Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:03
Oraza

ORAZA

«Oraza» sözi pars dilinden geçipdir. Bu arap dilinde «sawm» we «siýam» sözleri bilen aňladylýar. «Sawm» sözi arapçada: «Bir zatdan daş durmak, özüňi saklamak, böwet bolmak» manylarynda ulanylýar.
Fykyh taýyndan oraza imsak wagtyndan iftar wagtyna çenli ýagny, fejri sadykdan (daň atmazynyň öň ýany) başlap, tä Gün ýaşýança aralykda hiç zat iýmän-içmän, jynsy gatnaşyk etmän, öz nebsiňi saklamak diýmekdir.
«Imsak» sözi özüňi saklamak, böwet bolmak manylaryny berýär. Imsak wagty (agyz beklenýän wagt) fejri sadygyň girmegi bilen, ýagny, ýassy namazynyň wagtynyň gutaryp, ertir namazynyň wagtynyň girmegi bilen başlanýar. Bu wagt selällik wagty hem gutaryp iýmekden, içmekden, jynsy gatnaşykdan el çekilýär.
«Iftar» sözi açmak, bozmak diýen manylary berýär. Iftar wagty (agzaçar) orazanyň gadaganlyklarynyň wagtynyň gutarmagydyr. Bu wagt agşam namazynyň hem başlanýan wagtydyr.

ORAZANYŇ HÖKÜMI

Oraza tutmak yslamyň bäş esasyndan biridir. Oraza hijretiň ikinji ýyly, şaban (meret) aýynyň onunjy güni Medinede farz edilýär. Munuň farzlygy Kitaba, sünnete we ijmaga esaslanýar. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:
«Eý, iman getirenler! Siz takwa bolarsyňyz diýip, Sizden ozalky ymmatlara farz edilişi ýaly, size hem oraza tutmak farz edildi», (Bakara, 183).
Oraza hem namaz ýaly, beden bilen amal edilýän ybadatdyr. Bu ybadatyň iň esasy aýratynlygy: ynsany erbetlikden saklamagy, nebsiň dürli ham-hyýallaryny jylawlamagydyr. Hadysy şerifde: «Oraza bir galkandyr. Orazaly kişi jahyllyk edip, erbet sözi aýtmasyn. Özi bilen uruşmak, käýişmek, yrsarap azar bermek isleýän kişä: «Men orazaly» diýsin», (Buhary, Müslim) diýip ündelýär. Başga bir hadysda: «Kim ynanyp, sogabyny Allahdan tama edip, remezan orazasyny tutsa, öňki günäleri bagyşlanar», (Buhary) diýilýär.
Oraza ynsany erbet meýillerden saklaýandygy üçin, Resulullah Serwerimiz öýlenmedik ýaşlara şehewi (jynsy) duýgularyň azaryndan goranmak üçin, oraza tutmagy maslahat beripdir. Orazanyň şehewi duýgularyň öňüni alýandygyny häzirki döwürde ylym hem tassyk edýär.
Oraza aýy gelende, jemgyýetde günä işleriň derejesi peselýär, erbetlik azalýar. Muňa derek haýyr-hasenat köpelip, adamlaryň arasynda biri-biri bilen ysnyşykly gatnaşyklar döreýär. Özara arkalaşyk artýar. Orazanyň bu täsiriniň asyl sebäbini Pygamberimiz şu hadysy şerifinde beýan edýär: «Oraza aýy gelende, jennet gapylary açylyp, dowzahyň gapylary ýapylýar we şeýtanlaryň ählisi zynjyrlanýar», (Buhary, Müslim).
Orazanyň Allah dergähinde gadyr-gymmatynyň örän beýikdigi bir kudsy hadysda şeýle beýan edilýär: «Ynsan oglunyň amal eden her haýrynda we ybadatynda özi üçin lezzet we bähbit gazanmak endişesi bardyr. Emma oraza beýle däldir. Oraza diňe Meniň razylygym üçin edilýän ybadatdyr. Onuň sylag-serpaýyny hem Men bererin», (Müslim, Nesaýy).
Başga bir kudsy hadysda bolsa, şeýle ündew bar: «Her ýagşy amala on esseden ýedi ýüz essä çenli sogap bardyr. Ýöne orazanyň sogaby bu ölçegden has ýokarydyr. Çünki, ol Meniň üçindir. Onuň sylagyny diňe Men bererin», (Tirmizi). Bu hadysa görä, her haýyr we ybadat üçin on haseneden (ýagşylyk) ýedi ýüz hasenä çenli sogap berilýär. Ýöne oraza üçin sogabyň mukdary çäklendirilmändir. Onuň sylagyny bellemekligi Allah Tagala perişdelerine tabşyrman, hut öz Zaty Akdesinde saklapdyr. Șol sebäpli, mü`minler tutan orazalary üçin, kyýamat güni garaşylmaýan mukdardaky uly sogaplary alar. Resuly Ekrem muňa şeýle yşarat edýär: «...Orazalynyň iki begenji bardyr. Biri iftar wagtynda – agzyny açandaky begenji, beýlekisi bolsa, Rabbine gowşan wagty oraza sylagy bilen sylaglanan pursatyndaky begenjidir», (Buhary, Müslim).
Oraza tutýan kişileriň ýetýän beýik fazylet we şerefli mertebeleri käbir hadyslarda şeýle düşündirilýär:
«Jennetde «Reýýan» diýlen bir gapy bardyr. Bu gapydan kyýamat gününde diňe oraza tutanlar girer. Olardan başga hiç kim o gapydan goýberilmez. Kyýamat güni: «Oraza tutanlar nirede?» diýlip gygyrylar. Oraza tutanlar girip gutarandan soň, şol gapy ýapylar», (Buhary, Müslim, Nesaýy, Ahmet b. Hanbel).
«Allaha kasam bolsun, orazalynyň agzynyň ysy kyýamat gününde müşk ysyndan has ýakymly bolar», (Buhary).
«Üç kişiniň dogasy ret edilmez:
1. Iftar edýänçä, orazalynyň,
2. Adalatly döwlet ýolbaşçysynyň,
3. Mazlumyň», (Tirmizi).
Bu mübärek aýda oraza tutmakdan başga Kuran okamak, sadakalar paýlamak, başgalara agyz açdyrmak ýaly salyh amallaryň hem sogabynyň gat-gat boljakdygy, Pygamberimiz tarapyndan bize habar berlipdir: «Kim bir orazala agyz açdyrsa, özüne onuň sogabyça sogap ýazylar. Üstesine agyz bekleýäniň sogabyndan hem hiç zat kemelmez», (Tirmizi, Ibn Maje), hadysy muňa mysaldyr.

ORAZANYŇ HIKMETLERI WE PEÝDALARY

Orazanyň dünýewi we uhrewi, şahsy we ijtimagy bir giden peýdasy bardyr. Bularyň has möhümlerini agzap geçeliň.

Oraza ilahi nygmatlara şükürdir
Allah Tagalanyň Ýer ýüzünde ýaradan san-sajaksyz nygmatlarynyň ählisi ynsan bähbidi üçindir. Ol yhsan eden müň dürli nygmatlaryna derek, biziň diňe şükür etmegimizi isleýär. Șükür bolsa, ähli nygmatlaryň Allah tarapyndygyna düşünmegimiz, şol nygmatlara mätäçligimizi duýup, gadyryny doly bilmegimiz üçindir.
Oraza – çyn ýürekden diňe Allah üçin edilýän beýik amalyň hem şükranalygyň açarydyr. Çünki, köp kişi başga wagtlar açlygy bilmeýändigi üçin, ençeme nygmatyň gadyryny bilmeýär. Șol nygmatlara nähili derejede mätäçdigini hem doly duýmaýar. Emma agzaçar wagty, agzybeklilik sebäpli dörän işdä, gury çöregiň hem nähili gymmatly nygmatdygyny anyk duýdurýar. Netijede, baýu-garyp, her bir mü`min Allahyň berýän nygmatlaryna mätäçligini duýup, olaryň gadyryny bilip şükür edýär.
Ömrüni gaflat we nisýanda geçirýän, ülfet we ünsiýet perdesine bürenen her bir musulman remezan aýy gelende Rabbiň: «Oraza tutuň!» diýen emri bilen iýmekden, içmekden özüni saklamaga mejbur bolýar. Agşam agzaçar saçagynyň başynda Rabbiň: «Iýiň!» diýen emrine garaşýan wagty nygmatlaryň hakyky eýesini we mäligini tanaýar. Nygmaty nygmat bilip, şol nygmaty beren barada oýlanýar. Șeýlelikde, şükür wezipesine amal edýär.
«Eger şükür etseňiz, elbetde, nygmatymy artdyraryn. Ýok, eger gadyr bilmezlik etseňiz, azabymyň agyrdygy şübhesizdir», (Ibrahim, 7), aýaty nygmatlara şüküriň nähili zerurdygyny nygtaýar.

Orazanyň ijtimagy durmuşa bolan täsiri
Ynsan Allahyň ilahi takdyry sebäpli, ijtimagy durmuşda ýaşaýan bir barlykdyr. Șeýle hem, jemgyýetde gul-hojaýyn, baý-garyp, sagat-hassa, ýaş-garry... garym-gatymdyr. Șeýle dürli gatlakda ýaşaýan ynsan durmuşda biri-birine, elbetde, mätäçdir. Adamlaryň biri-birine goldaw berip ýaşamagy gutulgysyzdyr. Mysal üçin, maddy taýdan hiç hili müşgili bolmadyk, näz-nygmatdan doly suprada iýip-içip, bol-elin ýaşaýan, gurply baýyň açlyk, garyplyk, ýoksullyk gysajynda ýaşaýanlaryň hal-ýagdaýyna düşünmegi kyndyr. Oraza – baý kişiniň garyp adamyň halyna düşünmegine sebäp bolýan külli ybadatdyr. Bu nukdaýnazardan orazanyň ýerini tutup biljek başga ybadat ýokdur. Eger-de, baýyň rehim-şepagaty, adamkärçiligi ýitmedik bolsa, özi ýaly ynsan bolan garybyň derdine höwes bilen ýardam eder. Jemgyýetdäki synplar arasyndaky bähbitli gatnaşyk, birek-birege doganlyk goluny uzatmak düşünjesi saklanmadyk ýagdaýynda: garyplarda baýlara kine we görüplik, baýlarda bolsa garyplary äsgermezçilik, hakyny iýmek duýgulary ösýär. Bu bolsa jemgyýetiň asuda, parahat ösüşine howp salýar.

Orazanyň nebse täsiri
Ynsanyň nebsi hemişe erkinligi isleýär. Edenini etmek islegi onuň asyl durkunda bardyr. Ol ýaradylyşyndaky bu ejizligini, hatadyr günälerini görmek we kabul etmek islemeýär. San-sajaksyz nygmatlar içinde ýaşaýandygy barada asla oýlanmaýar. Üstesine, güýç-gurby bar mahaly gaflat içinde ilahi nygmatlary açgözlük bilen gysymynda saklap, hamala demirden bedeni, baky ömri bar ýaly, tutuş durky bilen dünýä yşkyna düşýär. Ençeme erbetlikleriň we günäleriň ýesiri bolup ýaşaýar.
Oraza: depseň deprenmez baýa-da, ýarlykly garyba-da, ýörär ýoluny aňlamaz gafyla-da, dünýeden nägile kejire-de, umuman her kese nebsiň hakyky ýüzüni görkezýär. Hiç kimiň nebsine buýrup bilmeýändigini, mälik däldigini, Allahyň emri we rugsady bolmasa, hiç bir zady başarmajakdygyny ýatladýar. Ynsan oraza arkaly nebsiň nä derejede ežizdigini, demirdendir öýdülen bedeniň nä derejede çydamsyzdygyny aç-açan görýär we akyl ýetirýär. Nebsiň tebigatyna doly düşünen ynsan akmaklygyny, tekepbirligini, nebsine tabynlygyny taşlap, hakyky wezipesi bolan şüküre we gulluk borjuna tabyn bolar. Erbet ahlakdan, günä we pis pişelerden saklanýar.
Nebis ruhuň garşysyna işleýän duýgudyr. Șeýtanyň dost bolmaýşy ýaly, nebse hem ynsana dost däldir. Ynsanyň ruhy kämillige ýetmegi üçin nebsiň jylawlanmagy zerurdyr. Șol sebäpli Pygamberimiz «Seniň iň uly duşmanyň iki gaşyň arasyndaky nebsiňdir» diýipdir. Serwerimiz bir söweşden dolanyp gelýärkä, «Indi kiçi jihatdan, uly jihada dolanyp barýarys» diýmek bilen nebsiň öňünde hemişe oýa bolmagymyzy sargyt edipdir.
Berhizli, çäkli naharlanmak arkaly ýogalaryň ruhy taýdan güýç-kuwwat gazanýandygy hemmämize mälim. Käbir mistikleriň nebse yza we jepa çekdirmek arkaly belli bir derejede ruhy kämillige ýetýändigi gadymdan bäri bilinýän zatdyr. Emma ne ýogalaryň ne-de mistikleriň ahyret üçin gazanýan zatlary ýokdur. Çünki, aç-suwsuz galmak we riýazat etmek diňe ybadat niýeti bilen amal edilende sogapdyr. Bu niýet musulmançylykda oraza görnüşinde ýüze çykýar.
Ynsandaky nefsi emmare – Allahy tanamak, Onuň emrine boýun egmek islemeýär, Fyragun ýaly özüni taňry derejesine galdyrmak isleýär. Nebsiň bu damaryny kesmek üçin diňe oraza tutmalydyr. Rowaýata görä, Allah Tagala nebisden:
– Men kim? Sen kimsiň? – diýip sorapdyr. Nebis:
– Men mendirin, sen sensiň – diýip jogap beripdir. Netijede, Allah ony dowzaha atýar. Soň ýene öňki sowalyny berýär. Nebsiň jogaby üýtgemeýär. Haýsy azaby berse-de, nebis tekepbirligini taşlamaýar. Ahyr soňy Allah nebsi uzak wagtlap aç-suwsuz goýýar. Soň täzeden soraýar:
– Men kim? Sen kim?
Nebis bu gezek şeýle jogap berýär:
– Sen meniň Rabbi Rahymymsyň, men bolsam, Seniň ejiz bir guluň.

Orazanyň beden saglygyna täsiri
Orazanyň beden saglygyna edýän peýdasyny şeýle sanap bileris:
Oraza sagdynlygyň açarydyr. Bir ýylyň dowamynda dürli nahar bilen agram salynýan iýmit siňdirji organlara dynç almaga, täzeden öňki kaddyna gelmäge mümkinçilik döreýär.
Oraza bedeniň açlyga-suwsuzlyga garşy durmak güýjüni artdyrýar. Bu ynsanyň gytçylyk, açlyk, uruş ýaly zerury kynçylyklara çydamlylygyny ösdürýär.
Oraza ynsanyň ömrüni uzaldýar. Uzak ýaşan bir hassa, medisina nukdaýnazaryndan uzak ömür süren hasaplanmaýar. Uzak ömür – bedeniň dynç we sagdyn ýaşamagy diýmekdir.
Orazanyň beden saglygy üçin ähmiýetini Pygamberimiz hadysy şeriflerinde şeýle beýan edýär: «Oraza tutuň, bedeniňiz berk we sagdyn bolsun», («et-Tergib wet-Terhib»).
«Her bir zadyň bir zekaty bardyr. Bedeniň zekaty orazadyr», (Ibni Maje). Ýagny, zekat bermek maly nähili haramdan arassalaýan bolsa, oraza-da bedendäki zäherleri, artykmaçlyklary aýryp, adamy keselden goraýar.

Orazanyň ruhy saglyga täsiri
Oraza maddy taýdan berhiz bolşy ýaly, magnewi taýdan hem berhizdir.
Oraza günälere garşy galkandyr. Ol ynsanyň bedeni arzuwlaryny çäklendirip bilmek ukybyny ösdürýär. Șeýlelik bilen, ynsan agzybekli däl wagty hem her hili ýaramaz arzuw we meýilleriň öňüni almagy, halal we arassa ýaşamagy öwrenýär. Pygamberimiz şu hadysy bilen bu meseläni şeýle nygtaýar: «Kim maňa iki eňek we satan arasyny gorajaklygyna kepil geçse, men onuň jennete girjegine kepil geçerin», (Buhary).

Orazanyň tygşytly ýaşamaga täsiri
Oraza tygşytly ýaşamagy öwredýän iň möhüm düzgündir. Islän wagty, islän zadyny almaga endik eden kişi oraza wagty özüni saklamaga mejbur bolýar. Bu bolsa oňa tygşytlylyk getirýär.

Orazanyň ahyret bähbidi
Oraza diňe iýmek-içmek we jynsy gatnaşykdan saklanmak diýmek däldir. Hakyky oraza ynsanyň maddy we ruhy agzalarynyň ählisiniň oraza tutmagydyr. Diliň gybat etmezligi, hapa söz aýtmazlygy, gözüň harama bakmazlygy, gulagyň haram sözi eşitmezligi, kalbyň erbet oý-pikir etmezligi muňa mysaldyr. Aslynda, musulman ömürboýy şeýle ýaşamalydyr. Başgaça aýdanymyzda, bu mübärek aýda Kurany Kerimiň Pygamberimize inderilip başlanmagynyň hatyrasyna Kuran okamak, Allahy zikr etmek, maddy mätäçlik çekýänlere jomartlyk bilen sadaka bermek, yslamyň hakykatlaryny mätäç köňüllere ýetirmek üçin ýol sökmekdir. Eger şeýle bolmadyk bolsa, Nebiler Serweri: (s.a.w.) «Ýalan sözlemegi, ýalan sözler bilen amal etmegi taşlamadyk agzybekli kişiniň iýmek-içmekden saklanmagyna Allahyň mätäçligi ýokdur» (Ibni Maje) diýermidi?!
Bu dünýä ynsanyň ahyretini gazanmagy üçin ekin meýdany, söwda bazarydyr. Oraza aýy bolan Remezany şerif ynsanyň ahyret söwdasyny etmegi üçin bähbitli pursatdyr. Çünki, Remezany şerifde bir amala müň sogap bardyr. Kurany Kerimiň her bir harpynyň sogaby hadyslarda beýan edilişine görä, on hasanekä, Remezany şerifde her bir harpyň sogaby on däl, müň esse, Aýatel kürsi ýaly käbir aýatlaryň her bir harpy üçin beriljek sogap müňlerçe essedir. Remezany şerifiň jumgalarynda has hem köp, Gadyr gijesinde bolsa munuň sogaby otuz müňe çenli ýetýär.
Ynsan pany dünýäde, pany bolan gysga ömürde baky durmuşy gazandyrýan, eden günäleriniň bagyşlanýan, dowzah gapylarynyň ýapylyp, jennet gapylarynyň açylýan, her agzaçar wagtynda dowzahdan azat edilýän, içinde müň aýdan haýyrly Gadyr gijesi bolan Remezany şerifi pursat bilip, hakyky manyda oraza tutmak bilen hem dünýä, hem ahyret sagadatyna ýetmelidir.

ORAZANYŇ GÖRNÜŞLERI

Farz oraza
Remezan aýynyň edasy-da, kazasy-da – farzdyr. Ebu Hanifä görä, remezan orazasyny kaza goýan kişi, ony islendik mubah günlerde tutup biler. Ymam Șafyga görä, diňe şol ýylyň dowamynda tutmalydyr.

Wajyp oraza
Munuň iki görnüşi bar:
1. Nezir oraza, ýagny, «Șu işim başa barsa, şunça gün oraza tutaryn» diýip, söz beren kişiniň dilegi ýerine düşenden soň, oraza tutmagy wajypdyr.
2. Nafile oraza tutýan kişi bir sebäp bilen orazasyny bozsa, bu orazany kaza etmegi wajypdyr.

Nafile oraza
Bu oraza sünnet, mustahap, mendub ýa-da tatawwu` diýlip atlandyrylýar. Nafile orazasy ýylyň dowamynda her gün tutulyp bilinýär. Ýöne käbir günlerde oraza tutmak has fazyletlidir. Pygamberimiz hem şol günlerde agzyny bekläpdir we başgalara-da muny ündäpdir. Nafile orazasyny şu günlerde tutmak has sogaplydyr:

1. Șewwal orazasy
Remezandan soňky aý şewwal aýydyr. Șewwal aýynda alty gün oraza tutmak mustahapdyr. Bulary baýramyň ertesi yzly-yzyna tutmak has fazyletlidir. Ýöne aýry-aýry günlerde-de tutmak bolýar. Șeýle hem kaza, nezir ýaly orazalar hem şu günlerde tutulsa has sogapdyr. Ebu Eýýubyň habar beren bir hadysynda şeýle diýilýär: «Kim Remezany orazaly geçirse, soň munuň üstüne şewwal aýyndan hem alty gün goşsa, tutuş bir ýyly orazaly geçiren ýaly bolar», (Ibni Maje, Tirmizi).

2. Sawmy Dawud – Dawudyň orazasy
Bu oraza günaşa tutulýar we nafile orazalaryň iň faziletlisidir. Pygamberimiz bu barada şeýle ündew eden: «Iň fazyletli oraza Dawudyň tutan orazasydyr. Dawud (a.s.) bir gün oraza tutsa, ertesi agzy açyk gezerdi». Abdullah b. Omar: «Men ondan has artygyny tutaryn» diýen-de, Pygamberimiz: «Mundan fazyletlisi ýokdur» diýipdir, (Müslim, Ibni Maje, Nesaýy).

3. Her aýda üç gün oraza tutmak
Her aýyň 13-14-15-nji günleri oraza tutmak mustahapdyr. Bu günlere «Eýýamy byýz» diýilýär. Ebu Zeriň (r.a.) aýtmagyna görä, Resulullah (s.a.w.) şeýle ündäpdir: «Her aýda üç gün oraza tutjak bolsaň, aýyň 13-14-15-nji günlerinde tut», (Buhary, Müslim).

4. Duşenbe we penşenbe günleri oraza tutmak
Usame b. Zeýd (r.a.) şeýle gürrüň berýär: «Pygamberimiz duşenbe we penşenbe günleri oraza tutardy. Munuň sebäbi soralanda: «Ynsanlaryň amallary Allah Tagala duşenbe we penşenbe günlerinde arz edilýär» diýipdir. Başga bir rowaýatda: «Men amalymyň Beýik Rabbime orazalykam arz edilmegini halaýaryn» diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir, (Ebu Dawud, Ibni Maje).

5. Arafa gününde oraza tutmak
Hajda bolmadyklara zilhijjäniň dokuzynjy güni oraza tutmak mustahapdyr. Pygamberimiz şeýle buýurýar: «Arafa güni tutulan oraza ondan öň we soň bir ýyllyk günäleri örter diýlip Allahdan umyt ediler», (Ahmet b. Hanbel). Başga bir hadysynda: «Allah Tagalanyň ynsanlary jähennem odundan has köp halas eden güni – Arafa günüdir» diýýär, (Müslim).

6. Zilhijje aýynyň ilkinji sekiz gününde oraza tutmak
Bu barada hezreti Hafsa enemiz (r.anha) şeýle gürrüň berýär: «Pygamberimiz dört zady hiç terk etmezdi – aşyr aýynyň orazasyny, zilhijjäniň ilkinji on güni we her aýda üç gün oraza tutmagy hem-de ertir namazynyň farzyndan öň iki rekagat namaz okamagy», (Nesaýy, Ahmet b. Hanbel).

7. Muharrem, ýagny, aşyr aýynda oraza tutmak
Muharrem aýynyň onunjy gününe «aşura» diýilýär. Pygamberimiziň şol günde hemişe oraza tutandygy aýdylýar.
Ibni Abbasyň rowaýat etmegine görä, Resulullah (s.a.w.) Medinä göçüp gelende, ýahudylaryň aşyr aýy agyz bekleýändigini görýär. «Bu agyz beklemek näme?» diýip soraýar. Olar: «Bu beýik bir gündür. Allah bu günlerde Musany we Israilogullaryny duşmandan halas edipdir. Șol sebäpli Musa bu günlerde oraza tutupdyr» diýdiler. Pygamberimiz:
– Men Musa sizden has ýakyndyryn – diýip, şol günlerde oraza tutulmagyny emr etdi, (Buhary, Ibni Maje, Mälik, «Muwatta»).
Ýöne diňe şol gün oraza tutmak mekruh saýylypdyr. Șonuň üçin onunjy güne öňünden ýa-da soňundan bir gün goşup tutmak maslahat berlipdir.

8. Haram aýlarda oraza tutmak
Haram aýlar diýilýän zilkade, zilhijje, muharrem (aşyr) we rejep aýlarynyň penşenbe, anna we şenbe günleri oraza tutmak mendupdyr.

9. Șaban – meret aýynda oraza tutmak
Hezreti Aişe enemiz şeýle gürrüň berýär: «Resulullah (s.a.w.) beýleki aýlara garanyňda, meret aýynda köp oraza tutardy. Ol meret aýyny tutuşlygyna orazaly geçirerdi», (Müslim, Ebu Dawud, Tirmizi).

ORAZA TUTMAK GADAGAN EDILEN GÜNLER

Dinimizde oraza tutmagyň emr edilen, ündelýän günleriň bolşy ýaly, oraza tutmagyň gadagan edilen we halanylmaýan günleri hem bardyr. Oraza tutmagyň halanylmaýan günlerinde agyz beklemek haram ýa-da tahrimen mekruh, käbir günlerinde bolsa, tenzihen mekruh saýylypdyr.

Haram ýa-da tahrimen mekruh oraza
Remezan baýramynyň birinji güni, gurban baýramynyň dört güni tutulan orazalar haramdyr. Bu günlerde oraza tutmagy tahrimen mekruh saýýanlar hem bardyr. Çünki, bu günler Allah Tagalanyň zyýapata, iýmek-içmäge we şatlanmaga ygtyýar beren günleridir.

Tenzihen mekruh oraza
Ýylyň dowamynda baýram günlerinde hem her gün oraza tutmak. Muňa «sawmy dehr» diýilýär. Baýram günleri agzyňy açyp, galan günler oraza tutmakda zelel ýokdur.
Agşam agzyňy açman, selällige turman yzly-yzyna 2-3 gün oraza tutmak. Muňa «sawmy wisal» diýilýär. «Sawmy wisal» Pygamberimiz üçin jaýyzdy. Emma kyn we muşakgatly bolany üçin ymmatyna jaýyz edilmändir.
Diňe juma gününde, şenbe gününde, aşyr aýynyň onunjy gününde, nowruz we mährijan baýramynda oraza tutmak mekruhdyr. Ýöne kişiniň adaty tutýan orazasy şu günlere gabat gelse, onda zeleli ýokdur.
Bir aýalyň äri rugsat bermese, nafile oraza tutmagy mekruhdyr. Äri onuň orazasyny bozduryp biler. Aýal soňra äriniň rugsat beren güni kazasyny tutup bilýär. Pygamberimiz bu barada şeýle ündew edipdir: «Aýalyň ýanynda äri barka, ondan rugsat alman nafile orazany tutmagy halal däldir», (Buhary, Müslim, Ebu Dawud).
Gul ýa-da hakyna tutulan işçi işine päsgel berýän bolsa, hojaýynyndan rugsat alman, nafile orazasyny tutsa dürs däldir.
Remezan orazasyndan kazasy bolan biriniň nafile orazasyny tutmagy jaýyzdyr.
Hajylara agyr düşjek bolsa, «terwiýe» we «arafa» günlerinde oraza tutmagy mekruhdyr. Çünki, bu ýagdaý haj ybadatyny ýerine ýetirmäge kynçylyk döredip biler.
«Ýowmi şekde» oraza tutmak mekruhdyr. «Ýowmi şek» meret aýynyň otuzynjy günüdir. Bu günde nafile oraza niýet edilse, zeleli ýokdur. Remazan bolandygy anyk bolsa, remezan orazasy tutuldygy bolar. Meret aýydygy bilinse, bu oraza nafile bolar. Bu ýagdaýda oraza bozulsa, kazasyny tutmalydyr.
«Șek» gününde: «Remezan aýy bolsa, oraza tutmaga, remezan aýy däl bolsa, iftar etmäge» diýip niýet eden kişi oraza tutan saýylmaýar. Çünki, oraza niýet edilende anyklyk şertdir. Güman, şek bilen oraza niýet edilmeýär.
Iň gowusy «şek» güni ätiýaçly bolmaly, zewal wagtyna çenli orazany bozýan zatlardan saklanmaly, zewal wagty girende, şol günüň remezan däldigi belli bolsa, agzyňy açmaly, remezan bolsa, niýet edip agyz beklemeli.
Șek gününiň hökümini bilýän musulmanlaryň töweregine duýdurman oraza tutmagy gowudyr. Sebäbi, bu bilmeýän halkyň arasynda agzalalyk döredip biler.
Meret aýyny orazaly geçiren ýa-da soňky üç gününde agyz beklän kişi üçin hem şek gününde oraza tutmak has fazyletlidir.

ORAZANYŇ WAGTY

Orazanyň wagty «imsak» diýilýän ikinji fejirden başlap, Gün ýaşýança dowam edýän aralykdyr. Agyz beklemäge haçan başlanmalydygy meselesinde yhtylaf bardyr. Käbir alymlara görä, ikinji fejriň dogýan wagty esasdyr. Ätiýaçlyk üçin dürs hasap edilýäni hem şudur. Käbir alymlara görä bolsa, ýagtylyk sähel uzap, soň ýaýrap başlan wagty esas alynýar. Bu oraza tutjaklar üçin has oňaýlydyr.
Kurany Kerim agyz beklemek we agyz açmak wagtyny şeýle suratlandyrýar:
«Fejrde ak ýüplük gara ýüplükden aýyl-saýyl edilýänçä iýip-içiň», ýagny, daň wagty gijäniň garaňkylygyndan aýyl-saýyl edilýänçä, iýip-içiň. Soň agşama çenli agzyňyzy bekläň», (Bakara, 187).
Häzirki döwürde bu meseleler kesgitli çözülendir. Ygtybarly kişileriň fetwalary esasynda taýýarlanan remezan kalendary (imsakiýe) oraza tutýanlaryň arkaýyn amal edip biljek wagt aralygyny kesgitleýär.
Remezan orazasy howa açykka Aýy görmek bilen, bulutly mahal meret aýyny 30 güne ýetirip tamamlamak farz bolýar. Çünki, Allah Tagala şeýle buýurýar: «Sizden her kim remezan aýyna ýetende oraza tutsun», (Bakara, 185).

HILAL (AÝ) GÖRMEK

Pygamberimiz bir hadysynda: «Hilaly (Aýy) göreniňizde oraza tutuň, Hilaly göreniňizde agzyňyzy açyň! Eger howa bulutly bolsa, meret aýyny otuza ýetiriň» diýýär, (Buhary, Müslim, Nesaýy). Buharynyň başga bir rowaýatynda: «Aý 29 gündür. Aýy görmän agyz beklemäň. Eger howa bulutly bolsa, meret aýyny otuza ýetiriň» diýilýär. Müslimiň bir hadysynda bolsa: Resulullah remezandan söz açanda, iki elini biri-birine birikdirip eden üç hereketi bilen aýyň otuz günden ybaratdygyny görkezýär. Soňra başam barmagyny we süýem barmagyny Hilal şekilinde büküp: «Aýy gören wagtyňyz oraza tutuň, Aýy gören wagtyňyz agzyňyzy açyň. Eger üstüňize bulut gelse, meret aýyny otuza ýetiriň» diýip düşündirýär.
Kamary aýlar ýylyň dowamynda iki, üç ýa-da dört aý yzly-yzyna 29 gün bolup biler. Ýöne köplenç bir aý 29 gün, bir aý 30 gün bolýar.
Hadyslarda aýdylyşyna görä, remezan aýynyň başlangyjyny kesgitlemek üçin meret aýynyň 29-njy güni Gün ýaşandan soň, täze dogan Aýy – remezan Hilalyny görjek bolmaly. Hilal görünse, ertesi gün oraza niýet edilýär. Eger howa bulutly bolup, Hilal görünmese, meret aýy 30 güne ýetirilip, ertesi gün remezan orazasyna başlanýar. Ýene remezan aýynyň 29-njy güni Gün ýaşandan soň, şewwal aýynyň Hilalyny görjek bolmaly. Hilal görünse, ertesi gün agyz açylyp, baýram edilýär. Eger görünmese, remezan aýy otuz güne ýetirilýär.
Pygamberimiz Hilaly gören wagty remezanyň bereketli we asuda geçmegi üçin doga eder eken.

Hilalyň görünmeli wagty
Gün ýaşandan soň has aňsat görünýändigi şeýle hem hasabyň anyk kesgitlenjekdigi üçin, alymlaryň aglabasy Hilalyň gündiz däl-de, Gün ýaşandan soň görünýändigini aýdypdyrlar. Șonuň üçin Ebu Hanife we Ymam Muhammede görä, zewal wagtyndan öň ýa-da soň, görlen Hilal bilen oraza başlamagam, agyz açmagam bolmaýar. Beýleki üç mezhep hem şuny kabul edýär. Çünki, bu Hilal ertirki gijä degişlidir. Ymam Ebu Ýusufa görä bolsa, zewaldan soň görlen Hilal ertirki gijä, zewaldan öň görleni bolsa geçen gijä degişlidir. Șol sebäpli, munuň bilen remezan, ýa-da baýram belli bolýar. Çünki, Hilal iki gijelik bolmasa, adatça, zewaldan öň görünmeýär.
Hilalyň görünmegi meselesi gadymdan bäri jedelli meseleleriň biri bolupdyr. Șeýle hem remezan Hilalynyň görünmeginde adaty göz bilen görmek, ýa-da astronomik hasaplara esaslanmak dürsmi?
Hilalyň Gün ýaşandan soň görünmegi kamary aýyň biriniň gutaryp, beýlekisiniň başlanandygyny görkezýär. Hilal ilki doganda, örän inçe we juda gysga wagtda ýaşýandygy üçin, bu Hilaly görmek üçin uly üns we tejribe gerekdir. Șol wagt sähelçe bulut hem Hilalyň öňüni tutup biler. Șonuň üçin Pygamberimiz şeýle ýagdaýda aýy otuz güne ýetirmegi emr edipdir.
Ýer şarynyň togalakdygy sebäpli, Hilalyň bir ýerde görnüp, başga bir ýerde görünmezligi mümkindir. Muňa «yhtylafy metali», ýagny, Aýyň dogýan ýeriniň we wagtynyň üýtgemegi diýilýär.
Aýyň dogýan wagtynyň we ýeriniň üýtgemegi sebäpli, gündogardaky we günbatardaky musulmanlaryň şol bir wagtda oraza başlamaklarynyň farzmy ýa-da däldigi meselesinde fykyh alymlary yhtylaf edipdirler.
Șafygylara görä, bir ýurtda Hilal görünse, munuň hökümi diňe şol ýere ýakyn bolan töwerege degişlidir. Bu Aýyň dogýan ýerine görä tapawut görkezýär. Ýöne bu höküm 24 fersah (134 km.) aralykdaky ýerleri öz içine alýar. Eger Aýyň dogýan wagtyna we ýerine esaslanyljak bolsa, iň azyndan bir, kä halatda iki gün tapawut döreýär. Astronomik maglumatlara görä, Aýyň ilkinji görlen ýeri bilen şol ýerden iň uzakda ýerleşýän ýeriň arasyndaky wagt tapawudy dokuz sagatdyr.
Ulag we habar beriş serişdeleriniň yzagalak döwründe yhtylafy metaliniň hasaba alynmagy makuldyr. Ýöne häzirki döwürde muňa esaslanmak ýalňyşdyr. Șeýle hem yslam fakihleriniň aglabasynyň pikirine görä, Aýyň dogýan ýeriniň tapawutlylygyna ygtybar etmän, ähli musulmanlaryň şol bir wagtda oraza tutmagy has laýykdyr. Hanefilerde hem fetwa şeýledir. Șunlukda, günbatardaky musulmanlar remezan Hilalyny görse, bu habary alan gündogar halkyna hem oraza tutmak hökmandyr.
Bu nukdaýnazar musulmanlaryň agzyny birikdirmek taýyndan has makuldyr. Bir yslam ýurdunda Hilaly gözleýän jogapkär kişileriň Hilaly gören wagty: telefon, telegraf ýa-da faks arkaly iberen habaryna daýanyp, orazany başlamak mümkindir. (ser. Ibni Abidin, «Reddül Muhtar» t.2, Ibn Rüşt «Bidaýetil müjdehid» t.2, Tefsiril Kurtubi, t.2, Fethul Bari t.4).
Esasy mesele astronomiýa ylmynyň hasaplaryna görä amal edilip-edilmejeginde durýar. Bu meselede astronomiýa ylmynyň hasaplaryna görä amal etmek bolmaýar diýýänleriň delilleri ynandyryjy däldir. Pygamberimiziň: «Hilaly görüp oraza tutuň...» hadysyna görä, esasy zat Hilalyň görünmegidir. Onuň nähili ýol bilen görlenligi däldir. Hadysda geçýän «ru`et» sözüniň adaty göz bilen görmek manysyny berýändigini öňe sürmek ýalňyşdyr. Çünki, şol sözüň gadymy arap dilinde «aňlamak», «bilmek» ýaly manylary hem bardyr. Beýleki tarapdan, astronomiýa ylmynyň maglumatlarynyň ygtybarly däldigi Pygamberimiziň: «Biz ümmi bir halkdyrys, hasaby, okap-ýazmagy bilmeýäris. Diňe şuny bilýäris, aý ýa-ha ýigrimi dokuz, ýa-da otuz gündür», (Buhary, Müslim, Ebu Dawud) diýen hadysyna daýanylýan bolsa, Pygamberimiziň bu sözi şol döwrüň bilim we tejribesiniň şeýle çylşyrymly hasaplamalary etmäge ýeterlik bolmandygyny, şeýle hem bu işiň özboluşly hasap işidigini nygtaýar.
Pygamberimiz tarapyndan Hilalyň adaty göz bilen görünmegi ýaly bir şertiň goýulmagy bu usulyň kamary aýynyň başlanýan we gutarýan wagtyny kesgitlemekde ýeke-täk usuldygyny aýtmak däl-de, belki, gadymdan bäri ulanylýan adatdygy we islendik şertde amal edilip bilinjek usuldygy sebäplidir. Ybadatlaryň berjaý edilmeginde ýeňillik esasy zatdyr. Yslam dininde ähli ybadatlaryň esasy aýratynlygy sada, ýönekeý, ýeňil amal edilip bilinýänligidir. Bu nukdaýnazardan yslamdaky farz ybadatlary ylmyň ösmedik döwründe hem her bir adam aňsatlyk bilen ýerine ýetiripdir. Taryh muňa şaýatdyr. Ertir namazyny okamak islän biri ir bilen gündogara seredip, namaz wagtyny aňsatlyk bilen kesgitläp bilýär. Ýöne bu ylmy ösüşlerden, tehniki mümkinçiliklerden doly peýdalanmaly däl diýen manyny bermeýär. Gaýta her bir babatda ylmy we tehniki ösüşlerden peýdalanylmalydyr.
Häzirki döwür astronomiýa ylmy Aýyň we Günüň hereketlerini takyk görnüşde kesgitläp bilýär. Hat-da astronomik hasaplamalar netijesinde, namaz wagtyny görkezýän birnäçe ýyllyk kalendarlar hem taýýarlanýar. Aýyň adaty göz bilen görünmegine esaslanylýandygy üçin astronomiýa ylmy şoňa laýyklykda kalendar taýýarlaýar. Șol kalendara görä amal etmek hem dürsdür. Ýöne astoronomik hasaplamalara görä remezan kalendary kesgitlenilse-de, adaty ýagdaýda Aý gözlenilse has gowy bolar. Șeýlelikde sünnet sogaby hem gazanylar. Müň aýdan haýyrly gije – gadyr gijesini hasap etmek we onuň gözleginde bolmak bilen hem gadyr gijesini doly ýaşamak pursaty hem tapylar. Netijede, döwlet derejesinde agyzbirikdirip, her ýyl bereketli, ruhy göteriji remezan aýyna taýýarlyk görünýän pursatda şübhe we jedel döredýän, ybadat hyjuwlaryny gowşadýan Aý görmek meselesiniň gutarnykly çözülmegi, ähli musulmanlaryň arzuw-islegidir. Muňa garamazdan, astronomik hasap bilen kanagat etmän, Hilalyň adaty göz bilen görünmegini hökman diýip kabul edýänler, pitne we agzalalyk döretmezlik şerti bilen, öz düşünişine görä amal edibermelidir. Her bir musulman Hilaly özi gözläp, remezanyň we baýramyň başlangyjyny anyklap biler. Ýöne musulmanlaryň arasynda pitne, agzalalyk döretmegiň ýa-da oňa sebäp bolmagyň uly günädigi unudylmaly däldir. Kurany Kerimiň dili bilen aýdylanda: «Pitne döretmek – katldan (adam öldürmekden) hem erbetdir».
Remezan ýa-da baýram gününi kesgitlemek üçin açyk howada Ymamy Agzama görä, iki adyl şaýadyň: «Men Hilaly gördüm» diýmegi ýeterlikdir. Howa bulutly bolan ýagdaýynda adyl, kämillik ýaşyna ýeten bir musulmanyň şaýatlygy ýeterlik bolup biler. Șaýatlaryň erkek ýa-da aýal bolmagynyň tapawudy ýokdur.

Hilal bilen baglanyşykly meseleler
1. Bir ýurduň halky Hilaly görmän 28 gün oraza tutup, soň şewwal Hilalyny görse, onda meret aýynyň Hilalyny görüp, ony otuza ýetiren bolsalar, olara diňe bir gün kaza buýrulýar. Netijede, remezan aýy ýigrimi dokuz gün bolýar. Ýöne meret aýynyň Hilalyny görmän, ony otuza ýetiren bolsalar, iki gün kaza etmelidirler. Çünki, meret aýynyň ýigrimi dokuz bolaýmagy mümkindir. Eger ýaňky ýurduň halky ýigrimi dokuz gün oraza tutandan soň, şewwal Hilalyny gören bolsa, kaza tutmak gerek bolmaz. Çünki, remezan aýy ýigrimi dokuz gün hem bolup biler.
2. Bir ýurtda remezan orazasy Hilalyň görünmegi bilen ýigrimi dokuz gün tutulan bolsa, şol ýurtdaky hassalar hem kaza etjek wagtlary ýigrimi dokuz gün kaza etmelidir. Ýöne hassa halkyň nähili hereket edendigini bilmeýän bolsa, borjundan doly gutulmagy üçin otuz gün kaza tutmalydyr.
3. Hilalyň dogýan ýeriniň üýtgemegine ygtybar edilmeýän ýagdaýda bir ýurduň halky remezan Hilalyny görüp ýigrimi dokuz gün oraza tutandan soň baýram etse, beýleki bir ýurduň halkynyň Hilaly görüp otuz gün oraza tutandygy mälim bolsa, öňki ýurduň halkynyň baýramdan soň bir gün kaza orazasyny tutmagy gerekdir. Çünki, Hilaly ilki gören ygtybarlydyr. Bu ýurduň halkynyň Hilaly bir gün soň görmek ähtimallygy bardyr.

Çeşme: https://narovol.narod.ru/_tbkp/ylmyhal/htm/0328.htm
Bölümler: Makalalar | Görülen: 155 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Küle • 13:42, 12.03.2024
Şeýle gyzykly, gerekli maglumatlar.
Minnetdar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203