Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:12
On bir minut
Exclusive


ON BIR MINUT

Uly ýoluň esli bölegini yzarlap gidýän süýnmeç aňňat gyryň gutaran ýerinde sag egne öwrüm bar. Çagyl düşelen bu ýoldan haýal ýörelýänem bolsa, barybir, onuňam şähere aşyrýandygy, üstesine aralygam birneme gysgaldýandygy üçin bagzy kişiler mundan gidenini kem görmeýär. Ýazyň ýaňy ýörmeläp başlan çagy ol ýaz gülleriniň parç bolan meýdanynyň üstünden geçýär.Şol günem ulaglaryň birisi hatar gurap, sozulyp barýan kerwenden bölünip, şu ýola düşdi.Onuň öňünde adamsy bilen gelni, yzky orunda hem, olaryň dokuz-on ýaşlaryndaky oguljygy otyrdy.

Hemişekilerinden ir düşen alabaharyň iň ajap çagydy; asmanyň ýüzi açyk, sähraň meňzi ýagtydy.Emma şol gün bu açyk reňklere symgylt öwüşgin çaýyldy: bireýýäm gökden syrylan gara bulutlaryň biri ugrundan azaşyp, ýoluň ýapgytdan iniş gaýdýan ýerine keserlip çöken ýaly boldy; göz açyp- ýumasy salymdan ol buludyň tyňzap duran gabarasy üsti ýükli mähnet ulagyň butnawsyz suduryna öwrüldi.

-Seret, häzir bol!..

Çirkin ses ýigidiň haýyny alypdy,herhal, ol dykgatyny üýşürip, bar güýjüni aýagyna gönderdi, ulagy saklamaga synandy. Doňňara daş bolan dört tigir ýoluň on tutam ýerini oýup gitdi, onuň zarbasyna dire-dire daşlar gülle ýaly, esli meýdana seçelendi. Ýöne, Wagta Wagt ýetmedi, her näçe dyrjaşsa-da ýigit sekundyň ondan bir bölejigi giç galdy. Jansyz demirleriň sowuk göwresi garpyşdy.

Şondan birnäçe sagat soň bu ýerde düzlen ýol hadysa beýanynda uly ýoldan bäri aralygyň uzynlygy görkeziler, ýaýyň içinde bolsa, bu ýol bilen olaryň on bir minut ýörändikleri hem bellik ediler...

SELIM

Çekdi oglan dag suratyn adama meňzeş.
Çekdi oglan bag suratyn adama meňzeş.
Uzyn günläp deňiz çekdi, gül çekdi,
Hemmesine jan beräýseň, adam deý:
“Ah, ýaşamak hezil!” diýip güljekdi.

G.Ezizow, “Suratçy oglan”

Köne baglygyň aşagynda üýşüp otyrys. Meniň az günlügem bolsa, oba gelenime begenişýän oglanlar goh turuzyp, demini ýolman jedirdeşýärler. Görnüginden obaly däldigi, ýerli biriniňkä görme-görşe gelýändigi äşgär bildirýän ortamyýan gelin üç ýaşlaryndaky gyzjagazy bilen duşumyzdan geçip barýar, özi-de, gaýta-gaýta biziň gürmegimize garaýar. Bäş-üç ädim daşlaşyp-daşlaşman, ol yzyna dolanýar.

-Wiý, bu Güne meňzeş oglanjygyň enaýyjadygyny – diýip, ol göni men taýa ýönelýär, onuň gysga barmaklary saçlarymy daraklaýar. – Saçjagazlarynyňam mymyjakdygyny, munuň. Adyň näme, jigim?

Üýşmegimiziň iň tokarjasy töňňäň üstünde pyrlanyp, hemmeden öňürdýär:

-Oň ady Selim, ýöne ol gepläp bilenog-a.

Golaý-goltumyndakylar ony assyrynja hürsekleýärler, ol awunan eginlerini düýrüp, gözlerini müýnli mölerdýär.

-Ol surat çekýä, gaty ökde çekýä – diýip,başga bir oglan tokarjanyň morta aýdan sözlerini ýuwmarlamaga çalyşýar. – Ol öň gepleýädi...

Boýnumyň ýeňsesinden bir penje iňňe çümen ýaly, lap-lap gyzýar; içimden sogup gaýdan ses şol bogazyma dürtülip, ne aňry, ne bäri geçýär. Howa ýetmän, demim kesilen ýaly boldum. Wah, ýene azajyk agyryma çydan bolamda, gepläýjekdim. Sözler dilimiň ujundady ahyry! Men garşa-garşa ýuwdujyradym. Içimden halkalanyp gaýdan sözler, bir tegek düýrülip, gursagymy dyrmady-da, ýene, içime gidäýdi. Bu birinji gezek däl, öňem şeýle bolýady. Ol hakda hiç kime aýdasym gelmeýärdi; olar birden muňa ynanmasalar, neneň bor!..

-Sen hökman geplärsiň, gysynmagyn, bala! – diýip, entegem üstümde kökenek gerýän gelin mylaýymlyk bilen aýtdy; onuň gözlerinde ýöne bir rehimdarlyk duýgusy bolman, eýsem göwün awlaýjy mähremlik bilen umyt ody yşganaklaýardy.

Düýn okuwyň birinji çärýegi tamamlanypdy. Oglan-gyzlar dynç alyşa gidýändigine begenişýärdiler. Uly arakesme wagty, top-top üýşüp duran oglan-gyzlaryň arasyndan geçip, hemişekim ýaly, giň merdiwana tarap ýöneldim. Onuň aýna ýaly ýalpyldap duran basgançaklaryndan münüp-düşmegiň özüçe bir lesseti bar. Her saparam, olary içimden sanaýaryn.

Merdiwanyň iç bölegi ýaý şekilli öwrüm bilen ikä bölünýär; olaryň hersinde on bir sany basgançak bar; ol meniň ýaşym bilen des-deň. Bu san maňa ysssy görünýär, men on birlik san hakda her hili täsin zatlary ýazyp alýan: adatça jaýlaryň köpüsiniň merdiwanlary on bir basgançakly bolýar; matematikada on birlik san ikibelgili, çylşyrymly sanlaryň birinjisi; adamyň süýem barmagynyň uzynlygy on bir santimetr; futbol toparynda on bir oýunçy bolýar, futbolda iň golaý jerime urgysy hem on bir metrden depilýär…

Indiki ýyl men on iki ýaşaýan, ine, şeýdibem, meniň ýaşym bu basgançaklaryň sanyndan agyşýar. “Onsoň men bulary sanamamy goýbolsun etmeli bormukam?”.

Aralyk meýdançanyň gyraň burçunda basgançaklara dolan adamlara syn etmek üçin oňaýly nokat bar; ony maňa surat mugallymymyz görkezdi. “Merdiwanda göze ilmeýän gabat gelmeler bolup geçýär, adamlaryň nazary sataşýar” diýip, ol düşündirýär. Dogrudanam, bu basgançaklar bilen biri aşak barýar, başga biri ýokary galýar. Olar deňelerine geleninde mydam bir-birege göz aýlaýar. Ejem bilen kakam ikisi ilkinji ýola merdiwanda sataşypdyr. Şol gezek ejem ak ýektaýly talyp joralary bilen aşak düşüp gelýän eken. Olaryň deňesine ýetende, kakamyň goltugyndaky kagyzlary dyr-pytrak ýere gaçyrypdyr, muňa gyzlar gülüşenmişler. Ertesi olar hassahanaň däriziniň ugrunda ýene gabatlaşypdyrlar, baş atyp salamlaşypdyrlar. Üçülenji gezek olar öňden gelýän tanyşlar ýaly, bile tirkeşip ugrapdyrlar. Ejem şol günleri örän süýjülik bilen ýatlaýar, soňam, esli wagtlap diwaryň bir nokadyndan gözüni aýyrman, oýa batýar.

Meniň surat çekýändigime deň-duşlarymyň barysy belet. Şonuň üçinem olar meniň bu inedördül meýdançaň bir burçunda durandygymy gören dessine ýylgyryşýarlar. Hamana surata düşýän ýaly, şo bada çynlakaý sypata girýärler, käbirleri bolsa, egin-eşiklerini düzedişdirip, özlerine timar bermäge başlaýar.

-Myradow, seni bärdesiňem öýtdüm-le – diýip, köýnegi, ýaglygy, pes ökjeli köwşi, garaz boýdan-başa çym-gyzyl synp ýolbaşçymyz on bir basgançak ýokardan maňa ýüzlenýär. Onuň syrdam bitin gyzyla boýalan görnüginiň reňki uran ýaly, onuň ýaňagy-dodagy hem al öwüsýär. –Hany, bahymja gel, seni häliden bäri gözleýäs-ä...

Mekdep müdiriniň kabulhanasynyň bosagasyndan girip-girmänkäk adam däl-de, hamana dil bitip, stol gürleýän ýaly, kompýuteriň aňyrsyndan ses eşidilýär:

-Tapdyňyzmy, mugallym?

Çepiksije kätip gyzyň stoluň tas ýarym göwresini tutýan uly kompýuteriň ýeňsesinde bardygyny diňe sesi gelensoň, duýup galýaň. Onuň şol ýerden bu jaýa girip-çykýanlary saýgaryp bilşini hem geň göräýmeli.

Otagyň törki gapysy giňden açylýar; işiksöýäň ýagty aýtymynda ilki ejemiň, yz ýany bilenem ugratmaga çykan mekdep müdiriniň görnügi peýda bolýar. “Şeýtseňiz oňat bor, galanam näme, hudaý işidir” diýip, ol bar diýýänleriniň wajypdygyny görkezmek isläp, öwüç bilen aýtdy. Ol meňem şu ýerdedigimi şindi gören ýaly, maňa baka öwrüldi. Onuň çotuň düwmesine meňzeş gözleri pezzik gaşlarynyň astyndan zordan görünýärdi. Şol goşa düwme öňküsinden az-kem ulalyp, meniň başdan-aýgyma bir laý gezmeledi. “Oňatja dynç algyn, köpräk açyk howada ýörgün” diýip, ol meniň elimi gysyp, hoşlaşdy.

BOSSAN

Çagalaryňyza dymmagy öwrediň,
gürlemegi olaryň özleri öwrenerler

Benjamin Franklin

Iş jaýyma mekdepden telefon edipdirler, “Müdir çagyrýar” diýipdirler. Eşiden badyma, bütin endamym jümşüldäp gitdi:”Eýgilikmikä?” diýenimi duýman galdym. Şo wagt jaň edilip çagyrylan jaýymyzda bir enäň gan basyşyny ölçäp otyrdym. “Wah, öňler dagy kelläm bir dykylyp, salymyny bermän açylyp gidibiýrdi – diýip, ene çignine oralan enjama intilip ýatyşyna zeýrenjireýärdi. – Gyzym, bu saparam geçer-gider-ä, bi?” Men oňa hoşamaý garap, baş atdym. “Riwo-Roççiniň enjamynda” howatyrly sanlar peýda boldy: 150/100! Meniň ýüzümiň az-kem kölegeländigini aňşyran borly, enäň çalaryp ugran gaşlary tirpildeşdi. “Kelläm birneme açylşybam barýa-la” diýip, ol özündenem beter meni rahatlandyrmaga çalşyp, zoraýakdan ýylgyran boldy. Men sanjymlyk derman almak üçin ýan torbamyň zynjyryny syrdym. Gaýyn enesiniň aýagujynda duran gelin ýaşmagyny kertäýjek bolup, menden gözüni aýyrmaýardy. Häliden bäri sekiň gyraňyna çalaja ilişip oturan ogly hem maňa sowally bakýardy. Gan basyşy kadalaşansoň ejesiniň hassahana äkidiljegini eşidensoň, onuň ýüzi boz-ýaz boldy. Garryny hassahana ýerleşdirip, iş jaýyma geldim. On günläp dowam edýän rugsat günlerinde oglum bile oba gitmegi ýüregimize düwüpdik. Şunça günlük işimden jogap aldym-da, awtobus duralgasyna tarap ugradym. Hälki jaň hakdaky habar bolsa, entegem ynjalyk bermeýärdi.

Awtobusyň içi seýranlykdy. Onuň öňki işiginiň ýanyndaky oturgyçda iki ýaş juwan bir-birinden gözlerini aýryp bilmän, süýji gürleşip otyrdy. Gyz käte owadan ýylgyryp, çete bakýardy; onuň gujagyndaky ak-gyzyl bägülleriň hoşroý ysy kükeýärdi. Her ýerräkde oturan ýolagçylar bu jübt göwrä her daýym göz aýlaýardy. Ol owadan güllere göwnüm gitdi. Şular ýaly çemeniň özüme haçan sowgat berlendigini ýada salmaga synanyşdym. Selim janyma göwrelidim. Adamym uly desse gül getirdi:”Sähra gülleridir, ýaz gülleri bi”. Men içki otagdan sere boý güldany äkeldim. Ol hezil edinip, sesli güldi:asyl, ýaz gülleri güldana goýulmaýan ekeni! Ol ýatylýan otagyň aýnasynyň öňündäki stoluň tutuş ýüzüne al-gyzyl gülleri ýaýratdy; olar şeýle bir gözel görünýärdi, synlap doýmak mümkin däldi. “Haýp, bularyň ömri gysga, tiz solýarlar” diýip, ol tukatlyk bilen dillendi. Men tisginip gitdim, oňa ünjüli garadym. “Ýöne ýene ýaz geler welin, olar öňküden-de üýtgeşik gül açarlar” Ajaýyp gözelligi, hoştaplygy üçinem, olar tiz sowulýan bolmasyn? Yşky duýgymyz elmydam ter bolar ýaly, meger, olara az ömür berilýändir? Mydam gunçalap otursa gözlerimiz olara öwrenişer giderdi; seýrek dogýany üçin biz älemgoşara söýgi bilen seretmeýärismi, näme...

Awtobus mekdebiň howly ýüzünden geçip, ýolaýyrda doly ýetmän, duralgada saklandy. Kalbymdaky solgun oýlarymdanmy, lakytak ýadawlygym üçinmi, bilmedim, keýpsiz halda, diňirgenip gelşime, mekdebiň gapysyna ýetenimi hem duýmandyryn. Mekdep müdiri ediljek gürrüňiň derwaýysdygyny mazamlamakdan ötri, giň maňlaýyny ýygyrdy, gür gaşlaryny burnunyň üstüne üýşürdi, kürsüň üstünde oýkanjyrap, çynlakaý sypata girdi. Ol ýarym göwresini üňedekledip, ellerini stoluň üstüne goýdy. Diňe şondan soňra, ýüzüni goýrulandyryp, soraşmaga başlady.

-Çagalaram hil-hil bolýa, - diýip, ol esasy gürrüňe geçýändigini tekrarlamak üçin sözlerine az-owlak basym berip, geplemäge otyrdy. – Bizde okaýanlar, özüňiz bilýäňiz, birneme emgeklije çagalar. Olaryň aglabasy geplemeýär, käbiri ses-üýnem eşitmeýä, içinde çala eşidýänem bar. Ýöne, olar görüp bilýäler, duýgurlygyna dagy, söz ýok, bizden ileri, bäşbeter artyk duýýalar. Bir-biri bilen şeýle bir oňat düşünişýäler welinim, biziň ýalylara gaýra dur, diýdirýä. (Ol sagtyny ykjamlap, ileri-gaýra omzady, adaja üsgürinjiredi). Oguljygyňyz hakda aýdaýyn diýdim. Örän düşbi, tüweleme, ukyplyja çagaňyz bar. Surat çekişi dagam üýtgeşik. Tertibine-de, at dakar ýaly däl, hemmeler bilen oňşukly, gepi-sözi alyşýa. Size oňat düşünýän. Iş-aladaňyzam ýetikdir, bilýän. Ýöne, çagaňyza has köpräk garaşyk ediň, kän wagtyňyzy oň bilen geçirmäge çalyşyň, diýjek bolýan. Ertirden olaryň dynç alşy başlanýar. Bileje gezelenje-zada gidýäňizmi, garaz, onuň golaýynda bolsaňyz ýagşy. Siz lukman, gelin, köpleri halas edýäňiz, dertlileriň üstünde hem ot-eleksiňiz. Ogluňyzyň düşen ýagdaýy, wagtlaýynçadyr, geçip gider. Bizden näme ýardam gerek bolsa, hiç çekinmäň, göni geläýiň.Bu ugurdan tejribeli lukmanlar kändir. Olara bir görkeziň. Hudaý garaşyk etse, bar zat ýerbe-ýer bolar, düzelişer gider.

Ol sözüne dyngy berdi. Men aşaklyk bilen oňa göz gytagymy aýladym.Onuň gür gaşlary maňlaýyna soň ýelmenen ýaly bolup, pezzerip durdy, käte olar bürjeşip, burnunyň depesine bir çogdam üýşýär weli, şo bada gerilmedik bolanda, olaryň ýolnup düşmegi hem ahmal duýulýar. Ol meniň içki pikirimi aňan deýin, gaşlaryny garsa sypap görýär. Giňiş otagyň içi daralan ýaly, gysylyp-gowruldym, müdiriň gep urşundan, geňeşdarlyk äheňinden göwnüm suw içmedi.

Nijeme ukusyz gijeleri ýassyga bagrymy berip, sessiz aglap geçiýändigimi bilýän barmydyr? Oguljygymyň “Eje!” diýen birje sözüni eşitmek üçin ençe ýollary söküp, gapy baryny kakmadymmy, men! Gözlerimiň öňi ümezläp gitdi, ýüregim gürsüldäp, gursagymy ýarara getirdi. Bogazym doldy, ýeke agyz geplesem, aglamakdan gaýry alajymam ýokdy; bu ýerden tizräk daşlaşanymy kem görmedim, ejap bilen baş atdym-da, gapa ýöneldim.

Gapyň öňünde Selim haýran gözjagazlaryny mölerdip, äm-säm bolup durdy. Elinden tutup, därize çykan badyma, ony gaýym bagryma basdym:
-Oba, babaňlara gezmäge gidýäs - diýip, ony begendirdim.

HYDYR

Jaýlar hem adamlar ýaly, olaryň içki dünýäsini
şöhlelendirýän öz kalby hem öz ýüzi bolýar.

Aleksandr Dýuma

Uzyn boýly kätip gyzyň üýnünden owal köýneginiň şowurdysy eşidildi:”Siz gyssagly oba ugramaly, täze gurulýan bina degişli ähli çyzgylaryňyzam ýanyňyz bilen alyň!” diýip, ol başlygyň tabşyrygyny bir demde sözbe-söz gaýtalady. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, günüň ikinji ýarymynda tapylan bu ýumuş bar zady çepbesine çöwürdi; işden soň, dost oglanlar saçak başynda üýşeliň, diýişipdik. Men alabasgy bolup, çyzgylarymy top-top düýrlemäge başladym.Bu gep çykaly bäri hezili artyp, içýakgyç gülüm-ýalym edýän kärdeş dostuma alarylyp seretdim. Oňa ajymy pürkäýesim geldi, şonda göwnüm aram tapaýmalydy. Onuň bolsa, böwregi sarsyp, göhi göterildi, arkan gaýşyp, çylkasyz güldi, inçelen erni gulagynyň düýbüne çenli sozuldy: ýogsam dagy şindiki ýygynçagymyza olam gitmelidi! “Ýagşy ýigit ýol üstüne”. Morta aýdylan heneginem üstüne ýetne etdi. Ahyry, bir çak bolandygyny duýup, çynlakaý sypata girdi, oturgyjyny jygyldadyp, agras gobsunjyrady:”Günüň soňumy, näme, ýene bir gün ýygnanşaýmaly bor-da” diýdi. Oňa haýbat atýandan bolup, barmagymy gezeltdim. Biwagt ýumuş hakda öýi habarlandyrmaly. Telefondan ejemiň sesi gelerine mähetdel, bir demde sarnap ýetişdim:”Eje, iş bile oba gidýän, galawut etmäň, habarlaşaryn”. Telefonyň “guk-gugundan” soňra ejemiň adatdakysy deýin zeýrenjegi bes-belli; haçan bir il hataryna goşularkaň, wah, biliň boglup, öýerleňde, el-aýak bolup, öýe ylgar gelerdiň, iş bahanaň, gyrp-jyrpyň bolmazdy-la...

Baharyň mymyk ýeli köwsarlaýar; gökdäki ygym-sagym bulutlaryň mahal-mahal serpinjegi syrylyp, Gün jyklaýar, tutuş gözýetime şöhle saçýar, kän wagt geçmän, ol zemin taýa uzadan ýagty gollaryny ýygnap, ýene-de bulutlaryň aňyrsynda gizlenýär. Men ibirt-zabyrt köçäň geçelgesinden gönüläp, ulagyma baka ýöredim. Barýan obamyň ýoly şäheriň awtomenziliniň duşundan ötýär. Ýöremeli ýolum az däl. Bu gün yzyma köwlejegimem ikuçlydy. Şoňa görä, ýeňiljek garbanmaga oduk-buduk almagy oňaýlap, dükana sowuldym. Gapydan çykyp gelşime, bir gelin bilen oglanjygyň bölek-büçek düwdek goşlary töwerekläp durandygyna gözüm kaklyşdy. ”Hany, menem äkidişeýin” diýip, olaryň ýanyna bardym. Daşary çykan badymyza, gelin menziliň giň meýdançasynda hatar-hatar nyzama düzlen awtobuslara baka ýöneldi. Nirä gidýändiklerini soradym, asyl meň bilen ugurdaş çyksa, nädersiň! Tenha özümdigimi, şol oba barýandygymy ýaňzytdym. Gelin ejaply çekinjeňligi bile ikirjeňlendi, halys özelenip duramsoň, razylyk berdi; biz tirkeşip, ulaga tarap gaýtdyk.

Ara köçelerden geçip, göni ýola düşýänçäk, hiç birimiz dil ýarmadyk, emma, ejesine gysmyljyraýan oglanjygyň horja elleriniň çalasyn hereketi bilen üm edendigini atanlykda görüp galdym. Muny aňşyran oglanjygyň eýjejik garaýşy tukatlandy, dodajyklary kemiş-kemiş etdi. Juda bioňaý hala düşdüm, tötänden gizligin bir zadyň üstünden baran ýaly, ýüz-gözüm bozardy. Ýüz beren düşnüksiz ýagdaýdan çykalga agtardym, bu içgysgynç dymyşlygy bozmakdan ötri, gep açmak isledim. Adymy aýtdym, olaryň obasynda gurulýan mekdebiň çyzgylaryny edýändigimi, hut şu derekli hem ol ýere barýandygymy ýüzugra gür berdim. Az-owlak özüni dürsän, birneme ynjalan gelin hem gepe goşuldy: oglunyň okuwdan boş günlerini obada geçirmek isleýändigini aýtdy. Garaz sözümiz alşyp ugrady. Herhal onuň niçikdir bir ünjüsiniň bardygyny kä ýarym ýüzüniň kölegeläp gidýändiginden, gussaly gözlerinden aňmak bolýardy.

Biziň herimiz jaýlaryň penjiresiniň aýnasyna meňzeýäris; şapak gyzaryp, Gün doganda şol aýnalar deýin ýalpyldap, daş-töwerege ýalkym saçýarys. Gije düşüp, garaňky ýere inen çagy, jaýyň içinde ýanýan yşygyň ýagtysyna şol aýnalaryň hakyky gözelliginiň açylyşy mysaly, kalbymyzdan çykýan mähir nuruna biziň asyl keşbimiz, ynsançylyk gözelligimiz äşgär bolýar. Gelniň näzik ýüreginiň mähir-mhabbeti onuň gül durkuna asylly gözellik eçilýärdi, onuň ejaply oturşy, göz astyndan garaýşy owadandy. Meniň syrly bakýandygymy duýan badyna, onuň inçemik gaşlary az-kem çytyldy, alagözleri neşder kirpikleriň aňyrsynda gizlendi, ýaňaklary al öwüsdi.

-Selim janym, geplänok – diýip, ol çawuş çakýan ýaly juda pessaý üýni bilen söz açdy, oglunyň saçlaryny emaý bilen sypady.

Çagaň diliniň tutulmagyna sebäp bolan wakany aýdyp berdi; onuň gözleriniň gubarlnandygyny görüp, iňňän bozuldym. Özi hakda gürrüň edilýärkä, ýerden ýüzüni galdyrman, ümsüm oturan oglanjygyň nazaryny agtardym: biziň gözümiz sataşdy, men oňa hoşamaý ýylgyryp, baş atdym:

-Ogluňyz saýrak guş bolup, bir enaýy saýrar weli, çende-çakda durmaz, şeýle dälmi, Selim?!

Meň sözlerime oglanjyk begendi, şadyýan ýylgyrjaklap, ejesine garady.

Olary köçäň çet ýakasyndaky uly howlyň öňünde düşürip, gaýra tarapa öwrüm etdim. Täze binalaryň nyzamly hatarynyň tör ýüzündäki giň meýdanyň eteginde birnäçe adam gürleşip durdy. Olaryň aňyrsynda iki sany zynjyrly traktor ýaşylymtyl goýry tüssesini burugsadyp, magallak seňňere süsňeýärdi, arlap ses edip, gum üýşmegini bir çete sürüp äkidýärdi. Gurluşyk firmaň ýolbaşçysy, orta boýly, agajet adam öňümden çykyp, gadyrly salamlaşdy, aýlap-öwürmän, göni iş derekli gürrüňe girişdi; il ösüp-örňeýär, obaň çägi giňeýär, tüweleme, adamlaryň eli uzadan ýerine-de ýetýär. “Hä” diýmän bu mekdebem ýetişer, onsoň, obany tanabam bolmaz. Gurmak, onda-da körpelerimiz üçin gurmak bir haýyrly iş, ondan göwnüň jaý tapýar. Şu manyda sözläp barşyna ol gurluşygyň taslamasyna käbir düzedişleriň girizilendigini duýdurdy. Mahlasy, onuň ýamaşgandan çyzylmaly ýerleri boljak. Garaz, gyssagym özümde, näçe çalt deprensem, şonça-da gowy.

Şähere gelip, birnäçe gün çyzgyly kagyzlaryň içine çümdüm, hiç zada elim ýetmedi. Jaý gurma bag ekmek kalbyňa şatlyk berýär; bagban daragt oturtjak bolanda, kökläp biljek nahaly saýlaýar, bina diklemek üçinem, çyzgysy dürs bolmaly, görüň, meň işim nahal taýýarlan ýaly ekeni!

Işe başagaýlyk bilen, bar zady oýumdan çykardym, diýsem öte geçerin: men çendan-çendan gurşan barmaklarymy owkalaşdyrmaga duran pursatym, özüm hem duýman baýak oba deňiç bile giden ejeli-ogly ýatlaýardym, göwnüme täsin bir ýakym aralaşýardy, ham-hyýala gurşalyp, bir sellem sarsman durýardym. Ylaýta-da Selimiň şol şadyýan ýylgyrjaklamasy huşumdan çykmaýardy. Şol çak olar bilen ýene duşuşmak höwesi peýda bolýardy. Işimi jemläp, şähere çykan wagtym men olar hakda dostuma gürrüň etdim. Ol çaga lukmany bolup işleýärdi, eli ýeňil, kärine-de ökdedi. Dostum durşuna gulaga öwrülip, sözümi ýolman diňledi. Beýle zadyň seýregrägem bolsa, durmuşda gabat gelýändigini ýaňzydyp, ol öz pikirine gümra boldy.

Soňkusygün, iş aýaklap barýarka, kärdeşim bilen çaý içip, gümür-ýamyr edip otyrkak ol gapydan girdi:”Geçip barýadym, şü bikär taslamaçylardan bir habar alaýyn, diýdim” diýip, ol degişmä salyp aýtdy. Üçümiz üç ýerden, müň gepiň başyny agyrtdyk. Görsek iş jaýymyzda bizden gaýry hiç kim galmandyr. Onsoň bizem zatlrymyzy ýugnaşdyrmaga durduk. Ine, şol wagtam dostum gepi meniň baýak aýdan gürrüňime syrykdyrdy:

-Seň baryp gaýdalyň bäri, şol gep oýumdan çykmady - diýip, ol ýüzüni goýrulandyrdy. – Elimde bar kitaplary bir-bir agdaryşdyrdym, beýleki lukmanlar bilen gürleşdim, garaz, onuň alajyny gözledim. Tersem bolmady, kän zat bildim. Öň okanyňy gaýtalasaň, täze bir zat tapaýýaň.

-Ol geplärmi? – diýip, onuň aýlawly gepleriniň ahyrlaryna howlugyp, gömelteý sowal berdim.

-Elbetde – diýip, ol kesgitli aýtdy. Onuň labzyndaky ynama begenjimden dik aýak bolanymy hem duýman galdym– Häzirki zaman lukmançylyk ylmy juda ösen. Şeýle bir tehnologiýalar bar, asyl öň hyýalada gelmedik zatlary başarýar. Sen ýüregiňi eliňe alybermän, ilki meni bir diňlesene. (Ol diýjek sözlerini içinden öwrüp-çöwürýän ýaly, gözüni süzgekletdi.). Ir döwürde parasatly kişi bolupdyr. Ol hakda şular ýaly tymsal bar. Günleriň birinde ol gür tokaýlygyň içinde azaşýar. Ýol tapman kösenýär, haýsy tarapa ugrasa-da, ýene öňi tokaýlyk bolup duranmyş. Ahyrynda ol şol azaşýan ýerine dolanýar. Özüniň ugur ýitirmesiniň sebäbini agtarýar. Şeýdibem, ol uly ýola çykmagy başarypdyr.

Men “Düşünmedim” diýen terzde kibtimi gysdym.

-Bu tymsalyň öz manysy bar – Ol sagtyny ykjamlady, elini dyzynyň üstüne atdy. – Oglanjygyň häzirki ýagdaýynyň sebäbi nireden başlanýar, onuň duýgusynyň azaşmasy nirede, ana, şoňa dolanmaly. Ol ýamaşgandan bu ýoly geçip görmeli. Men bu delili aňrybaş takyklyk diýib-ä, çürt-ýoluk aýdyp bilmen. Ýöne, synanyşyp göräýmeli-dä...Ejesi lukman diýdiňmi? Onuň bilenem geňeşip gör, muny. “Bendäm-bendäme sebäp” diýilmeýärmi, näme...

-O gelniň telefonynam bilemok ahyry!

Olar meniň bolşuma gülüşdiler.

-Bu işi maňa ynanaý – diýip, kärdeşim aýgyt bilen aýtdy.

BOSSAN

Uzak gije gözüme uky gelmedi. Her hili oý-pikirler basmarlap, iki ýana agdarlyp-düňderlip, gözüm açyk, oýa ýatdym. Adamym pahyr şular ýaly bolanda, müňden aşak sanamaly, diýerdi: 999, 998... Birbada agyr oýlar terk edip, az-owlak ynjalyp, irkildim; emma şol oý-pikirler garasar uçan ýaly, ýene peýda bolýardy, içimden öwürýän sanlarymyň tertibi dargady.

Gije ýarymdan agyp, haýal süýşýän wagt daňa dönüp ugran çagy, alasarmyk halda ymyzganypdyryn. Gözüm ýumulgy, ýöne men bar zady agyn duýup ýatyrdym; golaýymda ýatan oguljygymyň adaja dem alşy hem gulagyma gelip durdy. Jahan ýagtylyp, daň saz berende weli, agyr uka gidipdirin. Gündizki hyýalymdyr-da, düýşürgedim. Meni gara basmarlady. Hamana, iş jaýymyň aýnasyndan ýola garap duranmyşym, çola köçäň edil ortarasynda adamym maňa gol bulaýlaýar, özem ýetişibildiginden bir zatlar diýýär. Maňa onuň sesi gelenok, aýnany açyp, oňa jogap berjek bolýan, ýöne penjiräň zülpleri ýok, gaýym petiklenen. Otagyň içinde çarp urup, elem-tas ýüwürýän, ýene aýnaň öňüne gelip, köçä seredýän, ony çagyrmakçy bolýan. Ol meni görenok, ýöne gol bulap dur. Teýahyr onuň el telefonyny jübüsinden çykarandygyny, tiz-tiz onuň belgilerine basyşdyrýandygyny görýän. Otagyň gapböwründäki iş telefon jaňy zowwar ýaňlanýar:”Şol bolmaly!” Telefona gol uzadanymam şol welin, oýandym. Ýassygymyň eteginde ýatan el telefonym dynuwsyz jaň urýardy. Men gören oraşan düýşümiň täsirinden aýňalabilmän, kinniwanja telefona üýşenip garadym, oňa el uzatmaga hem ragbat tapmadym. Telefona gaýtadan jaň geldi; men gorka-gorka ony gulagyma tutdum.

-Bagyşlaweriň, bagyşlaweriň – diýip, nätanyş biri öwran-öwran uzur diläp gyssanmaç gürledi. Bu ses maňa birhili tanyş ýaly duýuldy, emma ony haçan eşidenim bolsa, asyl-asyl hakydama gelmedi. – Ir bilen bimaza edäýdim öýdýän, bagyşlaweriň.

-Zeleli ýok – diýip, pessaý aýdanam bolsam, üýnüm yzgytly çykdy.

-Oba-gara gowulykmy, ogluňyz Selim neneň, dynç alýanmydyr?

Men “hawa” diýip, gapdalyma garandym; oguljygym enaýy ýylgyrjyrap, süýji ukuda ýatyrdy. Şo bada bu batymly owazy tanadym; ol bizi oba alyp gaýdan ýigitdi. Allaniçigsi bolup, garsa ör boýuma galdym.

-Eşidilýämi? – diýip, menden ses-üýn çykmansoň, ol gowuşgynsyz dillendi.
Yzyndanam, Selimjana degişli bir haýyrly gepiň bardygyny ýaňzytdy. Saý-sebäp bilen ýolda gabat gelen kişiniň oguljygym barada gürrüň edýändigine geň galdym, üýşendim. Başy boş bilip, maňa lak atmagyň ebeteýini gözleýändir, bu geplerem hälki bir bahanadyr. Inim dyglap gitdi. Onuň ýüzüni almak, çetine degmek höwesim hem dyňzap durdy. Her-nä, syr bermän, dilimi dişledim.

-Bossan, göwnümde çigit ýaljagam garalygyň ýokdugyna ynanaýyň – diýip, ol meniň betgümanlyk edendigimi görüp duran ýaly, gyssanmaç sözledi. Soňundanam, çaga lykmany bolan dostuna Selim barada aýdandygyny, şol dostunyň hem bir tymsal bilen, özünde ynam oýarandygyny, garaz biziň duşuşmagymyzyň zerurdygyny demini alman diýen ýaly, gür berdi.“Oňlasaňyz, şu gün baraýyn, şol aýdylýan ýere aýlanyp gaýdalyň” Men bada-bat “Ýok!’ diýip, telefonyň düwmesini aýgytly basdym.

Bedrädäki süýdi süzüp durkak, bolan gepi uýala-uýala ejeme aýdyp berdim. Ol bassyrmaň astynda oýurganyp oturan kakam taýa gorkuly garanjaklady:”Gyzym, ugrunadyr, “hä” beräýmeli ekeniň” diýip, dodaklaryny müňküldetdi. Hoşroý ýigidiň salykatly gep urşy, aram-aram hoşnut ýylgyryşy göz öňüme geldi.”Ony soňuna çenli diňläýmeli ekenim” diýip, içimi kösençli gepletdim. Şu mahal kakamam meň pikirimi edýän bolarly, ol öçügsi gözlerini menden aýyrman, siňňin garap otyrdy; onuň saç-sakgaly duw akdy, gaşlaryda çalarypdyr. Meň derdimiň sütemi onuň göwresini çökeripdir; ol soňky ýyl ýarymyň içinde ýigrimi ýaş garran ýaly duýulýar, öz ýaşyndan ep-esli gartmaç görünýär.

Men assyryn ýöräp törki otaga geçdim, onuň gapysyny jebis ýapyp, telefonyň düwmelerini basyşdyrdym. Ýigit jogap beren bada: “Geläýiň” diýdim.

SELIM

Babamlarda ýaşamak örän hezil. Howly ýüzdäki otagyň aýnasyndan jyklaýan Gün gözüňi gamaşdyrýar; daşardan eýýämhaçan gyrmyldap ýören babamyň mesiň daşyndan geýen köwşüniň şypbyldysy eşidilýär. Mamam “Ony bekje baglaýmaly ahyry “ diýip, igençli hümmürdeýär: görseň, ejem sygyr sagýandyr, şindi gazyga çala iltenen gölejigem tazygyp, çar ýana towsaklaýandyr. Men ýyly ýorgana gysmyljyrap, ýene bir sellem ýatdym. Howludaky sesler böwşeňleşdi.

El-ýüzümi ýuwup, daşary çykdym. Giň bassyrmaň aşagynda ejem dagy hamana men gelýänçäm zat datmazlygy dilleşen ýaly, saçagy töwerekläp hemaýyn gürleşip otyrdylar. Ejemiň goltumynda aýbogdaşymy gurup, jaýlaşykly ornaşdym. Şo bada mamam maňa gaýmaklap duran süýtli käsäni äberdi, ejem bolsa, öňden häzirläp goýan mesge çalnan ýagly külçäni elime tutdurdy. Olaryň iki ýerden tele-tut boluşlaryny babam oňlap baranok, şöhlesisiz gözlerini alardyp, olara hemleli bakýar: çagany halys eljiredip bolduňyz, “ejemogly” etdiňiz ony! Ýöne onuň özüniňem yzgydynyň soňy ýok, takaty ýetmän, şaha nabadyň başam barmakdan uly bölegi atylan çaýly käsäni maňa uzadýar.

Şu gün ejem öňkülerden örän sustlaç görünýär, hiç zada seri bolman, oýurganyp otyr. Özem gizligin bir zatdan hederi bar ýaly, her daýym alakjap, iç-daşyna ýalt-ýult seredýär.Çaý-suwdan bolup, ör galdym, jaýa ýöneldim. Yz ýanym bilen ejemem gapydan girdi. Ol meň ýanyma gelip dyzyna oturdy, iki egnimden tutup, gujagyna basdy; ol hamsygýardy, maňa bir zatlar diýjek bolýardy, emma aýdyp bilmän, ýene bagryna basýardy.

Gaýra ýüzde magallaklap oturan depäň çulbasyna çyksaň obaň bar ýeri eliň aýasynda ýaly bolup duýulýar. Onuň eşegarka gerşindäki jala-ýagmyrlaryň zol-zol yzlary gyýak düşýän Günüň şuglasyna çalymtyl ýaldyraşyp, öwşün atýar. Ýaňy sekiz ýaşymy doldurypdym; şenbe günüdi, oba gezelenje gelipdik. Şonda kakam elimden tutup, meni bu ýere alyp gaýtdy; biz depäň çür başyna çykdyk, “Hon-ha, babaňlaryň öýi” diýip, onuň hatar-hatar jaýlaryň içinden tanyş öýi tapyp görkezendigi häzirki ýaly ýadymda. Soň-soňlar babam bilenem bu taýa kän sapar geldik. “Indi ol depä çykar ýaly dyzymyň rowgaty ýok” diýip, babam otursa-tursa zeýrenýär. Indi men elkin gaýdýan, daş-töweregi depeden synlap, esli wagt oturýan.

Bu günem derwezeden çykyp-çykmankam, Garagulak seňk-seňk edip ýetip geldi, gulagyny ýapyryp kä sagyma, kä çepime geçdi. Köçämiziň ahyryndan saga öwrülýän dilkaw ýodajyk depäň münelgesine baryp direlýär; şu taýda Garagulak kileň meň deňämden ötüp, ýapyrylyp öňe geçýär, onuň depä ýarmaşyp ugran göwresi el bilen sozlan ýaly, juda süýnmeç duýulýar. Ol aňňadyň depesine çykansoň, gazan ýaly kellesini bir gapdala gyşardyp, maňa garaşýar: melemtil gözlerini meň gadamyma gönderip, gulaklaryny keýkerdýär.

Depäň guzaý ýüzünden geçýän ýabyň bärki kenary garaňkylaç görünýär, taýyp gaýdan şemal ýaňy ýapraklap başlan agaçlaryň başyny tolkunladyp geçýär. Kän dürli reňkler bilen öwşün atýan bu görnüşi depesinden synlap, üp-ümsüm otyryn; şu pille garysyny ýassanyp ýatan Garagulagam bijan ýaly, asyl ol hem tirp etmeýär.

Meň egnimaşyry bir kölege uzap gitdi, duýgur itim gulaklaryny hüşertdi, topulmaga häzirlenip, hyňrandy. Ýeňsäme gaňryldym. Baýak bizi babamlara äkelen şol çyzgyçy daýy ýüzüni ýagtyldyp, depämizden garap durdy. Adatça bitanyş biriniň sesýetim meýdandan habaryny alýan Garagulak ony ýadyrgabam durmady; gözüni oň görnügine bir aýlady-da, ýene garysyna ýassandy.

-Gowy ýer tapypsyň, Selim – diýip, ol gum-zat diýmän, gapdalymda oturdy. Az-owlak daş-töwerege ýaltaklap –Suwuň akaýşyny – diýdi. –Oba barsam, menem şular ýaly çete gaçýan, ýeke özüm. Biziň obamyz başga etrapda, bu ýerden has alysda. Gaty gowy ýerleri bar. Ýöne beýle depämiz-ä ýok. (Ol Garagulaga tarap baş atdy.). Muň ýaly itimem ýok. Adamçy däl ekeni, oň ady näme?

Men ýazyp görkezmek üçin degrämden çemelije bir taýajyk agtaryp, gobsundym. Ol aýasyny gerdenimde gezdirip, meni saklady, soňam it atlaryny hakydasynda aýlap, sanamaga oturdy. Öz adynyň tutularyna garaşýan ýaly, Garagulak bir gulagyny ýapyryp, beýlekisini galdyryp ýatyrdy. Ol bolsa, oňa dogry geläýjek atlary agzamagyny dowam etdirýärdi. Onuň “Alaja” diýenem şol welin, it “hyr-hyr” edip, oňa heşşerildi: ol Garagulak bilen elmydam gyr-tutuş, ýalaň agyz salşyp ýören itiň ady ahbetin! Köpek muňa ýüksünen kimin, batman kellesini tersan öwürdi: gowy adam däldigiňi owal bilen bolamda, ökjäňe münüp, dagy-duwara bu taýa gara salmaz ýaly ederdim, şonda asyl öz adyňyň kimdigem ýadyňa düşmezdi...

Mundan artyk itimi kösäsim gelmedi; gumsalt ýere egrem-bugram harp çekip, onuň adyny ýazdym. Öz adynyň tutulýandygyny eşden bada, Garagulak arkasyny gomaldyp, giňden gerindi, ap-tap basyp geldi-de, daýyň dyzynyň ýanynda süýndi.

-Selim, gardaş, ikimiz açyk gürleşeli – diýip, ol agzysary oglan bilen däl-de, eýsem deň-duşy bilen gepleşýän ýaly äheňde sözläp, maňa golaý süýşdi. Onuň açyk ýüzi, mylaýym eşidilýän nazymly öwzaýy, hoşnut ýylgyryşy, mahlasy, bar bolşy maňa ýakyn bolup duýulýardy. –Men bu gezek iş bilen däl, hut seni göreýin diýip geldim. Maňa haýpy gelýä, ýüregi awan bolup, teselli berjek bolýa diýip, oýlama. Seni ýöne göresim geldi, Selim. Ejeň bilen irden gürleşdik. (Ol enaýy bir zat ýadyna düşen ýaly, begençli bakdy.). Men gaty owadan ýeri bilýän, beýle bir uzagam däl, ýöne seredip oturybermeli. Meňem mydam elim ýetip duranok, şu gün bir boşlaňrak wagtym bar. “Bor” diýseň,şo ýere aýlaň-çaýlaň edeliň.

Ol ör turup, üst-başyny kakyşdyrdy, soňam, meň elimden çekdi...

Ejem ýola taýýar halda derwezäň iç ýüzünde maňa garaşyp durdy. Mamam doga okaýan ýaly, dodaklaryny gymyldadyp bizi ulaga çenli ugratdy; yzgytsyz babam öýden çykmady.

HYDYR

...Ertesi gün uzakda
Doganda güneş,
Oglan ýene gün çekdi
Adama meňzeş!

G.Ezizow, “Suratçy oglan”

Giň köçäni aralap, jaýlaryň öňünde bilesigeliji nazarlaryny dikýän obalylaryň gürmeginden sogrulyp, şähere gidýän uly ýola düşdük; edil şo wagtam güýçli çagba guýdy. Ulagyň aýna süpürýäni aşak-ýokary baryp gelýänçä, bedreden guýulýan ýaly suw aýnaň öňüni ýene tutýardy. Çagba başlaýşy ýaly, tiz hem tamamlandy. Men uzalyp ýatan daglygyň etegindäki ýolaýyrtdan saga öwrüldim.

-Şu ýerden biz on bir minut ýöräpdik – diýip, Bossan çagylly ýola düşen badymyza tukat seslendi.

Men wagty bellemekçi bolan ýaly, ýazzy maňlaýymdaky sagada çiňňerildim. Görsem, Selimem sagada tarap boýnuny sozup seredýär.

Egrem-bugram ýoluň iki gyrasynda gülli meýdan ýazlyp ýatyr.Ýaz ýagşyndan soň zeminiň roýy ap-arassa; asman ak pamyk bilen syrylan ýaly, dup-dury, al-gyzyl güller onuň ýüzünde şöhlelenýär; ýagty görküni güjeňläp, parlap çykan Günüň çyrazyna tutuş gözýetim altyn öwüsýär; ak kebelejikler ýaz gülleriniň ýaňyja açylan gunçalarynyň lebinden syçraýan tylla uçganaklary mysaly menek-menek ganatlaryny galgadyp,gaýmalaklaşýarlar. Zeminiň şumatky gülgün keşbinden joşa gelen asman şalygynyň perişdeleri bu görnüşleri reňkli zolaklara bölüp, gök ýüzüne keşdeläpdirler: hol, alys gözýetimden älemgoşar peýda bolýar.

Selim ulagyň böwrüne gysmyljyrap, ümsüm otyrdy; al-gyzyl öwşün atýan bu ümürsin meýdana gözjagazlaryny gyrpman bakýardy, kinniwanja gursagyna dolýan gorkudan ýaňa, demini çalt-çaltdan alýardy. Bossanyňam ýüzüniň agaryp-bozarýandygy alnymdaky aýnadan aýyl-saýyl görýärdim. Gös-göni alnymyzda agaryp görünýän aňňatlyga çenli ýol dura-bara inçelýärdi. Şol depäniň düýbünden ýol az kem gyşaryp, kert eňňit başlanýardy. Ýapgytdan aşaklygyna inip ugrandan Bossan: “Häzir boluň!” diýip, howsalaly gygyrdy. Yz ýanyndan “Eje!” diýen çaga sesi ýaňlanyp gitdi. Men ulagy ýoldan sowup, zarp bilen sakladym; oglunyň ýüz-gözünden ogşaýan Bossan “Ýene aýt, balam, ýene aýt!” diýip, gözünden boýur-boýur ýaş döküp, dynuwsyz gaýtalaýardy. Ulagdan hasanaklap düşdüm, saňňyl-saňňyl edýän aýaklarym göwrämi götemejek bolýardy. Birdenkä, ýüregim doldy, gözümden boýur-boýur ýaş akdy. Ol begenç gözýaşlarydy! Men uly sesim bilen göçgünli gygyryp, ýaz gülleriniň al-ýaşyl öwüsýän düşeginiň üstüne özümi okladym, arkan düşüp, mawy giňlige ümezleýän gözümi dikip, öňkümden bäş beter gygyrýardym. Onýança, ejesiniň gujagyndan hem öl-suw eden posalaryndan sypan Selim meň gapdalyma özüni atdy. Ol: “Men geple-ýään” diýip deminiň ýetdigiçe sozup, şatlykly seslenýärdi.

Biziň gülleriň gujagynda iki ýana togalanyp, çarp urşumyza begenç bilen seredýän Bossan hem aglaýardy, hem gülýärdi.

© Amanmyrat SAPAROW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 95 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Amanmyrat Saparow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203