Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:03
Saýta agza bolmagyň we girmegiň düzgünleri
SAÝTA AGZA BOLMAGYŇ WE GIRMEGIŇ DÜZGÜNLERI

1. BU SAÝTA NÄHILI AGZA BOLMALY?

Howlukman aşakdaky görkezmeleri ýerine ýetiriň.

Ilki bilen özüňize poçta adresini açynyň.
Ozal bar bolan poçta adresiňiz bilen başga saýtlara agza bolan bolsaňyz şol adres bilen ikinji gezek bu ýere agzalyga kabul etmeýär.
Şonuň üçin täze poçta açynyň.
Mysal üçin men Mail.ru -dan özüme täze (mugt) adres açyndym we şol adres bilen Edebiýat kafesine agza boluşymy düşündireýin.
Mail.ru-da garagalam@mail.ru adres açyndym.

1. «Edebiýat kafesi» saýtynyň ýokarsynda görkezilen «Agza bolmak» linkine basýaryn.


2. Çykan penjiräni doldurýaryn.
(Maslahat. Parolyňyzy unutmazlyk üçin telefonyňyza belläp goýuň)


3. Registrasiýanyň şowly geçendigini habar berýän penjire çykar.
Indi etmeli hereketiňiz: öz poçta adresiňize girip, size iberilen haty açmak.


4. Men öz poçtama iberilen haty açdym we ol hatda görkezilen linke basyp Edebiýat kafesine geçdim, ýagny girdim.


5. Gutlaýarys! Siz Edebiýat kafesine agza bolduňyz.
«На главную» ýa-da «Baş sahypa» geçip saýtdy doly ulanyp bilersiňiz.
Öz profiliňiz barada we Saýtdan çykmak üçin saýtyň ýokarsyndaky linklere basyň.

Sizi saýtymyzda aktiwlik görkezmegiňizi arzuw edýäris.
Hoş geldiňiz!


2. BU SAÝTA AGZA BOLANLAR NÄHILI GIRMELI?

1. «Edebiýat kafesi» saýtynyň ýokarsynda görkezilen «Girmek» linkine basyň.


2. Çykan penjirä «Старая форма входа» linkine basyň.


3. Registrasiýa bolanyňyzdaky poçta adresiňizi we saýta girmek parolyňyzy ýazyň.
«Вход» düwmesini basyň we sahypa geçiň.
Bölümler: Dowam edeliñmi?! | Görülen: 124 | Mowzugy paýlaşan: Garagalam | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Medicall • 18:09, 06.08.2023
Köp köp sagboluñ, düşünikli bolupdyr.
Ýogsa saýta agza boljak bolup, bolup bilmän gidýänler köp, olaryñ köpüsi "agza bolmak" -a girmän agza dälkäler girmekde akkauntlaryny ýazyp agza boljak bolyarlar, agza bolup soñ belki paroly ununtýandyrlar, parol ýalñyş görkezýanlerem bar. Ählisini sayt panelda görüp otursagam poçtalaryna ýazmagy halanmajak ýaly gördüm.

Muny ýörüte taýynlap post edeniñiz üçin Size minnetdardyryn, Allaýalkasyn, eliñiz, gözüñiz dert görmesin!
avatar
0
2 Medicall • 18:12, 06.08.2023
saýt menýusynda "Bu saýta nähili agza bolmaly" diýip täze bölüm goýdim, bu posty gaýtadan şonda goýaýyñ ( haýyş)
avatar
0
3 Medicall • 19:34, 10.11.2023
Saýta agza bolmak isläp bir näçe gezek şol bir poçtadan synanyşýan hormatlylar, gmail.com, ýa-da mail.ru tapawudy ýok öñki başga saýta agza bolan poçtañyz bu saýta bolanok. Täze açmaly bolýañyz,
Başga nähili düşündirjegimi bilemok
avatar

Старая форма входа
Total users: 203