Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:35
Sen şeýle bir kejir...
SEN ŞEÝLE KEJIR

Sen şeýle bir kejir, şeýle bir kejir,
A men bolsa walla, senden-de beter.
Bilýañmi, añyañmy soñky döwürde,
Biz göze kän ilýäs, bu bolsa hatar.

Gijelerine ýatman pikir ýöredip,
Men-ä, jañ edemde almadyk bolyañ.
Senem duýdurañda ýürek syrlaryñ,
Menem duýýan, ýöne añmadyk bolýan.

Ýogsam gijelerne gidemde uka,
Gelip meniñ düýşlerime girýarsiñ.
Gelip hyýalymda, meniñ ýanymda,
Söýgi daragtynyñ gülün tirýärsiñ.

Wah, biz öz-özümiz aldajak bolýas,
Sõýgi gelip ýakamyzdan tutansoñ.
Uzak gije ýüzüp pikir kölünde,
Ahyr batýan, ýatýan dañlar atansoñ.

Sen şeýle bir kejir,şeýle bir kejir
Söýgi - bu lezzetmi, Söýgi - bu ejir?!

© Meýlis BALLYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 101 | Mowzugy paýlaşan: Ylhamaty | Teg: Meýlis Ballyýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Medicall • 22:04, 25.06.2023
Meýlis, şu ýerinde harp ýalñyşlyk barmyka:
"
Gijelerine ýatman pikir ýöredip,
Men-ä, jañ edemde almadyk bolyañ."
avatar
0
2 Мango • 00:33, 26.06.2023
Şo ýeri birhili…

Gijelerine ýatman pikir ýöredip,
Men-ä, jañ edemde almadyk bolyañ.
Senem duýdurañda ýürek syrlaryñ,
Menem duýýan, ýöne añmadyk bolýan.
—-
Ahyr batýan, ýatýan dañlar atansoñ.
Daňlaram köplük sanda gelşiksiz eşdilýär.
—-
Söýgi - bu lezzetmi, Söýgi - bu ejir?!
Şu sözlem soragmy ýa-da sorag we jogapmy?
Söýgi - lezzetmi ýa-da ejirmi - diýilýämi?
Ýa - söýgi bu ejir - diýilýämi?

Dostumyza üstünlikler|
avatar
0
3 Medicall • 18:54, 26.06.2023
Ilki:

Agza bolmak/ girmek

Şol girmek gir, ol ýerde ýazgylar çykar, şonda: staraýa forma girseñ login, parol ýazmaly diyip linya öñ sohranitde duran login, parolyñy sal, soñ "gir" diyen ýazga gir-de ýazyber))
avatar
0
4 Ylhamaty • 22:21, 26.06.2023
Nurdan!
Bolşy şeýle, "bolyan" ý harpy gidipdir
avatar
0
5 Ylhamaty • 22:23, 26.06.2023
Mango!
Sag boluñ.
Dyngy belgilerde biraz őz ýalnyşlygym gidipdir
avatar

Старая форма входа
Total users: 202