09:07 Sary ýaglygyň | |
Sessizlik,sensizlik, deňsizlik dünýäm, Men seniň yşgyňda bir däli düňläň, Gussalar üstüme ýagypdur diňmän , Senden ýadygärlik, galan baýlygym, Seni ýatladyp dur, sary ýaglygyň. Bolmanda, düýşümde myhmana gelgin, Gül görklim, görnüklim, ýaňagy gülgün, Arada gördümle ýüzleriň solgun, Näme boldy, ýerindemi saglygyň, Syrdaşym bolupdyr, sary ýaglygyň. Armana, aglara, berdiňle sebäp, Gündizim,gülýüzüň, görmegem sogap, Gyzgyn duýgulaňdan, bilmedim sowap, Bilmen, kimiň bagty borsuň läligim, Senden galdy dertlem, sary ýaglygyň. Sensiz geçenokla garaňky tünler, Eden ýalňyşyňy düzetmez, düýnler, Bagtdan, bark uran şol ajap günler, Ilki gazanjyma alan aýlygym, Sowgat etdim saňa sary ýaglygy. Illeň gepi diýe, galdykla köýüp, Düşündireý diýsem bilmediň duýup, Seni ýatlatýan zat, gerekdäl diýip, Düýbünden unudyp, hoşamaýlygy, Getirip beripdiň sary ýaglygy. Perige meňzärdiň, bezärdi görkiň, Ýadyňda, ýanyňda bilmen bar gör kim, Emma meniň ýaly, söýmezle herkim, Aglasaňda, begenjiňden aglagyn, Men aýap saklaryn, sary ýaglygyň. Sary güýzüň reňki, aýralyk reňki, Aýralyk, söýgüde biz üçin çünki, Ýazgydyma, ýazlan sen dälsiň belki, Söýgümizden galan, ýadygärligim, Seni ýatladypdur sary ýaglygyň. © Süleýman TEKÄÝEW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |