Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:46
Sen unikalmy? Adamyň unikallygy nämede?
SEN UNIKALMY? ADAMYŇ UNIKALLYGY NÄMEDE?

Käwagt şeýle pikirler kellä gelip biler: Adamyň unikallygy nämede, men unikalmykam?
Ilki bilen aşakdaky suratlary synla, görýänleriň barada oýlan.







(bellik. hödürlenen köp suratdan az surat saýlanyldy).

Adamyň unikallygy bilen medeniýet, şahsyýet, jemgyýet arasyndaky baglanyşyk barada pikirlenmek meniň üçin hemişelik bir mowzuk, şo sebäpden bu meselä aram-aram dolanyp gelýärin... Bu gün bu suratlar bilen bagly pikir ýöretmekçi.

Sizi bilemok... Men welin bu suratlarda gözellik gördüm... Özem başga bir gözellik, öwrenişilen gözellikden düýpgöter tapawutlanýan gözellik. Bu hakykatdanam taýsyz (unikal) gözellik!

Iň gyzyklysy bolsa, bu özboluşly hem unikal gözellik mende nähili duýgylary oýarýar?
Birinji bilen – özümi nähilidir geň duýýan. Ýiti diýsemmi? Ol ýatdagalyjy hem özüne gaýta-gaýta ünsümi çekýär. Ikinji bilen – meniň dünýä has gowy düşünmegime itergi berýär. Gözellik üçin ösüşiň, medeni derejäniň we şoňa meňzeşleriň hiç hili ähmiýetiniň ýokdugyna aň ýetirdim. Üçünjiden – içimden bir ýerlerden ýakymsyz bir duýgylar peýda bolup başlaýar. Aklym alanok, ýöne durmuşymdaky zatlaryň isleýişim ýaly bolmandygyny, indem nähilidir bir üýtgeşikligiň gerekdigini duýýaryn.

Özüme sorag berýärin... Näme sebäpden bu suratlary adaty bolmadyk we unikal gözellik hökmünde kabul edýärin? Bu suratlaryň özi göýä gulagymy pyşyrdap jogabyny berýän ýaly: “Ownuk zatlary, jikme-jikleri (detallary) sypdyrman synla... Şol ýerde gizli – adamyň unikallygy, ýeke-täkligi!” Men bu suratlardaky ownujak zatlaryň möhümdigine düşünip başladym. Eger ol ownujak bölekler bolmasa – güýçli we göze liginç duýgular bolup bilmezdi.

Käte bu suratlary synlamda ýylgyrýaryn... kämahal bolsa gülýärinem... Näme üçin? Özümi suratlardaky ýaly afrikaly ýigidiň geýiminde göz öňüme getirýärin. Olam gülkümi tutdyrýar. Ýöne, näme diýip gülýän? Edil ýaňyja-da bu gözellige haýran bolup, begenip durdum-a. Içki dünýäňi synlamak ýeterligem däl, çözgüdem däl. Diňe özümiň däl, jemgyýetimiziňem pikirini edýärin. Ýaşaýan toplumymyz barada. Bu toplumda mende nämeler bolup geçýär? Jogap ýönekeý... men bu toplumyň içinde afrikaly söweşiji ýaly geýinip bilemok... Sebäbi bu gülkünç!

Ýöne, sorag emele gelýär, kimiň nukdaýnazaryndan gülkünç? Dogrusyny boýun almaly bolsa, biziň her birimiz jemgyýete we daş-töweregimize, topluma aşa bagly ýaşaýarys. Netijede, özbaşymyza kararlary örän seýrek alýarys. Başga adamlar hereketlerimizi zorluk bilen ugrukdyrýarlar. Adamyň ýeke-täkligi olar üçin ýat bir düşünje. Bu ýagdaý medeniýet we gözellik barada-da şeýle. Eger jemgyýetiň düzgünlerine gabat gelýän bolsak, onda biz rahatlyk zonasynyň içinde hasaplanýarys. Beýleki adamlar biziň gadrymyzy bilýärler, bize hormat bilen ýüzlenýärler, derejeli atlar dakýarlar. Edil beýleki gara gargalaryň sürüsindäki gara garga ýaly. Birek-biregi öwýärler, şeýlelikde hemme zat bolmalysy ýaly, ugruna. Bu ýagdaý başga bir batyrgaý pikiri akla getirýär. Eger, men unikal-taýsyz bolmak islesem, onda men jemgyýetiň maňa dogry baha bermejegine hemem üstümden güljegine taýýarlykly bolmaly – bu düşnükli we anyk hakykat. Men diňe özüni bilýän egoist, ulumsy, ýigrenji, umuman ak garga yglan edilerin.
Ak gargalaryň ykbaly bolsa höwes ederlik däl. Bu hem, dogrusy, endamyňy tikenekledýär. Gorkuzýar! Soňunyň näme boljagy gorkuzanok... Saýlamak meselesi gorkuzýar... Haýsy ýoldan gitmeli? Saýlaw gapma-garşylykly, kyn – hem-ä üýtgeşik, ýeke-täk bolmak isleýäň, hemem ak garga bolmak isläňok. Şu pursatda ýüze çykan meseläni garşylaşdyrmak üçin logiki pikirlenme herekete geçýär. Kä wagt logikaňam peýdasy bar. Onuň ewrika getiräýmesem bolýar... Pikirlenmegimi dowam edýärin... Unikal bolmaga dyrjaşsaňyz, onda jemgyýetiň sizi iç-goşuňyz bilen iýmegi ahmal. Bu şahsyýet üçin gowy däl. Ýöne, indi gara garga bolmagy hem islämok, çünki indi mende tapawutly, öz pikirim, öz düşünjäm bar... Men eýýäm içimden adamyň unikallygyna hormat goýmaga başladym. Näme etmeli? Aslynda, uzyn-uzyn düşünjelerim manysyzdy. Emma, wagt diýeniň gowy gural. Wagt dürli wariantlary gözden geçirip saýlamagyma ýol berdi we bir alajy tapyldy. Netijede adamzat taryhyna we özbaşyna unikal bolan adamlaryň tejribesine eltýän pikirler halas edýär. Senem ýadyňa düşürip gör...

Iki asyr mundan öň ýaşan, özem diňe saňa belli bolan iň azyndan ýekeje unikal adamy ýadyňa düşürip bilermiň? Bilmersiň, ýok onuň ýaly adam. Hemme unikal, üýtgeşik adamlar giňden tanalýandyrlar, olar ýeke bir adam däl-de tutuş toplum tarapyndan tanalýandyr. Bu toplumlar kiçi ýa uly bolup biler, emma olar adam toparlaryndan durýar. Ol adam toparlary hem özbaşyna üýtgeşik unikal bolanlary ýatlarynda saklaýarlar.

Emma, näme sebäpden unikal adamlary diňe adam toparlary ýatlaýarlar? Diňe bu unikal adamlaryň bir zatlara akyl ýetirendikleri üçin... Olar adamyň unikallygy düşünjesine we onuň jemgyýet düşünjesi bilen baglanyşygyna akyl ýetirdiler. Olar toplumyň içinde ýaşaýandyklaryna düşünýärdiler we hiç haçan... (ýatda sakla – hiçhaçan!) diňe öz içine ýapyk görnüşde unikal, üýtgeşik boljak bolmadylar. Diýmek isleýänim näme-de bolsa bir zatda unikal bolan bu adamlar, öz çuňluklaryndan gelýän unikallyklaryny gizlemediler. Olar bu barada güýjüniň ýetdiginden hemmelere we bütin dünýä mälim etdiler. Olar düşünilmezlikden gorkmadylar, hat-da düşünilmeklige we kabul edilmeklige garaşmadylaram... Olar özleri, şahsy gaýratlary bilen adamlaryň aňynda şeýle düşünjäni döretdiler. Pikirlerini batyrgaýlyk bilen aýdyp bildiler. Aýdanlaryny goramagy başardylar. Olar döretdiler hem-de döredenlerine eýe çykdylar. Olar hemme adamlaryň gyradeň erksizligine eltýän, jemgyýeti ters ugra alyp baran, häli-häzirem ters ugra alyp barýan, toplumyň gyra çetlerdäki başga bir wekilleri – mugthorlar bilen gazaply söweşe girdiler. Ýöne, hakykatdanam, özbaşdak şahsyýet hökmünde biziň her birimiz nähili uly güýç?! Bir pursat pikir edip gör... hakykatdanam, sen nämelere ukuply?!

Indi sen, hormatly okyjym, näme diýmek islänime düşünensiň. Şeýlelik bilen, özüm netijä geldim: unikal bolmagy isleseňiz, ony güýçli ses bilen aýtmagyňyz gerek, iň gowusy bolsa hat-da gaty ses bilen gygyrmagyňyz gerek. Näçe güýçli boldugyça – şonça gowy! Töwerege, yzyňa garanjaklap durmakçy bolaýma. Tankytlajaklaryň, barmak çommaltjaklaryň, depgilejekleriň, aklyňy başyňa almaga çagyrjaklaryň, jemgyýetiň oňlamaýandygyny aýtjaklaryň elmydama tapyljakdygy düşnükli zat. Muňa mugthorlar ökdedirler – olar jemgyýetiň çapraz wekilleri, olar üçin unikal we güýçli bolan islendik zat kabul ederlikli däldir. Olardan gorkmak gerek däl, olaryň öňünde asla badyňyzy gowşatmaň. Gowşak dursaňyz mugthorlaryň peýdasyna bolar. Olara beýle mümkinçilik berme. Mugthorlar kä wagt örän güýçli ýaly görünse-de olary ýeňip bolýandyr.

Adamyň unukallygy barada akla gelen pikirlerim şeýle... Ýöne, Saňa-de soragym bar... Sen häzir unikalmyň, ýeke-täkmiň, seýrekmiň? Edil şu wagt?

Wadim PORTNOW

Erkin terjime: © MANGO

===

Wadim Portnow barada:
“John Green”, “Marko Studio”-ny esaslandyryjy.
Mebel ugrunda 2003-nji ýyldan bäri.
Mebel önümçiliginiň dürli ugurlarynda zähmet çekdi, mebel dizaýneri.
Gözelligi gözledi we gözlegini dowam edýär.

https://dd-space.com
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 133 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Wadim Portnow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 21
avatar
0
1 Мango • 23:25, 25.12.2022
"Gözellik üçin ösüşiň, medeni derejäniň we şoňa meňzeşleriň hiç hili ähmiýetiniň ýokdugyna aň ýetirdim".

kellesi çüýşe gapaklary bilen bezelen gyzyň suraty bu sözleriň göniden-göni bezegi.
özüni gözelleşdirmek üçin bir goşawuç çüýşe gapaklaryny ýeterlik bilipdir. "goý diýsinler, owadan däl. owadan sen, owadan".
avatar
0
2 Мango • 23:38, 25.12.2022
wadim kakaň soragynam jogapsyz goýmaň.
gorkman gaty ses bilen jogap beriň: Sen häzir unikalmyň, ýeke-täkmiň, seýrekmiň? Edil şu wagt?
avatar
1
3 Medicall • 00:00, 26.12.2022
Wadim daýy pikirlemi bulam bujar etdi şu wagt, gygyryp dur SEN UNIKALMY diyip,
(sebäbi meñ geýinmekde diñe õzüm bolmagy halaýan, öýkünmegi dãl.)

ýöne Wadim daýyñ aýdyşy ýaly özümçe barlap görsem: birinji suratdaky eşikde göz öñüme getirjek boldum, ol özüni gowy bezäpdir özüçe, öz dünýäsine laýyk bolansoñ şeyle geýinendir. Ýöne Özümi şol geynişde gözöñüme getirenimde gülkim tutmady, diñe ajyja ýylgyrdym,(suratdakylaryñ reñki ýa-da milleti hakda däldir pikirlem, diñe geýnişi babatda) onsoñ "towa, towa, aýrawereyt şeydip awadan görünjek bolup nä görgim gyy" diýdim-de beýlekä geçdim, onsañ ol iñ aşakdaky suratdan ýokarky, onda gözöñüme getirsem özümden göwnüm geçiji ýylgyrdym, emma ol çüýşe gapaklyda gözöñüme getirsem hezil edip güldüm-de "daş edewersin-eýt, akylyñ üýtgäpmi nämmi" diýdim, onam özüme diydim (olara däl!)
avatar
1
4 Mekan • 01:54, 26.12.2022
Wadima jogap beryän:
Yok.
Я предпочитаю простоту в стиле
avatar
0
5 ssaparay_ • 08:37, 26.12.2022
.
avatar
1
6 ssaparay_ • 08:53, 26.12.2022
.
avatar
1
7 Pero • 11:12, 26.12.2022
Adaty...goý islän kişi islän şekilli bolsun! Bize daş keşpde adatylyk ýeterlik. Içimizde unikallaşmagy başarsak weli il derhal duýar. Duýmasalar da janlary sag bolsun
avatar
1
8 Pero • 11:15, 26.12.2022
Awtor gözellikde rewolýusiýa garaşýar bizden. Emma bu kyn mesele
avatar
1
9 Pero • 11:19, 26.12.2022
Suratlaryñ hiç birinde özümi synamak islemedim. Sebäbi dessine diskomfort duýdum. Özüñi rahat duýmajak görnüşiñe näme ün girmeli?! Yok rahat duýýan bolsañ,başüstüne şol keşbe geçiñ we size kompliment aýdyb-a biljek
avatar
1
10 Мango • 12:06, 26.12.2022
umuman suratlar esasy pikirden ünsi sowýan ýaly.
gysgaça her kime töweregi täsir edýär. töweregi, ýaşaýan jemgyýeti. adam edesi gelen, diýesi gelen zadam özi karar berip diýmekden çekinýär, türkmençe aýdaňda "il-gün näme diýer?" gorkusy, çekinjeňligi bolýar.
oýlanma, özüňi, sesiňi tampak baradamyka diýýän.
il-günüň saňa edýän täsirinden çykyp, tersine dogrulyga tarap il-güni öz täsireňe almak ýaly zatlar. ýa-da öz-özüň bolup bilmek....
pikirlerim bulaşdy.
avatar
1
11 Мango • 12:17, 26.12.2022
suratdaky garaýagyzlary görüp kim ýadyma düşdi diýsene?
hz. Bilal.
ine olam unikal ynsan eken.
çekinmän, isleýänini edip, isleýänini diýip adamzat taryhyna girdi.
ýogsam şoňa aňsat bolmady. öz erkine yslamy saýlanda "hojaýynlam näme diýer?" soragyndan gorkmady.
""ezýet ederler" zulmundanam çekinmedi.
özi karar berdi, kararyny gorady, islänini saýlady, isleýişi ýaly ýaşady...
===
ýa-da ýene bir unikal ynsan hz. Ali.
olam saýlawyny edende çaga-da bolsa, ene-atasyndan özbaşdak karar aldy. töweregim näme diýer, enem-atam näme diýer diýmedi.
===
şo döwrüň ynsanlaram ata-baba gelýän, jemgyýetiň öwrenişen sistemasyna garşy gelip bildiler. kynçylykdan geçmelem bolsa.
ýogsam "ata-baba gelýän düzgün. bizem şeýle bolubereli" diýip bolardy....
ýene pikirler bulaşýar...
avatar
1
12 ssaparay_ • 12:24, 26.12.2022
.
avatar
1
13 Мango • 13:05, 26.12.2022
gep geýime ýa:zýar ýene :-)
geýimmi? onda geýim barada.
bir gyzyň eden gürrüňini aýdaýyn (belki olam unikaldyr).
şeý diýdi: "näme üçin men jygyldykdaky dubaýa ýa türke gatnaýan daýzaň getirip moda eden matalaryny köýnek edip tikinmeli? daýzaň ýa illeriň, umuman köpçüligiň köpçülikleýin geýýän matalaryny totuguş ýaly gaýtalap geýmek islämok. özüm matamy saýlaryn, özüm biçüwimi saýlaryn, isleýşim ýalam geýnerin...."
şoň bilen ylaşýan, özdiýenli gyz eken...
avatar
1
14 ssaparay_ • 13:06, 26.12.2022
.
avatar
1
15 ssaparay_ • 13:20, 26.12.2022
..
avatar
0
16 ssaparay_ • 14:00, 26.12.2022
..
avatar
0
17 Nurdаn • 15:46, 26.12.2022
Hormatlylar!
Pikiriñize garşylyklaýyn pikir aýdylanda ýazanyñyzyñ içini õçürmek, aýyrmak, garşyñyzdaky adamyñ pikirini sylamadygyñyz üçin ýene öz goýan goşgy, hekaýalarñyzy öçürmek gowulyk däl. Hiç bir pikiri kabul etmän, adamlañ, her hereketinden nãmedir bir özüñe garşy bir zatlar tapjak bolmagam birhili.

@saparay saytda zatlaryny goyup başlan güni @admin nikden girip zatlaryny saýtyñ talabyna görä dogurlap goydum, iki úç gezek girmeli boldum mowzugyna, men dogurlaýan, ol üýtgedýär, men dogurlaýan ol üýtgedýär, menem başagaý oñ hekaýasyna suraty goýup düzedip otyrşyma, Ol maña sms ýazypdyr iki üç sapar görmãndirin. Onsoñ sms-synda kimdir biri saýtda @saparayyñ zadyna girip hekaýasynyñ adyny üýtgetýändigini, saýtda beýle biderekligiñ bardygyny @Admine duyduryp ýazypdyr. Men oña şonda-da düşündiripdim, saytda özüñ birine parolyñy bermeseñ hiç kim başga biriniñ şahsyna girmejegini, emma @Admin nikden diñe goyulan mowzuklary beylwki mowzuklar yaly goyup bermek üçin girip meñ dogurlap, hemem surat goymak üçin girenimi düşündirip yazmaly boldum. Emma şol wagt biriniñ zadyna giren ýaly özümi gaty oñaýsyz duydum. Ýogsa oñ zadyny hiç kimiñem zadyny üýtgetmek pikirim ýokdy we indem bolmaz.
@saparay agzañ ters düşünendigine gynandymam, özüm özüme käýindimem şol mahallar.

Hormatly agzalar, saýtda hiç kim başga biriniñ zadyny üýtgetmeýär, beydip ýalñyş pikir ýöretmeseñiz gowy bolardy maña-da. Goylan temañ adyny, awtoryny, suratyny õzüñiz dogurlap goyup bilseñiz, onda asla Adminem dogurlajak bolubam wagt ýitirmez zadyñyza.

Indem teswirleridir ähli zadyny õçürip, profilinem pozmagymy talap edip gidipdir.

Hormatly awtorlar, gelseñiz ine saýt, şu saytyñ Sizden hiç hili kine saklamak, ya Sizi kemsitmek niýeti ýok. her bir bellige zadyñyzy öçürip gitjek derejede erbet pikir saklamazlygyñyzy Sizden hayyş edýärin. Janyñyz sag bolsun!
avatar
1
18 Pero • 16:10, 26.12.2022
"Wagt geler,men menligimden utanaryn" diýesim geldi aýaldogan...
avatar
0
19 Aygul • 09:27, 27.12.2022
Dogabitdi...
avatar
0
20 Kyyas • 19:43, 24.11.2023
Öz islegine görä hereket etmek unikallykmy? Beýle bolsa men unikal, iliñ gepi ýa geýnişime at dakar pikiri ýok. Emma dünýegaraýyşym öz obamyñkydan üýtgeşik duýýan, (belki şondandyr, köplenç aldawa sezewar bolýan, maddy taýdan ejir çekýän) emma hoç kimden kömek soramok. Öz isleýşimçe ýaşaýan. Suratlaryñ ýerine özümi goýup görmek baradaky pikire geçsem, özümiñem şolar ýaly bir adaty şahsyýetdigime göz ýetirýän.
Men obadan gelip Aşgabada işlejek diýip gelenimde bolsa, şol unikallygymy goýmaga mejbur boldum. Bolýanam. Göräýmäge moda kowalaşmaýan oba oglany, sada daş keşbine seretseñ çölden gelen çopan ýaly. Işe kabul etmediler diýmek meniñ isleýşim ýaly dälde isleglerine görä geýinmeli.
Ýene-de renkime seredip ýöne nirden diýip oñaýdylar.
Habar ederis!
Ondan bäri näçe gün geçdi. Habar ýok. Ahyry daşky keşbimi bezedim. Boldugyndan şäherçe geýindim ynha şu ýerde unikallygym ýitdi. Men özbolşuma däl daşky gurşawyñ islegine görä geýindim. Indi garşylanşym nähili?
Elbetde işe kabul etdiler emma, öz iş tejribämiñ ýeten derejesi däl başga iş hödür edildi. Hatda zähmet depderçäni açyp hmm diýip oñdular. Şeýle garaýyşdaky adamlaryñ arasynda seniñ unikallygyñ gyzyklymy? Ýok hemme şol bir pikirde...
avatar
0
21 Seljuk • 02:13, 25.11.2023
Hmm.., şeý diýseňizläň. Düşnükli. Bu zatlar-a täzelik däl. Terjime-de edil "google" diýmäýin, ýöne erkin eken.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203