20:52 Sary öküz hekaýaty | |
SARY ÖKÜZ HEKAÝATY Ir wagtlar otluk meýdanda öküz sürüsi mesgen tutupdyr. Olaryň golaýynda mekan tutunan arslan sürüsiniňem gözi öküzlerdemişin. Emma arslanlar hüjüme geçen mahallary öküzler birigip goranmagy başaransoňlar arslanlar olary awlap bilmändirler. Şonuň üçin kiçijik haýwanlar bilen oňňut etmäge mejbur galan arslanlar oňly iýmitlenip bilmeýändikleri sebäpli ahyr çäresini agtarypdyrlar. Akylly arslan ýanyna iki sany arslany alypdyr-da, ylalaşygyň nyşany ak baýdak bilen öküzleriň sürüsine golaý baryp, süýji-süýji sözlemäge başlapdyr: “Gadyrdan öküz jenaplar! Bu gün bu ýere sizden ötünç soramaga geldik. Şu güne çenli size azar ýamanyny berenimizi bilýäris. Emma ynanyň, biz hiç birini bilip etmedik. Ähli günä diňe hol Sary Öküzde. Onuň reňki siziňkilerden tapawutlanyp biziň gözümizi gamaşdyrýar, aklymyzy çaşyrýar. Bizem parahatsöýerligimizi unutýarys-da topulyp duran bolaýýarys. Ýogsa siz bilen meselämiz ýok. Sizem, bizem rahat ýaşar ýaly şony bize beriň-de dynyň.” Öküzleriň Lideri Boz öküz we beýleki öküzler bu teklibe öz aralarynda geçen maslahatdan soň razy bolupdyrlar. Sary Öküzi arslanlara beripdirler. Ýeke Menekli öküz garşy çykypdyr, emma hiç kime derdini aňlatmandyr. Mundan birnäçe wagt geçenden soň arslanlar ýene öňki terzde gelipdirler. Bu gezek olar Uzyn Guýrugy almakçy bolupdyrlar: “Biziň neneň parahatçylyksöýerligmizi gördüňizmi?! Alan kararyňyz bilen sizi-de gutlaýarys. Emma siziň şü Uzyn guýrugyňyz bar-a, nireden seretsegem guýrugyny sallaýşy bize görünýär-de biziň aklymyzy haýran edýär, zordan özümizi saklaýarys. Siziň guýrugyňyz kadaly-da. Beriň şony bize, bu gürrüňi ýapyp rahatlykda ýaşalyň. Öküzler uzyn Guýruk öküzi arsalanlara eltip beripdirler, ýene Menekli öküz garşy çykypdyr. Uzyn guýruk hem arslanlaryň penjesinde jan beripdir. Bu ýagdaý her gezek üýtgeşik bahanalar bilen gaýtalanyp durupdyr. Soňabaka öküzler ejizläp, arslanlar gurplanyp ulumsylanypdyrlar. Hiç bir bahanasyz gelip, gönüläp: “Şuny beriň bize, ýogsa goşulşmarys” diýip başlapdyrlar. Ýeke – ýekeden arslanlaryň penjesinde jan berilşikde Öküzleriň lideri bilen sanaýmaly öküze gezek gelipdir. Özaralarynda: “bize näme boldy beýle, bu söweşde haçan ýeňildik biz?! Wagtynda güýçlidik ahbetin?!” diýip biri – birinden soraýarmyşlar. Boz Öküz menekli Öküziň sözlerini ýatlap, gözlerini ýaşlap: “Biz” diýip hamsygypdyr-da, ýene şeýle diýipdir: “Sary öküzi bermeli däldik, ilki şony berenimizde ýeňildik”. Türk hekaýalaryndan terjime | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |