esere? Tapawudy nä iň soň ýazardan başga hiç kim düýp manysyna ýetip bilmese? Iň bolman eseriň ýomagyny çözlemek üçin çelgi bolar we temany has açyk beýan eder ýaly epigraf goýmalymy söz başynda, bolmasa-da detaillaryny köpeltmelimi, garaz, bir zada etmeli ýaly duýulýar maňa. Ýene-de hekaýa barada häzirki düşünjäm bilen düşünendirin öýden zadymy aýtsam, birhili geosyýasat, rus-ukrain urşy barada barýan ýaly bolup dur gürrüň. Ol sahna arkasyndaky esasy aktýoram şol siziň pikir edýän zadyňyz ýaly bolup dur meň üçin-ä.
avatar
1
10 sussupessimist • 14:21, 30.11.2023
.
avatar
0
11 sussupessimist • 11:39, 14.01.2024
.
avatar
0
12 garagar • 11:25, 15.01.2024
"Seniň çaşyryp giden beýniňi ýene özüm ýygnadym, eý, meniň hem maddy, hem ruhy taýdan ideal edip döreden aşyk gyzym. Şu nukdaýnazardan seretmändirin, bir gün gidip biljegiňi, üstesine, söýgiň owuntyklaryny syryp-süpürip howlymyň öňünde üýşürip gitjegiňi oýlamandyryn"
–owadan

Artistleriň artistligi bir ýana, gahrymanyň idealisti barada aýdýanlary–şol galmagalda biziň rahatlygymyz, biziň dünýämiz diýýän ýaly:

"Seni döredemde ähli erbetlikden we gödeklikden halas edipdim. Bulam şonuň doly bişişen miwesidi. Ýere düşseň toprak buýsanç bilen götererdi seni"

Hamala, awtor sahna bilen okyjyny ikiçäk goýýar-da, gahrymanlary daşary çykarýar:
"Tisginip gidişiň ýaňy bir höwürtge deý ýygnalan dagynyk saçlaryňda mesgen tutan ürkek guşlary uçuryp goýberdi.Olaryň ganat urşunda bize-de ýol göründi. Ýene teatryň arkasyna geçdik"

Sahnalardan has möhüm zatlaryň bardygyny, ýöne artistlere aňalyp, zerur zatlary ýatdan çykaryanymyzy ýatladýan ýaly:
"Sen gazap bilen odunçyň elindäki paltany garbap aldyň-da çapmaga başladyň. "Me saňa, al, ýene gerekmi"... Gadymy döwrüň merdana zenanlary janlandy gözümiň öňünde. Seniň kämilligiňe beýle aýratynlyklaram goşanyma özümden hoşal boldum"

Şahyrana:
"Ullakan köneden galan töňňe bardy, sen görüp ýetişmediň, giren dessime palta ýapyşdym. Sensizligi dyzym bilen döwdüm, güýjümiň ýetmedigini töňňä goýup, paltaň ýeňsesi bilen ýençmäge başladym. Gurap ýetişmedik şahalaryny topraga dürtdüm, gözüm bilen suwardym..."

Sahnanyň ajylygyny beýle süýjilik bilen, berip boljak eken.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203