18:18 Seleñläp daglar görüner | |
Surat: © Amangeldi HYDYROW SELEŇLÄP DAGLAR GÖRNER Bizi has ysnyşdyran ahwalat «Dähli hasraty» kitaby boldy. Tanyşlary- myň biri: — Amangeldi Hydyr şeýle kitap ýazypdyr. Tapyp okap gör, ökünmersiň — diýdi. Şondanam «ýat depderçämi» dörüp, derrew Balkanabatdaky köne tanşyma jaň etdim. Towakgamy aýdyp-aýtmankam, aňyrdan how- lukmaçdan ýakymly ses geldi: — Şol at bilen çekilen suratymam bardyr, elektron nusgasyny ibereýin, kitaby okap, soň suraty synla, haýyş! Ýene bir bolan wakanam aýdaýyn. Balkan degrelerine ýolum düşse, Amangeldi Hydyra duşaýmak meýlimiň bardygyny aýdanymda, Türkmenistanyň halk suratkeşi, uly ussat Saragt Babaýew çyny bilen sargady: — Barmankaň bileweri, o birden daglara tarap tutduryp gidiberen bolmasyn. Geňgalyjylykly hemem bilesigelijilikli garaýşymy aňyp, ýylgyrdy: — Bilseň, biziň bilen döwürdeş suratkeşleň içinde daglaryň suratyny şondan köp çeken, asyl çekýän ýokdur. Çekjek bolsaňam, daglaryň içine gitmeli-dä, düşdüňmi?! Özem nijeme zehinli ýaşlaryň çyn halypasydyr. Balkanabatdaky sungat mekdebine ýolbaşçylyk eden döwründe sähel üşügi-ukyby bar bolan ýaşlary tapsa, gyzyl gören ýaly, baý, begenendir-ä. Soňam «Göbek ganyň daman ýeri çekýän bolmaly» diýen netijä gelenimem ýatlaýyn. Oňa-da «baş gahrymanyň» agzyndan eşiden gürrüňim sebäp boldy: — Magtymguly etrabynyň Gerkez geňeşligi ulurak üç obadan ybarat — Arapjyk, Ýuwangala, Magtymgala. Biz Arapjyk obasynda başlangyç bilim alyp, soňra Ýuwangalada ýerleşýän 3-nji orta mekdepde okuwymyzy dowam etdirdik. Ýuwangala obasynyň ortarasynda bir gala bardy, ynha, şol galanyň içinde: «Şu ýerde Magtymguly Pyragynyň heýkeli oturdylar» diýlen ýadygärlik ýazgy goýlupdy. Meniň diýýänim 1960-njy ýyllaryň gürrüňi. Hemme kişi heýkeliň oturdylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Türkmen ilini guwandyran şol gün hem gelip ýetdi. 1964-nji ýylda mekdebimiziň öňündäki heýkeli görüp, baý, tolgunandyrys-a. Çagalykda gezen, oýnan ýerleriň gözüňe has yssy görünýär. Ir säher guşlaryň nagmasy ukudan oýarar, turup, gapa çykarsyň welin, türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň nazary düşen keremli daglar dumanlap görner. Säher şemal öwüsse, şaglap, täsin mukamyň owazyny berip duran äpet çynaryň deňinden geçip ugrarsyň. Uzak ýöremänkäň, durnaň gözi ýaly buldurap akyp ýatan Sumbara baryp ýetersiň. Suwdaky enaýyja balyjaklaryň oýnuny synlap durşuňa, dünýäni unudarsyň. Birdenem, göni garşyňdaky kert gaýalary ýaňlandyryp, biri-biri bilen bäsleşip saýraşýan käkilikleriň owazy «gulagy ýuwup» gider. Bu ajaýyp gözelligiň waspyny beýan etmäge şahyrana dil, surat çekip bilýän el gerek. Her ýyl tomus zähmet rugsadymda dogduk mekanym Gerkezde bolup, Ýuwangala (häzir Gerkez diýlip atlandyrylýar), Arapjyk, Magtymgala obalaryna baryp, başardygymdan peýzaž eserlerini döretmek Balkanabada göçüp gelen ýyllarymdan bäri endige öwrülip giden ýagdaý... Gezende hem armazak suratkeşiň 1966 — 1970-nji ýyllarda Aşgabatdaky Çeperçilik uçilişesini, 1979-njy ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh bölümini gaýybana tamamlandygynam okyjylar bilip goýsun. Häzirki wagtda hormatly dynç alyşda bolsa-da, hergiz eli boş duranok. Eserleriniň döreýiş taryhyny olary «dünýä indereniň» dilinden eşitmek gyzykly. Magtymgulynyň keşbi ...1977-nji ýylyň tomsudy. Dädem, ejem, goňşymyz Maýda daýza bilen gapydaky tag- ta sekiniň üstünde agşamara başlanan söhbe- dimiziň örüsi barha giňäp gitdi. Ady Maý- da bolsa-da, gürrüňçil daýzanyň hersi iri monjuk ýaly, biri-birine sepleşip duran, biri beýlekisinden lezzetli gürrüňlerini diňläp oturyşymyza gijäniň birçene baranyny hem duýmandyrys. Maýda daýza: «Indi ýatmaga çen bolaýdy öýdýän» diýip, öýüne tarap ugrady. Men hem obanyň gijeki gözel keşbini synlamak üçin, gaýramyzdaky baýra tarap ugradym. Jahany ýagtylandyryp, ýokary galyp barýan Aý obamyzyň garşysyndaky Sakar uçan dagynyň depesine golaýlap gelýärdi. Asyl, gözlerime ynanamok, görsene muny! Bu dag, asyl, arkan düşüp ýatan parasatly ýaşula meňzeýän bolsa nätjek! Ol gözlerime kimdir bir mährem keşbi ýatladýar... Aňyrdan öýe gelşime, şol gören şekilimi dädeme, ejeme dessine görkezmesem ynjalmadym. Ertesi irden turup ýene-de synladym. Beh, öten agşamky ýaly aýdyň görünmese-de, ýatan adamyň şekili mesaňa mälimdi. Bu täsinligi öz deň-duşlaryma, obadaşlaryma buşlamasam ýüregim ýarylaýjak ýalydy. Tebigatyň döreden bu täsin şekilini altyýedi ýyllap synlap gezdim. Ýöne içime guş salnan ýaly. Ahyry ýüregimdäki duýgyny duýdum: «Magtymguly Pyragynyň nazary düşen dagda, dabany degen daşlarynda onuň keşbi mydamalyk galandyr». Şu pikirden soň daga siňen tebigy suraty parasatly şahyrymy- zyň keşbi diýip kesgitli kabul etdim oturyberdim. Şeýdip obamyza myhman barsa, öňi bilen şol dagdaky keşbi görkezip, «Hanha, hezreti Magtymguly ýatyr» diýip, buýsanç bilen aýtmak kada boldy gidiberdi. Eger ýoluňyz düşüp, Gerkeze barsaňyz, Arapjyk obasynyň ortarasyndaky Sakar uçan dagyny synlaň! Şol keşbi görersiňiz hemem geň galarsyňyz! Onsoň, heýem, ony surata salman bormy?! Nury Halmämmediň keşbi 2009-njy ýylyň tomsunda Magtymguly etrabynyň Daýna obasyna maşgalamyz bolup gezelenje gitdik. Ülkämiziň iň gözel künjeklerinden biri bolan bu ýere hem-ä syýahat etdik, hemem XX asyryň iň zehinli kompozitorlarynyň biri Nury Halmämmedowyň şol ýerde oturdylan heýkelini ýene-de bir gezek keremara synladyk. Döwrümiziň iň zehinli heýkeltaraşlaryndan biri Saragt Babaýewiň ylhamyndan dörän bu heýkel hakyt sungata dikilen sütün! Seniň gaşyňda türkmen sazyny dünýä tanadan, tutuş durky mukama öwrülen beýik kompozitor dur. Ol gözlerini ýumup, saz äleminiň ummanlarynda ýüzüp ýör, ol haýsy älemde, haýsy ummanda? Ony diňe kompozitoryň özi bilen Ýaradan biläýmese, başga biljek ýok. Kalbymda Halmämmedowyň sazlary ýaňlanýar, eşidilýän owazlar maňa bu heýkeliň açylyş dabarasyny ýatladýar. Ol meniň durmuşymda iň ýakymly pursatlaryň biri bolup galypdy. Göz öňümde bolsa täze döretjek eserimiň gahrymany owaz atyny münüp gaýmalap ýör. Ynansaňyz, ylham atyna atlanana dönäýdim. Şol işi «boldum» edýänçäm ussahanamda ýatyp-turdum. Gala alan ýaly bolup öýe bardym weli, keýwanym içini çekdi: «Toba, sakgalyňy torba ýaly edip, derwüşe meňzäp gidipsiň». Men dilime gelen jogaby sugşurdym: «Döredijiligiň dünýäsinde derwüş bolup selpemeseň, gözlän zadyňy tapyp bolýarmy näme?!». Şol gije şeýle bir ýatypdyryn weli, edil saz bilen hüwdülenen ýaly-da. Döwletgeldi Ökdirowyň keşbi Durmuş pelsepesi şeýleräk-dä... Duşuňdan geçip barýan şu günde iliň-günüň üçin sen näme edip bildiň? Ynha, şu sowal meniň öňümde ör-boýuna galdy. Şeýle günleriň birinde tizara geçirmeklige niýetlenen sergimiň aladasy bilen meşgul bolup ýörşüme, şeýleräk pikir kellede tüweleýleýär: «Ýeri, muňa geljeklere nähili eserleri hödürläp bilerin?». Bu meseläniň göwnüme jaý çöz- güdini Aşgabatda ýaşaýan Türkmenistanyň halk suratkeşi Amandurdy Meredow aýtdy goýaýdy: «Amangeldi, sen Sumbar jülgesiniň suwuny içen, hezreti Magtymgulynyň nazary düşen keremli daglaryň, jülgeleriň arasynda şol howadan dem alyp ulalan. Pyragynyň nazary düşen daglarynyň waspyny ýetiren Sumbar bilbili Döwletgeldi Ökdirowdan başla, onuň keşbini özüň işle, aňyrsynda görünýän gözellikleri ogluň Döwran işlesin». Gör-ä! Göwnüme jüňk boldy duruberdi. Onuň bu döwletli maslahatyny alyp, niýetleýän sergimi öte hormat goýýan, ürç edip diňleýän bagşym Döwletgeldi Ökdirowyň keşbinden başladym. Şirin labyzly bagşynyň aýdymlaryny diňläp, keşbini işläp oturyşyma, oňuna bolup barýan eser baradaky şatlykly habarymy ýurdumyzda hormat goýýan ýazyjylarymyzyň biri bilen paýlaşmak isläp, oňa jaň etdim. Ol bu habara menden-de has begenip, Döwletgeldi Ökdirowyň inisi Alyhan aganyň telefon bel- gisini berip, oňa jaň edip, bu gowy habary ýetirsem, onuň örän şat boljakdygyny aýtdy. Alyhan aga meniň aýdan habarymy juda hoşnutlyk bilen kabul etdi. Şondan kän wagt geçmänkä Nowruz baýramynda Alyhan aga meniň döredijilik ussa- hanama geldi. Ol agasy Döwletgeldiniň keşbiniň öňünde dyza çöküp, uzak wagtlap oýa batyp oturdy. Ençeme wagtdan soňra başga bir dünýäden dolanyp gelen ýaly bolup ma- ňa ýüzlendi: «Inim, kesbiňden kemal tap!». Ýemreli Tuwakowyň keşbi «Gözledim seni», «Serhetçiniň aýdymy» ýaly aýdymlar öz döwründe türkmen radiosynda yzygider ýaňlanýardy. «Saza salsaň, uz bolar» diýdiren setirleri bilen «bäh» diýdiren şahyr Ýemreli Tuwakow ata-ene mährinden ir mahrum bolan. Boýny buruk oglan Nebitdagdaky (häzirki Balkanabat) Çagalar öýüne ýerleşdirilýär. Bu ýerde 8 ýyllyk bilim alansoň, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite saz- çylyk mekdebiniň wokal bölümine okuwa girýär. Soň Türkmen döwlet filarmoniýa- synda işleýär. Ykbal ony 1969-njy ýylda şol wagtky Nebitdagyň (häzirki Balkanabat) telestudiýasy- na getirýär. Kalby aýdym-sazdan joş urýan ýigit şygryýet äleminde hem gulaçlap ugraýar. Hyjuwly şahyryň zehini barha tap- lanýar. Şeýdip şahyr Ýemreli Tuwakowyň sözlerine türkmeniň meşhur sazandasy Akmyrat Çaryýew «Öz ilimiň gojalary», kompozitor Çary Abdyllaýew «Kemsinmezmi» aýdymlaryny döredýär. Bada-bat ýüreklerde ýer eýlän aýdymlary bilbil sesli Annaberdi Atdanow ýaňlandyrýar. Amangeldi aganyň aýtmagyna görä, Ýemreli pyýada gezmegi gowy görýän eken. — Balkanabadyň haýsy köçesinde sataşjagyny bilmersiň. Görseň, pikir ummanyna gark bolup barýandyr köçeleriň birinden haýaljak ýöräp. Deňinde durup habar gatanyňdan soňra özüne geler. Köplenç men oňa öz döredijilik ussahanama gelmekligi teklip ederdim. Ol şeýle bir zerur işi bolmasa, ylalaşardy. Onsoň çaý başynda söhbedimiz uzaga çekerdi. Ynha, şular ýaly oturylyşyklardan soňra dörän setirler: ...Garaş ussahanaňda, Gulplaman goý işigi. Men-ä goşgy okaýyn, Senem görkez «işiňi». Ýemreli ýaşlykda surat çekmek bilen hem meşgul bolandygy üçin ussahanama gelenin- de, ilki: «Hany näme çekdiň?» diýerdi. 1999-njy ýylyň aprel aýynda Magtymguly etrabynyň Gerkez geňeşliginde men özbaşdak sergimi guradym. Oňa Ýemreli hem gatnaşdy. Obanyň seleň howasyna taý tapylýarmy näme? Säher bilen şahyr ýanyma gelip: — Amangeldi, şu ýaşymda ilkinji gezek meni bilbilleriň owazy oýardy — diýip, çaga ýaly begenip dur. Şol gözümde galan keşp hem soň surata geçdi. Hawa, suratkeşiň süýji gürrüňlerinden soň, gözüň onuň elinden çykan eserlerinde eglenýär. Özgeleriňkiden aýratynlygy ussadyň çeken her suratynyň aňyrsyndan daglar görnüp dur. Daglar bolsa howalaly hem myhyny bakylyga uran gudrat-a. Goý, ol eserlerem şeýle bagta eýlensin! © Gurbannazar ORAZGULYÝEW ýazyjy. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |