Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

06:46
Sapakdan soň

SAPAKDAN SOŇ

Ot gorsaýan bir okuwça käýedi,
Alyp goýdy ondan otluçöpi hem.
Ýumuş depderlerin toplady, soňra
Bir-bir sanap gördi. Ýedi depder kem.
«Her gezek siz şeýle,
Utanaňzokmy?
Gelýäňiz okaman, gezelenje siz,
Bu sapar hem iki goýmaýyn, ertir
Galanlaňam depderleri jemlensin».
Gyş güni — bir tutum.
Garaňkyrapdy.
Ýaýdandy. Aşmaly boljakdy gyrdan.
Äri hem gelmedi alyp gitmäge,
«Göwni geçdimikä...» — tisgindi birden.
Uguny ýekeläp işdeş jorasy:
«Ýatyp gidiň — diýdi — indi giç boldy».
Göwnemän, goltuklap şol depderleri,
Pyýadalap öýe sary ýol saldy.
Obadan saýlanyp, gyra çykanda,
Agşam düşüp, daş-töwerek tümlükdi.
Ýoldan dönmekçi hem boldy bir göwni,
«Oglum dertläp galan bolmagy mümkin».
Ýüregine dowul düşüp has erbet,
Gurşap aldy gorky tümlükden beter.
Büdür-südürlikmi, çukur, gyr diýmän,
Gidiberdi, şeýdip ahyry ýeter.
Eýmenji bir sudur ildi gözüne,
Syn etse, möjekdi.
Yzarlaýardy.
Ýatlap ýyrtyjynyň gorkýanyn otdan,
Bir depderi ýakyp, yzlygna sary
Taşlady.
Togtady möjek. Soň — ýene...
Mugallyma medet bolan bu alaw
Ýyrtyja bererdi mejbury sabyr.
Ýolagçy — ýakardy, möjek — togtardy,
Ikisi dem dürsär her depderde bir.
Ýol uzak, tün gara, möjek bolsa aç,
Aç ýyrtyjy bilmez nedir sadakat.
Öýe ýakyn galan çagy tükendi
Mugallymda depder,
Möjekde — takat.
Ahy-pygan tutdy obany daňdan,
Zemin matam tutdy, zaman aglady.
Depder tabşyrmadyk ýedi okuwçy
Hemme kişiden hem ýaman aglady.
Ýöntem şygrym üçin bagyşla, halkym,
Ne alym, ne dana, ne söz piri men.
Öz wagtynda depder tabşyryp bilmän,
Soňa galan çagalaryň biri men.
Men oňat bilýärin, tumar edinmez
Aşykdyr magşuklar ýazanlarymy.
Men oňat bilýärin, aýdymlam ýöntem,
Ýönekeýje garalama gazallar.
Emma... sen barýansyň geljege sary,
Çekinmän kysmatyň öri, gyryndan.
Özümçe gorasym gelýär-dä seni
Ýowuzlyk, hyýanat börülerinden.
Men ýazyp-bozýaryn bir gün sypdyrman,
Habarlar, sowallar, hytaplarymy.
...Sen ýolboýy ýakyp taşlap gidiber
Möjekler eýmenýän kitaplarymy.

© Matnazar ABDULHAKIM

Terjime: © Orazmyrat MYRADOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 121 | Mowzugy paýlaşan: LegLek | Teg: Matnazar Abdulhakim | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 18
avatar
0
1 Sylapberdi • 06:55, 09.03.2024
Säher bilen Matnazar ekäniñ şygry keypi otlady oz-ä.
Sağ bolsun ýetirene, terjimana ellerine saglyk.
avatar
0
2 Ak-sary • 07:54, 09.03.2024
Bäh
avatar
0
3 sussupessimist • 08:53, 09.03.2024
Orazmyrat agaň terjimeleri bolmadyk bolsa, goňşy ýurtda gowy poeziýaň barlygyndan bihabar gezerdim.
O taýda-da türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň döredijiligini özbeklere ýetirjek öz Orozmurody ýokmyka?
avatar
0
4 aygull • 10:15, 09.03.2024
Sadalyk bn beýik many otarşyny gör. Çalam-çaş çylşyrymly, bulaşyk pikirler bn okyjynyň aňkasyny aşyrjak bolýanlar, depderleriňizi tabşyryň...
avatar
0
5 Mekan2 • 10:29, 09.03.2024
şort wideo taýýarlaýamaly zat eken.
avatar
0
6 Aýgül_Baýadowa • 11:59, 09.03.2024
"Hemme kişiden hem ýaman aglady": şu setir türkmençä geçmedik ýalymy? Zamana deň etjek bolnupdyr welin, barybir aýdylyş taýdan saz bolmasa kapyýa boldugy däl-ä.
Şu goşgyny tapyp, terjime edeni üçin Orazmyrat aga näçe sag bol aýtsaňam az.
avatar
0
7 Belki • 12:10, 09.03.2024
Goşgyda waka beýan ediberseler halamog-aý. Prozañ ysy gelýär durýar, menem aýagaldygyna burnumy tutýan )) ýogsa erbedem däl welin. Her zatdan özüne mahsus ys gelse gowy-da )
avatar
0
8 aygull • 12:17, 09.03.2024
Aslynda özbeklerde wakaly, anyk gahrymanly goşgular köp. Kim gaýkyny, kim küýküni diýen ýaly, hemem öz häsiyetleri şoňa golaý-da, gürrüñçil halk. Türkmen aga ŷaly"hmmmm"edip oturybermeýärler aňsat. Şoh millet.
avatar
0
9 garagar • 13:24, 09.03.2024
teswir 6
Hemme kişiden hem ýaman aglady.
Wariant: Hemme kişilerden beter aglady.
avatar
0
10 Aýgül_Baýadowa • 13:29, 09.03.2024
Teswir 9, ol şeýle welin ýokarda ýalpyldap "zaman" bar. Şoňa gabat geljek bir zatlar gerek.
avatar
0
11 garagar • 13:33, 09.03.2024
Möjekli waka juda elhenç. Depderi galan çagalaryňkam ondan ýeňil däl. 7 depderiň halas edip bilmejegenim bilýän weli...
Kellämi goşgudan başga zatlara alyp gitdi. Mekdep synpynda "depder getirmeseňiz mugallymyňyz ölüp biler" diýen ýaly ýazgylar göz öňüme geldi(Muny asyp goýmaly ýa-da şoňa meňzeş bir zatlar etmeli diýen manyda düşünmäň).
Terjime gowy. Waka ýalanam bolsa täsiri güýçli.
avatar
0
12 sussupessimist • 14:31, 09.03.2024
Goşguda syuźet bermek meselesi türkmen edebiyatynda has yoň bolan bolaymasyn? Kerim Gurbannepesiň tas tutuş doredijiligi syuźetny, Çary Aşyryň, Aman Kekiliň, Nobatgulyň, Atamyrat Atabayyň, Annaberdi Agabayyň... yene-yeneleriň poemalary. Gurbannazarda "Suratkeş oglan" yaly goşgular bar. Garaz, XX asyr türkmen poeziyasynyň 60-70% syuźetny poeziya dälmi?
avatar
0
13 sussupessimist • 14:34, 09.03.2024
Bu barada Horhe halypaň pikiri gyzyklydy. Hemme zatda syuźet bolmaly diyen yalydy. Şo meselede doly ylalaşyp bilemok. Umuman, edebiyatda bir zat bolmaly ya bolmaly däl diyip, kesgitleme goyjak bolmak nadogry bolaymasa. Islendik zady maksimum gowy etjek bolmaly esasan
avatar
0
14 Aýgül_Baýadowa • 14:43, 09.03.2024
Belli bir döwürde ýoň bolsa bolandyr. Bolanynyňam aýby ýok. Bolmaly däl diýmegiň özi bolmaly däl zat.
Esasy oňaryp ýazmak.
avatar
0
15 LegLek • 15:22, 09.03.2024
XX asyrda başlanan zat däl sýužetli poeziýa.
Andalypda «Nesimi», «Sagdy Wakgas», Magtymguluda «Gökje kepderi», «Turgul» diýdiler», «Külahly geldi»,.. Nyzamyda, Azadyda, Mollanepesde, Jamyda, Rumuda,.. o-hooo, sanasaň sogaby bar.
Aslynda edebiýatyň agramly bölegi sýužetli.
avatar
0
16 Aýgül_Baýadowa • 15:26, 09.03.2024
Men garşy däl. Gowy bolsa boldy esasy. Ýazybersinler:))
avatar
0
17 Belki • 16:01, 09.03.2024
Men hälki pikrimde. Kesgitleme berjeg-ä bolamok. Ýöne ýaranok (maña)
avatar
0
18 Lacrymosa • 20:50, 09.03.2024
Çagalar gowy okamak bilen, tertipli, ykjam, jogapkärçilikli bolmak bilen, gowy adam, ökde hünärmen bolup ýetişmek bilen özüni okadan mugallymlary gyjalatlardan (hyňranyşýan möjekpisint adamlardan) halas edýändiklerine düşünmelidirler. Çagalar, gowy okaň, gowy adam bolup ýetişiň, şonda mugallymlaryňyz gyjalata galmazlar, olary möjekler iýmez! Sag boluň ýetireniňize! Azaby siňen her bir adamyň iki dünýäsi abat bolsun
avatar

Старая форма входа
Total users: 202