13:34 Şäherli ýigit | |
Şäherli ýigit Goja awtobusyň ýagyş damjalary syrygyp duran aýnasynyň buguny, ýeňi bilen sylyp goýberdi. Ol ýagyşy gowy görerdi. Şeýle arassa howa onuň ylhamynyň gözbaşydy. Onuň bu gün hem bir zatlar ýazasy geldi. Awtobus köp adamly duralgalaryň birinde sägindi. Hemmeler duralganyň astynda ýagyşdan penalanýardylar. Goja tutugsy aýnadan şäheri synlap oturşyna, duralga ýetip gelýän ýetginjekde gözleri eglendi. Ýigdekçe geýnüwlidi, görmegeýdi. Şadyýan gözleri durmuşa hyjuwly garaýardy, ädimleri ýygjamdy. Ol saýawanyň astynda, telefonda gürleşip gelşine, agzynyň bir çetinde gedemje ýylgyryp goýberdi. Şol ýylgyryp barşynada bir zatlar gürledi. Bu bolsa ýigidiň alçak ýüzüne hasam gelişýärdi. Bu pursat gojanyň, şäherli ýigit hakda ýazmak baradaky köne pikirleriniň ýagyrnysyndan symsykladyp goýberdi. Ol özüniň düşmeli duralgasyna howlukdy. Goja öýüne gelip, öz otagyna gyssanmaç girip gitdi. Aýalynyň “Çaý-paý içjek dälmi?”-diýen sözlerini soňuna çenli diňlemedem. Otagyna girip, iş stolunyň başyna geçdi. Stol çyrasyny ýakyp, depesinden basyp, biraz bilini bükdi-de, käbir sahypalary goparylyp aýrylan, käbiri çyr-çyrşak edilen köne depderiniň gatyny açdy. Bir gulagy saralgy äýnegini dakyndy-da esli oturdy. Soňam depderiň arassa sahypalarynyň birine, orta aradan “Şäherli ýigit”-diýip, sözbaşy ýazdy. Nämeden başlajagyny bilmeýän ýaly biraz pikirlendi-de “Bissimillä” diýip, ýazyp başlady. * * * Men her tomusky adatyma eýerip, oba, enemlere gaýtdym. Olar meni hemişekileri ýaly gyzgyn garşyladylar. Myrat kakamyň ogly Gurbanyň bolsa, tüýsi üýtgedi. Ol hiç haçanam meni şundan ýyly garşylap duranokdy welin, bu gezekki boluşy maňa hasam ýokuş degdi. Meniň bilen zoraýakdan salamlaşyp otagdan garasyny saýlady. Öňler kejine giderdim, gaharyny getirerdim. Bu gezek bolsa, men oňa ýagşydan-ýamandan hiç zat diýibemä ýetişmedim. Ýa geçen gezekki diýenlerim ýetik bolaýdymyka? Ýa-da ol meni gysganýarmyka? Näme bolman? Bolup biler. Özüm-ä ejem-kakamy goňşularyň ýumruk ýalysyndanam gysganýan. Atamyň ady dakylan bolansoň, o-da öýlerinde menden kem läliksiredilen däldir ahbetin?! Men enem dagynyň okuwlarym bilen, hal-ýagdaýym, ejem-kakamyň işleri bilen gyzyklanyp, berýän soraglaryna jogap gaýtaryp oturşuma, şu zatlar barada pikirlendim. Näme üçin biziň mäşimiz bişişmeýärdi? Sebäbi men onuň hereketlerini gödek görýärdim, gepini-sözüni mylakatsyz hasaplaýardym. Ýöne men şu gezek tersinden turmaga derek, onuň bilen arany sazlamagy karar etdim. Göreli bakaly Gurban han, sen menden sypaýarmykaň? (Hyýalymda ellerimiň aýasyny, biri-birine süýkeläp goýberdim.) Meni iki günläp dagy, elimi sowuk suwa urdurman myhman etdiler. Çydamadym. Ene, meni beýdip eljiretmek gerek däl. Men oba, size kömek etmäge geldim. – Gurban maňa “Eliňden gelýän iş barmy?”-diýen manyda alardy. Enem bolsa, “Ýok balam, myhmanam bir işledip bolarmy?”-diýdi. Ene, men bärik myhmançylyga gelemok. Kanikuly el gowşuryp geçirjek bolsam, öýde galsamam bolardy. Meniň size kömek edesim gelýär. Azara galyp näme etjek? Işlere özümizem ýetişip ýörüsä, biderek ýadanyň galar.-diýip, Gurban dillendi. –Ýetişeňizok diýmedim, kömek etjek diýdim- diýip, onuň gaňryşyna gaýdasym geldi. Ýöne özüme beren sözüm ýadyma düşdi-de, has sypaýyrak bir zat diýermen boldum. Kömegiň artykmaçlyk etjek gümany barmy näme? Onsaňam, ýerli-ýerden ýapyşylyberse iş öngüç bolaýýar-diýdim. Seniň kömek etjegiň çynyňow- diýip, enem ýylgyrdy. Çynym. Onda çaýyňy içip bol-da Ataş janyň yzyna düşüber. (Öýündäkiler Gurbany şeýle çagyrýardylar. Diňe Myrat kakam “Dädem”-diýýär.) Enem şeý diýdi-de, elindäki şaha nabatdan bir tokgajyk döwüp, öňümdäki çaýdan doly, gülli käsäniň içine atdy. Men “Hany nämeden başlaly?”-diýen manyda, Gurbanyň ýüzüne dikanlap, ýylgyrdym. Onuň gamaşyp duran ýüzi biraz ýagtylan ýaly boldy. “Goýunlaryň guma gidenini” görüp, “Demire gyzanda basarman” boldum. Gurban, seniň şu günler ýüzüň salyk welin, aryp zat edýän dälsiň-ä? Aý, ýok. Aryp näme? Bişişip giden, gündelik işlerimizdir-dä. Ýa, başga aladaň dagy barmy?-diýdim-de, gözlerime düşýän Gün şöhlelerini, elim bilen penalap, oňa tarap seretdim. Ol menden bir sereçeräk belentdi. Maňa garanda has ekabyr görünýärdi. Oba oglanynda atyz-çilden, mal-garadan başga näme alada bolsun? Gök-aga suw açypdym. Ganan bolsa, suwy şekerçiňrige aýlap, potrada gideli. Ýadaryn öýtseňem galda, suwa göz-gulak bolaý. Ýok-ýok, ýadamaryn. Gideli. Öňki gezek gelenlerimde-de potrada gidip görenim üçin näçeräk ýol ýöremelidigini gowy bilýärdim. Şoňa göräde “Aýak ulag beri barmy?”-diýip, sorajak boldum. Ýöne “ejizledi” diýdirmejek bolup, berjek soragymy içime ýuwutdym. Uly ýoldan çepe öwrülen ýeriňdäki birinji atyz Gurbanlaryňkydy. Näçeräk gektardygyna bilemok welin, gözýetimiň aýaklaberýän ýerinde görünýän belent jardan bärsi, tutuşlygyna olaryň kärende ýeridi. Ýaňky uly ýoldan çepe sowulan ýol, goňşy potratlara agro-tehnika geçirmek üçin niýetlenen eken. Ana şol ýol bilen potradyň arasyndan kanal geçýärdi. (Ol kanal uly ýoluň aşagyndan äpet, demir turba arkaly geçýärdi.) ýoluň zeýkeş bilen aralygyndaky, ini 5-6 ädimlik uzyn atyz hem enemleriňkidi. Olar bu ýerik, adatça jöwen ekerdiler. Häzir bolsa, zeýkeş ýakasyndaky buýan bilen çaýyry sanamasaň dürtülip duran çöp ýok diýen ýalydy. Bir-de zeýkeşiň heşerişip duran gamyşlary bardy. Gurban, uzyn atyza bu ýyl hiç zat ekmediňizmi? Ekdik-le. Ýöne güýzde bir başagaýlyk boldy-da, ýeri sürdürip ýetişmedik. Gyşam irräk gelensoň, ýerem doňmak bilen boldy. – ol maňa “Seniň düşünjek zadyň däl.”- diýen manyda, biperwaý garady. “Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň-ýüz sür.” –diýileni bolupdyr-da –diýip, özümi ekin-dikinden bir zatlar aňşyrýandan edip görkezdim. Ol maňa geňirgenibiräk seredip, “Hawa şeýleräk boldy”-diýdi. Biziň bärde etmeli üýtgeşik işimiz ýok. Diňe sygyrlary suwa ýaksak bolany, öýe gaýdybermeli-diýip, zeýkeş ýakanyň çaýyrlygyna örklenen sygyrlary ümledi. Başymy atdym. Hana kanalyň ýapgydyrak ýerini görýämiň? Hawa. Şol ýerden mallary suwa ýakyp bolýar. Sen kelegi alaý, edil goýun ýalyjadyr. Men bolsa, ammardan çelek alyp gaýdaýyn. Göleler bilen gyzyl gaçar ol ýerden girip, içip bilmeýär. Potradyň bir burçunda Gurbanlaryň iki otagly jaýlary bardy. Bir gaty pil-palta goýulýan ammar, beýlekisem tomusda, guşluk çaýyny içip, yssydan saklanar ýaly penjireleri garaňkydylan otagdy. Ol ammara gidip gelmegi kyn görer öýdüp, maňa kelegi suwarmagy tabşyran bolmaly. Kelegiň gazygyny goparanymdan, ol kanala tarap ýortduryp ugrady. Ol ýaňky görkezilen ýere ýetmänkä, özüni suwa urdy. Pagşyldabam kanala gapgaryldy. * * * Stol çyrasy birden ýagtylyp gitdi-de “lap” edip söndi. Goja bolmajagyny bilip dursa-da, onuň düwmesine basyşdyryp gördi. Ýanmady. “Al kakmyşyň sönýän wagtyny diýsene”-diýip, aýalyny çagyrdy. Annasoltan! Annasoltan-diýýän. How çal, çagyrdyňmy? Nahar-şor bilen güýmenip, eşitmejek bolupdyryn. How? Keýwany, öýde lampa barmydyr? Ýokdur, kakasy. Dükandan getireýinmi? Ýok .(Wagt ýok) şem zadam ýokmy? Bolmaly. Getireýinmi? Getir keýwany. Gojaň otagy gaty bir giň däldi. Iş stoly bolsa, penjiräň golaýyndady. Ol äpişgeden ýa-da stol çyrasyndan ýagty düşüp durmasa, öz kölegesine seredip oturmaly bolýardy. Günüň bu wagty penjireden-ä yşyk düşjek gümany ýok. Jyn urmuş, stol çyrasy bolsa, gyzykly ýerine gelende aldy-da sönüp goýberdi. Me kakasy. Guýa gaçana döndüňle. Basymjak getiräýerler. Waý-eý, borla çal. Senem şu stoluň başyna geçdigiň tüýsüň üýtgäberýär. Ondan-a, oturda çaý-suwuňy iç, dynjyňy al. Çal aýalyna “özüm bilerin”-diýen manyda, äýneginiň üstaşyry alaryp seretdi. Bolýa-bolýa, ine gitdim. Goja aýalynyň getiren otluçöpüniň içinden, uçlary gara köýük bolmadygyny saýlaşdyryp çykardy. “Ulanan çöpüňi içine salyp goýmak nä körüňe derkar?”-diýip aýalyna käýindi. Otluçöpi gutynyň, sürtülmekden ýaňa sary giden çakmagyna üç-dört gezek uranda zordan uçgun çykdy. Şemiň peltesini otlap, eräp duran mumdan stoluň üstüne damdyrdy. Mum gatap ýetişmänkä, derrew şemi onuň üstüne dikdi. Ol öz “aýagynyň” üstünde durýança-da eli bilen saklap durdy. Gojanyň stoly öňküsi ýaly bolmasa-da, ýeterlik derejede ýagtyldy. “Al kakmyş, nirede galypdym? Hää... * * * Men aljyradym. Näme etjegimi bilmän, özümi ýitirdim. Gurbany çagyrdym. Gurban, Gurba-an. Sygyr suwa gaçdy, Gurban. – ol ylgap gelişine, meni iderdedip goýberdi-de “Sölite suwda belli” –diýip, kelegiň tanabyna ýapyşdy. “Sölitäniň” näme many aňladýandygyna düşünmesem-de, onuň şu wagt meni öwmeýändigine-hä anyk gözüm ýetip durdy. Onuň gowşap başlan damarlarynyň, ýaňadan dartylandygyny gözlerinden okap bolýardy. Ol kelegi kanalyň ýalpagyrak ýerine çenli çekeleşdirip, şol ýerden suwadan çykardy. O-da suwuny sarkdyryp, müýnüm bardyr öýtmän seredip dur. Näme sömelip dursuň? Kömekleşdä! Çüw-çüw hany. Men... men beýtjek bolmadym. Onuň özi nemetdi. Gaty suwsapdyr öýdýän, haý-küşüme seretmedi. Malyň öňüne geçip iderler. Onuň yzyna düşüp gitseň, sygyrdan tapawudyň galjakmy? Beh munaý. Men näme günde-günaşa sygyr idip ýörünmi? Haýyňa-goýuňa seredenoga ol. Şahyna urup, syzladara şaham ýoga munuň. “Goýun ýalydyr”-diýen bolup. Goýun dagy däl eken. Onsaňam bolan zat ýoga şu ýerde. Senem bir “Özüňe bolan zat ýokmy?”-diýip sora, adam bolýan bolsaň. Üstüme jabjynyp durmada. Men bularyň ählisini içimden diýdim. Ýöne ol bar zady gözümden aňan bolarly, mundan artyk zat diýip durmady. Çeleklere ýapyşdy. Bir bedräni maňa beräý, kömekleşeýin. Ýok özüm ýakaryn. Garşylyk görkezip bilmedim. Keçjeligine tutduryp, sygyrlaryň ählisini özi suwaryp çykdy. * * * – Kakaksy! Gyýw çal! Nahar-şam iýjek dälmi? Böregi gazana atdym. Hä diýmän taýýar bolar. Eliňi ýuwda aşhana baryber. Goý şol artyby. Garnyňy bir doýur ahyry. Soň ýazybirsiňdä. Çaý-paýam içmediň. Gowy görýän naharynyň adyny eşidende, gojanyň agzy suwjaryp, işdäsi açyldy. Ajyganyny şu wagt duýan ýaly, garnyny sypalap, “Naharyňy salyber keýwany. Ine bardym.”-diýdi-de, ýazyp oturan sahypasyna galamyny goýup, depderini ýapdy. Şemi üfläp öçürdi-de, äýnegini çykaryp, aşhana tarap ugrady. Nahardan soň kempir, gojany iş otagyna goýbermedi. – Ýaňy Medet jan jaň etdi. Sen gümra bolup oturaňsoň, azar bermäýin diýdim. “Kakama köp salam aýt. Özüni ýadatmasyn. Irräk ýatyp, dynjyny alsyn.”-diýdi. (Soňky aýdanlaryny, onuň özüniň goşan bolmagam ahmal.) Çal aýaly bilen ylalaşdy. Medet olaryň körpe ogullary. Ol mugallymçylyk institutynyň soňky ýylynda okaýar. Uly ogullary bir eýýäm rysgalyny aýrylapdy. Onsaň uly howluda garrylaryň ikijigi ýaşap ýördüler. (Garrylar diýiläýýädä, ikisem ýaňy bir altmyşdan ätläpdiler. Göwünlerem ýaş juwanlaryň göwnündenem ýaş.) Goja ertesi gün adatdakylaryndanam ir turup, otagyna girip gitdi. * * * Öýe gaýdyşyn entägem Gurbanlaryň goňşusy Meret dül-dül bilen ýolumyz bir bolaýdy. Ol däne-säne, pagta- beýleki daşamaga kamaýly, bortly motoryny deňimizde saklady. “Ýigitler öýemidir?” “Hawa, Meret aga. Hydyr ata bola.” Ol gün agşam, hemişekiler ýaly daşarda ýatdyk. Akar ýabyň üstünde oturdylan agaç sekä gurulan peşehananyň, aňyrsy görünip duran üçeginden, ýyldyzlar petreşip görünýärdiler. Men Gurbany biraz gowşatmak üçin oňa gep goşdum. – Gurban! – Hä? – onuň sesinde närazylyk alamaty duýulsa-da, öňküsi ýaly gaharly eşidilenokdy. – Bilýäňmi näme? Obada ýyldyzlar gaty owadan görünýär. Seretsene olara, pile ýaly paýyrdaşyp durlar. Şäherde bolsa, ýyldyzlar gaty seýrek bolýar. Her ýerde belli-belli uly ýyldyzlar görünýär, bolany. – Göwnüňedir. Sebäbi sen gijelerine daşarda ýataňok, şondandyr.-diýip, ol parahat jogap berdi. – Wariant.-diýip, men şäherde, synpdaş oglanlar bilen gürleşenmizde köp ulanýan sözleimiziň birini aýtdym. Gündizem açyk howady welin, şol wagt asmanyň ýüzi gaýmaklap ugrady. Şemal kem-kem güýjäp. Sütük-sütük gara bulutlary getirdi. Sähel salymda howa bulaşdy. Ýaňyja-da göz gyrpyşyp duran ýyldyzlar, teatryň galyň mahmal tutusynyň aňyrsynda galan artistler ýaly gözden gaýyp boldular. Töwerege tomusa gelişmejek salkyn howa aralaşyp, ýagyş ýagyp ugrady. Maral ýeňňem peşehanany sökdi, düşeklerimizi jaýdan salyp berdi. Açyk duran penjireden otaga dyňzap giren daňyň çiňregine, ýygrylyp-ýygrylyp ukymdan oýandym. Gapdalyma seretsem Gurbanyň düşegi ýygnalgy dur. Daşardan ýagyşyň ysy çalaja duýulsa-da, ol agşam uzak ýagmadyk bolarly. Ähli ýer eýýäm gup-gury diýseňem boljak. Diňe baglaryň hem howludaky gülleriň ýapraklary çygjaryp durdy. El-ýüzümi ýuwup, enem dagyň ýanyna bardym. – Ertiriňiz haýyrly! – Hä, turduňmy balam? Gel, geç-otur. Seniňem ertiriň haýyrly! Enem maňa çaý guýup berdi. Käsäme nabat atmagam ýatdan çykarmady. – Ene, hany Gurban nirede? – Ataş jan potrada gidendir. – Şeýle irmi? – Häliräk Esen brigadir geldi. Potrada suw tutmaly gezegimiz gelen eken. Şony duýduryp gitdi. Myrat kakaňam, özi işe gidip baransoň, Ataş jany goýberäýdi. Şol barmana-da maral ýeňňem heýgenek bişirip geldi. Enem bir möhüm zady ýatdan çykaran ýaly, çep eliniň ýumrugyny agzyna ýetirip gürledi. – Eý-wu, huşum gursun. Düýn täze aý dogandyra. Towuklarymyň üstüne kül elemegi ýatdan çykarypdyryn. –diýip, enem gowsunjyrady. Men nämäň-nämedigine aýyl-saýyl düşünmesemde “Menem kömek edeýin” diýip, onuň yzyna düşermen boldum. – Sen derrewjik çaý-çöregiňi iýip, ketege baryber. Men onýança küli eltip goýaryn. Gyssagym özümde iýip-içip, ketegiň ýanyna baranymda, enem ýaňy bir daşky gapydan giren eken. Ol iýim getirendir öýdüp öňünden wakgyldaşyp çykan towuklary kowuşdyryp, içki gatlaryň biriniň gapysyna söýegli duran ojary eli bilen kakyp goýberdi. – Gapy açylyp durar ýaly, öňüne birzatlar goýuşdyryp gaýt, guzym. Şü Myrat kakaňa “şu ýerik bir yşk çekip beräý” diýsem, iş bilen başagaý bolup, hiç eli ýetenokda çagamyň. Muň içem gör ýaly, artyp galan. – Ol legende getiren külünden köneje elegini dolduryp, ýumurtga basyp ýatan towuklaryň, hersiniň üstsne birküç gezek eläp goýberdi. Galan külem ketegiň bir burçunda goýdy. Men bu zatlaryň sebäbini sorap ýetişmänkäm, onuň özi dillenäýdi: – Ejem pahyr aýdardy. Täze Aý doganda kürk towuklaryň üstüne kül elemegi ýatdan çykarmagyn. Ýogsam jüýjeleriniň boýny burulyp, ýumurtgadan çykmasy kyn bolar – diýerdi, görgüli. Bul iki haýranam gaty giç kürk boldy. Beýleki towuklaryň jüýjeleri eýýäm kepderi ýaly boldy, tüweleme. Şunuň wagty golaýlap ýören bolmaly. Göreli hany. Ol şeý diýip, gyzyl towuga tarap ýöneldi. Enemiň özüne elini uzadanyny görüp, oda “gurk-gruk” edip, edil ýel berilen ýaly çişdi. Enem onuň iki ganatyndan usullyk bilen tutup, ýokary galdyrdy. Seretsek üç sany saryja jüýjejikler, entäk gurap ýetişmedik perjagazlaryny çygjardyp, enaýyja bolup ýatyrdylar. Meniň olary elläp göresim geldi. Elimi olara uzadanymam şudy welin, ejeleri küti çüňkleri bilen şatyladyp elimi çokjak boldy. Derrrew elimi çekip aldym. Enem jüýje çykan ýumurtgalaryň gabygyny bir gyra aýyrdyda, towugy ýerinde oturtdy. – Beýleki ýumurtgalaram çakylyp başlapdyr. Ýör indi gideli. Gysganan bolup, jüýjelerini basgylap, heläk edäýmesin ýer çeken, ýör. Nesip bolsa ertire çenli hemmejesem ýumurtgadan çykar. Onuň aýdyşy ýaly hem boldy.Ol agşamara gaýnadylan ýumurtgany mekge kepegine garyp, jüýjeleri iýmledi. Obada wagtyň çalt geçäýşini. Gelenime eýýäm üç hepde dagy bolupdyr. Men ertir öýe gaýtmaly diýlen güni enemden Gurbany hem meniň bilen şähere goýbermegini haýyş etdim. Ol Myrat kakamy ýanyna çagyryp, “Birküç günlik işiňden rugsat alda, Gurbanyň işlerini elinden al. Çagajygym halys surnugypdyr. Eziz jan bilen şähere gidip, göwnüni açyp gaýtsyn.”-diýip, oňa talap ediji äheňde tabşyrdy. – Bolar, eje jan. Häzir işe jaň edip duýduraýaryn. Dädemem halys ýadadaýýas-da. Gurban ilki bada obanyň giňişligini küýsäp, biraz ýadyrgajak boldy. Soň men ony şäheriň owadan ýerlerine aýladym. Dostlarym bilen tanyşdyrdym. Şeýdip, Gurban bilen biraz aranam sazladyk. Soňky gezek oba baranlarymda, o-da meni ýyly garşylap başlady. Wagt geçip okuwymyzy tamamladyk. Gurban şähere okuwa geldi. Ikijigimiz bileje ýokary okuw jaýyna gatnadyk, bileje-de tamamladyk. * * * – Gurban! Gyýw çal! Doganoglanyň Eziz jaň etdi. Agşamlyk myhmnçylyga geliň, döwletli maslahat bar diýýä. Oguljygyny öýerjek bolýandygyny aýtdy. Waý-eý, bu çaly. Goý eliňdäkini, ertirlik edineli. Bizem bir oturyp Medet jany öýermegiň maslahatyny edeli. Goý şol hat-çotuňy. Gel! – Bardym, keýwany. Umyt Küle. 2015 | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
| |