Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:14
Özüñe zabun darama!
ÖZÜŇE ZABUN DARAMA!

Wagtyň agramly bölegini geçmişde goýberen ýalňyşlyklaryň üçin özüňe käýinip, özüňi ýazgaryp ötürmegiň müşgilligi ýok.
Ara tow düşen gatnaşyklarymyzy ölçerip dökmek bilen, özümiziň hata eden işimizi şol aňymyzda aýlap ýörýäris.
Ýa-da biznes bilen bagly käbir gelen netijämiziň gaty gymmat düşendigini ýadymyza salyp, başgaça etmek gerek, bolan zatlaryň ählisi barada oýlanýarys. Beýdip käýinmegi, özüňi ýazgarmagy bütinleý bes et. Sen adamsyň, adam ýalňyşyp bilýändir, onuň ýaradylyşy şeýle. Eger-de ýol beren säwligiňi gaýtalamasaň,bolup geçen zatlardan sapak almaga akylyň ýetse, diýmek, sen dogry ýoldasyň.
Ýalňyşlyklaryňdan dogry netije çykar-da, ýoluňy dowam et.

Mark Tweniň ýazyşy ýaly:
«Biz seresap bolup, tejribeden diňe onda bar bolan danalyk sapaklaryny özleşdirmelidiris, şol ýerde-de saklanmalydyrys, şonda biz gyzgyn pejiň gapagyna münen pişige meňzemeris.
Ol gaýdyp hiç haçan gyzgyn pejiň gapagyna münmez, bu gowy zat, ýöne ol dolanyp hiç haçan sowuk peje-de münmez».


Hemmämiziň hem ýalňyşyp bilýändigimize we hatalaryň ösmek hem kämilleşmek üçin zerurlykdygyna düşünmek erkinlige çykmagy aňladýar.

Biz ideal dereje bolmak talabyndan dynyp, ömrümize, durmuşymyza garaýşyň akylly-başly ýoluny saýlaýarys.
Şonda dagdan inýän derýanyň gür tokaýyň içinden akyp geçişi ýaly, durmuşyň
içinden kuwwatly, ýöne salykatly halda akmaga başlamak mümkin bolar.
Ahyry netijede asyl tebigatymyz bilen ylalaşyp bileris. Akylyň röwşenlik tapmagynyň we şahsy
danalygyň indiki derejesine galmagyň ajaýyp usuly
— gündeligiň bir sahypasynyň çep tarapynda ömrüň dowamynda goýberen iň uly on sany ýalňyşlygyňy ýazyp çykmakdyr.
Soňra gündeligiň sag tarapynda herbir ýalňyşlykdan alan sapaklaryňy,şol säwlik diýilýän ýagdaýlaryň durmuşyňda getiren bähbitlerini ýazmaly.

Tizara sen geçmişde ýol
berlen şol hatalar bolmadyk bolsa, durmuşyň häzirkisi
ýaly derejede baý hem mazmunly bolmajak ekenligine göz ýetirersiň. Şonuň üçinem
özüňe sypaýyçylykly çemeleş-de, durmuşy hakyky bolşy ýaly
gör: bu öz-özüňi açyş etmegiň, şahsyýet hökmünde kemala gelmegiň hem-de ömürboýy
öwrenip gezmegiň ýoludyr.

© Robin ŞARMA.

Terjimeden bölek.
Terjime eden: © Orazmyrat MYRADOW.

"Biznes reklama" gazeti
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 51 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Robin Şarma | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203