Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:26
“Seni gözlemedik ýerim galmady...”

Seni gözlemedik ýerim galmady,
Maşrykdan agtaryp, Magrypdan çykdym.
Hyýalymda elwan ýaglyk galgady,
Käkilli gözeliň göwnüni ýykdym.

Çagalykdan maňa höwrügen gyzyň
Owadan ýüregniň yhlasy bardy.
Oň ýanyndan terse öwrülen yzym
Sergezdan durmuşa alyp barýardy.

At çapdyryp geçdim içinden düzleň,
Köse deýin köweklendim, köwlendim.
Soňam agraslanyp, sen hakda düzlen
Dessanlary bölek-bölek öwrendim.

Serim duman içre oýa batyrdym,
Ýagty umyt bilen daňy atyrdym.

Seniň yşkyň pikirini kän eden
Şu kelläm ýarylyp barýar nämeden?

Sen – gijeler düýşlerimden idelen,
Gündizler güneşden soradym seni.
Didaryňy görmese-de didelem,
Göwni sowuklardan goradym seni.

Sen taýy ýeldirgäp ýüwüren, öwsen
Şemalyň yzyna düşüp geldim men.
Söýgimiň päkligi – jadyly göwher,
Yhlasym boýunça gara ýeldim men.

Ýüregim aýamda, kalbym tas aýna,
Söze şöhle saçar, döwüler sözden.
Meni bir öňýeten jalataý saýma,
Maksadym belentdir, matlabym çözlen.

Ýakma meni gümmezleriň güjeňläp,
Ysgynym ýok huzuryňa barmaga.
Sözlem agzasy däl sözleri jemläp,
Merdiwan ýasaýyn göge galmaga.

Çünki başarmadym men sensiz ýaşap,
Natuwanym, nowjuwanym, ezizim.
Perileň soltany, düşsene aşak
Ýa ýanyňa alyp barsyn keniziň!

Ýa kermi sen, ilmez gulagňa zaňlar,
Ýa arkaňda howandaryň – döw barmy?
Söýgi sözlerine bal gatyp zaňňar,
Tarypyňy menden artyk öwýärmi?

Sensiz kim bolaýyn, nirä gideýin,
Çekseň, süýnüp ýatan sozma dälmi men?!
Gargasaň, gataryn gara daş deýin,
Soňam pytrap gitjek tozga dälmi men?!

© Ilmät GURBANOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 114 | Mowzugy paýlaşan: Pegas | Teg: Ilmät Gurbanow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Lacrymosa • 18:47, 27.03.2024
Bäý-bäää, şun ýaly gowy şahyr halyna nämüçin ölüp gitdikä by adam??? Ine, sorag
avatar
-1
2 Lacrymosa • 18:51, 27.03.2024
Eger sen şun ýaly gowy şahyr bolsaň, onda kendiňe iýi bakmaga we uzak ýaşamaga borçlusyň!  Ine, talap!
avatar
-1
3 Lacrymosa • 18:55, 27.03.2024
Eger sen şun ýaly gowy şahyr bolup, kendiňe iýi bakmasaň we uzak ýaşamasaň, onda dilinde goşgy ýazan milletiňe hyýanat etdigiňdir! bäý-bääääääää, by näme indi????  Iňirdimi, igençmi, dünýeden gaýdanyň gulagyny gazalamamy ýa dirilere duýduryşmy? Tapdym: akyl satma
avatar
1
4 sussupessimist • 21:04, 27.03.2024
...we ýarym türkçeleme...
kendiňe iýi bakmagy türkmençe aýtmaga neuželi diliň öwrülenokmy indi, Laçyn, şeýle güýçli şahyr bolup? woobşe düşünemogaý size, türkmen dilini sawsem ýoýýaňyz
avatar
0
5 Lacrymosa • 19:18, 28.03.2024
Hmmmbäh, hmmmböý diýdiň-ow,  hmmmbor-da, ňörüşörs. Osoňom  sawsem däl, sapsim diýmeli
avatar

Старая форма входа
Total users: 202