03:38 Pellehanadan geçmek gerek | |
PELLEHANADAN GEÇMEK GEREK 1968-nji ýylyň oktýabr aýynyň salkyn agşamlarynyň birinde Mehikonyň olimpiýa stadionynyň tribunalarynda tomaşaçylar selçeňläp, marafona gatnaşyjylaryň soňkularynyň gelerine garaşýan iň bir sabyrly janköýerler galypdyr. Efiopiýaly Mamo Woldeniň pellehanadan geçip, ylgawyň ýeňijisi bolanyna, tomaşaçylaryň şowhunly minnetdarlygyna eýe bolanyna eýýäm bir sagatdan hem gowrak wagt öten eken. Iňrik garalyp, agşam sowugam düşüp başlansoň, pellehanadan ýaryşa gatnaşyjylaryň ählisi geçendir diýip pikir edýän tomaşaçylar kem-kemden dagaşýar ekenler. Şonda duýduryş çyralaryny ýakyp gelýän polisiýa ulaglarynyň ugratmagynda stadiona ýene bir türgen giripdir. Ol tanzaniýaly Jon Stiwen Ahwari eken. Ol stadionyň içinde marafonyň tamamlaýjy 400 metr aralygyny ylgap geçýän wagty tomaşaçylar onuň aýagynyň sargylydygyny, ondan bolsa gan syrygýandygyny görüpdirler. Asyl ol ýolda bir ýerlerde ýykylyp, şikes alan eken, ýöne bu ýagdaý ony saklardan ejiz eken. Soňra ol bu ýagdaýy şeýle düşündiripdir: «Ýurdum meni Mehiko diňebir ýaryşa gatylmak üçin ugratmady. Men bu ýere pellehanadan geçmek üçin geldim». Ahwari öz gözýetimini agyrynyň yzasy bilen çäklendirmändir, ol has çuňňur hem uzaga garapdyr, ol has uly kartinany: Olimpiada gatnaşmagyň düýp manysyny görüpdir. Üstünlik ýolunda hereket edýän çagyňyz, berk belläň, siziň maksadyňyz — pellehanadan geçmekdir, ýagny ukyp-başarnyklaryňyzy iň ýokary derejede berjaý etmekdir. Terjime eden: © Orazmyrat MYRADOW "Naşyja spwgatlar" - dan | |
|
Ähli teswirler: 0 | |