Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:36
Deleted
Deleted
Bölümler: Goşgular | Görülen: 58 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Мango • 13:21, 15.02.2023
Pyragy, Napolýon, Seljuklar,

düşündiň sen :-)
dälihanada.
täze dälini getirýäler.
wraç:
- kim sen
ol:
- napoleon!
-hä... bizdä kän napoleon, senem biri borsuň-da.
-ýok! men tort napoleon!
avatar
0
2 Мango • 13:29, 15.02.2023
Epilen bil, hökgeren boýun…
Bäş gary biýz, daş ýaly toýun…

dostumyz bergisini üzüp bildimikä?
ýa çagalary: Peder bize miras goýmuş bu derdi - diýip hiňlenip ýörmikäler?
avatar
0
3 Bagabat • 14:02, 15.02.2023
"Gadym" hekaýadan parça:

Gyşardy. Gözüni dikmaýtaryna dikdi.
Kelle alyp gaçýan bolsa – onna bü gowulyg-a dä bolýandan bolýan bolmaly.
Ýa däli dugtora dagy görnäýsemikä?!
Barsaň, olam näme, äýnegi bolsa-ha, ilki bilen äýnejiginiň aňyrsynda köpbilmişje gözjagazyny birenaýy ýylpyldadan bolar-da, süýtsoraga başlar. Birinji soragam, neme diýer:
-Jijim, tohumyňda däli boldumy?!
-Äý, ýak, agam-aý, men näbileýin-aý! Ony mamaşdan ýa pahandan soraýmasaň, men-ä şü kimiň biziň tohuma degişlidigini-dälliginem doly bilip barmaýan...
-Näme-how, jijim, inni öz gelip çykan kowum-hyşyňy anyk-tükel bilmän, nämişläp ýöň-aý?! Türkmen dä ýaly-laý, sen-ä, jigiş! Bilseň-how, öňki öten-geçenler ol-a ýedi arkasyny bilmek ekeni, ýetmiş arkasynam sagynman sanap bilýän ekenmişdik.
-Aý goý-a! Özüň gördüňmi, agam?!
Şonna, ol äýnegini aýrar-da, hasam ýitije edip, bäbenegiňe dikanlar. Onnoňam diýer:
-Yzyňa gara düşýämi?!
-Jykk.
-Napolýon bolasyň gelýämi?!
-Tortmy?!
-Dogryňy aýt, jigi, näçe klasy il deňinde düzüwje gatnap okadyň? Ýa, nä, ejeň-kakaň birinji klasda adyňy ýazzyryp gaýtdy-da, soňky sowadyňy çölde, goýun-guzyň yzynda allyňmy?!
-Gapyňda malyň bolsa, äkidip paçak edip dograsaňam, ýeterlik sowadym ba, agam...
-Çalt gyzarylýaň welin, muň ýaly sebäpsiz gahar-gazap örjeýän ýagdaýlary ýygy-ýygydan bolýamy?! Töweregiňdäkileň üssüne topulyp, kekirdegine agyz urasyň gelýämi? Eger-de gelýän bolsa, günde ýa-da sagatda näçe sapar?! Özüňe kast edesiň gelýämi?! Eger-de gelýän bolsa, nädip we haçan şeýle isleg döreýär?! Agşamaramy ýa-da günorta naharyny iýip, ýatjak bolaňda?! Gije düşegiňe buşugýaňmy? Ýa uly meýdanam edäýýäňmi?! Goýnuň köne derisini kelläňe geýip, köçä çykyp mäläsiň gelýämi?! Eger-de gelýän bolsa, haçan? Öýlänmi ýa-da ikindinara?! Işe baraňda dälizde, başlygyň öňünden dikbaşaşak ýöräp geçesiň gelýämi?! Gelýän bolsa, hemişemi ýa-da diňe aýlyk berlen güni?!
avatar
0
4 Bagabat • 14:03, 15.02.2023
"Gadym" parçaň dowamy:

-Duraweri-how, jan agam! Bi nä, mennen konçennyý psih ýasap gidip barýaň-laý?! Ýa nä dälihanaňyzda däli planyňyz dolman, indem doldurmaga adam gözleýäňizmi? Eýle bolsa-how, agam, biläýgiň-how, menem ýerden ýeke çykyp, ýere urup ýerde galan idegsiz dädirin-how! Irden bärligine gaýtmankamam öýdäkä-de, mamaşa-da, nirä gitjegimi gaty berk aýdyp, soň bolsa şoň bilenem oňman, kagyžžygyň ýüzüne bäriniň adrisini düşnükli poçirkde takyk ýazyp gaýdannyryn-how! Bi hatyn halkynyň dolanar çende dolanmasaňam nädip-nädýändigine özüň beletsiň, agam!
-Haýbat atýaňmy?!
-Duýdurýan.
-Swetoformy?
-Kim?
-Men däldigim-ä belli.
-Düşünmedim?!...
-Nämä? Napolýondygyňa ýa-da dälligiňemi?!
-Bäh...
Ýeňsesini gaşaýar-da, gaýgyly dem alýar. “Nirden geläýipdirin-aý!” diýip, içinden oýlanýar. Emma, ony ünsli synlaýan lukman, onuň içki pikirini ýüzünden okaýarmy-nämemi, soramadyk sowalyna jogap berýär:
-Zerurlyk bolannyr, gelensiň-dä. Ýa nä, inni özüňi iki ýüz ýyl mundan owal pahyr bolan Napolýon bende saýyp ýöreniň üstesine, nirede, näme işläp ýöreniňe-de akyl ýetirip bilmeýäňmi?! Hä?!
Şeýle diýýär-de, däli dugtor stolunyň çep künjegindäki dym-gyzyl düwmä garşy elini uzadýar. Onuň öňünde ýylan gören etene guş deýin, gymyldara erksiz, doňňara-daş bolup oturan özi, bada-bat düşünýär. Basdygy kanes multfilm. Iki sany, her egninde azyndan iki adam oturybermeli, ak halatly mähnet pyýadalar güpürdeşip otaga girer-de, ony gabyrdadyp basarlar. Onnoň: “praşşaý dembil, yzzyraswuý gube” bolýa.
avatar
0
5 Bagabat • 14:04, 15.02.2023
Ýene-de bir dowamy:

Ol näme etjegini bilmeýär. Gozganmag-a beýle-de dursun, hatda aýajygy bilen gelen bu neme ýerinden halas bolmagyň alajyny agtaryp, owasy içre görejini alakjatmaga-da bogny ysmaýar. Birdenkä däli dugtoryň dykgatly nazary, onuň göz hanasynda başlanan erew-de-berewligi saýgaraga-da, şondan meçew alyp, şo gyzyl düwmäni basyp goýbermegi ähtimal ahyry.
Ol dagy niçik çykalga tapjagyny bilmän:
-Agam jan! Men gaýdybereýin-le!-diýip, lukmana naýynjar ýalbarýar.
-Nirä?!
-Öýüme.
-Heh! Sen jijim, görýän welin, wapşe biziň müşderimiz ýaly-la-how! Bi aýdylmaýamy: “Eý, seň-eý, itiň bamy, ýalagyň bolar ýaly?!” diýip. Ynha sen diňe bir şumatky ýaşaýan salgyňda dä, eýsem-de bolsa, şu dünýäň hut özünne-de wagtlaýyn ýaşaýanyňy inkär etmersiň geräm, hä?!
-Jykk.
-Onna, sen näme üçin öz ygtyýarlygyňdaky wagtlaýyn eýelik edýän zadyňy öz ýanyňdan başbitin özüňki hasaplap otyň-a?! Ýa nämäň nämedigine düşünmän edýäňmi? Ýa-da hemmeje zadyňam düşünip aňyrsyna geçip, köp bilip edýäňmi, hä?!...
-Agam, men seni bimaza edip, gaty erbet pohumy iýipdirin. Men gaýdaýaýyn-la! Şü hernäçe dürtme dälem bolsam, sizi azara goýman, öz telbeligim bilen öýümde özüm, aýalym ikimiz bilen oňuşjak bolaýsak bijaý oňat bolmazmy, hä, agam jan?!
Birdenkä-de, garaşylmadyk ýagdaý, onuň özelenmesine äýnekli ýumşaýar:
-Bolýa. Gitseň gidiber. Şumat özüň eşitdiň, sen düzüw-ä dä bolýandan bolýaň. Ýöne, onna-da özüňden gör, ile zyýan etmeseň, adamy mejbury sagaltmaly diýlen düzgün ýok. Wagtynda kelläňdäki bolar-bolgusyz zatlaň ýoguna ýanman aklyň üýtgese, mende günä ýok. Men-ä duýdurdym. Ýöne, şonna-da, şonnan şuňa ýol söküp gelipsiň. Yhlasyňy bihuda ýandyrmaly. Ine saňa etmeli bejergiň, derman-däriň sanawy. Dermanhana bardajyk al. Bary-ýogy iki ganar bolýa. Düşdüňmi?!
avatar
0
6 Bagabat • 14:04, 15.02.2023
Ýene-de bir dowamy:

-Düşdüm.
-Men çypbakaý-çynym bilen soraýan-how. Düşdüňmi?!
-Düşdüm, agam.
-Alarmyň?
-Alaryn.
-Nämäni?
-Iki ganar dermany.
-Näme üçin?
-O...neme...-diýip, şu taýdan çaltrak ýom-ýok boljak bolup, gorkusyna özüne aýdylan zatlary eýýäm ýadyndan çykaran ol, näme diýjegini bilmän kösenýär.
-Sagalmak üçin-how, jijim! Çünki saglygyň bolmasa galan zat bir köpükdir. Napolýonyň tortam, özem...-diýip äýnekli, hetjikläp oňa nesihat berýär...
Soňra ol, başyny gutarany üçin hudaýýoluna, aramrak bahaly bir janlyny aýdyp, özem haçanam bolsa birwagt, nesip edip eli giňeşse, şol janlyny berjekdigine azda-kände ynanyp, özüni şeýle elheder aldyran şo ýerden sumat bolýar...
avatar
0
7 Мango • 22:09, 15.02.2023
bäh...
napelon tortly gepi senden eşdip saňa-da aýdaýdym öýdýän serdar kaka...
nirden okanymam ýadymda däl. belki seniň hekaýaňdan okandyryn....
belki-de başga ýerden.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203