11:04 Öňki ýaly bar aladam saçym däl | |
Öňki ýaly bar aladam saçym däl, Ondan möhüm boldy göwnüň galmagy. Meň bilen başgaça boljak toýda-da... Tapyndym gyrada çapak çalmagy. Tüweleýläp tupan çeken şährimde Adamlary synlamagy çykardym. Ýogsa düýnem aryň öýün gorjalap, Barmasy kyn notalardan çekerdim. Bes etdim ýaşlygma galaryn öýtmämi, Daşyna dökülip gutardy sabrym. Hol gün seýilgähde synlan gyzymam: «Salam, daýy» diýip tütetdi bagrym. Ýok-la, göwnümedir, üns bermäýin, Ýa öňkimden biraz ulaldymmykam. Toba, aýtmaga-da çekinýän welin, Ömrüň salymdygna ynandymmykam?! © Amangeldi ÝEGENOW "Nesil" gazeti | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |