20:50 Seň üçin bir zatlar edesim gelýär | |
SEN ÜÇIN BIR ZATLAR EDESIM GELÝÄR Seň üçin bir zatlar edesim gelýär, Kiçijik ýüregim, elimden gelýän. Şonuň üçin çatdygyndan mydarym, Munda başarşymça gyrmyldap ýörün. «Gün asmana galsyn, ýatjak» diýmeýän, Säher topragyňa togap eýleýän. Ilki «Salam», soň hal-ahwal soragym, Ýürekler — nyşanam, hoş söz — ýaragym. Ynsanlaň göwnüni almak isleýän, Ýüregimde bir hoş hyýal besleýän. Entek kän okajak, öwrenjek ylym, Ussat bir mugallym bolmak arzuwym. Iň bolman bir kişiň ýolun ýagtyltsam, Menden bagtly ynsan bolarmy eýsem?! Munuň üçin ýanaryn men, ýanaryn, hem şol ömre ýagty çyrag bolaryn. Belki şonda rahat tapar bu göwnüm, Belki şondan many tapar bu ömrüm. Ýazanlarym — ýüregimiň sedasy, Janym bolsun şol sedanyň pidasy. Garaz, seni bir gez beýgeltsem diýýän, Seň üçin bir zatlar edesim gelýär. © Süleýman HOJANEPESOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |