Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:25
Poeziýa näme?
POEZIÝA NÄME?

Poeziýa döredijiligiň iň kyn çylşyrymly ugrudyr.
Goşgynyň berýän ryhy lezzetini hiç zat berip bilmeýär.
Döredijilikde hakyky poeziýanyň derejesine ýetjek başga hiç bir zat ýokdur.
Goşgynyň üsti bilen aýdyp bolmaýan zat hem ýok.
Ýöne gep aýtjak pikiriňi goşgynyň üsti bilen aýtmany başarmak ussatlygynda.
Goşgy bilen aýdyp bolmadyk zat gymmatlyga eýe däldir.

***

Hakyky goşgular köp däl.
Olar hakyky poeziýanyň köküni gymmatyny düzýärler.
Hakyky goşgularyň nähili döreýändigini hiç kim bilmeýär.
Hakyky goşgy göze görünmeýän ägirt uly ruhy güýjüň, ruhy ahwalatyň nyşanydyr. Ruhy ahwalat bolsa her gün ýüze çykyp duran hadysa däldir.
Pelsepe onuň düýp esasyny düzýär.
Hakyky poeziýa ynsanyň kalbynyň çuň ýerinden gözbaş alýar. Onuň iň pynhan duýgularynyň bir bölegini suratlandyrýar. Ol diňe adamzada, ynsanperwerlige, gözellige hyzmat etýär.

***

Goşgy ýazmak – hakyky manysynda, ejirine döz gelip bolmajak agyr işdir.
Goşgy seni bütünleý özüne baglap goýýar.
Hakyky goşgy – ynsandan ähil güýçlerini, ähli ukyp-başarnygyny tijemegi, zehin goruny orta goýmagy, ruhy taýdan ölüp direlmegi talap edýär.
Hakyky goşgy – ruhuňy, aňyňy, ähli barlygyňy terezä goýlup ýazylan goşgulardyr.

***

Hakyky goşgy uzak oýlanmalardan, ruhy ejirlerden, agyr synaglardan soň döreýär. Goşgy ýazýanlar goşgynyň şeýle bimöçber agyr azaplardan döreýändigini duýmalydyrlar. Goşgy ýazylanda öz wyždanynyň öňünde uly jogapkärçiligi duýmalydyrlar.

***

Poeziýa nämäni talap edýär?
Ilkinji nobatda ussatlygy talap edýär, uçursyz zehini talap edýär.
Durmuşy örän oňat bilmegi, gözelligi söýmegi, tebigaty söýmegi, adamyň ruhyna düşinmegi, ýaşaýşa söýgüden yşka düşüp ýanmagy, gözýaşlardan durmuş ýasamagy, çensiz duýgurlygy, syzgyrlygy, synçylygy talap edýär.

***

Poeziýa çäksiz ruhy ejirleri, adaty adamlaryň görüp bilmeýän zatlaryny görmegi, uly ýüregi, tebigatda bolup geçýän uly hadysalara guwanmagy başarmagy, çaganyň kalby ýaly päk kalby talap edýär.
Goşgy ýazmak – wyždanyň, sözüň gudratynyň öňünde kelläňi ýalaňaçlap durmakdyr.
Goşgy ýazmak – ruhy taýdan ejir çekmekdir, özüňi meýletin agyr synaglara, ruhy azaplara, tükeniksiz ejirlere dözmekdir.

© Hemra HAÝTJANOW
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 138 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Hemra Haýtjanow | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Bagabat • 09:26, 30.03.2023
Surat, rus nakgaşy Igor Şepeliň "Skripkaçy" atly eseri.
avatar
0
2 Мango • 10:12, 30.03.2023
surat barada.
elini nätdirip duraý?
avatar
0
3 Мango • 10:23, 30.03.2023
Poeziýa ...adaty adamlaryň görüp bilmeýän zatlaryny görmegi ...talap edýär.

şüjagaz diýelerine goşulýan.
(beýleki aýdanlaram dogrudyr, ýöne biraz bezemen aýdylypdyr.)
avatar
0
4 Мango • 11:16, 30.03.2023
surat barada 2:
surat üçburçlyk emele getirýär.
ýokarda çepde - skripka (saz-muza)
aşakda ortada - bulgur çakyr (içgi)
ýokarda sagda - sazanda (döredijilik ynsany).

bir wagtlar şeý diýen bordular: döredijilik adamsy içmeli. gelmedik ylhamy içgi bilen getiriljek bolundygymyka?
suratdaky dostumyzyňka içgi bilenem gelmedige meňzeýär, skripka ýeňsesini öwrüp owadanlap aýdanyňda elleri bilen: "gelmeseň gelmän geç" diýen žest edip dur.
nämeçindirem köýneksiz.
avatar
0
5 Merw • 21:23, 16.08.2023
Meniň pikirimçe şol žesti hudožnik dogry saýlapdyr. Ol fransuz heýkeltaraşy Ogýust Rodeniň "Мыслитель" eserini ýatladýar. Sebäbi döredijilik adamsynyň başynda harasat gopýar. Şonda ol öz edýän hereketlerini özü hem bilenok. Bir eli ekspresiw beýlekisi bolsa mylaýym bu iki häsiýet hem döredijilik adamsynda hökmany bar zatlar. Bulgurdaky çakyr däl ol ýaşamak simwoly bolan suw. Gowy eser döretseň ok baky ýaşaýar. Skripka bolsa klassikanyň simwoly. Nusgawy eser baky ýaşaýar
avatar
1
6 aygull • 08:09, 17.08.2023
Poeziýa ýüregiň pyşyrdysy...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203