Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:50
Sada ýaşamak arzan, ýöne kyn
SADA ÝAŞAMAK ARZAN, ÝÖNE KYN

(Ýagşy Goşunow öý goşlary satýan dükan bilen tanyşdyrýar…)


Käbir adamlary görýärin, özleriniň geýmejek, özleriniň iýmejek, özleriniň öýlerine satyn almajak, ulanmajak zatlaryny beýlekilere hödürleýär. Gep bu ýerde iýilýän, geýilýän zadyň arzanlygynda ýa-da gymmatlygynda däl.

Türkmenler şu zatlary gowy satyn alýar diýip, eşik tikýänem sygan eşik tikýär, öý goşlaryny getirýänem syganlaryň öý goşlaryny getirer. Herkim şeýle bolansoň, ýurdyň içinde diňe şol zatlaryň arasynda saýlaw döredilýär.


(Hytaýdan getirilýänçä ýakan benzinine, hapalan howasyna degmeýär…)


Adamlara hakykatdan hem sada we gowy dizaýn edilen zatlary getirip bermek we satjak bolýan adamlar az. Käbir ýerlerde adamlar Ikeanyň iň ýönekeý surat ramkasyny tapmakda kösenýär. Oň ýerine ondan 5 esse gymmat we 10 esse gorkunç, nagyşly, gyzyl çaýylan ramkalarynyň 100 sanysyny tapyp bolar.

Sebäbi köp söwdegäriň gözünde “sada zatlaryň alyjysy az”. Herkim öz ýanyndan belli bir analiz edilmedik we diňe öz tanyş-bilişleriniň öýünde gören we “şu zatlaryň alyjysy köp” diýip pikir edýän zatlaryny ýurda getirýär.

Aslynda ol alyjylaryň köpüsi hem başga saýlawlaryň bolmandygy üçin ol zatlary ulanmaga mejbur bolup satyn alýarlar. Adamlara bir harydy hödürlemezden ozal, ol harydy saýlawyň bolsa özüň ulanardyňmy, öýüňde goýardyňmy, geýerdiňmi, iýerdiňmi, içerdiňmi, şol soraglara jogap bermeli…

© Agajan HEZRETGULYÝEW.

Çeşme: https://medium.com/@agajanh/sada-%C3%BDa%C5%9Famak-arzan-%C3%BD%C3%B6ne-kyn-e2c78d86f31f
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 65 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Рейтинг: 4.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
2
1 Мango • 13:57, 03.01.2023
Agajany tanadaýyn. Ýatdan çykaranlar üçin.
ol ertirler.com-yň eýesi.
pikirlerini haladym we paýlaşdym.
hemem ylalaşýan.
käbir öýler bar şeýle bir tagamsyz goşlar bilen bezelen, gynanýaň... ýogsam puly bar kişiler.
diwarlarynda eýranda (hytaýda) ýasalan agyr altyn ramkaly gobelen surat. mataň ýüzüne çekilen tokaýmy, sugunmy... şoňa meňzeň zatlar.
özi ýalakylaň öýüne baranda görýäler-de "nirden aldyň gyz..." diýip salgysyny alyp olaram öýlerinde şondan asýalar...
avatar
1
2 Мango • 14:05, 03.01.2023
"Adamlara bir harydy hödürlemezden ozal, ol harydy saýlawyň bolsa özüň ulanardyňmy, öýüňde goýardyňmy, geýerdiňmi, iýerdiňmi, içerdiňmi, şol soraglara jogap bermeli…"

bu soraga orslar (döwlet hökmünde) näme jogap bererdilerkä?
orslar holodilnik ýasaýar, ýöne özleri ýewropa ýa ýapon holodilniklerini ulanýalar.
özleri maşyn ýasaýalar, ýöne ýapon, nemes maşynyny münýäler.
dowam edibermeli...
===
hemme eseriňi edil özüň üçin ýasaýan ýaly edip bolaýsa.
ýa-da öz iýmejegiňi millete hödürlemeseň.
türkmen markaň adyny aýtmaýyn, ýöne olaň ýasan süýjüsini dişläp puşman edýäň. ol süýji däl-de digirdäp duran püsekmi, nämemi? şonam önümçilige göýberýäler.
ýa-da ýene bir türkmen marka adyny aýtmaýyn, çykarýan kolbasasyny pişige bersem, ysgap iýmedi....
meň pişigim akylly.
ony aldap bolanok.
avatar
1
3 Мango • 14:10, 03.01.2023
eger içiňizde şeýdýäniňiz bar bolsa beýtmäň:
diwardan asjak suratlaryny diwary zaýalamýyn diýip hoooool potologyň ýokarsyndan geçýän agaç karnize çüý kakyp surat asyp goýýalar.
potolok bilen diwaryň birleşýän ýerinde hol asmanda durandyr betgelşik bolup, synlajak bolsaňam boýnuňy gatyrak galdyrmaly, gözüňem ýitije bolmaly....
===
suratlar adamyň gözüniň düşýän derejesinde asylmaly.
diwaryňyzy deşmekden gorkmaň.
ýa-da suraty potologa ýakyn asmaň.
avatar
1
4 Мango • 14:16, 03.01.2023
kä öýlere myhman barsaň, altyn imitasiýaly tarelkada, altyn çemçe, wilkada nahar hödürleýärler.
birahat bolup, içiňden pikir edýäň: bu gap-gaçlar menden gymmatdyr-aý...."
soň klassiki, owadan, altyn sürtülen nagyşlanan lýüdowigiň oturan kreslosynda-diwanynda oturaňda-da tikeniň üstünde oturan ýaly bolýaň....
men-ä öwrenişip bilemok şeýle ýasama baýlyga.
islämogam.
eger pulum weşeň-weşeňem bolsa şolar ýaly stilde ýaşamazdym...
avatar
1
5 Hydyr • 14:33, 03.01.2023
"Ody özüňe bas, ötmese kesekä" diýilýändir. Şu diňe ýamanlyk hakda dälmikä diýýän. Öz okamajak zadyňy ýazmalam däl, öz görmejek kinoňy almalam däl... bu dällerem uzaltsaň uzaldyp oturmaly, aslynda, uzaltmalammyka diýýän. "Ölüşiňe görä gömüşim" etmek ýalňyşmyka diýýän. Şu häsiýetem, göwnüme bolmasa, bizde köp duş gelýär.
avatar
1
6 Мango • 14:48, 03.01.2023
edil edilýän gürrüňe gabat gelýämi, bilemok, onda-da aýdasym geldi.
uly başlyk gelip işgärlerine halallyk barada ýygnak edýämiş. para-peşgeş alaýmaň - diýen ýaly...
ýygnakdan soň başlyklaryny bet maşynynda ugradyp duran işgärleriň birem diýýämiş:
-hiç kimden hiç zat alman-a beýle maşyn edinip bolmaz welin...
===
hawa, öz edip bilmejek zadyňy başgalaryndanam talap etmeli däl ýaly...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202