23:44 Rahatlyk zonasy ýa-da nädip maksadyňa ýetmeli? | |
RAHATLYK ZONASY ÝA-DA NÄDIP MAKSADYŇA ÝETMELI? Hemme adamlar öz maksadyna ýetmek isleýärler. Bu isleg şeýle bir tebigy welin, hiç hili sorag döredenok. Ýöne, maksadyňa ýetmegiň usullary barada pikirlenip bileris. Ilki bilen “rahatlyk zonasy” diýen düşünjä degip geçeliň. Rahatlyk zonasy näme? Rahatlyk zonasy – adamyň özüni rahat, arkaýyn, ynamly we howpsuz duýýan ýaşaýyş giňişligidir. Şu ýerde biygtyýar sorag ýüze çykýar: näme sebäpden rahatlyk zonasyna alymlar negatiw garaýarlar? Munuň jogaby adam psihologiýasynda. Adamlaryň köpüsiniň öz durmuşynda bir zatlary üýtgetmek isleýändikleri hakykatdyr. Emma, adaty hem birsydyrgyn bolan ýaşaýyş düzgüni (rahat düzgün) adamlara maksadyna ýetmäge mümkinçilik bermeýär (päsgel berýär). Eger töweregiňizi ünsli synlasaňyz, üstünlik gazanan kişileriň iki-ýekedigine göz ýetirersiňiz. Aslynda bular, özleriniň rahatlyk zonasynyň daşyna çykmakdan gorkmadyk kişilerdir. Rahatlygyň daşyna diňe stresiň üstünden çykylýar ahyryn. Muny bilip durkaň, kim başyny strese sokmak islär, hat-da oňa soňunda uly üstünlik garaşsa-da? Rahatlyk zonasynyň içinde Mysal getirip aýtsam, aýda 400 dollar gazanýan bir dostum bar. Bu pula ol gününi dolasa-da, dynç almak üçin bir ýerlere gitmäge ýa-da artygrak sowmaga ýagdaýy ýetmeýär. Ýogsa, ol akylly adam, bilimi hem ýetik. Haçanda men ondan: “Näme üçin täze iş ugurlaryny öwrenmek isläňok?” diýip soramda, ol dogrusyndan gelip, işleriň has hem erbetleşmezligi üçin bir zady üýtgetmekden gorkýandygyny aýtdy. Ýagny, rahatlyk zonasyndan çykmak üçin onda ýeterlik gaýrat we töwekgellik ýok. Şeýle adamlar umuman köpçülik. Olar elmydam beýik maksatlaryň arzuwyny edýärler, maksadyna ýeten başga kişileri görenlerinde bolsa uludan bir dem alýalar, emma ondan artyk zat etmeýärler. Olar özleriniň rahatlyk zonasyndan çykmaýarlar we hiç bir zat üýtgetmeýärler, sebäbi özlerine abanýan gutulgusyz stresden gorkýarlar. Rahatlyk zonasynyň daşynda Emma, başga bir dostum bar. Ol birnäçe ýyl ozal kiçiräk bir kärhanada ýönekeý garawul bolup işleýärdi. Aýlyk haky ortaça pensiýa derejesindedi, ýagny gülkünçdi. Ýöne, ol gujur-gaýraty we tutanýerliligi, erjelligi bilen tapawutlanýardy. Her gin işe köneje noutbugyny getirerdi we IT ugruny öwrenerdi. Haçan-da özüniň ilkinji proýektini göýberende, töwereginde ony goldajak ýekeje-de adam tapylmandy. Hemmeler ony gowy iş gözlemegiň ýerine, juda ähmiýetsiz zatlar bilen meşgullanýar diýip hasaplaýardylar. Geçen bolsa iki ýyl töweregi wagt geçendir, ol häzir birnäçe iri taslamanyň awtory, şäher merkezinde jaý satyn aldy we özüniň aýlykly işgärleri bar. Dostlarym bilen bagly ýokarky iki wakany men bilgeşleýin gürrüň berdim. Uolt Disneý, Arnold Şwartsenegger we Alibaba Group-yň gurujysy Jek Ma barada bolsa ýalňyşmasam, siz eýýäm eşdensiňiz, bilýänsiňiz. Bular bize rowaýaty adamlar ýaly görnüp biler. Emma, ýokarky getiren mysallarymyz adaty durmuşdan alyndy. Rahatlyk zonasyndan daşyna çykmak Ýönekeý bir formulany ýadyňyzdan çykarmaly dälsiňiz: oňaýsyzlyk = özüňi ýeňip geçmek = uly ýa kiçiligine seretmezden islendik maksada ýetmek. Ilkinji gezek maşyn sürmek üçin roluň başyna geçişiňizi ýadyňyza salyň. Ýola, öňüňe seretmek, ünsüňi jemlemek, beýleki maşynlar bilen araçäk saklamak, ýol belgileri, sfetofor, tizlik, gaz, tormoz... bular juda kyn bir iş ýalydy. Bu duranja bir birahatlykdy, oňaýsyzlykdy, stresdi. Ýöne, maşyn sürmegi kämil öwrendigiňizçe, indi oňaýsyzlyk getirýän zatlar barada pikirem edeňizok, tersine öwrenen işiňizden lezzet almaga başlaýaňyz. Ýagny, rahatlyk zonasyndan çykmagyňyz sizi täze bir başarnyga ýetirdi. Indi oňaýsyzlyk, birahatlyk geçdi, onuň ýerine bolsa maşyn sürmek ukyby siziň gazanjyňyz bolup galdy. Bu prinsip, ýörelge hemme ýerde, hemme zatda-da şeýle. Maksada nädip ýetmeli? Ýeri, ol meniň üstünlik gazanan dostumyň durmuşynda ösüşe, başarnyga ýetmeginde nämeler sebäp boldy? Hawa, ol rahatlyk zonasynyň daşyna dowamly çykmagy başarýardy. Garawul bolup işleýärkä, ol hiç haçan yhlasynda gowşamady we özi üçin ýakymsyz, özüne ýaramaýan häzirki ýagdaý bilen ylalaşmagyň pikirinem edenokdy. Ol erjellik, tutanýerlilik bilen öz maksadyna tarap ýöredi we ahyrsoňy maksadyna ýetdi. Rahatlyk zonasynyň nähili hereket edýändigini has gowy göz öňüne getirmek üçin, durmuş energiýaňyzy şlangadan akýan suw diýip göz öňüne getiriň. Haçan-da suw birsydyrgyn bat bilen akanda – bu siziň rahatlyk zonaňyza meňzeş. Emma, şlanganyň ujuny gyssaňyz, basyş güýçlener we suw akymy batlanar. Bu bolsa rahatlyk zonasyndan çykmaga meňzeş. “Suw dama-dama daşy deşer” diýen nakyly ýada salyň. Şeýlelikde, maksadyňyz näme bolsa bolsun, eger dowamly we yhlas bilen, özdiýenlilik bilen rahatlyk zonaňyzdan çykdygyňyzça, islegiňize ýetersiňiz. Ýene bir bellemeli zat: käwagt şlanganyň ujuny ep-esli wagtlap hemem mazalyja gysmak gerek. Käbirleri şeýle diýýärler: pikirler maddydyr, şol sebäpden arzuw ediň. Bu düşünje aslynda mantyklydyr we mistiki tarapy ýokdur. Haçan-da elmydam bir zat hakda tutanýerli pikir etseňiz, beýniňiz sizi rahatlyk zonaňyzdan arzuw-hyýalyňyza tarap itip çykarýar, netije-de bolsa maksada ýetilýär. Ýönekeýje bir mysal – daşary ýurt dilini öwrenmek. Dil öwrenmek niýeti bilen günde ýarym sagatjyk özüňizi rahatlyk zonasyndan çykaryp bilseňiz, gysga wagtyň içinde gowy netijeler gazanarsyňyz. Ýöne, bu ýerde möhüm bir kada bar: dowamlylyk, üznüksizlik. Hemme başarjaň adamlar dowamly, elmydam öz rahatlyk zonasynyň daşyna çykýarlar. Bu olar üçin durmuşyň kadasyna öwrülendir. Umuman aýdanyňda, öňünde goýan maksadyna ýetmegiň keýpini dadan her bir adam, rahatlyk zonasyndan çykmagyň ajaýyp bir lezzetdigini bilýändir. Arzuw edeniňi başarmak, hötdesinden gelmek nähili üýtgeşik şatlyk. Siziň bütin ömrüňiz – zatlaryň hötdesinden gelmek ahyryn. Özüňden üstün çykmak ahyryn. Rahatlyk zonasyndan nädip çykmaly? Rahatlyk zonasyndan çykmak üçin nämeden başlamaly? Ine, maslahatlaryň ýönekeýleri: 1. Rahatlyk zonasyndan yzygiderli çykyň. Yzygiderlilik – islendik maksada ýetmegiň 100 göterim kepilligidir. 2. Realist boluň, hakykatdan daşlaşmaň. Derrew Napolenlarça plan düzjek bolmaň. Kem-kemden hereket ediň. Bir wagtyň özünde dürli ugurlar boýunça rahatlyk zonaňyzdan çykjak bolmaň, mysal üçin: ertirden başlap berhiz tutjak, sporta başlajak, kitap okajak we dil öwrenmäge başlajak. Şeýtseňiz derrew sowaşarsyňyz, uzaga gitmersiňiz we öňde goýan maksadyňa ýetip bilmezlik üstünlige bolan ynamyňyza zyýan berer. 3. Ýetmek isleýän maksadyňyza bagly usullar bilen özüňizi elmydam höweslendirip duruň. Köp wagtdan bäri hyýallanyp ýören maksadyňyz bar bolsa, şu günüň özünde rahatlyk zonaňyzdan çykmaga başlaň. Nesip bolsa, üstünlik kän garaşdyrmaz. Gadymy hytaý nakyly şeýle diýýär: “Ençeme kilometrlik ýol ilkinji ädimden başlanýar”. Onda näme üçin şol ädimi şu wagt ätmeli däl? Çeşme: https://interesnyefakty.org/zona-komforta/ Gysgaldyp terjime eden: © MANGO | |
|
Ähli teswirler: 29 | |
| |