23:34 Saña meñzeýärinmi, kaka?! | |
SAŇA MEŇZEÝÄRINMI, KAKA?! Meni köplenç saňa meňzedýärler. Seni görmeýänime bolsa bu ýaz on altynjy bahar aşýar sensiz. Ýaz gelse, hasam maý gelse, birhili, ünjüsi galňaberýär ýüregimiň. Ho-ol iş ýeriňde bile düşen suratymyza bakyberýän girsem-çyksam. Gök köýnek bar egniňde-de. Menem ýanyňda dünýäden bihabar mölteripjik duryn. Indi-indi elime alyp çintgäp seredýän welin, nazaryňda çuň gussa bar eken. Paslam ýaz bolmaly, arkamyzda çym-gyzyl bägüller görünýär. Öýde başga seniň bilen şeýdip düşen suratymym ýok. Ataly-ogul ikimiziň ilkinji hem iň soňky gezek düşdügimiz bolupdyr. Ýokary synplarda okaýardym. Bir gün mekdebe täze mugallym geldi. Žurnaldan familiýamy tutup, sapak aýtmak üçin tagta çagyrdy. Soňam bir zat ýadyna düşen ýaly, ýüzüme çiňerildi-de, başyny ýaýkamaga durdy.Aldygyna: “Bäh” diýip geň galyşyna-da, agyn seniň özüňdigimi aýdýar. Onuň bolşuna menem birhili boldum. Görüp otursam, işdeşiň ekeni ýaňky mugallym. Ahyr ýüzüni ýerden galdyrdy-da şeý diýdi: “Kakaň-a süňksüz gowy oglandy. Hernä, kakaňa mynasyp ogul bolaýadyň-da senem” Hiz zat gürläbilmedim. Bir ýandan ýoklugyňa gynansam, bir ýandan ýaşuly mugallymdan sen hakda beýle sözleri eşidenime begendimem. Atamyň: “Näteňenälet bir diýdiräýmäweriň, köşek!” diýmesine-de düşünen ýaly bolaýdym şol gün. Soň işe geldim. Ýene bärde-de işini täzelän işdeşleriňe, duz-emek bolan dostlaryňa sataşdym. Ogluňdygymy olaram aýtmakam tanadylar. Bir obada bolubam ömrümde ýasataşandyryn, ýa sataşan däldirin, meniň bolsa olary ilkinji gezek görşüm. Olar diýýän, seniň özüňi zordan on ýyl gördüm-ä men. Ýeri, nireden, nädip tanaýyn onsaň olary? Öň eslije tirkeşipmi, nämemi, biri dagy tas gujaklapdy, kaka Tas seniň adyňbilen ýüzlenipdimaňa. “Şol ogly-da şoň ogly” bolşup, begendiler görenlerine. Seni tanaýan, seni gören adamlara duşýanyma menem şolarça begenýän, ynansaň. Nakylda “Enemi gören mähriban, atamy gören gadyrdan” diýilýär. Käwagt sen hakda soraýan olardan. Bolşuňy, häsiýetiňi bilesim gelýär. Näme-de bolsa, menden has kän gören gözler olar seni. Işjanlydygyňy aýdýarlar. Adyňy jansyz tutmaýyşlaram ünsümden sypanok/ Sen hakynda aýdylýan her söz gymmatly meniň üçin. Olar meni saňa golaýlaşdyrýarlar. Men şolar bilen açjak bolýan seni. Diňe daş sypatym boýunça däl, içimiňem saňa meňzärini isleýän, kaka. Ýöne muny başararynmy, şony welin hiç bilemok. “Ogul atadan bir pagsa kem” diýilýän sözi ýadyma salsam-a, hasam utanyberýän. Baş gorkym-saňa mynasyp ogul bolmazlyk. Nirede bolsamam, näme işlesemem, aladam, howatyrym şol özümden. Göwnüme, hemişe bir ýerlerden seredip duran ýaly bolýaň “Oňarmadyň-ow” diýdirýän gezeklerim köp bolýan däldir-dä hernä? Ogluňy özüňe meňzedýänlerine sen nähili garaýäň? Diýilýänleriň jany barmy, kaka? Heý, saňa meňzeýänmi saňa? © Söhbet HOJAMUHAMMEDOW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |