Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:06
Baýezidi-Bistami
BAÝEZIDI-BISTAMI

Aziýa topraklarynda sowuk howa öz hökmüni ýöredýärdi. Şol ýerde bir oglanjyk ejesi bilen bileje ýaşaýardy, onuň bir diýenini iki gaýtalatmaýardy. Ol – gelejegiň Baýezidi-Bistamisi bolmaly, Taýfur diýilýän gögele oglanjykdy.
Bir gün körpe Taýfur mesjidiň howlusynda oýnap ýörkä, ol ýerden geçip barýan Şakiki-Belhi hezretleriniň nazary oňa kaklyşdy. Ol oglanjygy boýdan-başa synlanyndan soň:
– Bu çaga gelejekde beýik şahsyýetleriň hataryna goşular – diýdi.
Baýezidi-Bistami hezretleri kiçiliginden ylym öwrenmäge höwesekdi. Derslerini ürç edip okaýardy. Bir gün okan bir aýaty oňabiçak täsir etdi. Aýatda şeýle diýilýärdi:
– Biz ynsana ene-atasyna mähirli bolmagy emretdik. Ejesi ony nijeme hupbatlar çekip, göwresinde göterendir. Onuň süýtden kesilmegi-de iki ýyl çemesi dowam eder. Biz ynsana şeýle buýurduk: «Hem Maňa, hem-de ene-ataňa minnetdar bol! Unutma, ahyrynda Maňa gaýdyp gelersiňiz.» («Lokman» süresi, 31/14).
Baýezidi-Bistami bu aýaty okap, öýüne gaýtdy. Ejesi oglunyň ir gaýdyp gelmeginiň sebäbini sorady. Ogly:
– Okan aýaty-kerimelerimiň birinde Allahutagala özüne we saňa gulak asmagymy emredýär. Ýa hemişe seniň hyzmatyňda bolaýyn, ýa-da meni azat et, elmydama Allahutagala ybadat edeýin – diýip jogap berdi. Onda ejesi:
– Sen meni alada etme, Allaha ybadat et! – diýdi.
Şondan soň, Baýezidi-Bistami hezretleri düýrmegi bilen Allahutagala ybadat etmäge berildi. Allahyň emrlerini ýerine ýetirmekde hiç haýal-ýagallyga ýol bermedi. Şonuň bilen bir hatarda, ejesinem närazy etmedi. Ejesiniň ýönekeýje bir haýyşynam möhüm bir buýruk hökmünde kabul edip, ýerine ýetirmäge dyrjaşdy. Sebäbi Allahutagalanyň emri şeýledi. On ýedi-on sekiz ýaşlarynda, her kimiň hormatlap, sylaglaýan şahsyýetine öwrülen Baýezidi-Bistami hezretlerinden bu mertebä ýetmeginiň syryny soranlarynda:
– Meni ejemiň eden ýagşy dilegi beýgeltdi – diýip jogap berdi-de, başyndan geçen wakany gürrüň bermäge durdy:
– Ejem garrapdy, özem ýarawsyzdy. Ol aýazly gijeleriň birinde, iňläp: «Balam, suw bersene!» diýdi.Men şol bada ýerimden atylyp turdum-da, suw almak üçin daşaryk çykdym. Seretsem, gaplar takyrap ýatyr. Mis jamy suwdan dolduryp, öýe gelenimde, ejem ýatyp galypdyr. Oýarmadym-da, baş ujunda garaşmaga durdum.
Biraz wagt geçensoň, ejem oýanyp, ýene-de suw sorady. Menem derrew beýleki elimdäki, sowukdan ýaňa doňup galan jamy uzatdym. Buz ýaly jama elimiň hamynyň ýapyşandygyny gören ejem gynanjyndan aglama başlady. Ol hem aglaýardy, hem-de Allahdan şulary dileýärdi: «Ýa Rabby! Men Taýfurdan razy, Senem ondan razy bol! Bu pidakär balamy Özüň görüp oturansyň, men başga näme diýeýin Ýa Rabby, näme diýeýin, näme diýeýin» diýip, üç gezek gaýtalanyndan soň: «Allahym, ony ýalkaweri!» diýip, elini ýüzüne syldy-da, «Ämin» diýdi.
Baýezidi-Bistami hezretleri bulary aýdanyndan soň, sözlerini şeýle jemledi:
– Şol gijeden soň, ruhumda käbir özgerişlikleriň bolup geçýändigini duýup başladym. Eger Allahyň dergähinde bir mertebäm bar bolsa, muňa ejemiň dilegi bilen ýetendigime ynanýaryn.

* * *

Baýezidi-Bistami hezretleri ýaş wagty özüniň käbir ybadatlaryndan lezzet almaýardy. Ol ejesini bu ýagdaýdan habardar etdi.Çaga wagty özüni terbiýelemekde kemçilik goýberen ýerleriniň bolup-bolmanyny sorady:
– Ruhumda Rabbyma ýetmegime päsgel berýän bir zatlaryň bardygyny syzýan. Emma hiç sebäbini bilip bilemok.
Ejesi esli wagtlap pikirleneninden soň:
– Balam, ýekeje zat ýadyma düşýär. Sen ol wagtlar kiçijikdiň. Goňşulara oturmaga barypdym. Gujagymda aglama başlapdyň. Sesiňi goýduryp bilmämsoň, pejiň üstünde bişip duran çorba goňşymdan bidin barmagymy batyrdym-da, agzyňa çyrşadym – diýdi. Muny eşiden ogly ejesinden goňşularany baryp, razylyk dilemegini sorady. Ejesi razylaşandan soň, ybadatlaryndan lezzet almaga başlady.
Hawa, asyl ady Taýfur bolan Baýezidi-Bistami hezretleri Hak bilen dost bolmagyň syrynyň aňyrsynda ejesine eden hyzmatydynyň bardygyny aýdýar. Düýnki gün Allahyň dostlugyny gazanmaga sebäp bolan ene-ata edilen hyzmat bu günem şol dostlugy gazanmaga ýardam edip biler. Garaz, ruhy kämillik ýolunda iň esasy zatlaryň biri hem enäniň razylygyny almakdyr.

* * *
Abbasy halyfy Harun Reşit ägirt uly döwletiň hökümdarydy. Agzyndan çykan her sözi permandy. Näme islese dessine ýerine ýetirilýärdi, bir diýeni iki gaýtalatdyrylmaýardy. Zalym bolmak üçin elinde ähli mümkinçilik bardy, zulum etmek üçin örän oňaýly ýerde otyrdy.
Emma, halyfyň paýhasly maslahatçylary onuň göwnüne gelşi ýaly hereket etmegine ýol bermeýärdiler. Harun Reşidiň özi hem olary sylap, haýsydyr bir işiň başyny tutmakçy bolanda ilki ýakyn maslahatçylaryna sala salýardy.
Behlül dana halyfyň iň ýakyn maslahatçysydy. Ýygy-ýygydan halyfa nesihat berip durardy.
Günleriň birinde Behlül üsti-başy tot-tozan halda saraýyň işiginde peýda bolýar. Ony gören halyf:
- Ey Behlül beýle nirelerden gelyärsiň? – diýip soraýar.
- Dowzahdan gelyän, eý, patyşahym, dowzahdan - diýip Behlül jogap berýär. Özüniň ýakyn geňeşçisiniň bu sözünde bir hikmetiň bardygyny aňan halyf, onuň özüçeräk äheňde sowal berýär:
- Soňy haýyr bolsun-da hernä, ol ýerde nämeler etdiň?
- Maňa ot gerek boldy, şonuň üçin gitdim.
- Hawa, onsoň nätdiň, getirip bildiňmi ?
- Ýok, soltanym, getirip bilmedim.
- Näme üçin?
- Ol ýerde ot-ataş yok ekeni. Dowzahyň goragçysy Hazyn: “Bu ýerde ot bolmaz, her kim öz oduny pany dünyäden ýany bilen alyp gelýandir” diýdi.
Pikire çümen halyf danadan:
- Ey, Behlül, bir gün men hem bu dünýäden aýrylamda, ýanym bilen ot äkitmezlik üçin näme etmeli, maňa näme nesihat berersiň? – diýip soraýar. Behlül:
- Eý, şahy älem, siziň köp zada erkiňiz-güýjüňiz ýetýär, zalymlyk elmydama alkymyňyzda garaşyp dur. Eger ýalançydan aýrylanyňyzda ýanyňyz bilen ot äkitmek islemeýän bolsaňyz, size berjek üç nesihatymy pugta belläň. Şony berjaý etseňiz, siz hem halas bolanlaryň – ýany bilen ot äkitmedikleriň hataryna goşularsyňyz.
- Aýt nesihatlaryňy, eşideli.
Behlül:
- Adalat , Adalat , Adalat! – diýip halyfa “üç” nesihatyny aýdýar.
Howa, jogapkärçilikli wezipedäkiler, özgelere buýruk bermäge hukugy bolan her bir adam ýany bilen ot äkitmek islemeýän bolsa, adalatly bolmalydyr. Golastyndaky şahyslaryň hak-hukugyna üns bermelidir.

© "Yslam Nury" kitapdan.
Bölümler: Taryhy Şahslar | Görülen: 66 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
1
1 Мango • 23:58, 27.02.2023
Baýezid Bistami hezretleriniň gubury Eýranda, Bistam şäherinde.

Onuň bilen bagly iki sanyjak rowaýaty ors dilinde paýlaşjak. terjime etmek islesemem, islemän otyryp bir bölejigini (soňam dolusyny) terjimelän boldum...

Bir gezek Baýezid ýoldan barýarka, it bilen gabatlaşýar. Ol it degäýmesin diýip donunyň synyny ýokary çekýär. It birden adam dilinde geplemäge başlaýar: “Eger endamym gury bolsa, menden çekinmegiň gerek däldi, eger-de endamym öl we hapa bolan bolsa, sen donuňy arassa suw bilen tämizläp bilerdiň. Maňa bolan ýigrenjiň sebäpli, seniň hapalanan kalbyňy ýedi derýanyň suwy hem tämizläp bilmez. Ruhuň hapasyny tämizlemek kyn iş”. Şonda Baýezid ite diýdi: “Sen bilimli ekeniň. Meniň bilen birsalym bile ýaşarmysyň?”. It jogap berdi: “Ýok, Baýezid, ikimiz bile ýaşap bilmeris. Sebäbi, adamlar meni äsgermeýärler, seni bolsa derejeläp arşa göterýärler. Onsoňam men ertirki rysgym üçin iýmit toplamok, sen bolsa ambaryňy bir ýyllyk bugdaýdan doldurdyň”. Baýezit diýdi: “Haýp! Bir it bilen ýaşamaga-da mynasyp däl bolsam, Allaha nädip ýakynlaşyp bilerin? Gedemligimi boýun egdirip, ejizleriň üsti bilen güýçlilere öwüt berýän Gudratygüýçlä şükürler bolsun!”.

***

Однажды Байазид шел по улице, и ему навстречу попалась какая-то собака. Он подобрал полы своего халата, боясь, что собака коснется его. Вдруг она заговорила человеческим голосом: «Если бы моя шерсть была сухой, тебе было бы не нужно избегать меня, а если бы она была мокрой и грязной, ты мог бы отмыть свой халат чистой водой. Но по причине брезгливости, которую ты проявил по отношению ко мне, воды семи рек не смогут очистить твое сердце. Трудно справиться с грязью души». Байазид попросил: «О, собака, ты такая просвещенная, поживи со мной некоторое время». Собака ответила: «Нет, Байазид, мы не сможем жить вдвоем, потому что люди презирают меня, а тебя превозносят до небес. Кроме того, я не припасаю еду на следующий день, в то время как ты уже год хранишь зерно в своем амбаре». Байазид заметил: «Увы! Если я недостоин даже того, чтобы жить с собакой, как я смогу приблизиться к Богу и общаться с Ним? Хвала Всевышнему, Кто усмирил мою гордыню, и Кто наставляет сильных при помощи слабых».

***

Байазид написал в своей автобиографии: «Когда я был молод, основой всех моих молитв было желание изменить мир. Я просил: «Господи, дай мне силы, чтобы я мог изменить мир». Мне все казалось неверным. Я был революционером и хотел изменить лицо Земли.
Когда я повзрослел, я стал молиться так: «Это, кажется, многовато; жизнь уходит из моих рук. Прошла почти половина, а я не изменил ни одного человека. Поэтому, позволь, о Господи, изменить мне мою семью».
А когда я состарился и осознал, что даже семья — это слишком много, тогда я понял, что если мне удастся изменить самого себя, этого будет достаточно, более чем достаточно. Сейчас я молюсь так: «Господи, я понял и хочу изменить самого себя, позволь мне сделать хотя бы это!»
И Бог ответил мне: «Теперь уже не осталось времени. Ты должен был подумать об этом в самом начале».
avatar
0
2 Medicall • 00:08, 28.02.2023
Birinjiñ yzy hem gyzykly ekeni, ýaltanmanjasyna dowam edip terjime eserlere goýsañyz hasam uly iş bitirerdiñiz! (bu mahal ýaltañyz tutsa soñ ýaltañyzyñ göýberen wagty terjime etseñizem bolar:-) Şonda-da sagboluñ, öñ okamandym bu rowaýatlary
avatar
1
3 Мango • 00:34, 28.02.2023
ýaltamy kowaladym.
ýarym-ýalta terjime etdim.
etmän bilmedim:

Baýezid öz terjimehalynda şeýle ýazýar:
“Ýaş wagtym doga-dileglerimiň köpüsi dünýäni üýtgetmek baradady. “Allahym, dünýäni üýtgetmek üçin maňa güýç-gaýrat ber” diýip doga ederdim. Ähli zat maňa ters gelýärdi. Men Dünýäniň ýüzüni düzedesim gelýärdi.
Ýaşym goýaldygyça, şeýle doga etmäge başladym: “Men kän zat isläpdirin; ömür akyp barýar. Eýýäm ömrüň ýarysy geçdi, men bolsa bir adamy hem üýtgetmegi başarmadym. Şol sebäpli, Allahym, maňa maşgalamy üýtgetmäge güýç-gaýrat ber”.
Haçanda garrap, bir maşgalany üýtgetmegiň hem kän zatdygyna düşünenimde, özümi üýtgedip bilmegimiň ýeterlik, hat-da aňryýany bilen ýeterlik boljakdygyna akyl ýetirdim. Häzir men şeýle doga-dileg edýärin: “Allahym! Özümden başlamalydygyma akyl ýetirdim. Iň bolmanda özümi üýtgetmäge ygtyýar ber!” Şonda Allah jogap berdi: “Indi wagt galmady. Sen bu barada başda pikir etmelidiň”.
avatar
1
4 Мango • 00:42, 28.02.2023
bu gün-ä giç.
ertirden başlap
özümizden başlaly,
giç bolmaz ýaly.
avatar
1
5 Medicall • 01:01, 28.02.2023
Menem ikinjini terjime eden boldym öz dilimde

Baýezid öz terjimehalynda şeýle ýazýar: “ haçanda men ýaş wagtym ähli dogalarymda dünýäni üýtgetmek islegi bardy. “ Men: “Allahym, maňa dünýäni özgerder ýaly güýç ber” diýerdim. Maňa ähli zat ygtybarsyz görünerdi. Men rewolýusionerdim ýeriň ýüzüni üýtgetmekçidim.
Haçan-da ýaşym ulalşanda, şeýle dileg-dogada boldum: “ bu köpüräk bolýar, ömür tutdyranok, eýýäm ýarsy geçdi, men bolsa bir adamy hem üýtgedip bilmedim. Şonuň üçin Eý Hudaý, maňa öz maşgalamy özgertmäge ýardam et”
Emma ýaşym durugşanda üýtgetmek üçin hat-da öz maşgalaň hem çenden aşa köp boljakdygyna, men diňe özümi üýtgedip bilsem ýeterlikdigine düşündim. Häzir men şeýle dilegde: “Allahym, men düşündim hem-de özümi özgertmek isleýärin, maňa bolmanda şuny etmäge rugsat et!”
Şonda Hudaý maňa: “indi wagt ýok, Sen muny başda pikirlenmelidiň” – diýip jogap berdi.
avatar
0
6 Medicall • 01:05, 28.02.2023
"Ertire goýsañ giç bor, şu mahaldan başla" diyyä
avatar
0
7 Medicall • 01:10, 28.02.2023
Ötünç soraýan, bu terjimäñizi görmän menem şu rowayaty özümçe terjime edipdirin. Siziñ terjimäñiz has gowy iken, minnetdar! Alla ýalkasyn!
avatar
0
8 Medicall • 01:14, 28.02.2023
Birinjiñ dowamy terjime ýokmy?!
avatar
1
9 Мango • 01:52, 28.02.2023
1-nji teswirde terjimäni doly tamamladym....
we düzedip goýdum.
avatar
0
10 Мango • 01:53, 28.02.2023
1-njini täzeledim. terjimesi doly.
avatar
0
11 Мango • 02:10, 28.02.2023
şu postyň ady birhili не то-my?
"o şeýle ýigitdi" - bu sözbaşyny okan kişi gürrüň Baýezid Bistamy barada gidýänini aňlap bilmez...
hiç kim käýýemese adyny üýtgedäýseňiz Nurdan hanym.
avatar
0
12 Medicall • 02:52, 28.02.2023
Kitapda şeýle ekeni ady,"Ol şeýle ýigitdi" diýilipdir. Baýezidi-Bistamy etsemem bolar ondq
avatar

Старая форма входа
Total users: 203