22:14 Sen dünýä ineňde | |
SEN DÜNÝÄ INEÑDE Sen dünýä ineñde juda az galdy, Telpegimiñ bulduñ deñne ýeterne. Tost göterdik, Ajap sözler agzaldy, Goşduñ meni atalaryñ hatarna. Sen dünýä ineñde üýtgedi älem, Bir pursat özümi duýmadym özüm, Aý ak şöhle bilen iberdi salam, Ýyldyzlar guwanşyp gypdyrlar gözün. Sen dünýä ineñde adaty bir ses, Gulagymda aýdym bolup ýañlandy. Zürýatsyzlar ony etdiler höwes, Kakañ bolsa şygyr düzüp hiñlendi. Sen dünýä ineñde giñiş öýmüzi, Toýuñ şagalañna püre-pürlediñ. Mertebe tagtyna mündürdiñ bizi, Durmuş akymymy çäksiz durladyñ. Sen dünýä ineñde özümi gördüm, Atalyk borjumyñ gymmatyn duýup, Ömrümiñ öñünde hasabat berdim - Ýaşaýşy otuz ýaş ýigdeltdim - diýip. Abdyreşit TAŞOW. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |