03:50 Şem ýakjak! | |
ŞEM ÝAKJAK Ýene-de şem ýakjak! Ýatlajak tozana garylan günüm, Señ keşbiñi göz öñüne getirip Aglapdym öñem, Goý, atsyn dañym, Ýene-de şem ýakjak! Çöşläberjek köne günleñ ýumagyn, Şol ýumaklañ arasynda ýañagyñ, Düwün atan bolsa dişläp çöşlejek, Düwün bilen garyp göwnüm hoşlajak, Ýene-de şem ýakjak! Men perwana ýaly ýangynda ötjek, Özümem idil däl, wah, senem hötjet, Şemiñ ýanyp damýan gözýaşlaryna, Aglajak! Ýüregim dökjek! Şem ýakjak! Dogup gelýän eý Gün! Az wagt saklan! Ýanan söýgim çirkizipdir gabaklam, Señem bulut bilen aglan halatlañ Men saña düşünip gamlandym, bilýäñ! Bilýän bolsañ näme ýylgyryp gelýäñ!? Saklan! Köne söýgiñ palyna bakjak, Men şem ýakjak! Aşyr AŞYROW | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |