20:22 Sen hakdaky pikirler | |
SEN HAKDAKY PIKIRLER Ana... sen ýene seretdiň. Göreçlerimiz ýene biri-birine galtaşdy. Hemişeki bolşuň ýaly çala ýyrşarylyp, ýüzüňi kesä sowduň. Menem adatdakylary ýaly, ýene seni synlamaga durdum. Her gezek şeýle bolan mahaly, sen hakda näçe oý-hyýallary başymdan geçirýänimi bilýäňmi, arzuw ummanynda hyýal gämisiniň ýelkenini açyp seniň owadan hyýaly keşbiňe syn edýänimden habaryň barmy? Ýokdur. Muny diňe men bilýän, hemem meniň kalbym. Nazarlarymyz kaklyşan mahaly gözümi sowmaly bolýan, çünki seniň bakyşlaryňdan gözlerim asgyn gelýär. Her gezekde hem şeýle bolýar, sen ýeňýäň. Içimden: «Şu gezeg-ä, men hökman onuň gözlerine göni bakyp duraryn» diýýän. Ýöne bu pikiriň amala aşmak ähtimallygy, edil Ronaldonyň dünýä kubogyny alyp biljek ähtimallygy bilen deň derejede ýaly. Ýene gözlerimiz galtaşdy... Şu gezek bir ýeňeýin-dä. Başa barmady, ýene asgynladym. Goňur ýa-da ýaşylymtyl göreçlerden (gözleriniň reňkini anyk bilemok) beýle bakyşlaryň döremegi, adaty zadam-da. Ýene ýylgyryp, kesä bakdyň. Menem seni synlap oý-hyýallara batdym. Nämedir bir zatlary gürrüň berýän pursatyň seni synlamak hasam ýakymly. Öz keşbiňe hasam maýyl edýän owadan sesiňi eşidip, hyýal adasynda gezmelesem, hüwdi kimin ýaňlanýan owazyňy diňläp, şol adadaky baga gurlan ýüpek sallançakda uklap galsam, düýşümde seni görsem, hiç wagt oýanmasam, hemişe şol hyýaly mawy adanyň ýaşaýjylary bolup galsak, sen diňe meniňki bolsaň... nähili oňat bolardy... şeýle gerek? Boýnuňda öz mylaýym, sada görnüşiňe diýseň laýyk bolup duran meňiň bar. Ak pamyk deý teniňdäki şol garaja nokadyň duran ýeri seni hasam aýrybaşgalaşdyrýar, belkem, sen şol meňiň bilen beýlekilerden has gözelsiň. Ynanaý, ynanmasaň, men gözlerimi bereýin, şolary alyp özüňi synla-da göräý. Seni tanaýanyma eýýäm bir ýarym ýyl bolup barýar. Ýöne, nämüçindir aramyzdaky gatnaşyk ýylanok, sowanogam? Belkem, munuň sebäbi, seniň dymmalygyň, ýa-da meniň ýygralygymdyr. Bilemok, aramyz näme üçin beýle? Ýöne, bir zady bilýän: Meniň saňa şeýle bir ýakynlaşasym gelýär. Meniň ýüregimden ýene bir peýkamy parran geçirýän gözellikleriň biri-de, saryýagyzlygyň. Hawa, rus gyzlaryna çalymdaş türkmen gözeli keşbini iň gowy sen ýerine ýetirersiň. Gülkiň görküňi hasam bezeýänini-de bilýän dälsiň. Sen gül, men diňläýin. Sen ýylgyr, men synlaýyn. Ýeke bolsaň, ýalňyz goýmaýyn. Ýöne, sen bolsaň-da: ... Görsene, bu gün asmanyň keşbini. Gara bulutlar syrypdyr öz perdesin, hamala, biziň etjek gürrüňimizi bu gybatçy jemendeden ýaşyrjak ýaly. Dymyşlyk, şäheriň ähli gowgasy sähel salymlyk sem bolupdyr, hamala, tutuş mähelle biziň gürrüňimizi diňlejek ýaly. Ýöne, gürrüň nire, biz nire? Biz we gürrüň gabadam gelenok ahbetin. Sen isleseň-de, muny meniň ýygralygym islemez, meniň ýygralygym islese, seniň dymmalygyň oňlamaz. Gepiň küle ýeri, biziň bile bolmajagymyz ikuçsyz. Ana... sen ýene seretdiň. Göreçlerimiz ýene biri-birine galtaşdy. Öňki gylygyň boýunça, çala ýyrşarylyp, ýüzüňi kesä sowduň. Menem adatdakylary ýaly, ýene seni synlamaga durdum... Bazar ANNA | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |