10:43 Olar uçup gelmezler / hekaýa | |
OLAR UÇUP GELMEZLER Durmuş tejribelerinden paýhaslylyk derejesine ýeten Rigellian galaktik medeniýetiniň wekili Naron, galaktikanyň ýyl ýazgylaryny ýöredýänleriň dördünji neslidi. Iki sany kitaby bardy: biri, ähli galaktikalardaky köp sanly aňly jandarlaryň siwilizasiýalarynyň sanalan uly kitabydy; ikinjisi has kiçi bolup, Galaktikalar federasiýasyna girmäge hukugy bolan derejede ösen we özleşdirilen siwilizasiýalary öz içine alýardy. Şowsuzlyk, biohimiki we biofiziki deňsizlik we sosial adalatsyzlyk ýaly dürli sebäplere görä peselen siwilizasiýalar uly kitapdan aýrylypdy. Emma kiçijik kitaba girizilen federasiýa agzalarynyň hiç biri-de ol ýerden aýrylmandy. Garry Naron özüne gelen habarçysyna seretdi. - Naron! - diýip habarçy gygyrdy. - Merhemetli we Beýik… - Heý, hormatyň hökman däl. Näme boldy? - Organizmleriň başga bir topary kämillik ýaşyna ýetdi. - Gowy! Gaty gowy! Indi bular ýalylar çalt ýetişýär, täzeliksiz bir ýyl geçmeýär. Bu gezek kimler? Habarçy galaktikanyň koduny we galaktikanyň içindäki planetanyň koordinatlaryny aýtdy. Naron: "Hawa, hawa. Men bu dünýäni bilýärin" diýdi. Bu planetanyň adyny göwnejaý ýazmagy bilen uly kitapda ýazyp, soň başga birine göçürdi. Däp bolşy ýaly, kitap belli bir planetada ýaşaýan adamlaryň köpüsiniň atlandyryşy ýaly bir at bilen ýazylypdyr. Şonuň üçin Naron bu planetany "Earth" diýip atlandyrdy. Naron: "Bu ýaş jandarlar rekord goýdy. Hiç kim aň döräli bäri kämillik derejesine çenli ýoly beýle çalt geçmedi. Hasaplamalarymyzda ýalňyşlyk ýok diýip umyt edýärin, şeýlemi?" - diýdi. Habarçy: "Ýok, jenap" -diýdi. - Esazy zat olar termoýadro güýjini aldylar, şeýlemi? - Hawa jenap. Naron ýylgyryp: "Bu esasy zat. Ýakyn geljekde olaryň kosmos gämisi barlygy öwrenip, Federasiýa bilen aragatnaşyk gurup başlar" diýdi. Habarçy göwünsizlik bilen sözüni dowam etdirdi. - Synçylar olaryň entek kosmosa girmändiklerini aýdýarlar. - Nädip? - Naron geň galdy. - Olar entek kosmosa çykanokmy? Kosmos stansiýalarynyň derejesinde-de? - Ýok, jenap. - Ýöne termoýadro güýji bar bolsa, ony nirede barlaýarlar? - Jenap, öz planetalarynda. Naron ýigrimi fut beýikligi bilen ýerinden turdy we gaty ses bilen gygyrdy: - Öz planetasynda?! - Hawa jenap. Naron ýuwaşlyk bilen ruçkasyny çykardy we kiçijik kitabyň soňky bellän planetanyň üstüni çyzdy. Öň beýle bolmandy, ýöne Naron gaty paýhaslydy we “Galaktika”-nyň beýleki agzalary ýaly boljak wakalary öňünden görüpdi. Naron "akmak eşekler" -diýip hüňürdedi. Aýzek AZIMOW Terjime eden: Baýramgylyç SAPARGYLYJOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |