23:49 Öýmäm buşlar | |
ÖÝMÄM BUŞLAR Bagta tarap ýöränimde, Ädenimde ilki ädim. Ýalan bilen, ýalyn bilen Aldyň badym. Sen şadyýan, şu gün bilen Geçip dur günleriň şowly. A men bolsa edil häzir Senden öýkeli, kineli. Bu kineler ýazylmasa, Ah, indi ýazylsa-da. sowuklyk düşen ýürege Nädip bereýin ejaza. Sen git, bagtly günleň bilen Köp görmesin beýik ykbal. Indi duşma, duşaýsaňam, Gözleň bagtyň etsin äşgär. A meň welin bagtlylygym Başymdaky öýmäm buşlar. © Göwher GURBANOWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |