Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:39
Sersepil Baltazar / roman

1665-nji ýylyň 25-nji sentýabry

Şu gün irden Martanyň ýeke özüniň bir çetde pikire batyp gatyryny sürüp barşyny görüp,oňa nebsim-janym agyryp gitdi. Ony ýene öz aramyza goşasym, birki gün mundan ozal edişim ýaly, gatyrymy gapdallap sürüp gidesim, onuň özi hakda berjek gürrüňlerini diňläsim geldi.
Ol ilki meniň sowallarymy yzyna gaýtaryp, bu söhbetden boýun towlady. Men onuň öz durmuşy, nämäniň bu ýola iterendigi barada gürrüň bermegini talap edip, bir depen ýerimi depdim durdum. Eger ol üstümi zeýrençden gömer öýdende bolsam, talabym bu zenanyň dymyşlyk bendini ýaryp, üstüme munça gazap döküler öýtmändim. Bu gazap mähirli ýylgyryşyň ýeňsesinde gizlenen, ozal gümanam etmedik gazabymdy.

— Maňa mydama kyýamat barada aýdýarlar — diýip, ol söze başlady — şeýdip meni gorkuzaryn öýdýärler. Meniň üçin kyýamat söýen adamym maňa dönüklik eden güni gopdy. Şondan bärem meniň üstüme Günüň yşygy düşenok, şonuň üçin onuň tiz wagtdan sönjegem parhyma däl. Dünýäni suw basar diýýärler, goý,
bassyn, ol aýal erkek hemmesini bir gyra deň edip taşlar. Şonda ärimiň ölendigi baradaky petegiň yzynda beýdip ýol söküp ýörmeli bolmaryn. Gaçyp ýörmeli bolmaryn, sebäbi tutuş dünýä gaçyp başlar! Kazylaram, mollalaram, hatda soltanam! Hemmeler daşyny ot gaban pişik ýaly bolup, sümere deşik gözläp gaçarlar. Taňrym şol güni görmegi nesip etdirsedi! Adamlar şol ýyrtyjynyň gelerinden gorkýarlar, men bolsa gorkamok, sebäbi ol mydama meniň ýanymda boldy. Her gün onuň ýigrençden doly garaýşyny gördüm — öýümde, köçede, hatda ybadathanada hem gördüm! Dişleriniň awusyny günde duýdum,
ol meniň ömrümi gemrip barýardy.
Marta entegem gazabyny döküp durdy, men bolsa, dellegimiň aladasyz gyzjagazy bolup ýören döwründen bäri, onuň başyndan inen belalaryň ejiz maşgala götererden çökderdigi barada oýlanýardym. Men onuň elini elime aldym. Ol diňe şondan soň dymdy. Nikaby bilen ýüzüni örtdide, içigip - içigip aglady. Günüň galan bölegini onuň diýen sözleri barada oýlanyp geçirdim.
Onuň bagtly bolmagyny isledim, ýöne şol bagty söz bermäge welin, gaýratym çatmady. Diňe oňa ejir çekdirmejegimi wada berip biljekdim. Ejir çekdirmezlik üçinem, men oňa ýa golaýlaşmalydym, ýa-da ondan daşlaşmalydym.

Romandan bölek alyndy

© Amin MAALUF

Rusçadan terjime: © Jumageldi MÜLKIÝEW
Dünýä edebiýaty 2023ý
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 52 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Amin Maaluf | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203