Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:31
Ogultäç Oraztaganowaly edebiýat agşamy (Jemi)
OGULTÄÇ ORAZTAGANOWALY EDEBIÝAT AGŞAMY.

Bu gün 2023-nji ýylyň awgust aýynyň altysy. Ine ,bu gün hem paýtagtymyz Aşgabatdyň "Kämil bilim" merkezinde edebiýat agşamy geçirildi. Edebiýat agşamynyň bu günki myhmany şahyr Ogultäç Oraztaganowa  boldy. Edebiýat agşamynyň açylşyny Myratgeldi şeýle sözler bilen başlady:
-Ilki bilen hemmäňize salam! Geçen duşuşygymyzda döredijilige gelşi barada temalardan başlap, aýratyn goşgylary diňlemäge gelenler bar , galyberse-de goşgular okap berjekleriňiz bar. Şeýle gitmegi maksada laýyk hasaplaýas. Onda näme edebiýat agşamyny "Açyk" diýip yglan edýän.
Zalda şowhunly elçarpyşmalar ýaňlandy . Soňra Ogultäç Oraztaganowa söze başlady :
-Salam mähriban doganlar! Meniň özüm köpçüligiň içinde çykyş edip ýörenem bolsam , şu wagt ilkinji gezek özüm barada gürrüň berjek bolýan. Şonuň üçin biraz aljyraýan. Aýyplaşmaweriň.
Şu ýerde Ogultäç Oraztaganowanyň gysgaça terjimehalyna göz aýlap geçeliň.
Ogultäç Oraztaganowa 1967-nji ýylyň 3-nji iýunynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy obasynda doguldy.
1974-nji ýylda şol obadaky 17-nji orta mekdebine kabul edilip , ony 1984-nji ýylda tamamlady. Şol ýyl hem Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine  okuwa girip, 1987-1990-njy ýyllar aralygynda  Leningradyň (häzirki Sankt- Peterburguň) Žnadow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetinde dowam etdirdi we üstünlikli tamamlady .
1990-1991-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň merkezi mugallymlary kämilleşdiriş institutynda işgär, 1991-1997-nji ýyllarda "Halk sesi" gazetiniň redaksiýasynda habarçy , 1997-1998-nji ýyllarda "Adalat" gazetiniň bölüm redaktory bolup işledi.
1998-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli "Galkynyş" gazetinde bölüm redaktory bolup işledi. Häzir bolsa "Watan" gazetiniň bölüm redaktory wezipesinde işleýär.
Şahyryň döredijilik we durmuş ýoly barada has giňişleýin maglumatlary geliň halypanyň öz dilinden diňläliň:
-Durmuşym barada aýdanymda üç sany oglum bar . Ýokary okuwy gutaryp geldim onsoň "Halk sesi" gazetiniň redaksiýasynda işledim. Agam bardy , Allaberdi Oraztaganow , türkmen dili we türkmen edebiýaty kitaplaryny taýýarlaýardy. Şol meni alym etjek bolup kän heläk boldy . Men oňa diýdim "Men bu çygra sygmaýan , serhetsiziräk men. Serhetliligi halamok " diýdim-dä. Birem häzir meni şeýdýän adamlaram bar ,(diýip ol  iki elini aşak göýberdi) şeýdýän adamlaram bar (-diýip iki elini ýokary göterdi.) Onuň üçin men hiç kimi günäkärlämok. Günäkärläbem bolmaýar olary. Men kim üçin gowy?! Düýn jorama "Sen gowy " diýdim-dä . Olam diýdi "Men  seň üçin gowy  ,pikir etme hemme adamlar üçin gowy däl men ,diňe seniň üçin gowy "diýdi-dä , joramyň şo pikirini gaty haladym. Şoň üçin şahyrlyk meselesinde-de meni şeýle gowy görýänlerem kän. Gijeler ýatman goşgylarymy okaýanlaram kän . Bilýän-dä. Meň özüm ýatamok , gijelerine üçden, dörtden bäri.  Onsoň käbirleri halamanam biler meniň goşgylarymy. Esasy durmuşda gowy görýän zadym bar, adamyň hemme arzuwlary amala aşmaýar . Üç sany oglum bar . Allajan näşükür däl. Mydama , durmuşa çykmankamam, gyzy gowy görýärdim. "Meniňem gyzym bolsady" diýip arzuw edýärdim. "Meniň şeýle gyzym bolsa "diýip goşgum bar . Gyzym ýok ýöne gyzy gowy görýän . Şol goşguny okap beräýin.
Şahyr şeýle diýip aşakdaky şygryny okap berdi.

Näçe söýsem az görünse,
Duýgusynda ar görünse,
Gözlerinde Aý görünse,
Meniň şeýle gyzym bolsa!

"Ah!" diýemde duýup bilýän,
Her dem Haka uýup bilýän,
"Käbäm bar-a!" diýip bilýän,
Meniň eziz gyzym bolsa!

Bir enaýy bagty boljak,
Süleýmanly tagty boljak,
Tüm gijede ýagty boljak,
Meniň eziz gyzym bolsa!

Gözlerinden kuýaş ýagýan,
Ýüreginde Güneş dogýan,
Maňa "Entek sen ýaş!" diýýän,
Meniň eziz gyzym bolsa!

Bolsun onda dogan, gardaş,
Diýsin: "Gel-ä, bäbek gundaş!",
Gözlemesem başga syrdaş,
Meniň eziz gyzym bolsa!

Belki, eýýäm bardyr sizde!
Şatlyk bolsun ýürek, gözde,
Düşünýän kän ýeke sözde,
Meňem şeýle gyzym bolsa!.

Şowhunly elçarpyşmalardan soň Ogultäç gelneje sözlerini şeýle dowam etdi:
- Meniň özüm öýde aýdym-saz açyp tans etmegi gowy görýän-dä. Şonda çagalarym maňa "Eje, ýaşyňy bir bilýäňmi ?!" diýýärler . Menem "Ýok men entäk ýaş, men entäk garramok" diýýän-dä. Juwanlyk , ýaşlyk ,adamyň ýüreginde bolsa gowyda . Men köp ýyllap eje hakynda kän goşgy ýazdym. Sebäbi meniň şeýle bir mähriban ejem bardy. Hemmeleriň ejesi üýtgeşikdir ýöne meniň ejem gaty üýtgeşik aýaldy. Düşünjelidi, maňa düşünýän ejem bardy. Köplenç ýanymda bolýardy. Şonda ola iş edýärdi , menem goşgy ýazýardym.Ejeme bagyşlan goşgym bar , şony okap beräýin -diýip şahyr ine şu goşgusyny okady.

Uzak gün sen hakda oýlandym ýördüm,
Hüwdüleňden täsin heň ýasap eje!
Eger-de elimden gelýän bolsady,
Direlderdim seni dem ýasap eje

Geň bolup görünýär dogrysy maňa ,
Kakamdanam ýaşynjyrap ýörüşiň.
Elimize synny, keser tutduryp,
Diýýärdiň sen "Wagty geldi ýaryşyň!"

Yzyna dolanmaz indi o günler,
Gapymyza guşlar gelip saýramaz.
Menem ak alaňlaň üstüne çykyp,
Okan goşgym, dumly-duşa ýaýramaz.

Günbe-günden urgusyny peseldip,
Ýüregmiň ýarysy gitdi seň bilen.
Goşgulamdan geçip, şol günden bäri,
Aýdym aýdyp ýörün zaryn ses bilen.

Uzak gün sen hakda oýlandym ýördüm,
Hüwdüleňden täsin heň ýasap eje!
Eger-de elimden gelýän bolsady,
Direlderdim seni dem ýasap eje.

Soňra Ogultäç Oraztaganowa söhbetdeşligi öz döredijiligi barada şeýle gyzykly gürrüňler bilen dowam etdi.
-Nähiliräk ýazýanym barada sorasaňyz , men özümi döredijilikde kän ýazýan adamlaryň hatarynda goýýan. Esasy gowy görýän zadym, görüp otursam , goşgy ekeni. Ylaýtada goşgyda-da "söýgüm, söýgülim" diýip ýazsalar men kän halamok. Meniň goşgylarymy okaýan adamlar bilýändirler "yşk" sözüni köp ulanýan men.Öz yşkymy owadan görýän. Hem-de hemme adamlary söýmeli däl diýip düşünýän.Mynasyp adamlary söýmeli . Gowy adamlary söýmeli . "Meniň yşgym,meniň yşgym" diýip aýdyma meňzäp duran owadan goşgym bar, şony okap beräýin- diýip halypa şahyr öz owadan hasaplaýan yşgy barada ýazan goşgysyny okap berdi.

Meni ýeller oýandandyr,
Şygrym kän çaý sowadandyr,
Ýazlar ýaly owadandyr,
Meniň yşgym , meniň yşgym .

Kemim barmy-sazlar durar,
Gökden Aý dek synlar durar,
Ýüregimi sözlär durar,
Meniň yşgym , meniň yşgym .

Derýa kibi akmasy bar,
Uýaljyrap bakmasy bar,
Ýürek taryn kakmasy bar,
Meniň yşgym , meniň yşgym .

Bulaň bary hyýalydyr,
Gül ys, tämiz howalydyr,
Özüm ýaly haýalydyr,
Meniň yşgym , meniň yşgym .

Müşk bardyr gyzgyn deminde,
Durar ol ,Arşyň deňinde,
Sözlär, kalbymyň dilinde,
Meniň yşgym , meniň yşgym .

Birde şatlyk gam ýalydyr,
Düşmedige geň ýalydyr,
Gökde dogan Gün ýalydyr,
Meniň yşgym , meniň yşgym .

Şahyr her goşgysyny okap bolan badyna , jaýda şowhunly elçarpyşmalar ýaňlanardy. Elçarpyşmalardan soň Myratgeldi Hallyýew şahyra şeýle sorag bardi.
-Ogultäç gelneje ! Soňky wagtlar günde-günaşa goşgy döredýäňiz öýdýän hä, imony açýan welin her günde täze düzen goşgylaryňyz bar.
- Hawa, okyjylarym goşgylarymy halaýarlar welin menem joşýan-da, birhili. Onsoň gowy-gowy goşgylar döredesiň gelýär." Döredijilik "diýiliýän her kim bilen gatnaşykda bolmasaň öz-özünden döremeýär . Onsoň suratkeşler bilen, aýdymçylar bilen , sazandalar bilen , söwdagärler bilen (diýip, ýylgyryp Döwlet Orazsähedowy görkezdi) gatnaşykda bolup , şolaryň pikir dünýäsini öwrenesim gelýär.
Şol wagt Annajemal Amanowa:
-Halypa şägirdiňiz barmy?- diýip sorady. Ogultäç halypa bu sowala bir agyz :
-Şägirdim bar - diýip Nury Sakçyny görkezip:
-Örän gowy görýän-dä şu oglany , ýeriňden turaý bala-diýip Nury Sakçyýewi ýerinden turuzdy. Şonda Çary Ataýew:
-Ady, familýasy?!-diýip Ogultäç gelnejä ýüzlendi. Ogultäç Oraztaganowa :
-Nury Sakçyýew -diýen badyna Çary Ataýew :
-Hä, goşgylaryny okaýan -diýdi. Ogultäç halypa şägirdini görkezip :
-Şu oglany men çagam ýaly gowy görýän ".Nury Sakçyýewiň goşgylaryndan Kakamyrat Ataýewiň goşgylarynyň ysy gelýär " diýýän men. Goşgylaryňy okap beräý balam!- diýip Nury Sakçyýewi orta çagyrdy. Şol wagt Çary Ataýew , Nury Sakça ýüzlenip:
-Bir ýerde okaýaňyzmy?!-diýip soragy . Nury Sakçy oňa:
-Howwa , Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetinde okaýan-diýip jogap berdi. Soňra Nury Sakçyýew hemmeleriň öňüne çykyp Ogultäç Oraztaganowa bilen baglanşykly şeýle gyzykly wakalar aýdyp berdi.
-Meniň Ogultäç Oraztaganowa bilen tanyşlygym okuwçy döwürlerimde başlanypdy. Bir zady belläsim gelýär ,şol wagtlarda Ogultäç gelneje bilen gatnaşmagyma "Garagum" žurnalynyň 2018-nji ýylyň 8-nji sanynda , Hangylyç Tagangylyjow yň , Ogultäç Oraztaganowa bagyşlap ýazan makalasyna gabat gelmegim hem uly itergi berdi . Ol makaly , ynha, "...Ýöne ýürekdäki yşgym  diňleme !" diýlip berlipdir. Şonda Ogultäç Oraztaganowanyň örän gowy, duýgyly goşgularyndan hem bölekler getirlipdir. Men şol makalany , goşgylary okap Ogultäç gelnejäniň döredijiligi bilen gyzyklanyp ugradym. Şonda duýgyly goşgulara höwrügip , şolar ýaly goşgylary has hem gowy görüp başladym.
Şeýle-de Ogultäç Oraztaganowanyň telewizorda goşgy okap ýerine ýetiren çykyşlaryna gabat gelsem uly höwes bilen , ýanymda biri oturan bolsa, onam gürletmän, telewizoryň sesini gaty açyp diňleýärdim. Soňra men Ogultäç gelneje bilen söhbetdeş bolmak üçin onuň işleýän ýerine - Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanyna "Galkynyş" gazetine bardym. Barsam bar eken özi. Salamlaşyp, özümiň goşgy ýazýandygymy aýtdym, hemem goşgularymy görüp bermegini haýyş etdim. Ol meň goşgularmy okap, gowy gördi. Ýogsam şol wagtlar, okuwçy döwürlerimdi-dä, onsoň gaty gowy goşgularam däl-di olar. Şeýle hem, Ogultäç halypa maňa ilkinji gezek gazetde çykyş etmegime kömek berdi. Köp-köp sag bolsun! Indi şol ýaňky diýen makalamda goşa dyrnak  bilen berlen iki  bent  Ogultäç Oraztaganowanyň  goşgularyndan aýdyp beräýin.

...Men yşkdan ýanany bilmen gandyryp,
Yzymda bir bölek arman galdyryp.
Gursagymy duýgulardan dolduryp,
Ýöräp barýan seniň ýörän ýoluňdan...

Neýlediň yşk, gidýär aýagym taýyp,
Şonda-da özümi bagtyýar saýyp,
Gara saçlarymy howada ýaýyp,
Ýöräp barýan seniň ýörän ýoluňdan...

(,,Seniň ýörän ýoluňdan")

  Şeýle-de, Ogultäç gelnejäň güýz hakynda bir goşgusy bar, şonda hem şeýle bir goşa setir bar, ýagny: ,,Duýgularym ýöräp barýar,
Arasyndan ýapraklaryň" diýip. Ana şony epigraf edip aldym, hemem goşgymyň soňky bendinde ulanyp, özüm hem goşgy ýazdym. Edil bu wagt güýz bolmasa-da, şol goşgymy ,mümkin bolsa, okap beräýin:

Güýz

"Duýgylary ýöräp barýar,
Arasyndan ýapraklaryň."

Ogultäç Oraztaganowa

Baglar zerbap donun geýer,
Ömre ýatladyp köp zady.
Suratkeşleriň ussady,
Meň täzeçil güýzüm geler.

Suw meýilli gurbaga deý,
Ýel ýüwürmäge döwtalap.
Pikrimiň maňlaýynda der,
Güýzüm , barýan saňa tarap.

Ýaprak gaçýar ömre meňzäp,
Durnamam ugrar daş ýola.
Bak ýar maňa birje ýola,
Duýgylam galmasyn zeňläp.

Täze gelen gelin deýin,
Leýlisaçlar ejap eder.
Güýzüm , ýoluňdan gideýin,
Sen ogluňa ejaza ber!

Hatda söýerin tikeniň.
Päkdir ol kalbyň kirinden.
Güýzde güýzän pikirimden,
Baglara lybas tikeýin.

Aladasyn zyňyp bir ýan,
Ýeller kakar depreklerin.
"Duýgylarym ýöräp barýar,
Arasyndan ýapraklaryň"

Soňra Tawus Pirmedowa , Ogultäç gelneje ýüzlenip:
-Halypa menem bir goşgy okaýyn !-diýdi. Ogultäç Oraztaganowa :
-Okaý-okaý -diýeninden soň Tawus hemmeleriň öňüne çykyp :
-Mähribanlar ilki bilen salam! Halypa şu taýda Maksat Şakirow atly şahyryň "Aglatmagyn ejemi" diýen goşgysyny okap beräýin- diýip, ine şu  goşgyny okap berdi.

Aglatmagyn ejemi

"Aglatmagyn , aglatmagyn ejeňi!"

Kerim Gurbannepesow.

Öýkünme däl Kerim agaň sözüne,
Ganly ýaş doldurma gara gözüňe,
Bir gulak sal hassa şahyr sözüne,
Eý şum pelek aglatmagyn ejemi!

Kesele aldyrdym ýaşlyk döwrümi,
Men ýataryn ejem çeker jebrimi,
Aýtsana seň şu edenleň dogrymy?
Eý keç pelek aglatmagyn ejemi!

Ömürleri ýakýaň göýä şem ýaly,
Agy sesi bir ölüme deň ýaly,
Şu wagta çen agladanlaň kem ýaly,
Ýeter artyk, aglatmagyn ejemi!

Dynman aglap, göz ýaşlary köl boldy,
Agysyna jiger-bagrym köz boldy,
Her näçe ýalbarsam ýene az boldy,
Besdir indi aglatmagyn ejemi!

Keç ykbalym ele alyp bilmerin,
Elimde erkim ýok ölüp bilmerin,
Ýaňadan dünýäge gelip bilmerin,
Zalym pelek aglatmagyn ejemi !

Käbäm diýer "Derdim özüm alaýyn,
Gal aýaga, men saýaňda galaýyn"
Wah aglasaň neneň bagtly bolaýyn,
Meniň üçin aglatmagyn ejemi?!

Çarhypelek aýlap dur öz çarhyny,
Ýamandan saýgarman ýagşyň parhyny,
Men töläýin sen aýt bagtyň nyrhyny,
Men aglaýyn , aglatmagyn ejemi!

Men aglasam, ejem garap durarmy,
Jan jesetden çyksa ýürek urarmy,
Ejemiň hoş wagtyn gözüm görermi,
Şol bagt üçin aglatmagyn ejemi!

Maksat : -ýaş ogullar menden sorasyn,
Hem ejäni, hem saglygy gorasyn,
Her ojakda gülki,şatlyk döresin,
Bir dilegim aglatmagyn ejäni!

Goşgy gutaran badyna Çary Ataýew , Tawus Pirmedowadan:
-Goşgynyň awtory kim diýdiňiz?!-diýip sorady. Tawus:
-Maksat Şakirow. Lebapda ýaşaýar özi , ýaş maýyp oglan-diýip awtor barada gysgaça tanyşdyryp geçdi. Çary bada-bat:
-Özüňiz bilen tanyş etseňiz!-diýip ýüzlendi.Tawus:
-Men Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Tawus Pirmedowa . Türkmenistanyň telewideniýe we teleradio gepleşikleriniň kinogatagrafiýa baradaky döwlet komitetinde alyp barjy -diýip özi barada hem gysgaça tanyşdyrdy. Soňra Ogultäç gelneje söhbetdeşligi şeýle dowam etdi .
-Men goşgylarymy ýygnamok , hiç haýsysyny. Käbirilerine diýýär "Maňa goşgymy tapyp beräý". Dogryňy aýdaý balam -diýip Annajemal Amanowanyň ýüzüne seretdi. Annajemal başda utanjyrap soňra  söhbetdeşligi şeýle sözler bilen başlady.
-  Men halypamy  dört ýyl mundan ozal , "Miras" teleýaýlymynda görüpdüm. Şonda Batyr Çaryýewiň goşgy okaýşyny gowy gördüm. Radioda diňleýärdim. Şonda halypamyň 3 sany goşgysyny okady.
-Maňa görkezdi haýran galdym-diýip Ogultäç gelneje derrew ýüregindäkini aýtdy.Soňra Annajemal :
-Howwa,haçandan bärem gözläp ýördüm "Şol goşgylaryň awtory bilen görüşmek mümkin bolarmyka ?" diýip. Hatda uçurymmyza gelip, elimi gysyp ,"Hormat haty" berip durkada şol goşgylaryň awtorydygyny bilemokdym. Ine gowy görýän goşgym bar , şony okap beräýin -diýdi. Şol pursat Çary aga Annajemal bilen gysgaça tanyşmak üçin şeýle soraglar berdi.
-Adyň näme ?
-Annajemal .
-Familýaň?
-Amanowa Annajemal
-Okaýan ýeriň?
-Dokma senagaty tehnikumynyň dizaýn bölümini gutardym. Şu ýyl gutardym.
Annajemal özi bilen gysgaça tanyşdyranyndan soň Ogultäç Oraztaganowanyň goşgylarynyň içinden özüniň iň gowy görýän goşgysyny okady.

Bu baglar nämüçin, nämüçin dymýa?!
Sen meni ynjytsaň ýüregim doňýa,
Dönüp otyrkamam öňüňde derýa,
"Aglama!" diýmediň birje gezegem.

Ýüregime bakdym - seni idämde,
Günleň haýpy geler maňa, ýadamda,
Katra-katra ,ýaş görseňem didämde,
"Aglama!" diýmediň birje gezegem.

Ykbal ýene, goý, synasa synasyn!
Umyt bagym bermez indi miwesin,
Titredip aşygyň onki synasyn,
"Aglama!" diýmediň birje gezegem.

Pyşyrdylam galdy meniň gijede,
Belki, ýoksuň, "Ykbal" atly bijede,
Ýürekdäki umytlarym puç ede,
"Aglama!" diýmediň birje gezegem.

Hökman däl, etme sen indi garaşyk,
Gartaşdym men, hoş sözüňe garaşyp,
Barýarkamam gözýaşyma çolaşyp,
"Aglama!" diýmediň birje gezegem.

Şowhunly elçarpyşmalardan soň şahyr edebiýat agşamyny şeýle sözler bilen dowam etdi.
-"Nurymyrat Meredow " diýip bir şahyr bolup geçen. Öz döwründe üýtgeşik şahyr bolan. Bärde-de kän bolman daşary ýurda gidip işleýän eken. Diňe ejesiniň göwni üçin gelýär Aşgabada. Şol şahyryň kitabyny gözläp zordan tapdym. Maňa kömek edip şonuň kitabyny getirip berdiler. "Jöwen bişer-bişerde" atly goşgysy bar eken. Munuň pikirleri üýtgeşik. Siziň diýýän zatlaryňyzy diýenokda üýtgeşik zatlary tapýar. Onsoň şoňa öýkünip men "Jöwen bişer-bişerde" diýen goşgymy ýazdym. Şolam gowy görýän goşgylarymyň biri. Jöwenem bişmeýän eken öz-özünden , şeýle bir güýçli söýgi , güýçli bolmasa. Güýçli gyzgyn bolmasa jöwenem bişmän geçýän eken. Şony okap berjek .- diýip şahyr aşakdaky goşgysyny okap başlady.

Döwüp baglaň şahasy,
Şemal össe daşarda,
Degmäň siz göwünlere,
Jöwen bişer-bişerde.

Dökülipdir paýyrdap,
Baglaň almasy ýerde.
Derdimi gozgamaň siz,
Jöwen bişer-bişerde.

Hyýalyma döneýin,
Entek elwan daşarda.
Men sensiz oňup bilmen,
Jöwen bişer-bişerde.

Yşk meni oda salar,
Gursagymy deşerde.
Meni yşksyz goýmaň siz,
Jöwen bişer-bişerde.

Köşeşer Aý jemalym,
Gökden Ýere düşerde.
"Söýýän" diýersiň belki,
Jöwen bişer-bişerde.

Bulaşdyr saçlarymam,
Birdenem ýel öserde.
Gozgaýar köne derdim,
Jöwen bişer-bişerde.

4-nji bölüm

-Şu bar-a goşgy öz ähmiýetini ýitirýän eken gygyryp okajak bolsaň . Bir gezek bir  Atamyrat aga bilen bir ýere bardyk welin , bir çaga orta çykdy-da gygyryp goşgy okap başlada. Atamyrat agada "Dur-dur çagam , goşgy beýdip okalmaýar" diýdi. Şonuň üçin gowy goşgylar içiňden okalýar-diýip halypa şahyr öz goşgylaryny okap berdi.

Köşk gurasym gelýär saňa kyssadan,
Gül düşärin ýollaryňa desseden,
Göz ýaşlardan , gaharlardan , gussadan,
Sen halas edersiň dünýäni ene!

Saýraýar guşjagaz ýene saýraýar,
Saňa söýgüm gözlerimden paýraýar,
Bu älemi seniň söýgüň aýlaýar,
Bilmen seň söýgüňden doýmany ene!

Sen ýerýärsiň gam basanda dadyma,
"Munda hergiz ýagşylykdan ýadama",
Salyp seniň sözleriňi ýadyma,
Men senden öwrendim diňmäni ene!

Akmaýanyň süýdümi ak saçlaryň?!
Hüwdiň şirin, owazy deý guşlaryň.
Deňimizden geçişi deý gyşlaryň,
Syrarsyň sen gaýgy, dumany ene.

Senden öýke edip bolmaz, aýypdyr,
Ýazlar saňa meňzäp elwan geýipdir,
Daglar deýin, ýazlar deýin beýikdir,
Tebigat deňizi-derýasy ene.

Sen ýylgyrsaň , dünýe meňzär behişde,
Syrdaşym sen eken her gün , her ýaşda,
Tarypyndan seni saýan perişde,
Saýrak dillerimiň gurbany ene.

Gaýdyp aglaman

Seň şeýle bir uzyn ýollagyň üçin,
Sag bol durmuş,şaha, baldagyň üçin!
Seniň ykbalymda ýoklygyň üçin,
Men gaýdyp aglaman, gaýdyp aglaman.

Men durup bilmerin perýat etseler,
Tutuş dünýäň bendisine ekseler,
Ejizlesem ýa-da ejizletseler,
Men gaýdyp aglaman, gaýdyp aglaman.

Eý galamym menden hiç zat gizleme!
Ýürekdir ol, bolup biler göwneme.
Nähak ýere degselerem göwnüme,
Men gaýdyp aglaman, gaýdyp aglaman.

Ýüregmiň töründe gider gar eräp.
Armanyp ýok bilsem ilime ýarap.
Geçip barýan durnaň yzyndan garap,
Men gaýdyp aglaman , gaýdyp aglaman.

Ýürekde gam dörär armanym üçin,
Şasy sen bu  yşga uýmanyň üçin,
Dag ýaly söýgümi duýmanyň üçin,
Men gaýdyp aglaman, gaýdyp aglaman. 

Soňra Myratgeldi Hallyýew orta çykyp Ogultäç Oraztaganowanyň "Bu gün sen dünýä inipsiň" atly goşgysy okap , şeýle diýdi:
-Ogultäç Oraztaganowa bilen 2016-njy ýylda tanyşdyk. Geçen gezekki Döwlet aga bilen bolan duşuşykda-da , Döwlet aga "Planyň goşgysyny ýat tutjak diýip , ýat tutup bolmaýar. Öz-özünden ýat tutulýar gowy goşgylar "diýdi-dä. Kähalat ýekeje setiriň bähbidi üçinem goşgy ýazylýarda. Köplenç Çary agada, Mukam Muhamow goşgy ýazýar.Mukamyň bir goşgysy bar diňe şo bir setiri üçin ýazdy şol goşgyny. Janyňyz sag bolsun .
Ogultäç gelneje hem Myratgeldiniň sözlerini goldap şeýle diýdi.
- Ol goşgylar ýüregiňde galýan eken. Men 2010-njy ýylda , ondan öňünçäde kiçiräk operasiýa boldum. Şonda oýandym welin dogtarlar gülüşýärler "Şo bir goşgyny okap ýatyr " diýip. Gowy goşgy ýüregiňde galýan eken . Atamyrat agaň:

"Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Soňky döwür maňa bir zada bolýar.
Begenmesiz zada begenip ýörün,
Hem-de sähel zada keýpim bozulýar.

Men seni söýäýdim , söýäýdim öýdýän,
Sen maňa şeýle bir ýowuz görünýäň.
Men baryp bilemok seniň ýanyňa ,
Hem oňup bilemok saňa görünmän."

Şonda men narkozdan açyljak bolanymda şo goşgyny aýdyp ýatan ekenim. Dogtarlaram gülüşýärler "Şo bir goşgyny ýöne aýdyp ýatyr "diýip . Menem gygyrýanda " Şo bir goşgyny aýdamok men. Arasynda gaýtalap aýdýan " diýýän ekenim. Gowy görýän zadyň ýüregiňde galýan eken-diýip şahyr bize şu goşgylaryny aýdyp berdi.

Goşgylarym!

Gaçma:n dünýäň gyzygyndan,
Erkim sygmaz gazygyndan,
Biçewleriň gazabyndan,
Goraň meni, goşgylarym!

Köşk saýyp öý-çatmajygym,
Ynan,eýäň çapmajagyn,
Bilseňiz zat çykmajagyn,
Gynaň meni, goşgylarym!

Ýazman ýaşap bormy, heý-de?!
Ýüregim-ä diýýär "Haýda!",
Oturmaly bolsa öýde,
Güýmäň meni , goşgylarym!

Ýüregime goýup gulak,
Sözlerim bolmasyn gurak,
Bu ýollar uzakdan , uzak,
Synaň meni , goşgylarym!

Mydam zardyryn didara,
Eger-de bolsam diwana,
Dözüm bilen daş diwara,
Çüýläň meni , goşgylarym!

Güýz gelse ýadyma aýralyk düşýär.

Yşga düşmekligem sogapmyş, sogap!
Öýkelär öňünde etmeseň togap,
Men muňa entegem tapamok jogap,
Güýz gelse aýralyk ýadyma düşýär .

Ýansa, gara bagry topraga oýka,
Bize kyn günde-de bolar ol arka,
Munuň üçin menden etmesin öýke,
Güýz gelse aýralyk ýadyma düşýär .

Ýiter gider duýgyňyzy ýaşyrmaň,
Ýöne ony hetdindenem aşyrmaň,
Meniň tylla başymy bir çaşyrmaň,
Güýz gelse aýralyk ýadyma düşýär .

Gözüm ýaşdan dolýar, bilsedim diňip!
Ýürek ýanyp durka bolmaýar dymyp,
Sary ýapraklaryň ahwalyn duýup,
Güýz gelse aýralyk ýadyma düşýär .

Soňra Aşyr Saparow bu günki edebiýat agşamyny şeýle sözler bilen jemledi.
-Hormatly kitapsöýjüler ! Şu günki edebiýat agşamyny jemleýäs. Indiki edebiýat agşamy şu aýyň ýigrimi üçüne geçiriler. Entek edebiýat agşamynyň myhmany doly belli däl. Belli bolan wagty habar ederis. Köp sag boluň !
Soňra biz Ogultäç Oraztaganowa bilen üýşüp surata düşdik.

(Soňy)

Awtorlar: Gerçeknazar AMANNAZAROW , Nury SAKÇYÝEW.
Bölümler: Söhbetdeşlik | Görülen: 100 | Mowzugy paýlaşan: Isbirdenli | Рейтинг: 4.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203