Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:21
Olga Nawoýa Tokarçuk

Olga Nawoýa Tokarçuk (polýakça: Olga Nawoja Tokarczuk), 1962-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Polşaň Sulehuw şäherinde doglan, polýak ýazyjy we şahyra hanymydyr. Ol 2018-nji ýylda Halkara Buker baýragynyň hem-de 2018-nji ýylda Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesidir.
Olga hanymyň mamasy ukrainaly. O.Tokarçuk Warşawa uniwersitetiniň psihologiýa fakultetini tamamlandan soň Walžbiha şäherinde psihoterapewt bolup işleýär. Häzirki wagtda ol Wroslawa şäherinde ýaşaýar. Ol Polşanyň Ýaşyllat partiýasynyň agzasy we “Syýasy tankyt” atly çepçi liberal žurnalynyň redkollegiýasynyň agzasy.
O.Tokarçugyň “Nataşa Borodin” tahallusy bilen ýazan ilkinji goşgular ýygyndysy 1979-njy ýylda çap edilýär. 1993-nji ýylda onuň ilkinji romany “Kitabyň adamlarynyň ýoly” neşir edilýär. 2007-nji ýylda onuň “Gaçgaklar” atly romany çap edilýär. Ol bu romanyny üç ýyllap ýazypdyr. Olga hanymyň öz ýatlamalaryna görä ol bu romanyň köp bölegini syýahat edýän wagtynda ýazypdyr.
“Gaçgaklar” romany Polşadaky edebiýat ugrundan iň abraýly baýrak bolan “Nika” baýragyna 2008-nji ýylda mynasyp bolupdyr.
Olga hanym tankytçylaň biragyzdan diýen ýaly ykrar etmegine görä gysgajyk kyssaň ussady bolup durýar. Olga hanymy “1990-njy ýyllaň ýaş kyssa akymynyň” hataryna goşýarlar. Onuň eserleri ençem dillere terjime edilip, dünýäde meşhurlykdan peýdalanýar.
2018-nji ýylyň maýynda Olga Tokarçuga “Gaçgaklar” (polýakça: “Bieguni”, iňlisçe: “Flights”) romany üçin Beýik Britaniýanyň Halkara Buker baýragy berlipdir. O.Tokarçuk bu baýragy alan ilkinji polýak ýazyjysydyr. Baýragyň pul sylagy bolan 50 000 funt sterlingi ýazyjy hanym, öz romanynyň iňlis diline terjimeçisi Jenifer Kroft bilen paýlaşmaly ekeni.
2019-njy ýylda O.Tokarçuk Halkara Buker baýragynyň gysga-sanawyna (şort-list) “Ölüleň süňklerinden azally geç” atly romany bilen giripdir. 2017-nji ýylda bolsa şol roman boýunça režissýor Agneşka Hollanda tarapyndan “Ýyrtyjyň yzy” atly çeper film surata düşürilipdir.
2019-njy ýylda Olga hanym 2018-nji ýyl üçin Edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolupdyr.
Oňa baýrak “serhetleň bozulmagyny ýaşamagyň usuly hökmünde ensiklopediki hyjuwly görkezýän hyýaly üçin” diýen esaslandyrma bilen gowşurylypdyr (2018-nji ýylda Şwed Ylymlar akademiýasynda ýüze çykan jenjel sebäpli Nobel baýragyny gowşurmak yza süýşürilipdir). Şeýlelikde, O.Tokarçuk Nobel baýragyny alan polşaly bäşinji ýazyjy bolup durýar (Genrik Senkewiç – 1905-nji ýylda; Waldyslaw Reýmont – 1924-nji ýylda; Isaak Başewis Zinger – 1978-nji ýylda; Wislawa Szymborska – 1996-njy ýylda).
O.Tokarçuk ýazyjylyk we j[/img]
emgyýetçilik işiniň daşyndan Krakowdaky Ýagellon uniwersitetinde kyssa boýunça ussatlyk derslerini berýär.
Ol 23 ýaşynda Roman Fingasa durmuşa çykypdyr. Olaryň Zbignew atly ogullary 1986-njy ýylda doglan. Soňra Olga hanym R.Fingas bilen aýrylyşyp, filolog Gžegož Zygadlo durmuşa çykypdyr.

Çeşmesi: https://ru.wikipedia.org/wiki/Токарчук,_Ольга. 10.10.2022ý.

@Terjime eden Serdar Ataýew
Bölümler: Ýazyjy-şahyrlaryñ, alymlaryñ terjimehaly | Görülen: 68 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Teg: Olga Nawoýa Tokarçuk | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 sussupessimist • 17:46, 11.02.2024
Tokarjyk agaň gyzy bilenem tanyşdyrypsyňyz. sag boluň.
Okamaly şu ýazyjynam. Güýçli ýazýa. Nejebem tassyklar (şu günjügem gürrüňini etdik)
"Путь людей Книги" romany gowydy. Beýlekileri bilenem tanyşmaly.
Azabyňyz üçin minnetdar!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203